XX asyr. Ynsan pidalary

1914 — 1918-nji ýyllarda bolan birinji jahan urºuna gatnaºyp, wepat bolan türkmenleriò sany 80 müòden geçdi,


1917 — 1930-njy ýyllarda baý-kulak diýlip sürgün edilenleriò sany 900 müòden gowrak adamdy, ºol ýyllar ýat illerde mesgen gözläp, ýurtdan çykanlaryò sany 4 milliondan geçdi.


1930 — 1937-nji ýyllarda milletçi, halk duºmany, basmaçy atlandyrylyp atylanlaryò, sürgün edilenleriò sanyny anyklamak kyn, her gijede obalardan, ºäherlerden adamlar sessiz-sedasyz ýiterdiler, olary hatda soramaga-idemäge hem gorkardylar... Türkmen halky ºeýle ruhupeslikde ýaºady...

(296-nji sah.)


Uruº, gör nähili aýylganç! XX asyr adamzadyò ykbalynda awuly, uly ýitgili, köp pidaly, gandöküºikli wagºy asyr boldy. Iki dünýä uruºlary, onlarça sebitara, döwletara agyr uruºlar boldy, olara zorluk bilen, isleg bilen biziò watandaºlarymyz — türkmenlerem gatnaºdy. Diòe ikinji jahan urºunda, nemes basybalyjylaryna garºy söweºlerde 740 müò türkmen wepat boldy, onlarça müò adamlar maýyp boldular. Ol watandaºlarymyzyò ýitgisini mal bilen, pul bilen ölçäp bolmaz, biz uruºda ºehit bolanlaryò hemmesine türkmen döwletiniò gahrymanlary diýip at berdik. Goý, olaryò jaýlary jennet bolsun, ýatan ýerleri ýagty bolsun!

(41-nji sah.)