ADAGLY - ata-eneleriniò ylalaºygyna görä, ýaº oglan bilen
ýaº gyzyò biri-biriniò adyna geçirilmegi, är-aýal bolmak üçin
ºertleºme.
«Häzir seni maòa adagly etdiler, eger sen Biribaryò birligini
ykrar edýän, oòa janyò-teniò bilen uýýan bolsaò, onda seni özüme
aýal edip alaryn we jandan söýerin» /107/.
ADALGA - ylym, önümçilik, hünärmentçilik, syýasat we º.m. boýunça
ýörite sözler, terminler.
-
Elbetde, halkara adalgalary bolar. Ýöne türkmençe berip bolýan düºünjeleri
olaryò dilimize ýat, geliºmeýän galyby bilen almaly däldiris
/175/.
ADAM
OGLY - ynsan jemgyýeti, adamzat.
-Dünýäni
ýola salan biz hem däldiris, ony adam ogly ýolundan üýtgedip hem
bilmez! /403/.
AGA-ÝANA - öz meýline, arkaýyn, gaýgy-ünjüsiz, erkana.
Seljuk
soltanlary zamanasynda türkmenleriò aga-ýana döwran sürüp ýaºan
döwründe soltan Sanjar Enweriniò bir rubagysyny okap görüpdir-de,
ony köºge çagyrypdyr /307/.
AGZA - syna böleginiò biri, bir bölegi.
-
Biz ºu halkyò agzasy, ºu halk bilen, ºu halkyò içinde ýaºamaly
/302/.
AGZYNDAN
KESIP BERMEK - öz iýjegiòi
bermek, özi aç galsa-da, haýyº edene bermek, pakyr-rukara öz
nesibesini bermek.
- Gapydan gelen gallajy ýaman adam hem boº goýbermez, emma ýagºy
adam öz agzyndan kesip berer /298/.
AHWALAT - ýagdaý, hal, hadysa manydaky söz.
- Dostluk - ruhy ahlaky ahwalatdyr /354/.
AJAÝYPLAªMAK
- negözel görnüºe gelmek, nusga alar ýaly derejä ýetmek, ýokary
derejede gözelleºmek.
- Ajaýyp adamlar köpelse, durmuº ajaýyplaºar /300/.
AKABA - ýap, ene ýap, nobur, aryk, derýa ýaly suw akýan ýerler, suw
akan ugur, suwuò ýol eden ýeri.
-Ýene gadym akaba gelner, oguz çeºmesine agyz urlar, gana-gana içiler
/213/.
AKÖÝLI - öz ýurdundan baºga bir ýurda göçürilip, öý tussagy hökmünde
saklanýan, aýratyn bir ýerde gözastynda bolan ýesir.
- Hindistanda Kelejar galasyna taºlanan Arslan han parahat zamanda
aköýli hökmünde saklanýar/221/.
AL - ýalan, hakykat däl, aldawçylyk, hile, mekirlik, hilegärlik.
- Periºdeler hyzmatyòyzda durmaly halyna melgunlaryò alyna gitmäò
/191/.
ALA - giden takyrlyk, düz, tekiz ýer.
Dowar bakyp, ºöwür çekip, ygdym Ahal alasynda,
Ata-babam sesin eºtdim Gök gümmürdän halatynda.../276/
ALA-BÖLE
- aýratynlap, köp zadyò arasyndan saýlap, ýeke.
... ony ala-böle ata bilen deòeºdirmeginiò özünde uly alamat
bar /319/.
ALAMANÇY, ÇAPAWULÇY, BASMAÇY - talamak maksady bilen çozýanlar,
talaòçy, galtaman sözleri bilen manydaº söz.
- Türkmene soòky iki ýüz ýylyò dowamynda alamançy, çapawulçy
diýlen töhmet atylyp gelindi, ºol töhmet ºu asyryò otuzynjy ýyllarynda
basmaçy sözi bilen çalºyldy /145/.
ALAW - ot ýakylanda çykýan sarymtyl-gyzgylt ýalyn. Ýalynly ýanýan ot.
-Mundan hem gaýry Nuh pygamber: «Ojaklaryòyzyò alawyny öçürmäò.
Ojak öçse, ömür öçer. Ot ýaºaýyºdyr...» diýýärdi
/12-13/.
ALDYRMAZLYK - ýeòip bolmazlyk, üstün çykyp bolmazlyk, asgynladyp bolmazlyk.
- Ölüm uly nägehandyr, üç bolaýmasaò, ol aldyrmaz /318/.
ALLANÄME - ne gözel, örän oòat, barypýatan gowy, edep-ekramly.
- Gelinlerem allanämemiº, günleri bal bilen ýag ýalymyº/168/
ALP
ERENLER - batyr, garadan gaýtamaz, gaýduwsyz hem dini taýdan öwlüýälige
/welilige/ ýetenler.
...Alp erenler ºehit bolup, munda garyp bende galdy... /30/.
ALTYN
MEÝDAN - altyn
aralyk, ne husytlyk, ne jomartlyk, gysganjam däl, tarhandökerem däl.
- Men gysyk, husyt, gysganç bolmagyò hem tarapdary däl, ýöne
tarhandökerligiò hem tarapdary däl. Aralykda altyn meýdan bardyr!
/370/.
ALTYN
ORTALYK - näme-de
bolsa bir zatda, iºde iò oòaýly, amatly, ile hem özüòe göwnejaý
orun, ýer, ýagdaý, ne eýläk, ne beýläk.
- Gurakçylyk bilen haraplygyò arasyndaky altyn ortalygy tap, ºonda
adam bolarsyò /360/.
ALYSLYK - uzak aradaºlyk,
daºlyk, uzaklyk.
-Bäº müò ýyl alyslykdan Zeminiò hudaýy ýaly bolup, nesilba-
ºysy Oguz han Türkmen garap dur !
/79/.
AMAL ETMEK - ýerine
ýetirmek, durmuºa geçirmek, amala aºyrmak, bitirmek.
- Size berjek öwütlerimi we nesihatlarymy yhlas bilen diòläp, ony
özüòize bagt we döwlet saýyp, onuò bilen amal ediò /84/
AMAN DILEMEK - rehim
etmegini haýyº etmek, bagyºlamagyny towakga etmek, ýazygyny geçmegini
ýalbaryp haýyº etmek.
- Ikisiniò darkaºynda Domrul beg aman diläp, zordan baºy- ny
gutarýar /193/.
AMBAR - 1. Däne saklamak üçin ýörite gazylan çukur. 2. Göçme m. Baýlyk
saklanýan ýer, goralýan hazyna.
-Agzybirlik -döwletiò ambary, hazynasydyr /170/.
AÒRYÒ - ata-babalaryò, pederleriò, geçen nesilleriò, eždatlaryò.
- Türkmen - seniò aòryò edermen halkdyr, edermenlik, batyrlyk -ata-babalarymyzyò
tugy bolupdyr /170/.
AÒYRDAN -
ata-babadan bäri, örän gadymdan bäri gelýän, gaty düýpden, çuòdan.
- Türkmen dutarynyò owazy bu milletiò döredijilik paýhasy- nyò
gaty aòyrdanlygynyò gözli ºaýadydyr
/176/.
AòyÝet - bu söze
sözlüklerde gabat gelmedik. Bu söz pikir, oý, düºünje, akyl, paýhas
sözleri bilen manydaºdyr, aò ulgamy.
- Garaºsyz milli döwlet gurluºyò, milli syýasatyò, halkyò göwnünden
turýan milli aòyýetiò, milli ykdysadyýetiò, milli medeniýetiò,
milli goºunyò bolmasa, doly garaºsyz döwlet bolup bolanok/14/.
APAT - betbagtçylyk, weýrançylyk getirýän ýagdaý, tebigatda, durmuº-ýaºaýyºda
ýüze çykýan betbagtçylyk.
«Wah, lagnat siòmiº Çingiz hanyò wagºy ordasy bolmadyk bolsa,
taryhyò bu apaty pajarlap oturan ýüz müòlerçe ilatly Köneürgenjiò,
Maru-ºahu - jahanyò, ªährislamyò, Abywerdiò, Amulyò, Zemmin,
Dehistanyò, ºäher-kentlerini boýnuna göwher monjuk ýaly düzüp
oturan Oguzboýunyò /Uzboýuò/ üstünden sowa geçen bolsa, müòlerçe
kitaply kitaphanalar - «Ylym öýleri» ýakylyp-ýandyrylmadyk bolsa,
häzir Türkmenistan dünýäniò ykdysady, syýasy, medeni, ylmy
mertebesini göterip barýan kuwwatly döwlet bolardy /150-151/
APBASY - 1. Eýran ºasy Apbas tarapyndan çykarylan, zikgelenen pul. 2. SSSR
döwründe ýörän gymmaty 20 köpüge deò metal pul.
Sen gowy adam bolmasaò, dünýä gelip eden iºleriò barynyò
bahasy bir apbasy! /298/.
APBASY - keteni köýnegiò ýakasynyò iki tarapyna, ýakadan aºak guºaklyga
çenli dakylýan gulply, ýasy kümüº ºaýlar.
Bilezik goly, donuò öòüne, arka tarapyna dakylýan dürli
apbasylar, dürli ºaýlar peýkamdan goraýar
/378/.
APGYRDYNY
BASMAK - 1. Ökjäò
bilen aýakgabyò ökjesiniò ýeòsesini -apgyrdyòy basmak, aýakgabyò
ýeòsesini basmak. 2. Göçme m. - Özüòi oòarman aýakgabyòy süýräp
ýörmek, emelsizdigiò geýniºinden bildirmek.
- Ýat-ýakyn ýurtda apgyrdyòy basyp, agzyòy açyp ýörseò: «Bendäniò
bolºy ºeýledir» diýmezler, «Aý, ol millet ºeýle» diýerler
/150/.
ARAM
- parahat, dynç, asudalyk.
- Emma garaw taryhyò imi-sala, aram pursatlarynda hem zerurdyr /207/.
ARAM - sabyr, karar, rahatlyk, asudalyk.
Däli köòlüm telwas eýle, aram jaýym Watandadyr,
Oka, öwren, yhlas eýle, ºöhrat-ºanym Watandadyr... /276/.
ARGYNLYK
- ýadawlyk, iºden ýadamaklyk.
- Ýylgyryò, ºol ýylgyryº siziò ºähdiòizi açar, keýpiòizi çaglar.
ªol ýylgyryº siziò argynlygyòyzy, ýadawlygyòyzy aýrar /339/.
ARGYª
- söwda-satyg, alyº-beriº üçin goòºy ýurtlara, welaýatlara
erkekli-düýeli gidiº, galla, däne getirmek üçin gitme.
- Alty aýlyk argyºa giden kerwen, dolanmaly wagty dolýar, dolanmaýar
/199/.
ARKA
BOLMAK - daýanç bolmak, hossar bolmak, goldamak.
- Türkmeniò baºyny asmana diräp duran gara daglary türkmençe söhbet
edip, size arka bolup dur... /164/.
ARKA ÇYKMAK - tarapyny tutmak, arka durmak, goldaw bermek,
hossar çykmak.
- Eger kimde-kim jenaýatça arka çykyp: «Bu adam meni penalap
gelipdir» diýip, ony temmiden, jezadan alyp galjak bolsa, ºol arka
duran adamyò özüni patyºanyò huzuryna getirip, depesinden gylyç
inderip, iki bölüp taºlamalydyr /99/.
ARKALY - geçirimli, sähel zatdan müýn gözleýmeýän, ynjalykly.
- Durnukly, durumly, görümli, asylly, arkaly, göwni giò ºahsyýetler
bolmalydyrys /206/.
ARLY
GYª, ARLY TOMUS - bütin,
tutuº gyº, tomus; gyºyò, tomsuò baºyndan ahyryna çenli; gyºyò
we tomsuò dowamynda.
- Çölüò jümmüºinde gabat gelýän takyrlarda toplanan suwy
ýörite guýy gazyp, arly gyº ýygnap, arly tomus ºol suw bilen mydar
edipdirler /174/.
ARªA
ÇYKARMAK - hetdenaºa
öwmek, çakdanaºa mahabatlandyrmak, öwüp, taryplap asmana çykarmak.
- 60-70-nji ýyllarda üstünlikler barada aºa öwünmeler, döºe
kakmalar, gurluºy, ºahsyýeti arºa çykarmak baºlandy /271/.
ARTYKMAÇLYK
BERMEK - beýleki
zatlardan ileri tutmak, baºga zatlar bilen deòeºdireniòde has möhüm
hasaplamak.
... biz beýleki iºler bilen deòeºdirende bu iºe artykmaçlyk berip,
oòa täzeden köºkde maliýe edarasynyò baºlygynyò orunbasary
bolmagy... onuò üstüne ýükledik /396/.
ARY - arassa, sap, garnuwsyz sözleri bilen manydaº söz.
- Garajaoglan aýdýar ahyryn: «Ary türkmendir aslymyz» diýip
/198/.
ARYª - yslamy ynanja görä asmanyò iò ýokarky ýedinji gaty.
ARYª
- KÜRS - asman-zemin, gök-ýer.
...Perýadyn duýdum käbämiò zaryn ýelleò nalasynda,
Ýeke galdym, ýalòyz galdym arºyò-kürsüò arasynda.../276/
ARZUWLAMAK - öz ýanyòdan arzuw etmek, bir zada ýetmek hyýalynda bolmak, küýsemek.
- Baýlygyò nirededigi aýdylansoò, gije-gündiz baýlygy arzuwlap
ýören ýigit nä onuò öwüt-ündew bererine garaºar durarmy...
/364/.
ARZYLANMAK - gadyry
bilinmek, arzysy bolmak, hormat- lanmak, sylanmak.
- Haýsy erkek kiºiniò öýünde arzylanýandygyny, haýsy erkek kiºiniò
öýünde abraýynyò ýokdugyny onuò ýüz-gözünden, gep urºundan,
geýniºinden görüp-bilip oturmalydyr /375/.
ASYL - düýp-teýkar, ata-baba, peder, özüòden öòki nesiller,
asyllylyk, agraslyk, goýazylyk.
- Baýlygy göterinip bilmek üçin giòlik, pähim-paýhas, düºünjelilik
gerek! Asyl gerek !/370/.
ASYL /asly/ - adamyò düýp, asyl gelip çykyºy, ata-babalary, köki, bütin
nesli, ynsan hökmünde bir gana degiºliligi.
- Bu taryhy kitap däl, ºeýle-de bolsa, geçmiºiòi bilmeseò,
geljekki nesliò ykbaly garaòky bolar, ýene-de ruhy pese düºüp, köp
türkmen aslyny ýitirer /44/.
ASYL
ADAM - hakyky, tüýs adam, sözüò doly manysyndaky ynsan.
- Ahun aga, siz pylanynyò ogrudygyny bilýädiòizem weli, arada ony
magtap, asyl adam edip goýaýdyòyz, munuò hikmeti nedir? /302/.
ASYLLANMAK
- salyhatly bolmak, ýerlikli hereket etmek, agras ýagdaýda bolmak,
akyly goýalmak.
- Eger asyllanyp, akyllansa gowy, eger ºonda-da akyllanmasa zyndana taºlamaly
/89/.
AªA - sözüò öòünden gelip, ol sözüò manysyny has güýçlendirýän
örän, gaty, çensiz, çakdanaºa, has sözleri bilen manydaº söz.
- Sebäbi türkmen aºa uly millet bolany üçin, olaryò hiç biri-de
bu milleti ähli bitewiliginde görüp bilmändirler /23/.
Aª
PAÝLAMAK - ýurduò ilatyny ekläp saklamak, azyk bilen üpjün etmek, eklemek.
- Hatam Taýam men ýaly ýurduna adyllyk bilen aº paýlan däldir
/194/.
AªYKLY - haýwanda /goýun, geçi/ but bilen injik süòküniò aºyk ýerleºýän
ýeri.
Süýegi-aºykly we omaça /81/.
ATABEGLIK - 1. Atalar, atalyklar, atabegler tarapyndan döredilen
we olar tarapyndan dolandyrylýan döwlet. 2. Mugallymyò, terbiýeçiniò,
tälim öwredijileriò käri, wezipesi.
- Seljuk türkmenleriò döwleti dagap ugransoò, sowatly atabegleriò
birnäçesi özbaºyna döwlet-atabeglik döredipdir
/117/.
Tug hökümdar kiçi ýaºly seljuk türkmenleriniò ºalaryna
atabeglik edipdir /118/.
ATALAR, ATALYKLAR, ATABEGLER - patyºalaryò we serkerdeleriò
çagalaryny terbiýeleýän mugallymlar, bilim, edep-terbiýe berijiler,
söweº tälimini öwredijiler.
-Patyºalygyò ýanyndaky ýörite mekdeplerde çagalara bilim, terbiýe
berýän terbiýeçilere, mugallymlara atalar, atalyklar, atabegler diýlipdir
/116/.
ATALYK
HEM ENELIK - bu sözler
gaýynata we gaýynene manysynda Ruhnamada ilkinji gezek ulanylýar. Bu
sözler gelniò adamsynyò atasy we enesidir.
«... Öýde ata ýalòyºsa, ogul ýalòyºar, ene ýalòyºsa gyz ýalòyºar,
atalyk hem enelik /gaýynata hem gaýyn ene/ ýalòyºsa, gelin ýalòyºar»
diýip wagyz edýärdi /11/.
AT DABRATMAK - aty sähel aralyga çapmak, aty seýislemek
üçin çapmak.
- Taryhyò aýtymynda at dabradyp ýören ata-babalaryòa buýsanyp,
olar bilen söhbetdeº bolasyò, derdiniºesiò gelýär... /96/.
AT
GAÝTARYM MEÝDANÇA
- öòki döwürlerde at çapylanda gaýdyº pellesi bilen geliº
pellehanasynyò arasyndaky kiçiräk meýdan.
- Hanha, aºakda at gaýtarym meýdança tolkun atyp ýatan ýaly bolup,
guburlary ýere siòiºiberen gonamçylyk ýatyr /381/
AT
SEGRETMEK - at çapdyrmak,
ýakyn aralyga at dabratmak.
- Goºun begleri hem ºonuò ýaly öz esgerlerine ok atmagy, at
segretmegi we göreº tutmagy gowy öwretmelidir /89/.
AWLAG - aw awlamak üçin ýer, awyò bol, köp ýeri.
- Mal üçin müsür, haýwanat üçin jennet. Awlaglaryò mesgeni!
/381/.
AÝAK
ÇEKILMEK - ýolda, köçede
gatnaw kesilmek, geçýän-gidýän bolmazlyk, gije bir çene ýetmek,
adamlaryò öýe ýygnanmagy.
- Onuò ogly iti gapysynda saklap, il ýatyp, aýak çekilensoò, itini
suwa düºürip, ýuwup, soòam bile bir ýalakda naharlanyp baºlapdyr
/317/.
AÝNATMAK - diýenine däl diýmän läliksiretmek, edenine garºy çykmazlyk, öz
erkine goýbermek.
... häzirki zamanyò ºertlerinde «haçly ýöriºler» pikirini dile
çolamak - diòe düºünjeleriò aýnadylyp ulanylmagyndan baºga zat däldir
/279/.
AݪY-EªRET - bol-elinlik, döwletlilik, barjamlylyk, bolçulyk, ykdysady üpjünçilik.
- Daýym aýºy-eºret içinde bolarlar /87/.
AÝTYM - giòiºlik, daº-töweregi boº tekiz ýer, giò
giden düz takyr, meýdan, sahna.
- Taryhyò aýtymynda at dabradyp ýören ata-babalaryòa buýsanyp,
olar bilen söhbetdeº bolasyò, derdiniºesiò gelýär...
/96/.
AÝYL-SAÝYL
ETMEK - saýlamak,
seljermek, oòadyny-erbedini saýlamak.
- Uruº merdi-namardy aýyl-saýyl edipdir /190/.
AZGYRYLMAK - gyòralyp ýüzüni almak, gaharlanmak, sesiò bilen yzgytsyzdygyny
bildirmek.
- Öýlenen ýigit ilkinji günden gelnini adam hasap etmän, oòa
azgyrylyp, her demde kemsidip baºlasa, gaýyn ene-de, gaýyn ata-da ol
gelni uzak hormatlamaz! /371/.
AZYM
URMAK - gazaplanyp haýbatlanmak, gahar-gazap bilen üstüne sürünmek.
- Gara daga azym uran, dag ýigitler kanda galdy?... /30/.
AZYM-AZYM - uly, ägirt, beýik.
...Elli asyrlyk geçmiºimizden türkmene baý hazyna, azym-azym ºäherler,
belent-belent ymaratlar haraba bolup miras galypdyr /95/.
|