|
Badalga -
ruhy, bedeni, gujury artdyryjy, güýç beriji, kuwwatlandyryjy,
batlandyryjy, bat beriji.
-Eziz türkmen milletim!
Siz meniò ömrümiò manysysyòyz, güýç-kuwwatymyò badalgasysyòyz!
/16/.
BADYHOWALYK - özüne göwni ýetijilik, hondanbärsilik, ulumsylyk, gopbamsylyk.
- Emma ýaºlygyò badyhowalygy ºeýle: ol öz-özünden adam bolaýandyryn
öýdýär /312/.
BAGLAMAK - haýsy-da bolsa bir ugurdan özüòi ykrar etdir- mek, öòüòe adam
geçirmezlik, at-abraýyò, ºöhratyò ile dolmak, ýokary derejä ýetmek.
Gudraty bilen külli yslam dünýäsini baglan, paý-u-pyýada aýlanyp,
doga okap, zikr eden Mäne babanyò katra-katra gözýaºy ýatyr bu
toprakda /78/.
BAKNA - birine
elgarama bolan, biriniò golastynda tabyn.
- Är ýigit, ºir ýigit, zor ýigit gerek, bakna türkmene eýe çykar
ýaly! Görogly beg gerek! /30/.
BAKYÝET - hemiºelik,
müdimilik, ömürlik, ebedilik.
- Bu ýol Garaºsyzlygymyzy we baky Bitaraplygymyzy almagymyz bilen
bakyýete öwrülen altyn ýoldur /77/.
BAKYÝET - o dünýä,
hemiºelik dünýä.
- Wagt - ºu dünýädäki ömrüòdir, iman - bakyýetdäki ömrüòdir
/333/.
BARÇA - hemme, ähli,
bütin, külli sözleri bilen manydaº söz.
- Barça maksadymy iliò gözüne görkezip, halkymy ynandyrdym /92/.
BARJAMLY - baý, mal-mülk eýesi,
eli uzadan ýerine ýetýän.
- Oguz döwründen baºlap köºklerde patyºanyò, serkerdeleriò,
barjamly adamlaryò ogullaryna aýratyn bilim, terbiýe berlipdir /116/.
BARLY - miweli,
hasylly, önümli, baýlykly.
...Garagumuò - desterhanyò, hazynaò,
Rysgal-bereketli, barly türkmensiò! /276/.
BARLYK - bu ýerde:
dirilik, janlylyk, ýaºaýyº.
- Seni gaýyplykdan barlyga getiren ata-eneòdir /317/.
BARYNDA - ýaºap
ýörkä, dirikä, aýak üstündekä.
- ...kakasynyò barynda döwran sürüpdir, ahyry hem agzy
hapalanypdyr /346/.
BAª BERMEZLIK - boýun egmezlik,
tabyn bolmazlyk, öz pikiriòi dogry hasaplap, beýlekini äsgermezlik.
- Däli Domrul, Däli Garçar ýaly guduman oguzlary yslam bilen ýola
getiräýmeseò baº berjekmi olar! /108/.
BATYL - kör, görmez
ýaly ýagdaýa düºen.
- Ýowºan ysly sährasyndan jyda düºüp, aglap-aglap batyl bolanyò
gözlerine sürtseò bu toprak açyp goýberýär /79/.
BATYL GALMAK - görmez,
bilmez ýaly derejede kör bolmak, görmezlikden-bilmezlikden ýaòa
bihabar galma.
- Ruhnamany ýazmak bilen baº maksadym-batyl galan buýsanç çeºmesini
täzeden arçamakdyr /64/.
BAÝNAMAK - eºret içinde
ýaºamak, gönenmek, erkana durmuº görmek,
-Parlasyn ýaºyl baýdagym, Ulus-ilimiz
baýnasyn... /285/.
BAÝRYNMAK - ilden üýtgeºik bir
aýratynlygyò üçin öwünmek, ulumsylanmak, aºa buýsanmak,
gopbamsylanmak.
- Gorkut ata zamanynda diri baýlygy ýeriò üstüne, öli baýlygy ýeriò
astyna sygmaýan güýjüne baýrynyp, ýurduna buýsanyp ýören türkmenleriò
kämil aòy oglanjygyò köýnek-balagyndan çykyºy ýaly, türkmenleriò
kämil ruhy otparazlygyò hem, taòryparazlygyò hem çygryndan çykypdyr
/108/.
BEG - tire-taýpa,
urug, boý ýaly toparlaryò, welaýatlaryò we º.m. häkimi, toparyò
baºy.
- Ol diòe öz boýuna beg bolsun /86/.
BEGLER BEGI - türkmen
diline degiºli sözlüklerde bu söze duº gelmedik. Bu söz birnäçe
begiò üstünden garaýan begi, uly begi aòladýar.
- Gaýa han bolsa, Baýat sag goluò begler begi bolar /86/.
BEGLIK - bir begiò baºtutanlygyndaky
ülke, emirlik; bir begiò dolandyrýan ýeri.
- Orta asyrlarda onlarça Seljuk türkmen beglikleri döreýär /109/.
Bu beglikleriò her biri, kiçiräk döwlet bolupdyr /112/.
BELANYÒ KÖRÜGI -
betbagtçylygyò, bozgakçylygyò baºlanýan ýeri, gapma-garºylygyò
tutaºdyrylýan ýeri, ojagy.
- Belanyò körügi Günbataryò we Gündogaryò garaýyºlarynyò we
gymmytlyklarynyò keskelläm bir ýere sygyºmaýanlygynda ýa-da dinara
gapma-garºylyklarda däldir... /279/.
BELLIGE ALMAK -
hasaba almak; makullanylyp ykrar edilen.
- Türkmenistan dünýä bileleºigi tarapyndan ykrar edilen hem-de
halkara hukuklarynyò ölçegleri hökmünde bellige alnan adam hukugyny
we azatlygyny ykrar edýär /284/.
BENDI - ýesir,
tussag, hiç ýere gitmezligi üçin tutulan.
- Ýene bir ýola janyny barlamak üçinem ol seljuk türkmenleriniò
serkerdesi Arslan hany görme-görºe çagyryp, bendi edýär /221/.
BERDAªLY - sagdyn, berk, gujurly.
- Munuò sebäbi, ýaºlykda ruhubelentligiò çeºmesi adamyò beden
berdaºlygydyr we durmuºa höwesiniò ýokarylygydyr
/309/.
BERILMEK - birine,
bir zada özüòi bagyºlamak, ºoòa wepaly bolmak, birini, bir zady beýleki
zatlardan has ileri tutmak, janyò-teniò bilen hyzmat etmek.
... öz oý-pikirleriòde, iºleriòde päk ýüreklilik, öz Watanyòa,
halkyòa, Türkmenistanyò Prezidentine berlenlik ýagdaýy aýratyn
bellenilmelidir /273/.
BERKARAR - sagdyn,
hemiºelik, dowamly durjak.
... hor bolmasyn puºtdan-puºdum, berkarar döwlet istärin...
/377/
BETKÄRLIK - ýaramaz
iºe baº goºmaklyk, ile sygmaýan, il oòlamaýan iº etmeklik, ýaman
atlylyk.
Betkärligi mälim bolan kiºini kowup ilden çykarmakdan ony öldürmek
ýegräkdir... /91/.
BEZIRGEN - ýurt
gezip, alyº-beriº, söwda bilen meºgullanýan adam, gezende söwdagär.
- Bezirgenler zerli matalar we bazar ýükleri bilen gelenlerinde köòülleri
kuwwatly we umytly bolar
/89/.
BIHAL - ýönekeý, sada, zatdan baºy
çykmaýan, biderek, dereksiz.
- Ata-babalarymyz «Kitap okan beýlede dursun, diòläp oturan hem
bihal däldir» diýer ekenler /101/.
BILEZIK -
gyz-gelinleriò dakynýan, ýüzi gaºly kümüºden ýasalyp, gyzyl çaýylan
ýüzügi, bilek gurºawy.
Bilezik goly, donuò öòüne, arka tarapyna dakylýan dürli apbasylar,
dürli ºaýlar peýkamdan goraýar
/378/.
BINÝAT - bir zadyò esasy düýbi, daýanç.
- ªu taryhy binýadyò we geçmiºiò tejribelerine esaslanyp,ge- çiº
döwründe ülkämizde abadançylygy we durnuklylygy sak- lamagyò hötdesinden
geldik /157/.
BINÝAT EDILMEK -
gurulmak, esaslandyrylmak, döredilmek.
- Garahanly türkmenleriò döwleti asly türkmen bolan Bilge Kül
Kadyr han tarapyndan 840-njy ýylda Türkmenistanda, Mawerannahrda binýat
edildi /217/.
BIPERWAÝLYK - ähmiýet
bermezlik, geldi-geçer çemeleºmek.
ªonuò üçin hem biagyrylyk, ömür babatdaky biperwaýlyk, haýal-ýagallyk,
ýaýdanjaòlyk, ýaltalyk, owarramçylyk Altyn asyryò türkmen ºahsyýetine
laýyk sypatlar däldir /206/.
BIREW - bir adam, biri, kimdir biri, kimse.
- Birewe kast etmedim, jebir etmedim, özüme jebir edilse, sa- byr
etdim /92/.
BIRSYDYRGYN - bir ýan
ujundan, boýdan baºa, baºdan aýaga çenli.
- Ruhnamany taýýar etdim hasaplap, ony birsydyrgyn okap çykanymdan soò,
onuò mazmunyny ýene bir gezek seljerip çykanymdan soò, bir duýgy
kalbymy gaplap aldy /72/.
BISARPA - hasapsyz,
boº, biderek zada, ýere harç etmän, tygºytsyz.
- Allatagalanyò beren demini bisarpa tutman, milletiò eºretli durmuºda
ýaºamagy üçin her bir türkmen bar gujur-gaýratyny, baºarnygyny
il-ýurduna bagyº etmelidir /149/.
BOGDAK - däneden,
undan doly doldurylmadyk, ýarym çuwal, halta töweregi, agzy boglan.
- Bir gezek iki bogdajyk arpany ºähere alyp gitdim, oglandym. /37/
-Iki bogdajyk arpamy alyp barýan, öòümdenem bir eºeklije garyp
adam barýar.../37/
BORAN SYRAMAK - gar
ýagyp, güýçli harasat gopup, gary eýläk-beýläk sowurmak, syrgyn
turmak, boragan, tupan turmak.
- Käbir adam bardy, ýüzünden gar ýagyp, boran syrap dur, ol
bolsa-bolmasa awuly sözüni aýdyp, göni ýüregimden çüýläp
giderdi. /154/
BOÝ - bu sözlemde kitabyò baby,
bölümi, parçasy manyda ulanylýar.
«Gorkut atanyò kitabynyò» ähli boýlaryndaky din hem, pikir hem,
taglymat hem - Gorkut ata! /108/.
BOÝ - tire, taýpa,
urug sözleri ýaly adamlaryò belli bir toparyny aòladýan söz.
- Oguz han Müògyºlagy, Syrderýanyò, Amyderýanyò boýlaryny, Köpetdagyò
eteklerini tabyn edip, özüniò gadymy ata ýurduna baranda, ähli
ogullaryny we agtyklaryny illi-ilinden, boýly-boýundan getirip, bir
uly toý tutdy /83/.
BOÝBAªY - tire-taýpa,
urug ýaly ilat toparyndan ybarat bolan boýuò öòbaºçysy, ýolbaºçysy.
-Her kim bir tümeni baºarsa, boýbaºy bolmaga ýarar /87/.
BOÝUNTYRYK - 1. Ýer
sürýän iki erkegiò boýnuna goýlan, azal dakmak üçin uzyn agaç.
2. Bu ýerde: boýun synmagyò nyºany, tabynlygyò alamaty.
- Olardan her biriniò boýnunda bize tabynlygyò boýuntyrygy bardyr
/385/.
BUKAW - gyzlaryò boýnuna
dakylýan iki barmak ýasylygyndaky kümüºden ýasalan boýunlygy, ýakasy.
Türkmen gyzlarynyò ºaý-seplerine üns beriò: gupba-tuwulga, çekelik-bukaw-boýnundan
gylyç salynmazlygyny üpjün edýär, gülýaka döºi, gursagy goraýar
/378/.
BUKY - gizlin, ýaºyryn,
üsti basyrylan manylardaky söz.
- Biziò sowet mekdebinden çykan taryhçylarymyz meýilparaz taryhçylaryò
buky pikirini aòyp bilmezden, ºol mekdebiò ýöreden pikirini esasy
pikir hökmünde tekrarladylar /210/.
BULAK - akar çeºme,
çeºmeden, gözbaºdan çykýan suw.
- Heòòamyò zybanyndan çykýan ümsümlik gulaklarymy ºaòladyp gidýär-bäº
müò ýylyò dowamynda sesleri Garagumuò ºemalyny, nazarlary türkmen
sährasynyò gözýetimine, howaly duýgulary asmandaky bulutlara, agras
mähri ýerdäki bulaklara, gözleriniò nury türkmen Güneºine,
sulbalary Köpetdagyò kölegesine, ystyhany ene topraga dönen
ata-babalarym meniò ruhumy göterýärler. /288-289/
BURUN - öò, ozal,
owal, öòürti sözleri bilen manydaº söz.
- Men bir zat etmezden burun ýedi ýola ölçeýärin /351/.
|