G

Mukaddes Ruhnamanyò diliniò altyn sözlügi

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


GADYRLAMAK - gadyryny, gymmatyny bilmek, hormat-sylag bilen gadyr bildirmek, sylamak, hormatlamak.
- Dünýäleri ýaradyjy, ýeke sözi bilen älem-jahany ýokdan bar eden Allanyò aýratyn hormatlan, gadyrlan enesini hormat-lamak, gadyrlamak, ezizlemek her bir türkmene parzdyr /321/.

GAHATLYK - gytlyk, ýetmezçilik, ruhy, maddy kemlik.
- Emma ruhy gahatlyk, ruhy mätäçlik, ahlaky daýançsyzlyk ýagdaýynda oòa öz adamlyk keºbini saklamak juda kyn düºer /310/.

GALA - beýik, belent, buýsançly sözlerine manydaº söz.
Gara baºym gala tutdum, Aköýliniò öwlady men, Otda ýandym, suwda söndüm, eýlemedim jöwlany men... Hem geçmiºim, hem geljegim, hanymanym Watandadyr /276/.

GALA ALMAK - üstünlik gazanmak, ýeòºe ýetmek, iº bitirmek.
- Entek zeýrenip gala alan, iº bitiren ýokdur /304/.
 

GALALY BOLMAK - daºyò goragly bolmak, daº-töweregi berk goraýjyly bolmak, daºdan howp abanaryndan arkaýyn bolmak.
- Daºyòda gowy adam köpelse, galaly bolarsyò, türkmeni türkmen etjek diòe türkmendir /302/.

Galapyn - bütinleý diýen ýaly, esasan, doly derejede.
-Bitewi döwleti dargady, tireler biri-biri bilen söweºdi, millet hökmünde aslyny ýitirdi, dinini galapyn terk etdi, dilini ýoýdy, müòýyllyklarda kämilleºdirilen atyny, halysyny, lybasyny, ºaýyny, däbini ýitirere geldi .../13/.

GALLAÇLYK - mätäçlik, ýeter-ýetmez günde ýaºaýyº, güzerany zordan aýlamaklyk.
- Heý, gardaºym, men baý diýip dänjiremegin, baýlygyò guk gapdalynda gallaçlyk ýatandyr! /197/.

GALYP - ülòi, bir zadyn keºbi, ýasama ºekil.
- Garaºsyzlyk türkmen dilini ýasamalykdan, dar galypdan halas etdi /175/.

GAMAªMAK - ümezlemek, bir zadyò ýüzi ümür, duman bilen örtülen ýaly bolmak, tot-tozan ýaly görünmek.
- Ýigidiò gözleri gamaºyp gidýär /373/.

GAMYNY IÝMEK - aladasyny etmek, iº edinmek, gaýgysyny etmek.
- Taryhy ýadawlykdan egbarlan türkmen özüniò millet hökmündäki aýratynlyklaryny saklap galmagyò gamyny iýdi  /293/.

GAÒRYªYNA GAÝTMAK - diýeni bilen ylalaºmazlyk, aýdanyna däl diýmek, garºylyk görkezmek, ylalaºmazlyk.
- Haý, Öwez jan, sen näme diýsem rastdyr diýiber, gaòryºyma gaýtsaò, kelläòi hyzlandyryp ibärin!       /193/.

GARA DOGAN - iò uly erkek dogan, doganlaryò iò ulusy.
-Ene-ata ýogalyp, bir maºgalada näçe baº dogan galan bolsa gara dogan, ýagny uly dogan beýleki doganlaryò atasy hem enesi bolýar./355/.
 

GARAK - göz, göreç, dide sözleri bilen manydaº söz.
- Bir danadan sorapdyrlar: - Dünýä nireden baºlaýar?
- Iki garagyòdan - diýip jogap beripdir /185/.

GARAªYK ETMEK - hemaýat bermek, goldamak, rehimdarlyk duýgusy bilen gurºamak.
- Arzuwlar döwletiò garaºyk etmegi we ýolbaºçylygy bolmasa hasyl bolmaýarlar /382/.

GARAW - ideg, eýe, hossar, howandar, hemaýat.
- Adam öz ýekeligi boýunça garawa mätäç jandardyr /207/.
- Biz adama garaw bolsun diýip milli döwleti gurduk /207/.

GARAWSYZ - sorag-idegsiz, ündewsiz, eýesiz, hossarsyz. 
-Emma taryhyò gözükmeleri üýtgäp, ýönekeý adamlaryò özlerini garawsyz galan ýaly duýýan taryhy pursatlarynda ruhubelentlik has hem zerurdyr /207/.

GARDAN - gar saklamak üçin ýörite gurluºy bolan çukurlar, içi gar bilen doldurylan ýerzemin.
-Uly-uly gardanlar gazyp, gyº gar ýaganynda garlary tokgalap-tokgalap gardanlara basyp, demrikdirip-demrikdirip üstüni çöp-çalam, onuò üstünem bir-iki metr galyòlykda gum bilen basyryp, tomusda gar suwuny ýaºaýyº ºerbeti hökmünde içipdirler /174/.

GARPYªMAK - uruºmak, çaknyºmak, biri-biriòe garºy söweºe, urºa girmek. 
-Haýyr bilen ºer, ýagtylyk bilen garaòkylyk, ýagºylyk bilen ýamanlyk garpyºyp barýar, ýöne hemiºe haýyr ºerden, ýagºylyk ýamandan rüstemdir /403/.

GARY - tirsekden barmaklaryò ujuna çenli uzynlyk ölçegi.
-Süýegi-sag gary, ýagyrny /80/.

GATANÇ - goºant, bir zadyò ýetmezini doldurma; bitewi zadyò bir bölegi.
- Ene garnynyò, ene gujagynyò, ene elleriniò ýylylygyndan mähir diýilýän mukaddeslik adamyò süòòüni kemala getiriji esasy gatanja öwrülýär        /321/.

GAÝDAN - baºlanan, önen, birinden baºlap köpelen.
- Bu döwleti esaslandyranlar Oguz hanyò iò uly agtygy Gaýadan gaýdan nesillerden bolup, 962-nji ýylda Gazna ºäherine gelip, Gazna döwletini esaslandyran, döwleti döwlet eden soltan Mahmyt Gaznalydyr /224/.

GAÝRY - beýleki, baºga, özge, ýat sözleri bilen manydaº söz.
- Ýoluò ýakasynda duran garnyýogyn gaýry milletler bolsa oòa lah-lah gülºüp durlar /37/.

GAÝTGYN - 1. Derýanyò suwunyò daºgyndan soò peselmegi, suwuò öòki hanasyna çekilmegi. 2. Göçme m. Ilerlemäniò, öòe gitmegiò saklanmagy, ýetilen derejeden yza tesme, yza gaýtma, öòki derejesinden peselme, bady gaçma.
- Ýöne bu milletiò taryhy ykballary ºeýlebir çylºyrymly bolupdyr, onuò ýaºaýºynda diòe bir ilerlemeler, öòe gitmeler däl-de, eýsem yza gaýtmalar, gaýtgynlar hem köp bolupdyr /159/.

GAÝYBA GITMEK - gaýyp bolmak, gaýdyp gelmejek, ýitirilen ýagdaýda bolmak, dolanmajak.
- Geçmiº-taryhyò gaýyba giden, indi gaýtalanmajak wakalarydyr /63/.

GAÝYM - pugta, berk, sagdyn, durnukly sözlerine manydaº söz.
- ªonuò üçin onuò ömür daragty gül açmady, döwlet binasy gaýym bolmady, goýulmady, bagtyò ýoly halkymyò üstünden sowa geçdi /254/.

GAÝYPLYK - bu ýerde: ýokluk, ýitirimlik.
- Seni gaýyplykdan barlyga getiren ata-eneòdir      /317/.

GAZAWAT - yslam dinini goramak üçin alnyp barylýan söweº, dini uruº.
- Dehistanyò we Müògyºlagyò serhedinde ýaºaýan imansyzlara garºy gazawat wagty yhlas bilen gaýduwsyzlyk görkezsin /389/
 

GAZNA - almaz, altyn, pul we gymmat bahaly zatlar saklanýan ýörite ýer, hazyna.
- SSSR-iò daºary ýurtlardan algysy we bergisi, SSSR-iò almaz, walýuta gaznasynda, altyn hazynasynda saklanylýan altynyò, baýlygyò möçberi we garaºsyz döwletleriò algydaky, bergidäki paýy kesgitlendi /51/.

GAZY - duºmana garºy söweºen, duºmany ýeòen serkerdelere we ºäherlere berilýän at, ýokary dereje, ýeòiji.
- Ol beglikler synyp, dargap giden beglikler däl, olar wagtyò geçmegi bilen Osman gazy Türkmeniò güýjäp barýan begligine goºulypdyrlar /112/.

GEÇMEK - ºu sözüò gurºawynda birine bolan garyndaºlyk, hossarlyk gatnaºygyny bes etmek, birini owarram etmek, birinden ýüz öwürmek ýaly manylar bar.
- Emma olar tekge-hemaýat bermekden geçen, menden hem geçendigini ýazdylar! /30/.

GENJI-KÄN - gymmatbahaly zatlar, hazyna, baýlyk, magdan çeºmeleri.
- Ata-babalarymyzyò genji-käni, galdyran ruhy baýlyklary biziò döwletimiziò milli aòyýeti bolsun    /70/.

GEZ - adamyò tirseginden barmaklarynyò ujuna çenli bolan uzynlyk ölçegi.
-ªol sebäpli bu raýata baºlyk hökmünde ýolbaºçy boljak adamyò gadymy kökleriniò bolmagy, onuò tejribesiniò, çydamlylygynyò beýlekilerden bir gez ýokary bolmagy zerurdyr /393/.

GIDIªMEK - güýç synanyºmak, biriniò garºysyna göreºmek.
- ªol mahal ol Mawerannahrda özüni görkezen Seljuk serkerdäniò ogullary bilen gidiºýär /224/.

GOL - 1. Adamyò egninden barmaklarynyò ujuna çenli synasy. 2. Öldürilen haýwanyò /öküz, goýun, geçi.../ öò aýagy. 3. Bütin bir zadyò, köpçüligiò bir tarapy, sagda ýa solda ýerleºýän topar.
Bozuk - kowumlary sag goldur /80/.

GOL BERMEK - bir zada uýmak, bir zadyò, pikiriò, ýörelgäniò täsirine düºmek.
- Magtymguly sopuçylyk ýoluna düºeninde biz onuò yzyna düºüp, säher turup, agaçlar bilen aglaºsak bolmaz, çünki biz sopuçylyga gol bererden baºga-baºga adamlar /306/.

GOLTGY-TEKGE - kömek, goldaw, hemaýat, ýardam ýaly manylarda ulanylýan söz.
-...Altyn asyrda, altyn ruhda, altyn ýaºaýyºda ýaºamagymyza goltgy -tekge berjek kitaby döretmek zerurlygyny ýüze çykardy /147/.

GOLY ÝUKA - ýeter-ýetmez durmuºda oòºuk edýän, eli uzadan ýerine ýetmeýän, maddy taýdan üpjün däl, garyp.
- Adam goly ýuka hem bolsa, özi ýalydan azrak gazançly, özi ýalydan pesräk jaýda ýaºaýan hem bolsa, ýüreginde ynanç bolanlygynda hiç mahal kemsinme duýgusyna sezewar bolmaz /310/.

GOL ÝAPMAK - biriniò tarapyny çalmak, hemaýat etmek, hossar çykmak.
-...hanyò temmi bermeli adamy oòa temmi berjek bolanynda oòa hanyò, patyºanyò inisi, ogly, begleriniò hiç birisi gol ýapmasyn /99/.
- Arassalyk, päkizelik ynsapdan çykman, halallyga gol ýapmakdyr /332/.

GONAM - mazarystanlyk üçin ýer, öli jaýlamak üçin meýdan.

GONAMBAªY - mazarystanlyga ilki goýlan abraýly adam, täze mazarçylygyò ilkinji baºyny baºlan.
- Türkmen gonamçylygy dolup, täze gonam tutunjak bolanynda çem geleni gonambaºy edäýmeýär/199/.

GONAMÇYLYK - adam ölensoò jaýlanýan ýer, mazarystanlyk, gabrystanlyk.
Gonamçylyk - taryhyò beýnisi /381/.
 

GONJUNA GOR GUÝMAK - gaty biynjalyk etmek, bir ýerde durup bilmez ýaly ýagdaýa salmak, näme edip goýýanyny bilmez ýaly aljyratmak.
- Türkmen serkerdeleri Togrul begdir Çagry begiò güýçlenip baºlamagy Magryby-Maºrygy sorap, Hindistany boýun egdirip ýören türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyò gonjuna gor guýýar /156/.

GOR - 1. Düýe çaly tutmak üçin gönezlik, turºadyjy maýa. 2. Göçme m. esas; baýlyk.
- Biziò ruhumyzda, ganymyzda, süòòümizde bäº müò ýyllap kämilleºen gorumyz bardyr /192/.

GOR - ätiýaçlyk üçin goýulýan, artdyrylýan baýlyk, gymmat bahaly zatlar: altyn, almaz we º.m.
- Umumysoýuz eýeçiliginde, SSSR-iò almaz, walýuta fondlarynda we altyn gorunda Türkmenistanyò öz paýy bardyr /49/.

GOR - ýanan odunlardan galan köz, üýºmek köz.
-Ynha, çörek ysyny alyp göwnüm dokundy, tamdyryò goruna göwräm ýylyndy /365/.

GORHANA - ok-däri saklanýan ýer, uruº, söweº ýaraglary saklanýan ýörite, gorag astyndaky ýer, jaý.
- Haý, aga, gatyrak gitdiò. Gorhana gol urduò! /194/.

GOR ÝALY - ýanan odundan galan közleriò gyzgyny, ýylysy ýaly.
- Ertir men kazynyò dergähine barmaly, ýatara ýerim, iýere zadym ýok, görsem ýaòy çöregi çykarylan gor ýaly tamdyr /365/.

GOªAWUÇ - iki owuç, her eliò owujy birleºdirileni.
- Herhal ol owurdyny, goºawuçlaryny altyndan dolduryp, derwezeden daºa çykarýar... /364/.

GOª BASMAK - ymykly düºlemek, jaýly ýerleºmek, hiç ýere gitmän ýatmak.
- Gam-gussa dartanyò bilen gam-gussa aýrylyp gidýän däldir, tersine, gam-gussa köòül berseò, ol goº basyp, duluòda ýatar /304/.

GOÝUN - gujak, göwüs. 
Türkmen halky hem syrgyn-syrgyn, küren-küren oba bolup, il bolup, ºäher-kent bolup Türkmenistanyò goýnunda ýaºaýar    /78/.

GOZGALÝAN WE GOZGALMAÝAN EMLÄKLER - öý, jaý, ygtyýaryndaky ýer, ekerançylyk meýdanlary, bag-bakja we mülk, jemi baýlyk.
-... ýokary häkime we onuò maºgalasyna degiºli hususy ýerler, gozgalýan we gozgalmaýan emläkler üçin tölegler diwany kanagatlandyrmaýan derejede, raýatlaryò we tabynlyklaryò arkaýynlygyny üpjün edip bilmeýän derejede ýygnalýandygy bize ýetirilýän maglumatlarda aýdylýardy... /395-396/.

GÖÇGÜN - ruhy taýdan hyjuwly, ruhubelent, keýpi çag.
-Är baºyny egmez, iºi keç günde, Gama orun bermez köòül köºgünde, Hyýallar-hyruçda, kelle-göçgünde. Ruhuòyz tug kimin belentde bolsun! /301/.

GÖNDERMEK - bir ýerden ikinji bir ýere ýollamak, ugratmak, ibermek.
- ªu mahala çenli Çyn-Maçyn hökümdarlygyndan jogap almadygymyz üçin köºk weziri He-u-Tsiýeniò üsti bilen gönderýärin /216/.

Gönezlik - 1. Biºirilen süýdi goýaldylan gatyk halyna getirmek üçin oòa goºulýan turºy gatyk. 2. Göçme manysy: haýsy-da bolsa bir zatdan ikinji bir zady emele getirýän, baºga görnüºe geçirýän zat.
- Içki bitewilik millete daýanç sütüni we gönezlik bolup hyzmat edýär /22/.

GÖRÜM-GÖRELDE - edep-terbiýe, edep-tertip, edep-ekram, düzgün-nyzam, il içinde kabul edilen özüòi alyp baryº kadasy.
-Akyl-paýhasyò hazynasy, görüm-göreldäniò eýesi Oguz han dünýäden gaýdan badyna onuò ýoklugy bildirýär... /98/.

GÖRÜMLI - görüm-göreldeli, edep-ekramly, tertipli, düzgünli.
- Durnukly, durumly, görümli, asylly, arkaly, göwni giò ºahsyýetler bolmalydyrys /206/.

GÖTERINMEK - baºyòa gonan döwleti, bol-telkiligi, baýlygy azman, azaºman peýdalanmak, baýlyga çydam etmek, özüòe erk etmek, baýyrynman kanagat etmek, mesirgemezlik.
- Baýlygy göterinip bilmek üçin giòlik, pähim-paýhas, düºünjelilik gerek! Asyl gerek! /370/.

GÖTERMEK - bu ýerde: oòlamak, makullamak, halamak.
- Iliò, jemgyýetiò götermejek zadyny etme, ºonda jemgyýet hem seni adam sanyna goºar /332/.

GÖWHER, DÜR, LAGYL - dürli reòkli almaz, ýakut, göwher ýaly gymmat bahaly daºlar, bezeg daºlary.
-...onuò sagynda pesräk tagtda bir peri gyz oturanmyº, durºuna göwher, dür-lagyl, altyn-kümüº ºaý-sepleriò içinde zordan görünýärmiº       /373/.

GÖWNÜNI AWLAMAK - ýylgyryp, mylaýym sözler aýdyp göwnüni götermek, begendirmek, göwnüni hoºal etmek.
- Siz Günsüòiz, siz ýylgyryp öz maºgalaòyzyò göwnüni awlasaòyz, gelniòiz Aý bolup dünýäòizi nurdan doldurar!..             /375/.

GÖWÜN ARAMY - göwnüò kanagaty, göwnüò karary, sabry, takaty, ynjalyk.
- Ýöne artykmaç, gerekmejek baýlyk üçin däl-de, ilki rysgal, soòam göwnüò aramy üçin zähmet çek  /362/.

GÖWÜN - GARYN ETMEK - bir zady göwnüòe alyp, öýke-kine saklamak, bir zady göwnüòe getirmek, öýkelemek.
- Jenaýatkär patyºa bilen elleºip görüºýär, patyºa-da ölüme barýan adamdyr-da diýip, göwün-garyn etmeýär /366/.

GÖÝDÜK - boýuny-inini almadyk, kadaly ösmedik, ene süýdünden doýa emmedik.
-Onuò dergähine göýdük, gamgyn, para-para bolan periºan ruhly baryp bolmaz !/304/.

GÖZBAª - çeºmäniò akyp çykýan ýeri, çeºmäniò baºlanýan ýeri.
- Bu eýýamda milletiò ruhy gözbaºy Oguz handyr, halal, sada türkmen zähmeti bilen gün görýär /290/.

GÖZDEN SALMAZLYK - ünsden düºürmezlik, ähmiýet bermek, unutmazlyk.
- Ilatyò ösmegini hasaba almak bilen täze durmuº desgalarynyò gurulmagy, döredilen infrastrukturanyò netijeli peýdalanylmagy hem gözden salnanok /282/.

GÖZÜKME - ugur, ýol görkeziji, ýetmeli menzile tarap barýan ýoly, ugry görkezip ugrukdyryjy, gönükdiriji çelgi.
- Çünki millete has uzaga gidýän ruhy ýörelgeler we gözükmeler zerurdyr /69-70/.

GÖZÜÒ DOKUNMAK - görüp, bolºundan kanagatlanmak, gözüòe hoº ýakmak, görüp hoºallyk duýmak.
- Göreniòde gözüò dokunardy, göwnüò dolardy     /38/.

GUBA - çägäniò, düýäniò reòkine meòzeº goòrumtyl reòk, açyk goòur reòk.
-Bu toprak guba çöllerinde Hydyr gezen, dumanly daglarynda Kowus gezen, möwçli deòzinde Kyýas gezen türkmen topragy bu! /28/.

GUBUR - gabyr, mazar.
- Bu toprak türkmene keramatly toprak, bu topragyò goýnunda erkin ýaºaýyº, abadan ýurt üçin baºyny goýan ärleriò, ºirleriò gubury ýatyr/78/.

GUDUMAN - guduz, zabun, ýykyp-ýumrup barýan garagol, ýakymsyz.
- Däli Domrul, Däli Garçar ýaly guduman oguzlary yslam bilen ýola getiräýmeseò baº berjekmi olar!   /108/.

GUGARYP GALMAK - ynsansyz-haýwansyz, ösümliksiz ýeke galmak.
-Gugaryp galan depeler, çolaryp galan düzlükler, sogulyp galan çeºmeler, epilip galan derekler, külbe bolan ymaratlar, sulba bolan Watan - bu zatlaryò bary meniò daºymda däl-de, içimde-ýüregimde ezýetli ýaºaýardylar /73/.

GUK GAPDALY - ses ýeter ýaly aradaºlykda, golaý bir ýerde, ýakynda.
- Heý, gardaºym, men baý diýip dänjiremegin, baýlygyò guk gapdalynda gallaçlyk ýatandyr!/197/.

GURªUK - endamyò belli-belli ýerinde gan aýlanyºyò kadasyzlygy sebäpli ysgynsyzlaºma, guruºma, wagtlaýyn hereketsiz bolma.
- Abadan, parahat, dok oguzda meslikden gözi gyzaryp giden Domrul «Heý, bir güýç synanyºyp, göwräniò gurºugyny ýazar ýaly däli tapylmazmyka?» diýip, buz üstünde tozan arap, gury çaýyò üstünden köpri salýar /192-193/.

GURY - biderek, boº, netijesiz, ähmiýetsiz, boº, ýerliksiz diýen sözleriò manysynda ulanylýar.
- Çeºme kör galansoò, aslyòa degiºli zatlar gury gürrüò bolup eºidilýär /64/.
- «Nähili ýaºamaly we nädip ýaºamaly?» diýen sowala jogap berip bilýän ylym hakyky ylymdyr, munuò hötdesinden gelmeýän ylym galp ylymdyr, gury öz-özüòi güýmemek, gury harajat çykarmakdyr /344/.

GUTLY - häzirki dilimizde ulanylýan bagtly sözi bilen manydaº söz. 
-Gyryk, ýagny gutly we permana yhlas ediji /81/.

GÜLLE - ýeke nil, goºa nilli tüpeòleriò peºeòine däriden soò gaplanan togalajyk gurºunlar, seçme, ok.
- Saparmyrat jan, kakaò tüpeòden çykan gülledi, ýaýdan çykan okdy, gözsüz batyr diýilýänlerdendi  /34/.

GÜN GÖRMEK - ýaºamak, güzeranyòy görmek, mydar etmek, durmuºyòy, ýaºaýºyòy aýlamak.
- Bu eýýamda milletiò ruhy gözbaºy Oguz handyr, halal, sada türkmen zähmeti bilen gün görýär /290/.

GÜNEMA - ýaºaýyº, durmuº üçin zerury zatlar, güzerän.
- Ömrüniò birinji ýarymynda-jahyllyk döwründe ol ähli güýç-kuwwatyny dünýä bilen gatnaºyk etmäge-maºgala gurmaga, rozugärini, günemasyny üpjün etmek üçin tälim öwrenmäge, il-güne hyzmat etmäge sarp edýär /306/.

GÜNEMAÒY DOLAMAK - güzeran görmek, adam ºekilli ýaºamak, gün görmek, açlyk-horluk çekmän gün geçirmek.
- Ýaºuly, taòryýalkasyn, men dünýä dileg edip günemamy dolamak üçin gelemok, kelläm bar, süòòüm sagat, har bolsam, garagym çyksyn -diýýär /364/.

GÜÒ - düòle, eºitmeýän, diòlemeýän ýaly bolup oturan dymma.
- Lal bolsun, güò bolsun, wagºy bolsun, barybir ene oglunyò ýüregine düºüner /325/.

GÜPBASDY - özüne duýdurman üstüni basmak, birden, duýman durka üstünden düºmek.
- Patyºanyò nökerleri gije baryp, leºgerbaºy bellenjek ýigidi güpbasdy edip, goluny baglap, öldir ýaly ýenjip, getirip zyndana atýarlar /351/.

GÜRZI - ýarag hökmünde ulanylýan baºy, ujy tommaýly ýogyn taýak.
- Gylyjyò, gürziniò öòünde baºyny dik tutup ýaºan türkmen ºu topragyò - ata-babalarynyò öòünde dyzyòy epip, ºu topragy öpüp, sežde et sen! /247/.

GÜWÄÇI - güwä geçýän, ºaýat bolýan, dogry-nädogrudygyny tassyklaýan.
- Beýik Seljuk - türkmen döwleti, Osman - türkmen döwleti, Garagoýunlylar, Akgoýunlylar döwletleri - türkmen ruhunyò ºu eýýamda nähili belent, syýasy-taryhy taýdan iºjeò bolandygynyò taryhy güwäçisidir /292/.

GÜÝZLEK - göçüp-gonup ýören tire-taýpalaryò güýz paslynda wagtlaýyn oturymly ýeri, güýz möwsümi oturyljak ýer, ýurt.
- Güýzün güýzlek, gyºyn gyºlak we kenarýaka ýerlerde ýörseler kynçylyk görmezler /87/.

GÜZER - suw akýan çuò ýapdan geçmek üçin ýalpak ýer, geçelge, geçit /daglyk ýerde/.
- Her gezek Oguz han atamyò ruhy: - Ýaz, milletiò, il-ulusyò inen ýeri - güzer bolar... diýdi /148/.

GÜZER ETMEK - bir ýere aýlanmak, bir ýere barmak, gelmek, geçmek, zyýarat, syýahat, gezelenç etmek.
- Men dürli ýyllarda türkmen topragynda halkyò keramat diýip güzer eden ýerleriniò ählisine diýen ýaly baryp gördüm /380/.

GYN - gylyç, pyçak ýaly ýaraglaryò salynýan gaby.
- Öò ýaºap geçen alymlar: «Bir gyna iki gylyç sygmaz» diýipdirler /99/.

GYÒYR - gaharly, yzgytsyz.
- Gyòyr söz aýtma /335/.

GYRP-ÇYRP ETMEK - bol zadyò, özüòki däl zadyò ujundan ogurlap almak, az mukdarda dowamly almak, azajyk-azajykdan ogurlamak.
-Özüm hor-har ulalamsoò, iki sanyjak oglumy zada zar etmäýin diýip, gyrp-çyrp etdim... /346/.

GYSYK, HUSYT, GYSGANÇ - maddy baýlygyny ildenem, özündenem gysganýan, gysymyndan syzyp çykany ýalap oòýan.
- Men gysyk, husyt, gysganç bolmagyò hem tarapdary däl, ýöne tarhandökerligiò hem tarapdary däl. Aralykda altyn meýdan bardyr  /370/.

GYªLAK - maldarçylyk bilen meºgullanýanlaryò gyº paslynda wagtlaýyn öri meýdany, gyº möwsümi geçýänçä oturymly ýer.
- Güýzün güýzlek, gyºyn gyºlak we kenarýaka ýerlerde ýörseler kynçylyk görmezler /87/.

GYÝA BAKMAK - gyýa göz bilen seretmek, halaman, äsgermän seretmek.
- Adamym Gün maòa ýylgyryp seretse, men dolan Aý bolup, dünýä sygmaýaryn, adamym maòa gyýa baksa, men ýygrylyp dynnym ýalyjak bolup galýaryn... /375/.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtor: Halkara türkmen-türk uniwersitetiniò dosenti Sapar Güjükow)