H

Mukaddes Ruhnamanyò diliniò altyn sözlügi

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


HAJAT - zerurlyk, gerekli zat, hökmany bolaýmaly ýaºaýyº, durmuº talaplary.
- Hut ºu maksat üçin hem gündelik hajatlaryòyzyò esasylarynyò-gazyò, toguò, duzuò, ekin ekmek üçin paýlanylýan ýeriò, döwlet ýaºaýyº jaýlarynyò töleginiò mugt edilmegi, unuò mätäçlere mugt paýlanmagy parahat, aladasyz ýaºamagyòyz, zähmet çekmegiòiz, okamagyòyz üçin ähli derwaýys ºertleri kanun esasynda umumy türkmen halky üçin döretdik /287/.
- Olar, köplenç, halkyò maksatly ruhy hajatlaryna-azan aýtmak, nika gyýmak, jynaza çykmak we º.m.-ler hyzmat edipdirler /177/.

HALALZADA - haram iºe baº goºmadyk, halal ata-eneden bolanlar, halallygy ýörelge edinen.
- Eger bizden bolan oglanlar halalzada bolsalar, dünýä ahyr bolýança bu ähtnamany okap, amal etsinler! /99/.

HALAT - sylag, serpaý, sowgat hökmünde berilýän lybas, egin-eºik, don-çäkmen.
- Hersine altyn-kümüº, bezelen halatlar, mertebelerine görä welaýatlar berdi /84/.

HALAT - wagt, zaman, döwür sözleri bilen manydaº söz.
Dowar bakyp, ºöwür çekip, ygdym Ahal alasynda,
Ata-babam sesin eºtdim Gök gümmürdän halatynda.../276/.

HALATLY-ÝOLDAªLY - Hudaý tarapyndan adamy  ugruk-dyrýan hemrasy, ugrukdyryjysy, adamyò özi göze görünse-de, ýanyndaky göze görünmeýän ýoldaºy, ýol görkezijisi.
 
- Asmandaky Alla zemindäki Adamy ýalòyz dünýä indermän-dir! Her bir adamyò ýanynda ýoldaºy bar, ýagny türkmenler aýtmyºlaýyn - halaty !/196/.

HALYF - 1. Hezreti Muhammediò wekili bolup musulmanlary we ºerigaty goraýjy; 2. Hökümdar.
- 1055-nji ýylda Togrul beg Bagdada girýär, halyflaryò paýtagtynda soltan diýlip yglan edilýär, ýedi yklymyò patyºasy diýlen dereje berilýär /113/.

HAM - çig, kemala gelmedik, kämilleºmedik.
- Olaryò beýnisi hamdyr, çygdyr, olara dürs ýoly görkezmek zerur /191/.

HAMYLADAR - göwreli, aýagy agyr, iki gat, agzy bimaza.
- ªahyryò ejesi hamyladar çagynda göwni alma küýseýärmiº. /323/

HANA - bu ýerde: derýanyò iki kenarynyò arasyndaky suw akýan peslik, suw akýan zolak, oý.
- Geçmiºde Amyderýanyò köne hanasynyò boýuna türkmen halkynyò oba-ºäherleri monjuk düzülen ýaly düzülip oturypdyr /380/.

HANEDANLYK - aslynda nesilme-nesil han, emir, ºa, patyºa bolup gelýän maºgala, nesilden-nesle, arkama-arka ºalyk edýän nebere.
Seljuk türkmenleri hanedanlygyndan bolan soltanlar we olaryò ata-babalary beýik we hormatlanýan hökümdarlar bolupdy... /104/.

HANJAK - nirä, haýsy tarapa, niräk ýaly manydaky söz.
- Haý, gyzym, men agzybirligi goýup, hanjak gideýin /169/.

HANNAS - nebsine buýurmaýan, açgöz, baýlyk diýip ölüp-öçüp barýan, ºeýtanyò ugruna giden.
- Käbir ýerli hannaslaryò pul bilen gözlerini güýdüºdirip, dagdan ºypallyk agaç getirdipdirler     /178/.

HAN ÖZI - SOLTAN ÖZI - öz eli, öz ýakasy, hemme ygtyýar, erk özünde, hiç kime garaºly däl.
- Ýogsam dünýäniò iò owadan, iò baý ýerinde mesgen-ýurt tutunjak diýselerem han özleri, soltan özleri bolupdyr /178/.

HANYMAN - toplanan ähli baýlyk, biriniò ähli zady, baýlygy, öýi-öwzary, ojagy.
-Gara baºym gala tutdum, Aköýliniò öwlady men,
Otda ýandym, suwda söndüm, eýlemedim jöwlany men...
Hem geçmiºim, hem geljegim, hanymanym Watandadyr        /276/

HAPA-HASY - päkizelige, arassalyga üns bermeýän, baºyna baran iºini baºarmaýan, hapysa, çala baºy gowºan, emelsiz,  ýalta.
«Öýüò hapa bolsa, özüò üflis, hapa-hasy bolarsyò» diýýärdi    /12/.

HARAÇ - ýerden peýdalanylany üçin tölenýän hyraç, salgyt, töleg.
-... olardan belli bir wagta kanun tarapyndan kesgitlenen we tassyklanan harajy, hüºüri /Gurhan, 16/92/ we diwan salgydyny mylakatlylyk bilen talap etmegi, olardan artyk zat aljak bolmazlygy we olaryò öz tabynlygyndakylary adalatyò we hukugyò saýasy astynda köºeºdirmegi sargyt etsin /391/.

HARAJAT - hyraçlar, salgytlar, çykdajylar.
- Zeýneddin, Alla oòa kömegini artdyrsyn, seýitleri saklamak üçin niýetlenen, Alla olaryò sanyny köpeltsin, harajadyò we salgydyò galyndylaryny hasaplamagyny we beýleki at gazanan adamlaryò saklanmagy we idary /emeldar adamlara we din wekillerine berilýän hemiºelik pensiýa/ üçin... seriºde bölüp bermegini biz buýurýarys /396/.

HARAÝ - goldaw, hemaýat, kömek manylarynda ulanylýan söz.
- Çaga gorksa «eje» diýip gygyrar, uly aljyrasa, atasyndan haraý gözlär /315/.
- Olara o dünýäde baºga kiºiden haraý ýokdur. /336/.

HAR BOLMAK - ýaramaz ýagdaýa düºmek, biabraý bolmak, bigadyr bolmak, arzyò gaçmak, gadyryò bilinmezlik.
- Pespällikden har bolan ýekeje adamy görkezip bilseòiz, men size men-menlik zerarly heläk bolan million adamy mysal getirip bereýin! /194/.

HASABA URULMAZLYK - hasap edilmezlik, hasaba girmezlik.
- Pygamberimiz aýtmyºlaýyn, hassa soramaga barýan wagtyò ömrüò umumy hasabyna urulmaýar /165/.

HASYL BOLMAK - emele gelmek, ýüze çykmak, kemala gelmek.
- Bu topraga-da ata-babalarymyzyò jesedi tohum kimin atylypdyr, ondan beýik Watana bolan çäksiz söýgimiz, buýsanjymyz, mukaddesligimiz hasyl bolupdyr /166/.

HASYL ETMEK - emele getirmek, düzmek.
- Tebigat hem ruhyýet - türkmen bitewiligini hasyl edýän gymmatlyklardyr /164/.

HATYN - zenan maºgala, aýal.
- Ýagºy är ýagºy hatyn kiºiden mälim bolar /89/.

HAÝAL-ÝAGALLYK - äwmezlik, gyssanmazlyk, howlukmazlyk manylarda ulanylýan söz.
ªonuò üçin hem biagyrylyk, ömür babatdaky biperwaýlyk, haýal-ýagallyk, ýaýdanjaòlyk, ýaltalyk, owarramçylyk Altyn asyryò türkmen ºahsyýetine laýyk sypatlar däldir /206/.

HAÝPYÒ GELMEK - rehimiò inmek, dözmezlik, gyýmazlyk etmek, nebsiò agyrmak.
- ªonuò üçinem, bir özüòe däl, perzendiòe haýpyò gelýän bolsa, haram iºlerden el çek we toba lybasyny geý /329/.

HAÝRY-DOGA - haýyrly-peýdaly bolsun diýip Alladan dilemek, doga okap Biribardan haýyº etmek.
- Mydama Haktagala haýry-doga kylyp, köòüllerini oòa baglap, ýeòiº we gowulyk dilärler /88/.

HAÝYR - gowulyk, peýdaly, bähbitli, ýagºylyk, goldaw, ýardam.
- Haýyr bilen ºeriò ahyryna garap, maksadyma ýetdim /92/.

HAÝÝARLYK - meseläni çözmekde müò bahana tapmak, hakykaty görmediksiräp, bolgusyz zat üçin yrsaramak, çalt çözmäge derek dawa-jenjel goparmak, baºyòdan gum sowurmak.
Olarda ykdysady ýa-da syýasy haýýarlyga we eden-etdilige orun bolmaly däldir, halkara guramalary, aýry-aýry ýurtlar ýa-da maliýe merkezleri tarapyndan ýardam berilmegi döwletiò özbaºdaklyk hukugynyò kemsidilýändigini aòladyp bilmez           /283-284/.

HEKIM - lukman, saglyga esewan ediji.
- Men hekimiò ýanyna baryp, iki gözümi çekdirip, galan ömrüme sokur kör oturmaga razy /347/.
 

HELLEWLEªMEK - agaçlaryn ºemalyò, ýeliò ugruna galgaºmagy, sesli ygºyldaºmagy, iki baka yranmak, ýaýkanyºmak.
- Size gujagyny gerip ºady-horram bolup oturan tebigaty, ýaºyl ºowhun bolup hellewleºýän daragtlary söýüò! /340/.

HEMSYRDAª - syr alyp, syr beriºýän, syryny bir-birinden gizlemeýän, pikirdeº, bir pikire gulluk edýän.
- Watan bilen hemsyrdaº bolmagymyò aòyrsynda bolsa ykbalymyzyò -meniò hem Watanymyò ykbalynyò meòzeºligi ýatýardy /73/.

HEMªERI - ýaran, ýoldaº, hemra ýaly many aòladýan söz.
- Haram baýlyk adamyò içinde-de öz hemºerilerini gözleýär we tapýar... /369/.

HEMªERILIK - ýoldaºlyk, dostluk, bäsdeºlik, deò derejelilik. 
-ªonuò üçin-de biz deò derejeli hemºerilik we özara bähbide esaslanýan giò hyzmatdaºlyga taýýar /158/.

HEÒÒAM - döwran, döwür; durmuº, ýaºaýyº, eýýam.
- Türkmen beýik Allatagalanyò ýeke-täkdigine uýdy, Allanyò ýedi yklymda wakalaryò barºyny ugrukdyrýandygyna ynamyny hemiºe saklaýar, durmuºdaky her bir wakada, tutuº heòòamdaky her bir hadysada onuò gudratynyò alamatlaryny görýär, ony senalarynda ýatlaýar, oòa sygynýar /58/.

HERDEM - hemiºe, mydama, ömür, elmydama.
- Sen bu galada ata-eneòe herdem minnetdar bolmalysyò, olara minnetdarlyk bildirip durmalysyò /315/.

HERGIZ - hiç haçan, hiç wagt, elmydama.
- Iò ýagºy dostuò - eneò bilen ataòdygyny hergiz unutma       /335/

HERKI - her bir, islendik, aýry-aýry manylarda ulanylýan söz.
- Herki zadyò gadyr-gymmaty hakda biz ýitirip, soòundan oýlanýarys /314/.
 

HEªELLE KAKMAK - bir zada aºa begenmek, begenjiòi dürli hereketler bilen bildirmek, hezil etmek, keýpiò kök bolmak.
- Dünýäde pikir köp,akyl köp: kimler dünýä kyýamata barýar, dünýäde äpet hadysalar boljak diýip hamana kyýamat bolsa, ýowuz hadysa bolsa, olara ýeòil bolaýjak ýaly/, heºelle kakýarlar, kimler bolsa bu köne dünýäniò gadymy hem müdimi ýoly bilen öz maýdalyna gitjekdigini aýdýarlar /403/.

HET - serhet, çäk, dereje ýaly sözler bilen manydaº söz.
-...gaýtadan ýene millete öwrülmek mümkinçiliginiò güýçlenip, ýokarky hetdine ýeten mahallary bar      /159/.

«HÄH» DIÝEÒDE «MÄH» - gijä galman, haýal etmän, basym, tiz, derrew, ºobada, diýen dessiòe, garaºdyrman.
-...Ýeke bolsaò «häh» diýeòde «mähim» bar.Agaýunus kibi hüýrli türkmensiò! /275/.

HIJRAN - aýralyk.
- Pyragy, watan diýp gan döker gözüm.  baky garap durmuº hijrana ýüzüm... /377/.

HIKMET - sebäp, syr, pelsepe, düýp gizlin many.
- Ahun aga, siz pylanynyò ogrudygyny bilýädiòizem weli, arada ony magtap, asyl adam edip goýaýdyòyz, munuò hikmeti nedir? /302/.

HOR-HAR ULALMAK - ýeter-ýetmez durmuºda kemala gelmek, ykdysady, maddy taýdan hor ýaºamak, mätäçlikde kemsidilip gün görüp ulalmak.
-Özüm hor-har ulalamsoò, iki sanyjak oglumy zada zar etmäýin diýip, gyrp-çyrp etdim... /346/.

HOSSA - agyr ýük, päsgel berýän kynçylyk, aýakbagy, derdeser-alada, ünji, iòkis, gaýgy sözleri bilen manydaº ulanylýan söz.
- Çünki howaýylyk juda agyr hossa we uly derdeserdir /64/.

HOªA - 1. Orak wagtynda arpa-bugdaýyò ýere dökülen baºaklary, bugdaý-arpa baºy. 2. Üzümiò salkymy.
- Ol ýerde bitýän üzümler örän ajaýyp, olaryò her hoºasy iki tirsek boýuna çenli ýetýär /179/.

HOªGYLAW - bir iºi ýerine ýetirmäge göwünli, höwesli, islegi bolan.
-... tejribeli, hoºgylaw, hudaýhon naýyplary ýurduò çet gyralaryna we merkezlerine, daº we ýakyn welaýatlaryna, ýurduò /dürli/ sebitlerine ýolladyk... /384/.

HOª-HORRAM - keýpi kök, ºadyýan, göwnühoº.
- Halaýykdan biri düýºünde Anuºirwanyò hoº-horram halda oturandygyny görüp sorapdyr /90/.

HOWALA - ruhubelentlik, özüne göwni ýetijilik, hörpi ýokary, ruhy taýdan rüstem.
- Meniò maksadym-da öz kalbymyò üstaºyry bu ruhy meýdanda ýaºaýan ärleriò ruhy howalasyny her bir türkmeniò kalbyna geçirmekdir /74/.

HOWALY - belent, beýik, ýokary hörpli, galjaò.
- Heòòamyò zybanyndan çykýan ümsümlik gulaklarymy ºaòladyp gidýär-bäº müò ýylyò dowamynda sesleri Garagumuò ºemalyny, nazarlary türkmen sährasynyò gözýetimine, howaly duýgulary asmandaky bulutlara, agras mähri ýerdäki bulaklara, gözleriniò nury türkmen Güneºine, sulbalary Köpetdagyò kölegesine, ystyhany ene topraga dönen ata-babalarym meniò ruhumy göterýärler /289/.

HOWAÝY - hakyky däl, galp, ýalan, esassyz sözleri bilen manydaº söz. 
-Eger ol bu iºden çetde galýan bolsa, onuò ylmy bimanylyk, boº we howaýy akyl satmadan baºga hiç zat däldir /343/.

HOWAÝYLYK - ýalan, gümürtiklik, esassyzlyk, hakykatdygy ikuçly.
- Pelsepe emi arkaly göwne jan bermekdir, howaýylyga dönen geçmiºi türkmen tebigatynda ösüp oturan arçalar kimin janlandyrmakdyr /64/.

HÖKMÜROWAN - hökümi ýerine ýetirilýän, hökümi ýöreýän, buýrugy geçýän.
- Türkmenistan öz çäginde hökmürowandyr we bütin häki- miýete eýedir /257/.

HÖKMÜROWANLYK - hökümi, emri, buýrugy, permany doly ýerine ýetirilýän ýagdaýda bolmaklyk, hökümi gep-gürrüòsiz ýerine ýetirilmeklik, hökümi ýörgünlilik.
- Teýmir ýogalansoò Garaýusup 1405 /807/-nji ýylda özüniò öòki hökmürowanlyk eden ýerlerini gaýtaryp alypdyr /138/.

HÖKÜMDAR - ýurdy, welaýaty dolandyrýan patyºa, korol, han, emir we beýlekileriò umumy ady, belli bir ýerde hökümi ýöreýän, höküm çykarýan.
- Oguz handan we onuò çagalaryndan köp hökümdarlar boldy /104/.

HÖRP - dereje, ruhy ýagdaý, meýil, göwün.
- Hemme zat häzirki zaman taryhynyò üstüne atylýardy, halkyò ykbalyna-da ºol jähtde garalýardy, onuò çözüliºi-de ºeýle hörpdendi /270/.

HÖZIR - lezzet, ýakymlylyk, ýokumlylyk.
- Iºiò höziri nagtdyr, ýaltalygyò höziri nesýedir        /334/.

HUM - altyn-kümüº salnan uly küýze.
- ªol barmana gabyr gazyp duran jenaýatkäriò öòünden ullakan hum çykýar... /366/.

HUMAÝUN SAÝASY - humaýun - patyºalara berilýän dereje, patyºalyk saýasy, patyºalara ýaraºýan howandarlyk, hossarlyk kölegesi.
- Söýgiòiz çynar bolup, enar, erik, ülje, alma bolup depäòize humaýun saýasyny salar /248/.

HUPBAT - görgi, azap, jebir, horluk, çykgynsyz kynçylyk.
Döwletli baýlar basylyp, hupbat çekip, Sibir gitdi...   /30/.

HURUª - çöregiò, nanyò ýany bilen iýilýän ýag, gowurma we 
beýleki zatlar.

- Huruº gerek däl. Türkmen çöreginiò hurºy özünde /182/.
 

HUSUSYLAªDYRMAK - önümçilik kärhanalaryny hususy adamlaryò dolandyrmagyna bermek, haryt öndürmegi belli-belli, aýry-aýry adamlaryò hususy eýeçiligine bermek. 
-Bu özgertmeler eýeçiligiò ºahsy we garyºyk görnüºleriniò ösdürilmegi, hususylaºdyrmagyò çaltlandyrylmagy, hojalyk edaralarynyò /daýhan birleºikleriniò we alyjylar birleºikleriniò/ guramaçylyk - hukuk görnüºleriniò kämilleºdirilmegi bilen has-da öòe gider /282/.

HUSYT - gysganç, gysyk, sahy däl.
- ªunuò ýaly ýalan ylym bir husydyò körmüº syçan ýaly ýygnap, soòam gizläp goýan, il hajatyna ýaramaýan baýlygy kysmy bir zatdyr /343/.

HUTBA OKAMAK - juma we baýram namazlarynda münber- de okalan doga, berlen dini we ahlakly öwüt; ýurduò patyºasy- nyò, hökümdarynyò adyna okalýan doga.
- Iki doganyò hormatyna basyp alan ýerleriniò metjitlerinde hutba okalýar /113/.

HUZURYNA GETIRMEK - ýanyna, öòüne getirmek, ygtyýaryna bermek.
- Eger kimde-kim jenaýatça arka çykyp: «Bu adam meni penalap gelipdir» diýip, ony temmiden, jezadan alyp galjak bolsa, ºol arka duran adamyò özüni patyºanyò huzuryna getirip, depesinden gylyç inderip, iki bölüp taºlamalydyr /99/.

HÜMMET - gadyr, gymmat, ýokumlylyk. 
- Baýlygy haýyr iºe ulandygyòça bereketi artar. Baýlygy ulanman goýdugyòça, öz-özünden hümmeti gaçar /362/.

HÜMMETLI - bereketli, haýyrly, ýagºylykly-ýardamly.
-Patyºalaryò hümmetli we döwletli elleriniò onuò kibi mala bulaºmagy laýyk däldir /91/.
 

HܪÜR - ekerançylykdan alnan hasylyò ondan bir bölegi mukdaryndaky sadaka, garyp-pukaralara berilýän hemaýat çykdajysy.
-... olardan belli bir wagta kanun tarapyndan kesgitlenen we tassyklanan harajy, hüºüri /Gurhan, 16/92/ we diwan salgydyny mylakatlylyk bilen talap etmegi, olardan artyk zat aljak bolmazlygy we olaryò öz tabynlygyndakylary adalatyò we hukugyò saýasy astynda köºeºdirmegi sargyt etsin /391/.

HÜÝR - jennetde bar diýilýän näzeniò, owadan, zyba gyzlar, behiºdi gyzlar.
-...Ýeke bolsaò «häh» diýeòde «mähim» bar. Agaýunus kibi hüýrli türkmensiò! /275/.

HYRKA - musulman dininden, yslamdan düýpli maglumata eýe bolan adama berilýän mertebe lybasy.
- ªonda yslam dininde iki ýola hyrka geýen beýik alym, pir Abu Seýit Abyl Haýyr - Mäne baba hem Çagry beg bilen Torgul bege döwlet patasyny berýär /59-60/.

HYRUÇ - ruhy gujur, dyzmaçlyk, güýçli höwes.
- Siziò ruhuòyz ata-baba ruhy bilen birleºip, siziò kalbyòyza buýsanç, hyruç, söýgi bolup dolýar   /164/.

HYªT - kowum-garyndaºlar, taýpadaºlar.
Taryh diýrler eždadyòa-hyºdyòa, 
Ataòa-babaòa, kowum-puºduòa, 
Atly girip zarply ºalaò köºgüne, 
Zeberdest gollary zorly türkmensiò! /275/.

HYÝANAT - öz gulluk wezipäòi zelel ýetirmek, zyýan etmek üçin ulanmak, wezipäòe daýanyp ile, ýurda ýamanlyk etmek, haýynlyk.
- Hiç kim hyýanat, ogurlyk we haramlyk etmez ýaly, haýyn we günäli kiºileriò çäresini görmek gerekdir /90/.

- Kyn diýip ýagºy iºlerden gaçmak, aòsat diýip ýaman iºe baº goºmak perzendiòe hyýanat etmekdir /330/.
 

HYZLANDYRMAK -  togalamak, togalap herekete getirmek, tiz togalap goýbermek.
- Haý, Öwez jan, sen näme diýsem rastdyr diýiber, gaòryºyma gaýtsaò, kelläòi hyzlandyryp ibärin!   /193/.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtor: Halkara türkmen-türk uniwersitetiniò dosenti Sapar Güjükow)