|
KAPASA - haıwanlary,
guºlary saklamak üçin simden, agaç çybyklaryndan örülen gözenek.
- Özüni kapasa saldyrmady, ıolbarsyò giren kapasasyna girmedi, gaplaòyò
oıunlaryny etmedi /292/.
KARUN - 40 ºäheri
gyzyldan dolduran baı adam: juda baı.
- Näme, baı «Men baı, emma baılygym Karunyòkyça ıok» diıip,
gama batyp bilmezmi? /305/.
KATRA - damja.
-Gudraty bilen külli yslam dünıäsini baglan, paı-u-pyıada aılanyp
doga okap, zikr eden Mäne babanyò katra-katra gözıaºy ıatyr bu
toprakda /78/.
KAZY - sud edıän
adam, dini sudıa.
- Ertesi irden ıurduò kazylary ony dildüwºükde aıyplap, ölüm
jezasyny bermeli diıip höküm çykarıarlar /351/.
KAZYLYK AT - söweº
tälimi berlen at, uruº, söweº günleri münülıän at.
- Söweº güni turkmen ıigitleri mele çäkmenli, mele silkmeli. Türkmen
kazylyk atlary hem mele bolıar /181/.
KEÇ - ters, erbet,
kyn sözleri bilen manydaºrak söz.
Är baºyny egmez, iºi keç günde,
Gama orun bermez köòül köºgünde,
Hyıallar-hyruçda, kelle-göçgünde.
Ruhuòyz tug kimin belentde bolsun! /301/.
KEJIRLIK - kesirlik,
kejeòeklik, öz diıenlilik, keçjallyk.
-... gözüniò-baºynyò aılanmagy we kejirligi netijesinde betbagtçylygyò
penjesinde hem-de zulmat tümlüginde galyºy ıaly, bu gezegem /ıene/
oòa jeza bermek... zerurlygy ıüze çykdy /386/.
KELLESINI ALDYRMAK - bar oı-pikiriòi
bir zada gönükdirmek, diòe bir ugra ıykgyn etmek, ºol zatdan baºga
zady ünsden düºürmek.
- Biz hem öz halkymyza hak aºyk, ıöne halkymyza yºka kellesini
aldyran hak aºygyò nazaryndan garaman, aò-düºünje, göz ıetirme
ıoly bilen garaıan hem onuò beıikligine ogul bolup buısanıan hak aºyk!
/94/.
KEMALLY - kämillige
ıeten; akyly-huºy ıerinde, kämil.
- ªeıle duıgy islendik kemally adama mahsusdyr diıip pikir edıärin
/318/.
KEMENT - ıaby we º.m.
tutmak üçin ujy halkaly berk ıüp.
-Çakgan kiºilere kement berip, at bakmaga gönderdi /86/.
KEMRYSGAL - ıetmez
rysgally, rysky az, iıjek-içjegi ıetmez, nesibesi az.
- Özüòe tütjar diıdirme, döwletli diıdir, özüòe kemrysgal diıdirme,
rysgally diıdir /363/.
Kepil geçmek -
bir zadyò hakykatdan hem ºeıledigini tassyklamak, ºaıatlyk etmek,
kepillendirmek.
-Hakyò resuly biziò pygamberimiz Muhammet Aleıhyssalam bolsa,
Gurhandan baºlap, dört sany beıik kitabyò asmandan inendigine kepil
geçdi/20/.
Keramatlaªdyrmak - mukaddes zat, gudratly senet
derejesine ıetirmek, keramatly zat saımak, keramat hasap etmek.
- Adamzadyò paıhasly ıaºaıºy onuò aly hezretleri Kitaby - Sözi
keramatlaºdyryp bilen zamanyndan baºlanıar /20/.
KEREMLI - ıagºylyk
ediji, bagyºlaıjy, rehimli.
-Ruh ynsan göwresine Allatagalanyò salan jan guºudyr, mübärek
demidir, päkize, keremli nepesidir /304/.
KERT - dik, uçut,
dik hem beıik.
- Bu döwürde türkmen ruhy bürgüt bolup, kertden-kert gaıalara çykdy
/293/.
KERWENSARAİ - düıe,
erkek kerweniniò düºleıän ıeri, uzak ıola gidıän ulagly söwdagärleriò
düºleıän uly howlusy.
- ªeıle hem türkmeniò döwletini jahan döwleti derejesine çykaryp,
sebitdäki ähli halklaryò ykbalyna deò göz bilen garap,
medeniıetlerini ösdürmek, ıollar, köprüler, metjitler,
kerwen-saraılar gurdurmak iºleri bilen meºgul bolupdyrlar
/227/.
KESEMEN - bir doıar
ıaly çörek, çöregiò takmynan ıartydan kiçiräk bölegi.
- Alys ıola ugranyòda ejeò ıanyòa bir kesemen çörek salyp goıberıär,
mende bolsa eje ıok, men gursagyma «Türkmen» diıen gudratly sözi
salyp gitdim /156/.
KESEWI - tamdyrdaky,
ojakdaky ody, gory üıºürmek, dargatmak üçin uzyn agaç.
- Bu toprakda kesewiòi dürten ıeriò bagy-bossan bolıar /78/.
KESKELLÄM - düıbünden,
asla, halys sözleriniò manysyndaky söz.
- Belanyò körügi Günbataryò we Gündogaryò garaıyºlarynyò we
gymmytlyklarynyò keskelläm bir ıere sygyºmaıanlygynda ıa-da dinara
gapma-garºylyklarda däldir... /279/.
KEªIK - ıük, alada, garamat,
edilmeli hyzmat, borç.
-Öz öıüòiò adamy bolsaò - gerdeniòde maºgalanyò keºigi,
obanyò kethudasy bolsaò gerdeniòde obanyò ıüki /100/.
KEªIª -
hristianlarda monastyrda ıaºaıan, öılenmeıän din adamy.
- Hindi derwüºleri, musulman sopulary, tibet keºiºleri zikr edip, öz
ruhuny Allanyò ruhy bilen birleºdirip bilıärler /299/.
KETHUDA - bir taıpa,
tirä, uruga danalygy bilen ıolbaºçylyk edıän adam; maslahatçy, öwüt-ündewçi.
-Akyldarlara, bilimlilere, hasapçylara mal we dowar jem etmek, harç
etmek, girdeji we çykdajyny hasaplamak, kethudalyk, wezirlik we ıazyjylyk
berdi /86/.
KÄBE - Mekge ºäherinde
musulmanlaryò keramatly hasaplaıan binasy.
-Kyblam atamyò, käbäm ejemiò ruhlary:
- Allatagala türkmeniò dört gerçegine
- Oguz han Türkme- ne, Gorkut ata, Görogla, Magtymgula pygamberlik
ıüküni urdy. Bu gün Allatagalanyò ol ıüki seniò gerdeniòde... -
diı- diler /148/.
KÄRIZ - köplenç
dag eteklerinde, damanadaky ıerasty suwlary çykarmak üçin söwler-ıerasty
ıaplar arkaly birleºdirilen guıularyò ulgamy.
- Uzynlygy birnäçe kilometre ıetıän käriz gazyp, gara dagyò
astyna nagym-tunnel çekip, dag astynda ıatan bal ıaly suwy ekin meıdanlaryna
akdyrypdyrlar /174/.
KÄRIZGEN
- käriz gazıan ussa, kärizçi.
- Kärizgenler birnäçe kilometr alyslykdan dagyò aºagyna garºy
nagym gazyp baºlaıarlar /174/.
KINAİA, TEİENE -
öıke-kine, gyjytly, gyjalatly degiºme, ıomak gatyºykly baha berme.
- Emma dana ata-babalarymyz olara mydama Göroglynyò agasy Genjim bege
garan ıaly kinaıa, teıene bilen garapdyr
/191/.
KIPARLAMAK -bir zat,
ıagdaı öòki bolºundan ıuwaºamak, köºeºmek, böwºeòlemek,
depgini peselmek.
- Uruº kiparlap, dynç alynıan pursatlary aıdym-saz edilse, oglanlar
kakaò daºyna üıºäıerdi ıöne
/34/.
KOWÇUM - topar,
topbak, bölek, küren ıaly sözler bilen manydaº söz.
- Geçmiºde türkmeniò bir kowçumy oba tutunjak bolsa, göçüp barlaıjak
ıerleriò birnäçesine bir küıze suw bilen uzyn syrygy ıere dikip,
oòa el ıaly eti daòyp goıupdyr /198/.
KOWUM - tire, taıpa,
urug ıaly sözler kimin adamlaryò belli bir esas boıunça emele gelen
bölegi, dil, din, däp-dessur taıdan biri-biri bilen bagly adamlaryò
umumy toplumy.
Bozuk - kowumlary sag goldur /80/.
KÖÇE TERBIİESI -
çaganyò mekdepden we öıden, maºgaladan daºarda gören-eºiden
zatlaryndan, ıoldaºlaryndan, olara eıerip alan edebi, terbiıesi, çaganyò
öz dünıägaraıºynyò emele gelmegi, wakalara düºüniºiniò, özüni
alyp barºynyò daºdan täsir almasy.
- Mekdepde her mugallym öz okatmaly sapagyny okadyp, galan wagtyny
öıünde ıatyp geçirse, çaga köçe terbiıesini alar /345/
KÖKENEK GERMEK -
seniò üçin janyndan geçmäge taııar, penalamak, goramak, alada
bilen gurºap almak, jany-teni bilen söımek.
- Çünki bu galada seniò üçin kökenek gerıän ata-eneò bardyr.
/315/
KÖPELGIÇLIK - köpelmek,
san taıdan artmak aıratynlygy, nesil yzyndan nesil döretmek,
arkama-arka köpelip gitmek.
- Beıik Taòry türkmene köpelgiçlik berdi /10/.
KÖRE HASA - 1. Kör
adama hasasynyò, taıagynyò belli bolºy ıaly mälim, kör adama
hasasy ıaly belli; açyk, gümürtik däl. 2. Bir zat görmeıän köre-de,
iº oòarmaıan hasy adama-da belli, hemme kiºä tanyº,
emelli-emelsize aıan.
- Beıik «Görogly» eposymyzda hem men-menligiò nämä eltıändigini
ata-babalarymyzdan galan bu miras köre hasa edip görkezıär /193/.
KÖRE-KÖR - hiç
hili seljermezden, öòüne-ardyna bakmazdan, ıagºy-ıamanyny
bilmezden, hiç bir esassyz.
-... bularyò bary din babatda türkmeniò köre-kör ynançly
bolmazlygyna getirıär /177/.
KÖR GALMAK - aslyò,
geçmiºiò baradaky maglumatlaryn ıitmegi, geçmiº taryhyòdan derek
galmazlyk.
Çeºme kör galansoò, aslyòa degiºli zatlar gury gürrüò bolup eºidilıär
/64/.
KÖRÜK - ody köretmek üçin tamdyryò düıbündäki deºik, ıelçeker,
demir ussasynyò demir gyzdyrıan ıeri.
- İagºyzada yzyna dolanıar, görse, husydyò mülküniò içinde
bir tamdyr bar, tamdyryò ykyºynda hem bir kiºi körükden köz çekip,
çoıunyp otyrmyº /365/.
KÖSE - üsti ösümliksiz,
üstünde arça, kerkaw, dagdan ıaly agaçlary bolmadyk, üsti ıalçy.
- İalaòaç, köse, üsti ygalsyz, çaı-çeºmesi az bolan daglardan
ata-babalarymyz durnagöz suwy ekin meıdanyna akdy-rypdyrlar /174/.
KÖTEKLEMEK - taıak
bilen saıgylamak, ıençmek; tankytlamak, ıazykly saıyp üstünden düºmek,
ıepbeklemek.
- Bizi «geçmiºiò zyıanly galyndylary üçin, jemgyıetçilik aòynyò
yza galıanlygy üçin, ykdysady taıdan gowºak ösenligimiz üçin» kötekleıärdiler...
/269/.
- Haıran galmaly ıeri, men olaryò ıekejesinde-de dönük diıen söze
duºmadym, dönügiò kötekleniºine-de duºmadym /189/.
KÖTEL - dagyò, ıoluò
ıokary galıan ıeri, çykmasy ıeòil bolmadyk ıapy ıokary.
- Zawlarda, derelerde paı-pyıada aılanyp, kötel geriºlere çyksaò,
göwnüò çaga batböregi ıaly gökde gaıyp baºlaıar, ºol pursat
ıalançy atlandyrylıan dünıäniò ähli derdi-azaryny unudyp, adam
öz ruhy dünıäsine garylıar /163/.
KÜKREMEK - İaz möwsüminde
gök gürlemek, joºgunyna düwlemek, gübürdili ses etmek.
...Gyº gutaryp, kükräp gelen joºgun ıazym Watandadyr... /276/
KÜLBE - egnini gysyp
oturan köneje jaılar, öıler, çatmalar, dargap giden binalar.
-Gugaryp galan depeler, çolaryp galan düzlükler, sogulyp galan çeºmeler,
epilip galan derekler, külbe bolan ymaratlar, sulba bolan Watan - bu
zatlaryò bary meniò daºymda däl-de, içimde-ıüregimde ezıetli ıaºaıardylar
/73/.
KÜLLI - bütin,
hemme, ähli, bar çalyºmalary bilen manydaº söz. Gudraty bilen külli
yslam dünıäsini baglan, paı-u-pyıada aılanyp, doga okap, zikr eden
Mäne babanyò katra-katra gözıaºy ıatyr bu toprakda /78/.
KÜL ÜSTÜNDE OTURSA-DA, GÖWNI KAP DAGYNDA
- öz ıagdaıynyò gaty pesdigine garamazdan, has belende galmak
hakynda hyıal edıän, özünden bihabar ıokary ºaha el uzadıan
adama degiºlilikde ulanylıan nakyl.
- Enweri soltanyò näme diımek isländigine - kül üstünde otursa-da,
göwnüniò Kap dagyndadygyny, islegi bilen ıaºaıºynyò deò gelmeıändigini,
onºuksyzlygyny, bir ıerde uzak durmaıandygyny göz öòünde tutıandygyna
düºünipdir /308/.
KÜREKÇI - küregi iºledıän,
kürek urıan adam, gämini kürek bilen herekete getiriji.
- İurt diıeniò ullakan gämi bolıar, her bir raıaty kürekçi
/167/.
KÜREK URMAK - küregiò
kömegi bilen gämini ıöretmek, gämini kürek urup herekete getirmek.
- Her raıat bir tarapa kürek ursa, gämi ornundan gozganmaz
/167/
KÜREN - toplum, kowçum,
topbak-topbak.
- Türkmen halky hem syrgyn-syrgyn, küren-küren oba bolup, il bolup,
ºäher-kent bolup Türkmenistanyò goınunda ıaºaıar /78/.
KÜT-KÜT -
topbak-topbak, üıºmek-üıºmek, gat-gat.
- «Eı, Baıezit, meniò hazynalarymda edilen tagatlar, ajaıyp
hyzmatlar küt-küt bolup durupdyr. Eger meniò dergähimi dilär bolsaò,
maòa mende ıok zatlary getirgil» diıdi /305/.
KÜİ - oı-pikir, hyıal,
arzuw sözleri bilen manydaº söz.
-Onuò her synasyny bir ıere çekdiler, her synasy bir agza bakdy,
her kelle bir köıde, her göwün bir küıde boldy /254/.
KÜİSEG - isleg, meıil,
arzuw sözleri bilen manydaº söz.
- Köpçüligiò içinden belli birini ıa-da belli-bellilerini dost
tutmaklyga adamy onuò içki ruhy küısegi, ruhy meni iterıär /355/.
KYBAP - laıyk, bap,
çalymdaº, meòzeº, ıaly sözlere ıakyn, manydaº söz.
-Tirsek urup ıatan daglaò behiºt kybap jülgesi,
Derelerde seıil eder bulutlaryò kölgesi .../274/.
KYBLA - bu ıerde:
nusga, ıol görkeziji, görelde, usulnama, ıörelge.
-... öz atasynyò yzyna eıerer, ondan eºiden, gören zatlaryny özi
üçin kybla, öıkünmäge görelde hasaplar diıip çaklap, oòa köp
ıagºylyklar edip, serpaılar ıapdyk /385/.
KYBLA - namaz okalıan
mahaly ıüzlenilıän tarap, ıüzüòi öwrülıän ugur, keramatly
ugur.
- Kyblam atamyò, käbäm ejemiò ruhlary:
- Allatagala türkmeniò dört gerçegine
- Oguz han Türkmene, Gorkut ata, Görogla, Magtymgula pygamberlik ıüküni
urdy. Bu gün Allatagalanyò ol ıüki seniò gerdeniòde... - diıdiler
/148/.
KYSYM - görnüº, ºekil,
hil, bölüm ıaly sözler bilen manydaº söz.
- Bir söz bilen aıdanyòda, ºahsyıetiò kysymyny milli ölçegler
kesgitlemelidir /203/.
KYİAMAT - dünıäniò
soòy, ahyrzaman, dini ynanja görä ähli ölenleriò direljek we magºarda
toplanjak wagty, döwri.
- Dünıäde pikir köp, akyl köp: kimler dünıä kyıamata barıar, dünıäde
äpet hadysalar boljak diıip hamana kyıamat bolsa, ıowuz hadysa bolsa,
olara ıeòil bolaıjak ıaly/, heºelle kakıarlar, kimler bolsa bu köne
dünıäniò gadymy hem müdimi ıoly bilen öz maıdalyna gitjekdigini
aıdıarlar /403/.
|