|
PAÇ - 1. Osmanly imperatorlygynda
gümrük tölegi. 2. Güýç bilen alynýan pul, salgyt, hyraç.
- Çagry begiò agtygy Alp Arslan döwründe seljuk türkmen döwleti
has ulalyp, onlarça döwletden, ýüzlerçe hanlykdan paç, salgyt
alypdyr /113/.
PAJARLAMAK - gülläp
ösmek, ýokary derejedäki ösüºe, eºrete eýe bolmak.
-«Wah, lagnat siòmiº Çingiz hanyò wagºy ordasy bolmadyk bolsa,
taryhyò bu apaty pajarlap oturan ýüz müòlerçe ilatly Köneürgenjiò,
Maru-ºahu - jahanyò, ªährislamyò, Abywerdiò, Amulyò, Zemmin,
Dehistanyò, ºäher-kentlerini boýnuna göwher monjuk ýaly düzüp
oturan Oguzboýunyò /Uzboýuò/
üstünden sowa geçen bolsa, müòlerçe kitaply kitaphanalar - «Ylym
öýleri» ýakylyp-ýandyrylmadyk bolsa, häzir Türkmenistan dünýäniò
ykdysady, syýasy, medeni, ylmy mertebesini göterip barýan kuwwatly döwlet
bolardy /150-151/
PALTASY DAªA DEGMEK - ºowsuzlyga
gabat gelmek, baºlanan bir iº baºa barmazlyk, edeni ugruna bolmazlyk.
-Bir garyp kiºi häli-ºindi ºowsuzlyga uçrap, paltasy daºa degip,
durmuºdan eli sowap, dünýä, pelege, Taòra gargap, goýar ýerinde
goýmandyr /100/.
PANY - ebedilik däl,
baky, müdimi däl, hemiºelik bolmadyk, wagtlaýyn.
- Hamaýyl - olar adaty adamlar bolup, esasan, bu pany dünýäni görüp,
ºol dünýäniò, bala-çagalarynyò aladasy bilen ýaºaýandyrlar
/191/.
PARA-PARA - bölek-bölek,
parça-parça, kesim-kesim.
-Onuò dergähine göýdük, gamgyn, para-para bolan periºan ruhly
baryp bolmaz /304/.
PARZ - Allanyò emir eden hökmany
zatlary; zerur, möhüm.
-Oguz han Türkmen ýaºy ýekeje gün uly bolsa-da, ulyny sylamagy parz
edipdir /98/.
PEDERLER -
ata-babalar, geçen arkalar, uly nesiller.
...Synlap dagda Daga dönen pederi -
Goýny üç ýüz altmyº pirli türkmensiò! /275/.
PELEK - dünýä, älem, täleý,
ykbal.
-Bir garyp kiºi häli-ºindi ºowsuzlyga uçrap, paltasy daºa degip,
durmuºdan eli sowap, dünýä, pelege, Taòra gargap, goýar ýerinde
goýmandyr /100/.
PELSEPEWI USULYÝET -
pelsepä esaslanýan iº, deròew alyp barmakda goldanylýan, ugur alynýan
usul, tär.
- Elbetde, türkmeniò öz çylºyrymly we düýpli ruhy, pelsepewi
usulyýetler hem teswirler bolmandygy üçin häzirlikçe gaty bir düºnükli
bolmadyk taryhynyò dowamynda synan döwürleri hem bolupdyr /68/.
PENALAMAK - goramak, gorag astyna
almak, saýalamak, hossar tutunmak.
- Eger kimde-kim jenaýatça arka çykyp: «Bu adam meni penalap
gelipdir» diýip, ony temmiden, jezadan alyp galjak bolsa, ºol arka
duran adamyò özüni patyºanyò huzuryna getirip, depesinden gylyç
inderip, iki bölüp taºlamalydyr /99/.
PERDE - GALKAN -
goranmak üçin öò tarapyòa tutulýan gorag, pena, goranyº senetleri.
- Ol halallygy perde-galkan edinip, ýol almaga ymtylýandyr
/332/.
PERDE - iki zadyò
arasyndaky tuty, bir zadyò ýüzüniò örtüsi.
-Ýigit aýnanyò öòüne baryp özüni kemsiz synlaýar, soòra
perdeden aòryk geçýär /372/.
PERIªAN - hasratly,
gam-gussaly, haly teò, eleºan.
-Onuò dergähine göýdük, gamgyn, para-para bolan periºan ruhly
baryp bolmaz! /304/.
PERWAZ URMAK - ganat
kakmak, ganat ýaýmak, pelpellemek.
- Adam ýerde ýaºaýar, emma adamyò göwni asmanda perwaz urýar!
/299/.
PERÝAT - ahy-nala,
bir zat sebäpli ýanyp aglama, zeýrenç.
-...Perýadyn duýdum käbämiò zaryn ýelleò nalasynda,
Ýeke galdym, ýalòyz galdym arºyò-kürsüò arasynda,
Ýanar ruhum, perýat-ahym, seždegähim Watandadyr /276/.
PETIKLEMEK - bir ýere
girelgäni ýa çykalgany berk ýapmak, çykmaz-girmez ýaly etmek.
- Her hili agyr pursatlarda hem dana halkymyz «Dinden çyksaò çyk,
ilden çykma» diýip, milletiò girelgesiniò aòyrsyny petikläpdir
/150/.
PEÝWAGTLYLYK - arkaýynlyk,
howlukmazlyk, äwmezlik.
-Dyzmaçlygyò ýerine peýwagtlylyk, aýgytlylygyò ýerine oýlanyºyklylyk
geldi /293/.
PÄL DÄL - oòat päl
hasaplanmaz, ýagºy niýet diýlip bilinmez, gowulyk, ýagºylyk däl,
oòlanmaz.
-Enesine-atasyna seretmedik adamyò ýüzüne seretmegem päl däldir
/325/.
PIRIM - hile,
mekirlik, aldaw, hilegärlik.
- Mahmyt soltanyò seljuk türkmenlerini Jeýhun derýasyndan geçirip,
göçürip getirmeginiò aòyrsynda örän ullakan syýasy pirim ýatyr
/221/.
PIªE - iº, kär,
eklenç üçin çekilýän zähmet.
- Ähli raýatlaryò zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, piºe
we iº ýerini saýlap almaga, özleri üçin sagdyn hem howpsuz zähmet
ºertleriniò döredilmegini gazanmaga haky bardyr /263/
PURYJA - möhlet, müddet, wagt
manylaryndaky söz.
- Bir aý saòa puryja, nirä aýlansaò aýlan, kimiò ykbalyny halasaò,
ºonuò ykbaly bilen seniòkini çalºyp berýän - diýipdir /100/.
PUªT - arka, nesil
manysynda ulanylýan söz.
-...ol munuò bu gün çykmasa ertir, ertir çykmasa, ýedi puºduna çenli
hökman çykjagyny bilipdir /184/.
-... hor bolmasyn puºtdan-puºdum, berkarar döwlet istärin...
/377/.
PÜÇEGE ÇYKARMAK -
hiç zat derejesine ýetirmek, derek goýmazlyk, harap etmek, derde ýaramaz
ýaly etmek, sandan çykarmak.
- Jemgyýetçilik aòy köpçülikleýin paýhasy kemala getirýärdi,
ol ºahsy jogapkärçiligi püçege çykarýardy... /271/.
PÜRE-PÜR - doly, dökülere
geler derejede doly, dos-doly.
- Biziò jigerimiz Allatagalanyò mübärek demi bilen iºläp
durandyr, biziò jigerimiz mähir-muhabbetden, söýgüden, ylahy nurdan
püre-pür, ruhy nygmatlardan doly jadyly saçak /298/.
PYTRAÒÒYLYK -
pytran, biri-birinden üzòe, dagynyk, tutuº jem dällik, her haýsyò
bir ýerdelik.
-Pytraòòylyk, dagynyklyk dünýäniò baºyna köp külpetler getirdi,
ony halas edip biljek zat jebisleºmekdir, birleºmekdir, agzybir
bolmakdyr /403/.
|