|
RAKYP - bäsdeº, duºman.
- ...dostlar bizi ahyrýetiò siline, gark etmänkä, rakyp gyrylsyn
imdi! /377/.
RAST - dogry, dürs, çyn, hakykat manydaky söz.
- Haý, Öwez jan, sen näme diýsem rastdyr diýiber, gaòryºy- ma
gaýtsaò, kelläòi hyzlandyryp ibärin!
/193/.
RAÝYNY ÝYKYP BILMEZLIK
- biriniò diýenine däl diýmezlik, göwnüne degmezlik, tersine
gitmezlik.
- Ataò ºeýle ýagdaýyò boljagyny öòünden bilýärdi. Ýöne
garamaýak halkyò raýyny ýykyp bilmändi...
/38/.
REJELEMEK - belli bir
tertibe salmak, tertipleºdirmek, ýerbe-ýer etmek, taraºlamak.
- Milli döwlet ýurduò maddy baýlyklaryny ºu millete siòdirýär we
onuò ruhy gazananlaryny rejeleýär /257/.
Resul - ilçi,
Hudaý tarapyn iberilen pygamber.
- Hakyò resuly biziò pygamberimiz Muhammet Aleýhyssalam bolsa,
Gurhandan baºlap, dört sany beýik kitabyò asman- dan inendigine
kepil geçdi /20/.
ROWA GÖRMEK -
mynasyp bilmek, birine degiºli zat diýip hasaplamak, birine bagyº
etmek, dereje saýmak.
- Weliler öz ömrüni, özüniò ähli beden hem ruhy
gymmatlyklaryny diòe Ýaradana rowa görüpdirler /358/.
ROWA GÖRMEZLIK - haýsy-da
bolsa bir zat mynasyp däl diýip hasaplamak, birine bir zady köp görmek,
laýyk görmezlik.
-Duºman ýöne duºman däl, duºmanlaryò hany, ol: -Sen namart, maòa
mert ölümi hem rowa görmeýärsiò! - diýip gygyrýar /196/.
ROWAN ETMEK - ömür
sürmek, dowam etdirmek, ýola goýmak.
- Adama öz ömrüni rowan etmek üçin iki hili güýç-kuwwat berilýär
/306/.
RÖWªEN - ýagty, ºöhleli,
ýalkymly, nurana sözleri bilen manydaº söz.
- Dünýä-röwºen geljegine barýar: dünýäniò ýagºy niýetli, päli-nepesi
düzüw adamlary hut ºeýle bolar diýip ynanýar /403/.
RUBAGY - rubaýy, bir
bentden ybarat dört setirli goºgy ºekili.
-Seljuk soltanlary zamanasynda türkmenleriò aga-ýana döwran sürüp
ýaºan döwründe soltan Sanjar Enweriniò bir rubagysyny okap görüpdir-de,
ony köºge çagyrypdyr /307/.
RUHANA - ruhy taýdan
baý, ruhubelent.
- Enºalla, Ruhnamanyò pelsepe çeºmesiniò dury suwundan ganan
nesiller ruhy ýüki ýetik, ruhana adamlar bolup ýetiºerler /64/.
RUHLAªDYRMAK - ruhy
derejä götermek, ruh görnüºini bermek.
- Ol pelsepe baýlygy ruhlaºdyrmakdan ybarat /368/.
RÜSTEM - garºydaºyndan
üstün, ýokarda, has belent bolan, hökmürowan.
- Ol hemiºe hakyky durmuºy hem onuò rüstem kanunalaýyk- lyklaryny
esasy orunda goýupdyr /176/.
RYSGAL - Taòrynyò
her kime beren ýaºaýyº üçin zerur zatlary, rysk, iýilmeli, içilmeli
nygmatlar, azyk, nesibe, döwlet.
- Güýç-gaýratdan, sahawatdan, rysgal-bereketden, söýgüden bina
bolan türkmen ili, türkmen ýoly syrly gudrat bolup türkmeniò
kalbynyò töründe ýaºaýar /77/.
RYSK - rysgal, ryzk.
Taòry tarapyndan her kese berlen nygmat, paý, iýmek-içmek, ýaºaýyº
üçin zerur zatlar.
-Gulluk edýän we gullukdan galan gojalary we mätäçleri göreniòizde:
«Her kim mätäçlere kömek etmegi baºarmasa, ýolbaºçylyga ýaramaz»
diýiºleri ýaly, rysk bermek bilen kömek ediò /89/.
|