S

Mukaddes Ruhnamanyò diliniò altyn sözlügi

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


SABYR GITMEK - garaºyp irmek, halys bolmak, sabyr käsesi dolmak, ynjalyk tapmazlyk.
-...Ýetim ogluò gan aglaýyp, aram-karar-sabyr gitdi... /31/.

SAÇAK ÝAZYP, ÇÖREK BERMEK - jomartlyk, sahylyk, eli giòlik etmek, ajy doýurmak, mätäji goldamak.
- Annanyýaz Artyk saçak ýazyp, ile çörek beren rysgally-döwletli adamdy /36/.
 

SADYR ATMAK - suwuò hilini üýtgetmegi, ýata suw ýaly yslanmagy.
- Nirede et porsap, suw sadyr atan bolsa, ºol ýerde mesgen tutmaýarlar /198/.

SAGADATLY - bagtly, bagtyýar; kemsiz.
- Sen eden etmiºleriò üçin bu dünýäde it bolup ýaºamaly, emma örän ýagºy, sagadatly ogul ýetiºdiripsiò, ºol sebäpli Alla saòa adam bolmaga ejaza eýledi-diýenmiº /317/.

SAGDAK - ýaýyò peýkamy, oky salynýan gaýyºdan gap. 
-Ysraýyl sagdagyndan bir oky çykaryp: - ªu oky ýollasaòyz, Balkandan otuz müò goºun geler! - diýipdir /156-157/.

SAHAWAT - sahylyk, jomartlyk, eli açyklyk.
- Güýç-gaýratdan, sahawatdan, rysgal-bereketden, söýgüden bina bolan türkmen ili, türkmen ýoly syrly gudrat bolup türkmeniò kalbynyò töründe ýaºaýar /77/.

SAHY, JOMART, HATAMTAÝ - ilinden-gününden zadyny gysganmaýan, eli açyk, maddy baýlygy bilen hemaýat edýän.
- Türkmeniò golam açyk, kalbam açyk, sahy, jomart, hatamtaýdyr /369/.

SALGYMA ÇAPMAK - boº hyýala kowalaºmak, bolmajak zady arzuw etmek, biderek göwün ýüwürtmek.
- Aslynda, türkmen halky juda kanagatly, beýik Taòra ºükür edip... hiç hili salgyma çapmalara, ýasama durmuºa kowalaºman ýaºamagy gowy görýän halk /375/.

SANAW - bir zadyò yzygiderli tertibi, bir zadyò düzümi.
-... oòa hasapdan aýrylýan hasyl salgydy we ýygymlar barada sanaw bersinler, ol hem ony ünsli öwrensin /397/.

SANDAª - san, mukdar taýdan deò, deò sanly.
-...garyndaºlyk açjak bolsa, gudanyò getiren çöregini alyp galyp, ºonuò bilen sandaº çöregi hem salyp goýberýär /153/.

SANMAK - hasap etmek, saýmak, hasaplamak.
- Men ulus-ilimi mukaddes sanyp, topragymy keramat kibi görüp, Watanymy baºyma täç eýledim /165/.

SANSYZ - örän köp, uçursyz kän, sanýetmez.
- Çölde duºýan sansyz oýtak takyrlara gawun-garpyz, künji, mäº ýaly ekinler ekipdirler /174/.

SANY HEM ÝOK, SAJAGY HEM - uçursyz köp, juda kän, sanardan köp
- Bürgüt beýiklikden ýurdumyzyò üstünden uçsaò görýärsiò: haýsy tarapa seretseò gadym-gadym zamanlarda gurlup, gadym zamanlarda ýykylan ºäherleriò sany hem ýok, sajagy hem /172/.

SAPAK EDINMEK - bir ýetmezçiligi gaýtalamazlyk üçin ýatda saklamak, öwrenip goýmak.
-Biz, bir asyrlap baknalygy, halkymyzyò düºen pajygaly ýagdaýyny sapak edinip, bir asyrlap söýmäge, halkym diýmäge yjaza berilmedik halkyò ogullary bolup, halkymyzy bir asyrlap, söýüp bilmedigimiziò hatyrasyna iki esse artyk söýýäris     /95/

SAPAR - gezek, ýola, mertebe ýaly sözler bilen manydaº söz.
- Men geçmiºime kän sapar nazar aýladym /148/.

SAPLANMAK - arassalanmak, tämizlenmek, gerekmez zatlardan dynmak, azat bolmak, hakyky ýagdaýa gelmek.
- Bu gün bize ºol nogsanlyklardan saplanmak aòsat düºenok.  /271/

- Özüne akyl ýetirip bilen halk, öz kemçiliklerindenem ºonça tiz saplanyp bilýär! /25/.

SARÇ - tez, sähel bir zadyò täsirinden galdawlyk tapýan, baº bermez, az zatdan gylaw alýan.
- Bu sözde bäº müò ýyldan atyny ýüzin salyp geçen halkyò merdana buýsanjy, tebigy sarçlygy, ýüreginiò mähri ýatyr /149/

SARDOBA - suw saklamak üçin ýörite üsti basyrylan ýerzemin, ýerasty emeli kölçe: ýagyn, ygal suwlary toplanýan ýörite ýer.
...takyrlarda toplanan suwy ýörite guýy gazyp, arly gyº ýygnap, arly tomus ºol suw bilen mydar edipdirler. Olara sardobalar diýilýär /174/.

SARPA - hormat, sylag, gadyr-gymmat sözleri bilen manydaº söz.
- Ata-babalarymyz ata Watana nähili beýik sarpa-hormat goýýandygyny tymsallarda, rowaýatlarda goýup gidipdir /249/

SAÝ - boýy, göwresi bilen beýlekilerden tapawutlanýan, saýy, süòkbaºy iri, daýaw, saýyrdyò; äpet, gerçek.
- Ärtogrul gazynyò ýolbaºçylygynda Merwden ugran 400 at- ly Oguz hanyò her bir türkmen esgeri müò duºmana taý bol- malydyr diýen wesýetini berjaý edip biljek, atabeglerden sö- weº, serkerdelik tilsimatlaryny birkemsiz öwrenen saý ýigit- lerdi /136-137/.

SAÝLAMA - iò oòat, has gowy, beýlekilerden tapawutlanýan, hemme babatda meòzeºlerinden saýlanýan.
- Ol ilçi ugradyp, ýurduò saýlama atyny bermegi sorapdyr              /249/.
- Saýlama oguz gözelini alyp giden ilçi has ºum habar bilen gelýär /249/.

SAÝMAK - hasap etmek, sanmak, hasaplamak.
- Ata-babalarymyz bu topragy keramat saýyp sežde kylyp, alnyna togap edipdirler. /166/.

SAÝRY - ýat, bigäne, nätanyº, ýakyndan tanalmaýan.
- Ahyry olar iki ýüz tyllasynyò ýaryny düwünçege düwüp, saýry goòºusyna, beýleki ýaryny türkmen goòºusyna eltip berýärler /183/.

SeŽde etmek - bir zada, keramata sadyklygyòy bildirip baº egmek, boýun bolýandygyòy hereket bilen bildirmek.
- Mukaddes, keramatly kitaplaryò döremegi bilen adamzadyò gara güýje sežde edýän zamanasy tamamlanyp, Söze-Paýhasa sarpa goýýan zamanasy baºlandy /20/.

SEŽDE ETMEK - namaz okaýarkaò maòlaýyòy, eliò aýasyny, dyzyòy, aýagyò barmaklary ýere deger ýaly ýagdaýda bolmak.
- Yslam dininiò ret edýändigine garamazdan, ata-baba mazaryna sežde edip ata-babasyndan medet dileýär /107/.

SENA - dilden düºürilmeýän öwgi, taryp, gaýtalanylýan mukaddes söz.
- ...heòòamdaky her bir hadysada onuò gudratynyò alamatlaryny görýär, ony senalarynda ýatlaýar, oòa sygynýar /58/.

SENSIREME - sen-sen diýip gaýtalama, sen diýip ýüzlenme.
-«Eje, kaka, siz» diýip ýüzlen, sensireme /335/.

SEÒRIGINE KAKMAK - äòini ýazdyrara getirmek, eòegine kakmak, urmak, ýençmek.
-... olaryò öz wagtynda seòrigine kaksyn hem-de ýok etsin               /389/.

SER - baº, kelle, jan.
- Urºuò gutulgysyzlygyna düºünip, ºonça wagtda ýurdy urºa taýynlap ýetiºen Oguz han: - Ser bereris, ýer bermeris! -diýipdir /249/.

SERGIN - mylaýym, salkyn, seleò, hoºtap, ne sowuk, ne ýyly.
- ªol ýylgyryº serginje ýeliò deräniò dumanyny syryºy ýaly, kalbyòyzdan gam-gussaòyzy ýom- ýok eder /340/.

SERMEST - serhoº ýaly ýagdaý, kellesi ýerinde däl, göçgünli, keýpi kök.
- Sermest Domrul Ezraýylyò gözlegine çykýar        /193/.

SERPAÝ ÝAPMAK - birine eden iºi, bitiren ýumºy, hyzmaty üçin sylag, sowgat hökmünde egin-eºik, lybas bermek.
-... öz atasynyò yzyna eýerer, ondan eºiden, gören zatlaryny özi üçin kybla, öýkünmäge görelde hasaplar diýip çaklap, oòa köp ýagºylyklar edip, serpaýlar ýapdyk /385/.

SEÝIK - el-aýagyò döwülmegi, çykmagynyò bejerilmesi, asyl bolmaly derejesine gelme, öòki kaddyna gelme.
- Onsoòam, göwnüò syna-syna seýik bolýandygyna göz ýetirdim /154/.

SEÝIKLEMEK - adamyò döwlen, çykan süòküni ýerli-ýerinde goýup, gamyº, tagta-seýik bilen baglap goýmak, bejermek, düzetmek.
-...Meniò bir däli göwnüm bar, seýikläp ber, Jygalybeg! /30/.

SEÝIT - Hezreti Muhammediò neslinden bolan, jemgyýetde hormatly adamlar.
- Zeýneddin, Alla oòa kömegini artdyrsyn, seýitleri saklamak üçin niýetlenen, Alla olaryò sanyny köpeltsin, harajadyò we salgydyò galyndylaryny hasaplamagyny we beýleki at gazanan adamlaryò saklanmagy we idary /emeldar adamlara we din wekillerine berilýän hemiºelik pensiýa/ üçin... seriºde bölüp bermegini biz buýurýarys /396/.

SÄHER-SABA - daò ýeri agarmazynyò öò ýanyndaky wagt, daò atmazdan öò ýanyndaky wagt.
- Säher-saba daglar bilen, daºlar bilen ºöwür çeken Magtymgulynyò ahy ýatyr bu toprakda!/78/.

SÄHET - bir iºe, toýa, ýurt tutmaga, göçmäge, uzak ýola syýahata, argyºa, söweºe we º.m. baºlamak üçin ygtyýar berlen, rugsat berlen günler.
- Allanyò saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz, Allanyò ýaradan günleriniò sähet däli bolmaz! /60/.

SÄW - tötänlik, bilinmeýän bir sebäp.
- Dünýä bazarlarynda bir säw bilen düºen gadymy ºaý-seplerimize örän gymmat baha kesilýär /378/.

SOGULYP GALMAK - suwy çekilmek, gözbaºy gömülmek, guramak.
-Gugaryp galan depeler, çolaryp galan düzlükler, sogulyp galan çeºmeler, epilip galan derekler, külbe bolan ymaratlar, sulba bolan Watan - bu zatlaryò bary meniò daºymda däl-de, içimde-ýüregimde ezýetli ýaºaýardylar /73/.

SOKGA SORMAK - ºobada aýyrmak, tebsirän topragyò suwy soruºy ýaly derrew sormak, özüne siòdirmek.
- Siz ºu ýurtdan baºga ýerde kalbyòyzdaky derdi sokga sorýan çöllerem, deòizlerem, türkmençe aýdym aýdyp, türkmençe saz çalyp ýagýan çabgalaram tapmarsyòyz /163/.

SOKUR - gözüniò owasy boº, oýuk, kör.
- Men hekimiò ýanyna baryp, iki gözümi çekdirip, galan ömrüme sokur kör oturmaga razy... /347/.

SOLTANLYK - hökümdary soltan, patyºa bolan döwlet, soltan dolandyrýan döwlet, soltan, patyºa bolmak derejesi.
- Parfiýa döwletiniò, gaznaly türkmenler soltanlygynyò, seljuk türkmenleriniò soltanlygynyò, Köneürgenç türkmenleriniò soltanlygynyò dünýäniò taryhy-syýasy ugruny üýtgedendigini, ykdysadyýetiò, medeniýetiò örän ýokary derejä göterilendigini inkär edip boljak däldi /209, 210/.

SOÒY-ARDY - ahyry, iò soòy.
- Bu durmuºdyr, onuò soòy-ardy gelmeýän kynçylyklary bar .    /378/

SOPY - dini taglymata gyºarnyksyz uýýan, olary durmuºa geçirýän.
- Hindi derwüºleri, musulman sopulary, tibet keºiºleri zikr edip, öz ruhuny Allanyò ruhy bilen birleºdirip bilýärler /299/.

SORAMAK - ºu jümle-sözlemde hökümdarlyk etmek, bir ýeriò üstünden garamak, gol astynda saklamak ýaly manylary aòladýar.
- Türkmen serkerdeleri Togrul begdir Çagry begiò güýçlenip baºlamagy Magryby-Maºrygy sorap, Hindistany boýun egdirip ýören türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyò gonjuna gor guýýar /156/.

SOWAªMAK - aragatnaºyga sowuklyk aralaºmak, biri-birinden göwni bitmezlik, gatnaºyk seýreklemek.
- Türkmen köp geçirýär, emma haçan-da adalatly tagtda oturan ºa ýa soltan adalatsyzlyk edip baºlasa, ondan sowaºýarlar              /222/.

SOWUKLYK - mähirli bolmadyk, tüýs ýürekden bolmadyk, ýylylygy egsik gatnaºyk, biri-birine betgüman bolmak, ynanmazlyk.
- Dogan bilen doganyò arasyna sowuklyk salyp biljek her bir zat aýgytly suratda aradan aýrylmalydyr /203/.

SOWUT - gylyjyò, naýzanyò we º.m. urgusyndan goranmak üçin tor görnüºinde simden örülen köýnek, harby lybas.
-Taryhyò ol baºynda sap altyndan sowut geýen, jadyly atyna atlanan, arkasy ýaragly Oguz han dursa, bu baºynda Altyn asyryò altyn gapysyny açyp, oguzlaryò beýik mirasdary - Türkmenler goluna ýaºyl tugy alyp dur /91-92/.

SULBA - sudury galan, asyl keºbini ýitiren, san bolup galan, dereginden oòly zat galmadyk.
-Gugaryp galan depeler, çolaryp galan düzlükler, sogulyp galan çeºmeler, epilip galan derekler, külbe bolan ymaratlar, sulba bolan Watan - bu zatlaryò bary meniò daºymda däl-de, içimde-ýüregimde ezýetli ýaºaýardylar /73/.

SUPRA - saçak, desterhan.
- Türkmen bu gün öz berkarar, Garaºsyz döwletinde bir supra jem boldy /153/.

SURNAÝ - misden ýasalan turba görnüºli gaty sesli saz guraly.
- Deprekleriò gök gürrüldisini ýadyòa salýan gümmürdisi, surnaýlaryò ýürekleri endiredýän düòòürdisi, gyjagyò mukaddes mukamy... taryhda türkmen jemgyýetiniò güýç, ylham we gaýrat çeºmesi eken /380/.

SURNUKMAK - zähmet çekip, gaty ýorulmak, halys bolmak, lüt ýadamak, halys ýadap süýnere gelmek.
- Käte surnugyp ýadaýan /341/.

SUWSAMAK - 1. Suw içesiò gelmek, teºnelik duýmak. 2. Göçme m. Bir zada, maksada ýetmek üçin uly isleg duýmak, bir zada zar bolmak, halys ýürekden küýsemek.
- Merdana halkymyzyò döwlete suwsaýºy ýaly, bu toprak hem galkynyºa suwsapdyr /79/.

SUWY ÝOGNAMAK - suwuò adaty süýji tagamy gitmek, tebigy süýjüligi gaçmak, duzly suw ýaly bolmak, ºor tagamy gelmek.
- Guýy suwy kibi aldygyòça ºerbetlener, suwy köpeler, tersine, aýadygyòça, suwy ýognap, sadyr atar /298/.

SÜLÄ GELMEK - delillendirip boljak, subut edip boljak, hakykata laýyk gelmek, ynanarly derejede bolmak.
-... emma bu zatlaryò hemmesi ýapa degýän, sülä gelýän zatlar däldi, ýöne bir ºygardy we ºygarlygynda hem galýardy /271/.

SÜRE - Gurhany kerimiò ýüz on dört bölüminden her biri.
-Aýat-töwir ýa namaz okap bolanyòdan soò, okan süreleriniò üstüni ýetirýän ýaly, ýürejigindäki zatlary öz dili bilen, türkmen dilinde Hudaýyna aýdýar       /107/.

SÜÝEK - süòk.
Süýegi-sag gary, ýagyrny /80/.

SÜÝJETMEK - emeli usulda suwuò duzuny aýyrmak, duzsuzlandyrmak, agyz suwy, ösümlige ýararly suw etmek.
- Ertir onuò aòyrsy-bärsi görünmeýän suwuny süýjediji enjamlaryò kömegi bilen süýjedip, bol suwy akdyrarys /381/.

SYGYNMAK - birini hossar tutunmak, biriniò garaºyk etmegine mätäç bolmak, goldaw, tamakin bolmak.
- Bir Alla sygynaýmasaò, baºga dadyòa ýetiºjek ýok /30/.

SYNA - adamyò ýaradylyºynda bolmaly esasy agzalary, beden. 
- Onuò her synasyny bir ýere çekdiler, her synasy bir agza bakdy, her kelle bir köýde, her göwün bir küýde boldy /254/.

SYNA-SYNA - döwülme, ýykylma, ynjama, berbat bolma.
- Onsoòam, göwnüò syna-syna seýik bolýandygyna göz ýetirdim /154/.

SYNMAK - bu ýerde: ýykylmak, dargamak, ýaºamagy bes etmek, berbat bolmak.
- Soòky seljuk türkmen soltany Soltan Sanjaryò soltanlygy Mesut soltanyò soltanlygynyò synyºy ýaly synýar! /223/.
- Bu beglikleriò dörän hem synan ýyllaryna üns beriò /111/.

SYRDAª - bir pikire gulluk edýän, pikirdeº, düºünjesi deò gelýän adamlar.
- Ýagºyzada ýaly ata-babalarymyzyò, periºde ýaly enelerimiziò haky üçin birek-birege mährem bolalyò, birek-birege gardaº hem syrdaº bolalyò, ýurduò binasy mähirden-muhabbetden bolsun!       /404/.

SYRGYN - bir hatara düzülen, setir bolup oturan, duldegºir goòºulykda hatar emele getiren. 
«Goòºy-syrgynlaryòyzy, ilki bilen, jan-dilden goraò...» /12/.
 

SYRYK - inçe, uzyn taýak, ak öýüò serpigini açmak ýa-da ýelde onuò ýykylmazlygy üçin tüýnüge direlýän uzyn agaç.
- Geçmiºde türkmeniò bir kowçumy oba tutunjak bolsa, göçüp barlaýjak ýerleriò birnäçesinde bir küýze suw bilen uzyn syrygy ýere dikip, oòa el ýaly eti daòyp goýupdyr /198/.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtor: Halkara türkmen-türk uniwersitetiniò dosenti Sapar Güjükow)