A

Mukaddes Ruhnamadaky taryhy ºahslar

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


ABAK (118, 119) – Türkmenleriò Damaskda guran Börüler atabegliginiò (1104-1154) hökümdary. Hakyky ady Mujyreddin bolup, ol Jemaleddin Muhammediò ogludyr. Kakasy aradan çykansoò (1140) Abak Üner atly wezirine garaºly bolupdyr. Abak 1140-1154-nji ýyllar aralygynda Börüleriò atabegligini dolandyrypdyr.

Abak baºga bir türkmen döwletiniò hökümdary bolan Mosulyò atabegi Ymadeddin Zeòòi bilen ýer üstünde dawa baºlamaga mejbur bolupdyr. Sebäbi Zeòòi Börüleriò elinden Damasky almaga synanyºypdyr. Damasky Zeòòileriò çozuºyndan goramak üçin Abak weziri Üneriò teklibi bilen haçparazlardan kömek sorapdyr. Haçparazlar bilen birleºseler-de Börüler Zeòòilerden asgyn gelipdirler.

Zeòòi 1140-njy ýylyò Oguz aýynyò 22-sinde Damasky eýeläpdir. Abak Zeòòileriò öz üstünden häkimligini ykrar etmäge, Damaskda hutbany Zeòòileriò adyna okatmaga mejbur bolupdyr. 1146-njy ýylda Ymadeddin Zeòòiniò aradan çykmagy bilen Börüler olaryò tabynlygyndan çykmagy baºarypdyrlar. Emma Börüler atabegliginiò üstüne täze howp – haçparazlaryò II haçly ýöriºiniò howpy abanýar.       

1148-nji ýylyò baharynyò baºynda Küdüse (Iýerusalime) gelen fransuz we nemes haçparazlarynyò maksady Siriýanyò demirgazygynda häkimligini artdyran Zeòòi atabegi Nureddin Mahmydyò garºysyna ýöriº guramakdan hem-de Damasky zabt etmekden ybaratdy. ªol döwrüò taryhçysy Ibn’ül-Kalanisiniò maglumatlaryna görä, haçparazlaryò 50 müò adamly goºuny Damaska ugrapdyr. Abagyò weziri Üner haçparazlardan goranmak üçin gala diwarlaryny berkitdiripdir, olaryò geljek ýolundaky guýulary gömdüripdir. Zeòòi atabegleri Nureddin Mahmydy we onuò dogany, Mosulyò häkimi Seýfeddin Gazyny kömege çagyrypdyr. Türkmenleriò özlerine garºy birleºendigini gören haçparazlar Damasky gabamasyny bes edip, yza çekilipdirler. 1149-njy ýylyò Oguz aýynyò 29-ynda Zeòòilerden Nureddin Mahmyt bilen Börülerden Abagyò birleºen güýçleri haçparazlaryò Innib galasyny zabt edipdirler. Söweºde Antakýanyò haçparaz häkimi Raýmond öldürilipdir.  

Wezir Üner aradan çykansoò (28.08.1149) Abak Börüler atabegliginiò ähli hökümdarlygyny öz üstüne alypdyr. 1154-nji ýylyò Gurbansoltan aýynyò 25-inde Nureddin Mahmyt Zeòòiniò Damasky eýelemegi netijesinde, Börüler atabegligi öz möwritini tamamlapdyr. Abak 1169-njy ýylda Bagdatda aradan çykypdyr.

ABAKA (129) mongollaryò Ilhanly nesilºalygynyò ikinji hökümdary. Ol Hulagunyò ogludyr. Abaka 1234-nji ýylda Mongoliýada doglupdyr.Ol Eýrana 1256-njy ýylda Hulagu bilen bilelikde gelýär. Hulagu aradan çykan soò, Abaka 1265-nji ýylyò Nowruz aýynyò 9-ynda nesilºalygyò baºyna geçipdir. Ökde syýasatçy Abaka ülkesiniò dört tarapyndan abanýan howpa garºy göreºmegi baºarypdyr. Wizantiýa imperatory Mihail VIII bilen ýaran bolupdyr. Onuò gyzy Mariýa öýlenipdir. Wizantiýa we Ilhanly hökümdarlary Altyn Ordanyò hany Nogaýy ýeòip, Derbent tarapdan geljek howpuò öòüni alypdyrlar.

Abaka 1272-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 11-inde Siriýada bolan söweºde ºowsuzlyga uçrapdyr. Fyrat (Ýewfrat) derýasynyò kenarynda er-Rahba diýen ýerde bolan söweºde goºunbaºysy Çinkar wepat bolupdyr. 1275-nji ýylda Müsürdäki memlük türkmenleriniò soltany Beýbars mongollara garºy herekete baºlapdyr. Beýbarsy türkmenleriò Perwanaogullary begliginiò hökümdary (Sinop, Samsun etraplary) Muineddin Süleýman goldapdyr. 1277-nji ýylyò Gurbansoltan aýynyò 23-inde Elbistanda mongollaryò häkimligi syndyrylypdyr. Emma 1277-nji ýylyò Gorkut aýynyò 1-inde Beýbarsyò aradan çykmagy netijesinde türkmenler bu ýeòºi uzak elde saklap bilmändirler. Mongollar musulmanlardan öç alypdyrlar. Ýöne türkmenler 1281-nji ýylyò Ruhnama aýynyò 30-ynda Hymsyò golaýynda Abakanyò inisi Meògu Timuryò baºtutanlygyndaky haçparaz-mongol goºunyny ýeòmegi baºarypdyrlar.

Abaka Gündogarda uly üºtünlikler gazanypdyr. Ol gozgalaòlaryò merkezi bolan Buharany 1273-nji ýylda weýran edipdir. 1279-nji ýylyò Oguz aýynyò baºynda Abaka gozgalaòlary basyp ýatyrmak üçin Horasana gelipdir. Ogly Arguny Farsa ýollapdyr. Abaka ºol ýylyò Gorkut-Alp Arslan aýlarynda Hyradyò golaýynda gozgalaòçy garawna taýpalaryny boýun egdiripdir.Akademik W.W. Bartoldyò berýän maglumatlaryna görä ol beýleki mongol hökümdarlary ýaly ºerap içmegi aºa halapdyr, köplenç serhoº halda gezipdir. Abaka 1282-nji ýylyò Gurbansoltan aýynyò 1-inde Hemedanda ºeraby köp içmekden dörän ak ganlylyk keselinden ýogalypdyr.

ABDYLEZIZ (137) – Osman-Türkmen döwletiniò 32-nji soltany (hökümdarlyk ýyllary 1861 –1876). 30-njy soltan Mahmyt II-niò ogly. 1830-njy ýylyò Baýdak aýynyò 9-ynda Ystambulda doglupdyr. On bäº ýyllyk soltanlygy döwründe özüni halkyò arasynda «Soltan Eziz» hökmünde tanadypdyr.

Abdyleziz 1869-njy ýylda Çernogoriýadaky gozgalaòy basyp ýatyrypdyr. 1866-njy ýylda Rumyniýa Osman-Türkmen döwletine garaºlylykdan çykypdyr. 1867-nji ýylda Osmanly goºuny Serbiýadan yzyna çekilipdir. Bolgariýadaky garaºsyzlyk hereketleri güýçlenipdir.

Abdyleziz 1863-nji ýylyò baharynda Müsüre, 1867-nji ýylyò tomsunda bolsa Ýewropa syýahat edýär. Ol Ýewropa syýahat eden ilkinji Osman soltanydyr. Neapol, Pariž, London, Brýussel, Wena, Budapeºt Osman soltanyny garºylapdyr. Ýewropada gören zatlaryny gelip, ýurdunda ornaºdyrmaga synanyºypdyr. Ýewropa banklaryndan alnan karzlaryò hasabyna Çyragan, Beglerbegi we beýleki köºkleri gurdurmaga baºlapdyr.

Abdyleziziò döwründe Osman-Türkmen döwletiniò gowºamagy dowam edýärdi. 1875-nji ýylda Gersogowinada, 1876-njy ýylda Bolgariýada gozgalaòlar turupdyr. 1876-njy ýylda Berlin Memorandumyna gol çeken Ýewropa döwletleriniò köpüsi Osman-Türkmen döwletiniò içerki iºlerine gatyºmasy güýçlenipdir. Ine, ºeýle ýagdaýda Abdyleziz 1876-njy ýylyò Magtymguly aýynyò 30-ynda goºun tarapyndan tagtdan agdarylypdyr. Abdyleziz ºol ýylyò Oguz aýynyò 4-inde öz janyna kast edipdir. Käbir çeºmelerde bolsa dildüwºigiò netijesinde onuò janyna kast edilendigi aýdylýar. Onuò tagtdan agdarylanyna gynanan halkyò arasynda:

Meni tagtdan inderdiler,
Üç araba mündürdiler,
Topgapa gönderdiler,
Oýan, soltan Eziz, oýan,
Gan aglaýar indi jahan!

diýen ýaly agylar düzülipdir.

ABDYLHEMIT I (137) – Osman-Türkmen döwletiniò 27-nji soltany (hökümdarlyk ýyllary 1774 –1789). Ýigrimi üçünji soltan Ahmet III-niò ogly. Kakasy Ahmet III tagtdan agdarylanda (1730) Abdylhemit I bäº ýaºynda eken. Ol göztussagy ýagdaýynda ýaºapdyr. Mustapa III aradan çykansoò 49 ýaºyndaky Abdylhemit I tagta çykarylypdyr. Onuò döwründe dowam edýän rus-türk urºy (1768-1774) Russiýanyò ýeòiº gazanmagy bilen tamamlanypdyr. 1774-nji ylyò Gorkut aýynyò 21-inde baglaºylan Küçük-Gaýnarja ºertnamasyna laýyklykda Osman döwletiniò käbir ýerleri Russiýa berlipdir. Bu ºertnama boýunça Russiýa Gara deòzinde söwda flotuny saklamaga hem-de Ystambulda we beýleki güzerlerde (portlarda) rus täjirlerine söwda ýeòillikleriniò berilmegini gazandy. Krym Ystambula garaºsyz boldy hem-de 1783-nji ýylda Russiýa birleºdirildi. Abdylhemit I Krymy yzyna gaýtarayp almak üçin 1787-nji ýylda Russiýa garºy uruº yglan edipdir. Awstriýa bilen uruº alyp barypdyr. Emma bu uruºlardaky ºowsuzlyklar Abdylhemit I-niò ysmaz keseline uçramagyna hem-de aradan çykmagyna sebäp bolupdyr (08.04.1789). Abdylhemit I 15 ýyllyk soltanlygy döwründe ýurduò içindäki ýagdaýa öz gözi bilen göz ýetirmek üçin dürli lybaslarda, keºbini özgerdip, bazarlara, köçelere aýlanar eken. Gören kemçiliklerini düzetmegi wezirine tabºyrypdyr. Abdylhemit I-niò döwründe Ystambulda dört gezek ýangyn bolupdyr (1777, 1782, 1784, 1788). Abdylhemit I-niò 12 gyzy, 8 ogly bolupdyr. Ogullaryndan Mustapa IV we Mahmyt II tagta çykypdyr.

ABDYLHEMIT II (137) – Osman-Türkmen döwletiniò 34-nji soltany (hökümdarlyk ýyllary 1876 –1909).) Ol 31-nji soltan Abdylmejidiò ogludyr. 1842-nji ýylyò Ruhnama aýynyò 21-inde Ystambulda dogulýar. ªazada mahaly Abdyleziz bilen bilelikde Müsüre (1863) we Ýewropa (1867) aýlanyp görüpdir. 1876-njy ýylda üç aýyò dowamynda iki soltanyò tagtdan agdarylmagy, Abdyleziziò öz janyna kast etmegi, Myrat V-niò akylyndan azaºmagy netijesinde Abdylhemit II garaºylmadyk ýagdaýda 1786-njy ýylyò Alp Arslan aýynyò 31-inde tagta çykarylypdyr.

Abdylhemit II-niò 1876-njy ýylyò Bitaraplyk aýynyò 23-inde konstitusiýany yglan etmegi bilen Osman-Türkmen döwleti konstitusion monarhiýa öwrülýär. Abdylhemit II-niò döwründe 1877-1878-nji ýyllaryò rus-türk urºy bolup geçýär. Ol San-Stefano ºertnamasy bilen tamamlanýar (03.03.1878).

Abdylhemit II 1878-nji ýylyò Baýdak aýynyò 13-inde Mejlisi ýatyryp, özi hökmürowanlyk bilen döwleti dolandyrmaga baºlapdyr. 1894-nji ýylyò Gorkut aýynyò 10-ynda bolan ýer titremesinde Ystambul uly zyýan çekipdir. Soltan Ystambulyò çeken zyýanlaryny düzetmäge üns beripdir.

1898-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 18-22-si aralygynda Germaniýanyò imperatory Wilgelm II Ystambula gelipdir. Ol Abdylhemide Bosfordan Pars aýlagyna çenli demir ýol çekmegi teklip edipdir.

«Ýaº türkleriò» (1889-njy ýylda Ystambulyò harby-lukmançylyk mekdebiniò talyplary tarapyndan esaslandyrylan «Agzybirlik we ösüº» guramasynyò agzalary özlerini ºeýle atlandyrypdyrlar) zor salmagy bilen Abdylhemit II 1908-nji ýylyò Gorkut aýynyò 24-inde 1876-njy ýylyò Konstitusiýasyny dikeltmäge, Mejlisi çagyrmaga mejbur bolýar. Mejlisiò karary bilen 1809-njy ýylyò Gurbansoltan aýynyò 27-sinde Abdylhemit II tagtyndan düºürilýär we Selanige (Selanik) iberilýär. Balkan uruºlary baºlanmanka Ystambula gaýdyp gelýär. Abdylhemit II 1918-nji ýylyò Baýdak aýynyò 10-ynda 76 ýaºynda aradan çykypdyr.

Abdylhemit II ylma, medeniýete uly üns beren soltandyr. Ol Ystambulda ençeme hünärment mekdeplerini we beýleki okuw jaýlaryny açdyrypdyr. Onuò toplan 10 müò tomdan gowrak kitaby Ýyldyz kitaphanasyna berlipdir. Abdylhemit II ökde agaç ussasy we agajy oýup, nagyºlar bilen bezeýji bolupdyr. Muhammet Selim, Ahmet Nury, Abdylkadyr, Burhaneddin, Abdyrahym, Nureddin, Bedreddin, Abyd atly ogullary, birnäçe gyzy bolupdyr.

ABFYLMEJIT (137) – Osman-Türkmen döwletiniò 31-nji soltany (hökümdarlyk ýyllary 1839 –1861). Otuzynjy soltan Mahmyt II-niò ogly. Milli terbiýe bilen bilelikde köºkde ýewropa terbiýesi berlen ilkinji Osmanly ºazadasydyr. Ýaºlygynda fransuz dilini we günbatar sazyny öwrenipdir. Parižde çykýan «Debas» gazetini hem-de «Illýustrasion» žurnalyny abuna ýazylyp alypdyr. Osman soltanlarynyò soòky dördüsi – Myrat V, Abdylhemit II, Muhammet V Reºat we Muhammet VI Wahydeddin Abdylmejidiò ogullarydyr. Abdylmejit 16 ýaºynda tagta çykypdyr.

Abdylmejit soltan häkimiýetini pugtalandyrmak, milli azat edijilik hereketiniò öòüni almak hem-de goºuny pugtalandyrmak üçin özgertmeler toplumyna baºlapdyr. Özgertmelere baºlamak baradaky mukaddes perman («hatt-i ºerif») 1839-njy ýylyò Sanjar aýynyò 3-inde Topgapy köºgüniò Gülhana meýdançasynda yglan edilipdir. Bu perman bilen Osman-Türkmen döwletiniò taryhynda tanzimat (özgertme) döwri baºlanypdyr. Ýokarky permana laýyklykda dini ynançlaryna garamazdan döwletiò ähli raýatlaryò janyny, emlägini we namysyny gorajakdygy, salgytlaryò adalatly ýygnaljakdygy, harby gullygyò möhletiniò azaldyljakdygy jar edilipdir.

Tanzimatyò birinji döwründe birnäçe özgertmeler geçirilipdir. Harby gullugyò möhleti 15 ýyldan 5-7 ýyla çenli azaldylypdyr.

Abdylmejidiò döwründe Krym urºy bolup geçipdir (1853-1856). Sinop güzerinde admiral Nahimowyò serkerdeligindäki rus floty türkleri ýeòensoò, Angliýa, Fransiýa Osman döwletini goldap, Russiýa garºy urºa baºlapdyr. Krym urºunda Osman döwleti ýeòiº gazanýar.

Abdylmejidiò döwründe iòlis, fransuz sermaýasynyò gatnaºmagynda Ystambulda ilkinji daºary ýurt banky – Ottoman banky açylypdyr (1856). Abdylmejit Ystambulda Dolmabakja köºgüni gurdurypdyr. Onuò özi ökde hatdat bolup, ýazan ýazgylarynyò köpüsi Ystambulyò metjitlerinde saklanýar. Abdylmejit 1844-nji ýylda Osman döwletiniò ähli ýerinde ählumumy ilat ýazuwyny geçiripdir.

Abdylmejit 1857-nji ýylda inçekesele ýolugypdyr. Daºary ýurtly hekimler tarapyndan dört ýylyò dowamynda bejerilendigine garamazdan, 1861-nji ýylyò Oguz aýynyò 25-inde ºol keselden 38 ýaºynda aradan çykypdyr.

ABDYRAHYM HAN (189) – Hindistanda Beýik Mogollar imperiýasy döwründe 1556-1622-nji ýyllarda ýaºap geçen türkmen ºahyry we kakasy Baýram han ýaly hanlaryò hany derejesini alan harby serkerde bolupdyr. Abdyrahym 5 ýaºynda kakasyndan jyda düºýär. Soòra onuò ejesi dul galan Selime Soltan begimi Mogollar döwletiniò patyºasy Ekber ºa özüne aýal edip alýar, Abdyrahyma bolsa edep-terbiýe berýär, harby tälim berýär. Ejesiniò-de, kakasy Baýram han Türkmeniò-de, atalygy Ekberiò-de ºahyr bolandyklary we Mogollar döwletinde ºahandazlyga, ºahyrlara, ylma aýratyn hormat goýulandygy sebäpli ýaºlykdan köp dil öwrenmäge, ºygyrlar ýazmaga höwes bildirýär. Ýaºajyk Abdyrahymy köºkdäki türkmenler, hindiler, parslar okadyp terbiýe berýärler. Ol türkmen dilinden baºga-da arap, pars, hindi, urdu dillerini suwara öwrenýär. Bu dillerde birnäçe goºgular ýazýar. Hindiler we türkmenler onuò ºygyrlaryna uly sarpa goýýarlar. Onuò Deli ºäherindäki aramgähi bolsa iki halkyò beýik oglundan galan taryhy ýadygärlik hökmünde goralýar.

ABDYREªIT IZZADDÖWLE (142) – Gaznaly türkmenleriniò döwletiniò hökümdary (hökümdarlygy 1049-1053). Soltan Mewdud tagta gelensoò daýysy Abdyreºidi Gazna bilen Bustyò aralygyndaky Mendiº galasynda tussaglykda saklapdyr. Mewdud aradan çykansoò, onuò weziri Abdyrezzak neberäniò ýaºulusy bolup galan Abdyreºidiò ýanyna gelip, goºuny bilen oòa tabyn bolupdyr. Abdyreºit Gazna ýöriº edip, Aly Abul-Hasany tagtyndan agdaryp, Gaznanyò soltany bolupdyr.

Abdyreºit Gaznalylaryò Hindistandaky häkimiýetini berkidipdir. Serkerde Nuºtegini Lahora ýollap, Kangra galasyny hindilerden yzyna alypdyr. Abdyreºit 1053-nji ýylda serkerde Togrul Bozanyò pitnesi netijesinde tagtyndan agdarylypdyr (–Seret: Togrul).

ABU BEKR (I) (128) – Salyrlaryò Parsda guran türkmen atabegliginiò (1148-1287) hökümdary. Ol atabeg Sagtyò (Sa:d) ogly bolupdyr. Abu Bekr 1226-1260-njy ýyllarda Salyr atabegligini dolandyrypdyr. Abu Bekr 1228-nji ýylyò Alp Arslan aýynyò 26-synda Köneürgenç türkmenleriniò soltany Jelaleddin Meòburuny Yspyhanyò golaýynda mongollara garºy söweºde goldapdyr. Ibn’ül-Esiriò «El-Kämil Fit-taryh» kitabynda ýazmagyna görä, gaçyp barýan mongol güýçlerini kowalaýan Jelaleddiniò goºunynyò arasynda Abu Bekriò esgerleri hem bolupdyr.

Abu Bekr abanyp gelýän mongol zulumyny görüp, öòden görüji syýasat ýöredipdir. Mongol serkerdesi Ugedeýiò (1227-1241) ýanyna inisini ýollap, oòa öz tabynlygyny bildiripdir. Ol mongollaryò dikmesini kabul etmäge, ýylda 30 müò dinar salgyt tölemäge borçlanypdyr. Ugedeý oòa «Gutly han» derejesini berip, Farsy edara etmegi ynanypdyr. ªeýlelikde Abu Bekr öz ülkesini mongollaryò talaòçylykly çozuºlaryndan halas edipdir.

Abu Bekriò döwründe Salyr atabegligi gülläp ösüºi baºdan geçiripdir. Abu Bekr 1230-njy ýylda Pars aýlagyndaky Kiº adasyny öz döwletine goºupdyr. Özüniò Pars aýlagyndaky häkimligini Arabystanyò kenaryna çenli ýaýradypdyr. Çeºmeler Hindistanyò hem käbir ýerlerinde Abu Bekriò adyna hutba okalandygyny habar berýär. 1236-njy ýylda Abu Bekr Bagdat halyfy el-Mustansiriò tabynlygynda bolan Bahreýni hem özüne boýun egdiripdir. «ªiraznama» kitabynda Abu Bekriò Basra aýlagyndan baºlap Hindistanyò kenarlaryna çenli 700 farsahlyk kenarýakasy aralyga häkim bolandygy nygtalýar. Onuò söwda ýollaryndan alýan gümrük pajy döwletine uly girdeji bolupdyr.

Jelaleddin Meòburun aradan çykansoò onuò serkerdeleriniò bir topary – emir Orhan, Söýünç han, Demir Mälik atabeg Abu Bekriò ýanyna gaçypdyrlar.

Atabeg Abu Bekr 1260-njy ýylyò Magtymguly aýynyò 18-inde 70 ýaºynyò içinde aradan çykypdyr. Ýerine geçen ogly Sagt II bary-ýogy 12 gün hökümdarlyk edensoò 37 ýaºynda aradan çykypdyr.

Atabeg Abu Bekr edebiýatyò ösmegine ýakyndan hemaýat edipdir. Onuò döwründe mongol çozuºyndan gaçan birnäçe ºahyrlar we alymlar Parsda öz döredijiliklerini dowam etdirmäge mümkinçilik tapypdyrlar. Mukaddes Ruhnamada belleniºi ýaly «ºahyr Sagdy Abu Bekriò köºgünde ýaºapdyr» (128). Sagdy ºirazy özüniò «Bossanyny» 1257-nji ýylda atabeg Abu Bekire, «Gülüstanyny» bolsa 1258-nji ýylda onuò ogly Sagt II-ä bagyºlapdyr.

ABU BEKR (II) (125) – Artykly türkmenleriniò döwletiniò Harput goluny esaslandyryjy. Ol ilkibada Eýýuby hökümdary Salahaddin Eýýubynyò gullugynda bolupdyr. Agasy Nureddin Muhammediò ölümini eºidip (1185), dessine Hysny-Kaýfa gelipdir. Emma ýegeni Sukman II-niò özünden öòürdip, bu ýeriniò häkimligini Salaheddin Eýýubä tassykladyp alany üçin, Harpuda gidipdir hem-de ol ýeriò häkimligini öz eline geçiripdir. Abu Bekr 1204-nji ýylda aradan çykypdyr. Ýerine ogly Nyzameddin Ybraýym geçipdir.

ABUL FATH (144) – Zent türkmenleriniò XVIII asyryò II ýarymynda Eýranda guran döwletiniò ikinji hökümdary. Kerim han 1779-njy ýylda ýogalansoò ol gysga wagtlyk zentleriò döwletine ºa bolýar.

ABU SEÝIT ABYL HAÝYR–MÄNE BABA (59, 60, 78, 197) – orta asyr Mähne ºäherinden bolup, (967-1049-njy ýyllarda ýaºap geçýär) musulman dünýäsinde özüniò keramatlylygy bilen haýran galdyran beýik pirdir. Onuò çyn ady Abul Seýit Fazlulla ibn Ahmet Abyl Haýyr bolup, «Mähneýi» bolsa (Mähneli, Mäneli) lakamydyr. Türkmenleriò arasynda Mäne baba ady bilen meºhurdyr. Mäne babanyò kakasy Abulhaýyr Gaznalylar imperiýasynyò hökumdary Mahmut Gaznalynyò ýanyna erkin girip-çykyp bilýän, köºk emeldarlaryny däri-derman bilen üpjün edýän adam bolupdyr.Ol otlardan, güllerden her hili ysly atyrlary, teniò görküni owadanlaºdyrýan suwlary taýýarlapdyr. Alymlary sowatly adamlary öýüne köp çagyrar eken. Ýaºajyk Abul Sahyd bu gürrüòleri diòläp, ylmy jedellerden özüne geregini ýat beklär eken. Ýaºlygynda molladan hat-sowat öwrenen Abul Sahyd D.Ýazgulyýewiò berýän maglumatlaryna görä, Sarahsda, Maryda, Niºapurda dini medreselerde okap, Abu Abdulla, al-Hazary, Abu Bekr, Seýh Lukman Abulfazyl Sarahsy, Abdurahman Selimi ýaly görnükli pirlerden sapak alypdyr.

Bu meºhur ºahsyýet bilen baglanyºykly ygtybarly taryhy çeºme hökmünde onuò çowlugy Muhammet Minawweriò ýazan «Esrar at towhid» atly kitapdyr. 1999- njy ýylda bolsa ol barada Ahmet Halmyradyò «Abu Sahyt Abul Haýyr» atly kitaby çapdan çykdy. Abu Seýit Abul Haýyr döwrüniò iò bir görnükli keramatlysy bolupdyr. Ondan pata almak üçin dürli ýerlerden gelipdirler. Mäne babanyò joºup ak pata berenlerine hudaý ýalkar eken. Meºhur türkmen serdarlary iki dogan Çagry beg bilen Togrula hem ak patany beren Mäne babadyr. Onuò ilkinji seljuk-türkmen soltanlary Çagry beg hem-de Togrul bege ak pata berendigi barada Mukaddes Ruhnamada ºeýle beýan edilýär: «Daòdanakan söweºinde tutuº Aziýa sebitinde däl, dünýäde iò bir kuwwatly türkmen döwletiniò soltany Mahmyt Gaznalynyò ogly soltan Masudyò goºunyny çym-pytrak eden türkmen hanlarynyò kyrka golaýy bir saçagyò baºynda jem bolup, täze türkmen döwletini yglan edýärler. ªonda yslam dininde iki ýola hyrka geýen beýik alym, pir Abu Seýit Abyl Haýyr — Mäne baba hem Çagry beg bilen Togrul bege döwlet patasyny berýär. Daòdanakan söweº meýdanynda tylla tagt goýýarlar, emma ilçilik, «Edil bu ýerde tagt goýmaly däl, bu gün sähet däl» diýenem tapylýar. ªonda Mäne baba:

— Allanyò saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz, Allanyò ýaradan günleriniò sähet däli bolmaz! Döwletiòiz halk döwleti bolup, Hakyò — Allatagalanyò ýoly bilen, türkmeniò halallyk, adalatlylyk ýoly bilen gitseòiz, almajak galaòyz bolmaz — diýipdir» (59-60). Görnükli taryhçy Beýhakyda ºeýle sözler bar: «...Türkmenler pür-pudak ýaýyp, azym-azym, berkarar döwletleri gurdular,bu ºeýle bolmalydy, sebäbi olara ak pata- haýry dogasyny beren Abu Sahyd Abul Haýyrdyr».

Seljuklaryò tuguna bürgüdiò ºekilini goýmagy naslahat beren hem Mäne babadyr. Alp Arslan Mäne baba «atam» diýip ýüzlener eken. Ol özüni ºahyr hökmünde-de tanatmagy,goºgy setirleriniò üsti bilen çylºyrymly pelsepä ýugrulan pikirleri düºnükli edip halka ýetirmegi baºarypdyr.

Bir guº daga gonup, soò göge galdy,
Dag näçe ýeòledi, näçe agraldy?!

– bu setirlerinde dünýäde artýan ýa-da kemelýän zadyò ýokdugyny çeper aýdýar.

Mäne baba ýaramaz adamlary ýola getirmekde köp iºler edipdir. Ol ºahandazlyk, ylmy söhbet guralýan hanaka jaýyna ýygnananlara, ol yere gelen mollalara öwüt-ündew berende aºakdaky setirleri aýtmagy halar eken:

Ýat tutan-da bolsaò müò kitaby sen
Ne peýda nebsiòe buýrup bilmeseò,
Namaz üçin nä goýýarsyò Ýere baº,
Bilim berip, ajy doýrup bilmeseò.

Abu Seýit keramatlylygy bilen halky bir ýa-da iki gezek däl eýsem birnäçe gezek haýrana goýar eken, ºuny bilmez diýen zatlarynyò oòa aýanlygyny görüp, bilip, il onuò ündewlerini kemsiz-köstsüz yerine ýetirjek bolar eken. Bir gezek Abu Seýit Niºapur ºäherinde metjitde wagyz aýdyp durka, Abu Ali ibn Sina iºikden ätläp, adamlara goºulyp oturypdyr. Ony ömür görmedik Abu Seýit: «Hikmetli adam geldi» – diýipdir-de, ýene gürrüòini dawam etdiripdir. Adamlar dagap, öýli-öýüne gidenden soò bu iki alym täzeden salamlaºyp, iki çäk bir otagda üç gije-gündiz söhbetdeº bolupdyrlar.

Meºhur tebip ýola rowana bolandan soò, müritleriniò biri Abu Seýitden: «Abu Aly ibn Sinany nähili gördüòiz?!» – diýip sorapdyr. ªonda pir: «Meniò görýän zatlarymy ol bilýär» diýip, jogap beripdir. Abu Aly ibn Sinadan hem: «Siz Abu Sahydy niçik gördüòiz»?- diýip sorapdyrlar. ªonda tebip öz dostuna ºeýle jogap beripdir: «Meniò bilýän zatlarymy ol görýär».

Yspyhanda baº wezir bolup, seljuk-türkmen patyºalarynyò birnäçesine gulluk eden Nyzamylmülk : «Hoº ykbal hem bereket paýyndan maòa näme berilen bolsa, ºol paý pirim Abu Seýidiò eli bilen berildi» diýer ekeni.

1040-njy ýylda seljuklar Gaznalylar imperiýasyny syndyryp, tutuº Horasany we ýanaºyk oturan birnäçe beýleki memleketleri öz golastyna alanyndan soò, öz seljuklar döwletini gurup, ýurduò syýasy hem ykdysady taýdan berkemegi ugrunda ähli mümkinçilikleri peýdalanmaga baºladylar. Hut ºol döwürde beýik mertebeli, aryf keramatly pir hökümündar meºhur bolan Abu Seýit Abyl Haýyr-Mäne baba 1049-njy ýylda dünýäden ötýär.

Abu Seýit Mänede aradan çykmazynyò öò ýanynda öz ýakynlaryna wesýet edendigini üçin ºol dogduk mekanynda jaýlanypdyr.

Seljuk soltanlarynyò permany bilen onuò mazarynyò üstünde, Mähne ºäherinde türbet-gümmez gurdurylýar. Bu binagärlik ýadygärligi biziò günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ol örän täsin hem-de ähmiýetli medeni-miras hökmünde döwlet tarapyndan hasaba alyndy we goralyp saklanylýar.

ABU TAHYR (129)Lurystandaky türkmen atabegligini esaslandyryjy. «Ol 1148 (543)-nji ýylda salyr türkmen atabegleri bilen uly Lurystany boýun egdirmäge ugradylýar. Onuò ýeri tiz wagtda Huzystan welaýatynyò birleºdirilmegi bilen giòelýär, ony mongol hany Abaga sowgat berýär» (Mukaddes Ruhnama, 129 s.).

Abu Tahyryò kakasyna Muhammet bin Aly diýipdirler. Ol Salyr atabegi Sunguryò hyzmatyna giripdir. Abu Tahyr kakasy aradan çykansoò atabeg Sunguryò kömegi bilen Lurystany boýun egdiripdir. Köp wagt geçmänkä, ol Sunguryò tabynlygyndan çykyp, öz atabegligini esaslandyrypdyr. Oòa Hazarasply türkmenleriò atabegligi ýa-da Lurystandaky türkmenleriò atabegligi hem diýilýär.

ABYª HATYN (128) – Mukaddes Ruhnamada ºazada gyz Abyº hatynyò salyrlaryò atabegliginiò soòky atabegi bolandygy aýdylýar. Ol 1263 – 1287-nji ýyllarda bu döwleti dolandyrýar. Onuò döwletiniò paýtagty ªiraz ºäheri bolupdyr. Bu döwlet 1260-njy ýylda Ilhanylar (mongollaryò) döwletiniò baknasyna öwrülýär. 1263-nji ýylda Abyº hatyn Reºideddiniò maglumaty boýunça 12 ýaºynda tagta geçipdir. Mongol hanlary basyp alan döwletleriniò öòki dolandyryjylaryny öz baknasyna öwrüp, ýöne tagtyndan agdarman ºolaryò üsti bilen bolsa onuò halkyny dolandyrýan eken. Mongollar köplenç ýerli dolandyryjylaryò gyzlaryna öz ogullaryny öýlendirip, ol döwletleriò mirasdüºer eýeleri bolupdyrlar. Abyº hatyn tagta geçen wagty mongollara ºeýle etmäge has gowy ºert döräpdir. Çünki Abyº hatyndan baºga salyrlar atabegliginde mirasdüºer ºazada bolmandyr. ªonuò üçin mongol hany Hulagu ºazada gyzy öz ogluna gelin edinse, onda atabegligiò kanuny eýesi boljakdygyny bilip, Mukaddes Ruhnamada jaýdar belleniºi ýaly, Hulagu ogly Meòlidemiri ºazada gyz Abyºa öýerýär (128). Abyº hatyn onuò ikinji aýalydyr. 1287-nji ýylda Abyº hatyn iki hepdelik agyr keselden soòra ýogalýar. Onuò döwleti bolsa Ilhanylar döwletine birikdirilýär. Taryhy maglumatlar Abyº hatynyò hökümdarlyk eden wagty gaty adyldygyny, parasatlydygyny, halkyò söýgüsine mynasyp bolup, onuò waspynyò ºahyrlaryò ºygyrlarynda, bagºylaryò aýdymlarynda, halkyò bolsa ýüreginde orun tapandygy barada habar berýärler.

ADUDEDDIN ABU ªUJA ALP ARSLAN (113) – Seret: Alp Arslan

ADYL ªA (144, 241) – Eýrany dolandyran türkmenleriò owºar taýpasyndan bolan nesilºalygyò ikinji ºasy. Onuò çyn ady Aly Guly handyr. Ol Nedir ºanyò ýegeni bolupdyr. Nedir ºa garºy guralýan dildüwºiklerden ol habarly eken. Hatda ol daýysyny tagtdan agdarmaga synanyºýanlary goldapdyr. Nediri öldürenler ºonuò üçin hem hut ºonuò ºa bolmagyny isläpdirler. Netijede 1747-nji ýylda Nedir ºa öldürilenden soòra Aly Guly tagta geçýär. Ol Nedir ýaly gazaply bolman, parasatly, adalatly dolandyrjakdygyna söz berýär. Hatda özüne Adyl ºa diýip lakam alýar. Adyl ºa, eden iºlerine ser salsaò, Nedir ºadan hem gazaply bolupdyr. Ol Nedir ºanyò diòe 14-15 ýaºly ªahruh atly oglunyò gözüni oýup, aman galdyrdy diýmeseò, galan ähli neberelerini öldürdýär. Oòa tagtda köp oturmak miýesser etmeýär. Adyl ºany tagta geçenden soòra bir ýyldan soò öz dogany Ybragim tagtdan agdarýar we gözüni oýup zyndana taºlaýar. 1749-njy ýylda Nedir ºanyò kör agtygy ªahruh han bilen Ybragimiò arasynda bolan söweºde Ybragim ýeòilýär hem-de öldürilýär. Bagtygara Adyl ºa hem ºol ýyl kör ªahruhyò huzuryna getirilip, onuò buýrugy bilen öldürilýär.

AFRASY ÝAP I (129, 130) – Hazarasply türkmenleriò (Lurystandaky türkmen atabegleri) hökümdary. Atabeg Afrasyýap I Argunyò ölüminden soò Yspyhany eýeleýär, ýöne tiz wagtdan munuò üçin jezalandyrylýar.

AGAMUHAMMET HAN (145, 242) – Eýranda Gajarlar ºanesliniò ilkinji ºasy, Gajar türkmenleriniò döwletini esaslandyryjy bolup, ol 1742-1797-nji ýyllarda ýaºap geçipdir.

XVIII asyryò ikinji ýarymynda Nedir ºa aradan çykandan biraz soòra ýurt çaýkanyp, Eýranda döwlet dagynyklygy baºlandy. Bu döwürde Gajarlardan Agamuhammet han, Owºarlardan Nedir ºanyò kör agtygy ªahruh, Abdallardan Nedir ºanyò öòki serkerdesi Ahmet ºa, Zendlerden Kerim han tagt ugrunda göreºipdirler. Sanalanlaryò arasynda has güýçlileri Agamuhammet han hem-de Kerim han Zendi bolupdyrlar. Bu ikisiniò arasyndaky göreºde Agamuhammet han ýeòip, tagty eýeleýär. Ol 1784-nji ýylda Tährany ýurduò paýtagty diýip jar edýär. Onuò sebäbi Eýranyò owganlar tarapyndan tozdurylan günortasy, ykdysady merkez däldi, indi ol ýerler öòki ähmiýetini ýitiripdi, galyberse-de Agamuhammedi goldajak türkmen taýpalary ýurduò demirgazygynda ýaºaýardylar.

Zendleriò garºylygyny syndyrandan soòra Agamuhammet han Gürjüstana garºy ýöriºe taýýarlyk görüp baºlaýar. 1795-nji ýylyò ýazynda baºlanan harby ýöriº onuò üçin üstünlikli geçipdi. 1795-nji ýylyò Ruhnama aýynda Agamuhammediò esgerleri Tbilisiniò golaýyna gelýärler we ºäheri basyp alýarlar. Ozüniò bu ýöriºini ol «din ugrunda uruº» diýip atlandyrypdy. 1796-njy ýylda Eýranyò ähli ýerlerini diýen ýaly birleºdirip, Eýranyò ºasy boldy. 1796-nji ýylda Eýranyò iri welýatlarynyò biri bolan Horasana ýöriº guraýar. Horasany bu döwürde Nedir ºanyò agtygy ªahruhyò ogly Nedir mürze dolandyrýardy. Nedir ºanyò Hindistana ýoriº döwründe eýelän hazynasy ºol sanda dünýä meºhyr uly göwher Nedir mürzededi. Agamuhammediò goºunlary Maºadyò golaýyna gelende Nedir mürze ºäherden çykyp, Owganystana gaçyp gidýär. Kawkaza ikinji gezek ýöriº döwründe dildüwºik netijesinde 1797-nji ýylyò Magtymguly aýynda öz goºunynyò bir harby serkerdesi tarapyndan öldürilýär.

AGSAK TEÝMIR (138, 151, 237, 239, 294) – Teýmiriler döwletini esaslandyryjy, gazaply basybalyjy 1336-njy ýylda dogulýar. Onuò kakasy Emir Taragaý, ejesi Tekina-hatyndyr. Teýmiriò kakasy Taragaýyò asly Garºy, Kaºka-Darýa sebitlerinde ýaºaýan barlaslardandyr. Taryhy maglumatlaryò käbirinde barlaslar oguzlardan bölünip aýrylan Halaç taýpasynyò bir ºahasy hökmünde, käbirinde barlaslar mongol taýpasy hökmünde görkezilýär. Teýmiriò ejesiniò asly barada düýpli maglumatlar tapylmady.

Teýmir ýaºlykda harby tälim alýar. Onuò ýaºlygynda talaòçylar toparynyò baºtutany bolup, betlik köp edendigi barada Ibn Arabºah maglumat berýär.

1360-njy ýyllardan soò Teýmiriò durmuºynda asuda döwri az bolýar. Ol öz töwereginde barlaslardan we beýleki halklardan ýaran toplap baºlaýar. 25 ýaºynda bir tümeniò (welaýatyò) emiri bolýar.Goòºy welaýatyò emiri Hüseýin bilen dostlaºýar, onuò uýasyna öýlenýär. 1362-nji ýyl Teýmir üçin agyr geçýär. Ony we onuò dosty Hüseýini Murgabyò kenarlarynda ýaºaýan türkmenler ýesir alyp, olar 62 gün ýesirlikde saklanýar. Olar bu ýerden bir yerli serdaryò kömegi bilen sypýarlar. Soòra Teýmir 48 gün aýal doganynyòkyda gizlenýär.

Teýmir we Hüseýin Seýistana ýerli hökümdara kömek bermek üçin gelenlerinde eýýäm onuò yzynda 1000 esgeri bar eken. ªu ýerde Teýmire atylan ýaýyò oklaryndan ömürlik ýara galýar. Sag eli we sag aýagy ºikesli bolup galýar. Agsaklygy üçin oòa türkmenler Agsak Teýmir diýse, parslar Teýmirleò, Günbatarlylar bolsa bu sözi ýoýup, Tamerlan diýýärler.

1365-nji ýylda Teýmir we Hýseýin birleºip, Mawerennahryò häkimi Ylýas Hojany ýeòýärler, Samarkandy we Buharany eýeleýärler. Emma ºol ýyl Ylýas Hoja goºun toplap, bir ýagyºly günde taryha «laýly söweº» ady bilen giren söweºde olary derbi-dagyn edýär. Agsak Teýmir dosty bilen bilelikde zordan gutulyp, Balha gaçyp gaýdýarlar. 1366-njy ýylyò ýazynda ýene-de Samarkandy basyp almagy baºarýarlar. Indi ºu ºoweºden soòra iki dost biri-birinden häkimiýeti gysganyp baºlaýarlar. Hüseýin Balha çekilip, ºol ýerden Teýmire garºy urºa taýýarlanýar. Agsak Teýmir öòki dosty Hüseýinden öòürtilemek üçin 1370-nji ýylda Balha garºy ýöriºe baºlaýar, uruº alyp barýar. Hüseýini jezalandyrýar. 1370-nji ýylda tagtýò ýeke-täk eýesi bolup tä, 1405-nji ýyla çenli hökümdarlyk edýär. Ol döwletiniò çäklerini giòeltmek üçin birnäçe ýöriºler guraýar. Ürgenje, Eýrana, Hindistana, Mesopatamiýa (häzirki Yraga), Bagdada, Damaska, Russiýa ýöriºler guraýar. Onuò guran söweºleriniò iò ulusy Türk soltany Baýazit I bilen1402-nji ýyldaky Ankaranyò golaýyndaky söweºidir. Bu söweº dünýäde ºol wagta çenli bolan söweºleriò-de iò irisi bolan bolmagy mümkin. Söweºde her tarapdan 200 müò çemesi esger gatnaºýar. Baýazide ykbal bu söweºde gülüp bakmandyr, ýeòlipdir.Söweºde esir düºen Baýazidiò bolup geliºini görüp, gülüpdir. Baýazid: «Gülme Agsak Teýmir, bu gün men seniò ýesiriò bolsam, enºalla ertir sen meniò ýesirim bolarsyò» diýýär. Agsak Teýmir: «Bu bir ykbaldyr. Belki, ertir men seniò esiriò bolaryn. Men baºga zada gülýärin. Sen-ä dünýäniò ýarysyny, menem ýarysyny soraýaryn. Eýsem Allatagalla özüniò ºunça bendeleriniò içinden bary-ýogy iki sany patyºa döretjek bolsa, ikimizden baºga adam tapmadymyka diýip gülýärin. Meniò-ä bir elim ysmaz, bir aýagym agsak, seniò hem bir gözüò kör» diýýär.

Agsak Teýmir 1404-nji ýylyò ahyrlarynda 200 müò adamly goºun toplap, Hytaýa garºy ýöriºe baºlaýar. Hytaýyò ýolunda 1405-nji ýylyò baºynda ýogalýar.

Agsak Teýmir keseki ýerlerden toplan hazynalaryna Samarkandy, Buharany ösdüripdir. Ol her üstünlikli basyp alyºdan soò basylyp alnan halklaryò arasyndan ökde ussalary saýlap, olary öz ºäherlerini bezemek üçin alyp gidýär. Kä ýerlerde aºa zalymlyk edip adamlaryò maslygyndan diò galdyrýar.

AHMET (137) – Ermenistandaky türkmen ºalarynyò (Ahlatºalaryò) üçünji hökümdary. 1127-1128-nji ýyllaryò aralygynda 10 aýlap bu döwleti dolandyrypdyr.

AHMET I (137) – Osman-Türkmen döwletiniò ondördünji soltany (hökümdarlyk döwri 1603 –1617). Soltan Muhammet III-niò ogly. Kakasy ýogalan wagtynda 14 ýaºynda bolan Ahmedi Osman türkmen döwletiniò tagtyna çykarypdyrlar. Onuò soltan bolan döwründe Osman türkmen döwleti günbatarda Awstriýa, gündogarda Eýrana garºy uruº hereketlerini alyp barypdyr. Wengriýa guralan ýöriº (1605) üstünlikli tamamlanypdyr. Soltan Ahmet I-niò gurduran binalaryndan iò esasysy öòler Ahmediýe, häzir bolsa Soltan Ahmet Jami ady bilen mälim bolan, Ystambulda ýerleºen beýik metjitdir. Onu 14 sany gümmezi ony bina etdiren Ahmet I-niò Osman-Türkmen döwletiniò 14-nji soltanydygyny alamatlandyrýar. Wizantiýalylardan galan, türkler tarapyndan Atmeýdany diýlip at berlen aýlaw hem häzirki döwürde bu soltanyò hormatyna Soltanahmet meýdany atlandyrylýar. Soltan Ahmet I-niò Mahfiruz we Mahpeýker atly aýallaryndan Osman (II), Myrat (IV), Ybrahym, Muhammet, Baýazit, Süleýman, Selim, Hüseýin atly ogullary; Hanzada, ĺe, Ubeýda, Patma, Atike, Göwher atly gyzlary bolupdyr. Ogullarynyò ilkinji üçüsi soltan bolupdyr.

AHMET II (137) – Osman-Türkmen döwletiniò ýigrimi birinji soltany (hökümdarlyk döwri 1691 – 1695). On sekizinji soltan Ybrahymyò ogly. Kakasy Ybrahym tagtdan agdarylan mahaly (bogulyp öldürilýär) Ahmet II 5 ýaºynda eken. Ol köºkde 43 ýyllap göztussagy ýagdaýynda saklanylypdyr. 48 ýaºynda tagta çykarylýar. Tagta çykmak dabarasyny Edirnede gurnadan ilkinji Osman soltany Ahmet II-dir. Ol üç ýarym ýyla çeken hökümdarlygynda Ystambula gelmän, Edirnede oturyp, döwleti dolandyrypdyr. Awstriýa, Wengriýa, Wenesiýa bilen uruºlary dowam etdiripdir. Selim we Ybrahym atly ekiz ogly bolupdyr. Üç sany gyzy bolup, olar ýaºlygynda aradan çykypdyrlar.

AHMET III (137) – Osman-Türkmen döwletiniò ýigrimi üçünji soltany (hökümdarlyk döwri 1703-1730). On dokuzynjy soltan Muhammet IV-niò ogludyr. Ahmet III kakasy Muhammet IV-niò Polºa sapary mahalynda 1673-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 31-inde Dobrujada doglupdyr. 1687-nji ýylda kakasy tagtdan agdarylansoò Süleýman II-niò, Ahmet II-niò, Mustapa II-niò soltanlygy döwründe 16 ýyllap köºkde göztussaglygynda ýaºaýar.

Ahmet III-niò döwründe rus-türk urºy alnyp barlypdyr (1711-1714). 1716-njy ýylyò tomsundaky Awstriýa ýöriºi ºowsuz tamamlanypdyr. Ahmet III 1728-nji ýylda ilkinji döwlet çaphanasyny gurupdyr. Ahmet III «Nejib» tahallusy bilen goºgular ýazypdyr. Ogullary Mustapa we Abdylhemit soltan bolupdyr.

AHMET BEG (139,239) – Akgoýunly türkmenleriò döwletiniò hökümdary. Gutly beg aradan çykansoò (1389) onuò ogullarynyò arasyndan Ahmet beg döwletiò baºyna geçipdir. Ahmet begiò döwründe Akgoýunlylar Erzinjanyò emiri Mutahharten bilen söweº alyp barypdyrlar. Erzinjanyò emirini Akgoýunlylaryò duºmany Garagoýunlylar goldapdyr. Ahmet beg ol ikisine garºy göreºde türkmen begi Kazy Burhaneddiniò goldawyna daýanypdyr. Bu barada Mukaddes Ruhnamada ºeýle diýilýär: «Gutly begiò ogly Ahmediò döwründe Akgoýunlylar Garagoýunly türkmenler bilen birnäçe gezek garpyºýar. Bir gezek Ahmet beg Siwas hökümdary Kazy Burhaneddiniò kömegi bilen özüni Garagoýunlylaryò elinden halas etdi» (239).

1394-nji ýylda Ahmet beg Burhaneddiniò Erzinjan ýöriºine gatnaºypdyr. Munuò üçin Kazy Burhaneddin oòa Baýburt sebitlerini ykta hökmünde beripdir.

1402-nji ýylda Teýmirleò bilen Osman-Türkmen döwletiniò soltany Ýyldyrym Baýazidiò arasynda Ankara söweºi bolup geçýär. Bu söweºde Ahmet beg doganlary Gara Ýülük Osman, Pir Aly beg bilen bilelikde Teýmirleòi goldapdyr. Görkezen edermenligi üçin Teýmirleò Gara Ýülük Osmana Diýarbekiriò töwereklerini dolandyrmaga beripdir. Teýmirleò Ankara söweºiniò netijesinde gazanan oljalaryny ýurduna iberýän mahalynda Ahmet beg Pir Aly beg bilen bilelikde bu oljanyò üstüne hüjüm edipdirler. Bu etmiºi üçin Teýmirleò olaryò ikisini hem tussag etdiripdir hem-de olary sypdyrmandyr.

AHMET MANSUR (124) – Artykly türkmenleriniò döwletiniò Mardin ºahasynyò hökümdary (1363-1367). ªemseddin Salyhyò ogly. Ilhanly döwletiniò ýykylmagyndan soòra (1336) gündogar Anadolyda Akgoýunly we Garagoýunly türkmenleriniò täsiri güýçlenipdir. Ahmet Garagoýunly türkmenleriò serdary Baýram Hojanyò howpuna garºy göreºmek üçin jelaýyrlaryò hökümdary Üweýsden kömek sorapdyr. Ahmediò ýerine ogly Mahmyt Salyh geçipdir.

AKªUÒKAR (119) – Beýik Seljuk-türkmen soltanlary Alp Arslanyò, Mälik ºanyò serkerdeleriniò biri. Mukaddes Ruhnamada Akºuòkaryò 1085-1094-nji ýyllarda Halabyò hökümdary bolandygy aýdylýar (119). Mälik ºa Akºuòkary örän gowy görüpdir. Sebabi Akºuòkaryò aýaly Mälik ºanyò enekesi bolupdyr. ªol aýal Mälik ºany çagalykda terbiýeläp, ulaldypdyr.

Akºuòkar Mälik ºanyò birnäçe ýöriºlerine gatnaºypdyr. ªol ýöriºleriò birem Siriýa ýöriºidir. 1085-njy ýylda Mälik ºa Halaby alyp, batyrlygy, mertligi, baºarjaòlygy üçin bu welaýatyò häkimligine Akºuòkary belläpdir.

Hijriniò 485-nji ýylynda (miladynyò 1092-1093-njy ýyllary) Mälik ºa öz ýanyna inisi Täj’üd-döwle Tutuºy, serkerdeleri Akºuòkary we Bozany çagyrypdyr. Ol bu serkerdelere Siriýanyò kenarýaka ºäherlerini tabyn etmek isleýän dogany Tutuºa ýardam etmegi, soòra onuò bilen bilelikde Müsüre ýöriº edip, ol ýerleri ele geçirmegi tabºyrypdyr. Olar bilelikde Hymsy zabt edipdirler. Soòra Tutuº Liwiýanyò üstüne ýöriºe ugrapdyr. Liwiýanyò häkimi Jelalülmülk Ibn Ammar gabawy aýyrmaga kömek etmegini sorap, Akºuòkaryò ýanyna ilçi iberipdir. Taryhçy Ibn’ül-Esiriò maglumatlaryna görä, ilçi Akºuòkara 30 müò dinar pul bilen gymmatbaha sowgatlary gowºurypdyr hem-de Mälik ºanyò Liwiýanyò häkimligini Jelalülmülke berýändigini tassyklaýan haty görkezipdir. ªundan soò Akºuòkar Tutuºa «Men elinde tarhanlyk haty bolanlar bilen söweºmerin» diýipdir. Tutuº oòa gaharlanyp: «Sen maòa tabyn dälmi?!» diýipdir. Akºuòkar oòa: «Men saòa soltana garºy gozgalaò turuzmaýan hem-de garºy çykmaýan pursatyòda tabyndyryn» diýip jogap beripdir.

Mälik ºa aradan çykansoò dogany Tutuº Damaskda goºun toplap, soltanlyk tagtyny eýelemek isläpdir. Ol Damaskdan Halaba tarap ýola düºüpdir. Halabyò häkimi Akºuòkar Mälik ºanyò entek ýaº ogullarynyò arasyndaky dawalary görüp, Tutuºyò garºysyna gitmäge gorkup, onuò tarapyna geçipdir. Mälik ºanyò iò batyr serkerdeleri Akºuòkary, Bozany, Ýagysaýany öz tarapyna geçiren Tutuº kuwwatlanyp, birnäçe ýerleri eýeläp, Bagdat halypasyndan özüni Beýik Seljuk-türkmen soltany hökmünde ykrar etmegini talap edipdir. Emma halypa adyna hutba okatmak üçin Tutuºyò Horasana häkim bolmalydygyny, garyndaºlaryndan hiç kimiò onuò tagtyna dawa etmeli däldigini, paýtagt ºäher Yspyhanda saklanýan döwlet hazynasyna eýe bolmalydygyny aýdyp, onuò teklibini ret edipdir. Talaby ýerine ýetirilmedik Tutuº Yspyhana tarap ýöriºe baºlapdyr.

Mälik ºanyò ogly Berkýaryk hem kakasynyò dogany Tutuºyò garºysyna çykmak üçin güýç toplapdyr. Tutuºdan göwni galan Akºuòkar Bozany Tutuºyò tarapyndan aýrylmaga yrypdyr. Bu iki serkerde goºuny bilen bir gijäniò içinde Berkýarygyò tarapyna geçipdirler. Güýji gowºan Tutuº söweºe bogny ysman yzyna dolananypdyr.

1094-nji ýylyò baºynda Tutuº goºun toplap, gaýtadan soltan tagty ugrunda göreºe baºlapdyr. Ol goºuny bilen Halabyò töweregine gelip, ony gabamaga baºlapdyr. Halabyò häkimi Akºuòkar Bagdada habar ýollap, Berkýarykdan kömek isläpdir.Kömek berlipdir. Emma Akºuòkar ýeòlip, özü-de ýesir düºupdir. Akºuòkary Tutuºyò huzuryna getirenlerinde Tutuº ondan: «Eger, sen meni ýeòseò näme ederdiò?» diýip sorapdyr. Akºuòkar hem «Öldürerdim» diýip jogap beripdir. Tutuº oòa «Men saòa maòa bermek islän jezaòy bagyºlaýaryn» diýip, Akºuòkary öldürdipdir.

Akºuòkar adalaty we düzgün-tertibi ýola goýmagy baºarypdyr. Ol welaýatda hiç kimiò öz öýlerini gulplamazlygyny, zähmet gurallaryny çekinmezden, arkaýyn ekin meýdanlarynda galdyryp gaýtmagy talap edipdir. Bardy-geldi ogurlyk bolaýsa, onuò eýesine harydynyò doly mukdarda öwezini tölemegi talap edipdir. Onuò welaýatyna gelen kerwenler islän ýerinde düºläp, ýüklerini ýazdyryp, arkaýyn uklap, dem-dynjyny alyp bilipdirler. Olar ýola ugraýança obanyò halky ºol kerweniò rahatlygyny goramaga borçly bolupdyr.

ALAEDDIN ATSYZ (130, 131, 132, 228) – Köneürgenç türkmenleriniò döwletiniò hökümdary. Ol Kutbeddin Muhammediò ogludyr. Mukaddes Ruhnamada Atsyz barada ºeýle maglumatlar berilýär: «Atsyz bu nesilºalygynda ilkinji hökümdar bolýar, ol garaºsyzlyga ymtylypdyr, ýöne 1138 (533)-nji ýyldaky gozgalaò üçin Soltan Sanjar oòa temmi berýär – Köneürgençden kowýar. Emma Atsyz birnäçe wagtdan yzyna dolanýar, ºondan soò Köneürgenç ºalary garaºsyz hökümdarlyk bolýar. Atsyz öz hökümdarlygyny Seýhun derýasynyò (Syrderýanyò) boýunda ýerleºen Jende çenli giòeldýär» (130-131).

Atsyz 1135-nji ýyla çenli seljuk soltany Sanjary goldapdyr. Ol soltan Sanjaryò 1130 we 1132-nji ýyllarda Mawerennahra we seljuk türkmenleriniò Yrakdaky döwletiniò hökümdary Mesuda garºy saparlaryna gatnaºyp, tapawutlanmagy baºarypdyr. Soltan Sanjaryò 1135-nji ýylda Gazna guran saparyndan soòra Atsyz ondan arasyny açyp baºlapdyr. Atsyz Beýik Seljuk-türkmen döwletiniò gowºamagyndan peýdalanyp, özbaºdaklyk ugrunda göreºýär. Soltan Sanjar Atsyzy jezalandyrmak üçin 1138-nji ýylda Köneürgenje eden ýöriºinde Atsyzyò goºunyny dargadypdyr. Emma Atsyz gaçyp gutulup, Sanjar Merwe dolanyp dolanmanka ýene-de Köneürgenje baº bolupdyr.

Katwan söweºinden soò soltan Sanjaryò Termeze gaçyp gidenini eºiden Atsyz Marynyò üstüne çozupdyr. Atsyz 1141-nji ýylda Merw ºäherine giripdir. Soltan Sanjar 1143-nji ýylda Atsyzy toba getirmek üçin Horezme ýene ýöriº edipdir. Gürgenji gabapdyr. Atsyz tabyn boljakdygyna, alan ýerlerini yzyna gaýtarjakdygyna söz berensoò Sanjar yzyna dolanypdyr. Atsyzyò boýunegmezek hereketleri soltan Sanjary onuò garºysyna üçünji gezek ýöriº etmäge mejbur edipdir (1147-nji ýyl). Atsyz Sanjary Hazarasp galasynda garºylapdyr. Iki aýa çeken gabawdan soò Hazarasp galasy boýun egipdir. Atsyz ýene-de Sanjardan bagyºlanmagyny haýyº edipdir.

1153-nji ýylda Balhda ýaºaýan oguzlaryò gozgalaò turuzmagy we olaryò soltan Sanjary üç ýyllap ýesirlikde saklamagy ýykylyp barýan Seljuk döwletiniò dargamagyny çaltlaºdyrdy. Atsyz emele gelen bu ýagdaýdan peýdalanyp, öz eýeleýän ýerlerini giòeltmäge çalºypdyr. Amul, Merw, Sarahs, Nusaý sebitlerine ýöriº edipdir. Emma oguzlaryò berk gaýtawulyna duçar bolup, yzyna dolanypdyr. Atsyz Günorta Türkmenistana iò soòky ýöriºini geçirende, 1156-njy ýylyò Gorkut aýynyò 31-inde 61 ýaºynda Nusaýyò golaýynda aradan çykypdyr.

ALAEDDIN KEÝKUBAT I (115) – Seljuk türkmenleriniò Anadoludaky döwletiniò hökümdary. Ol Gyýaseddin Keýhosrow I-niò ogludyr. Agasy Izzeddin Keýkowus I aradan çykansoò (1220 ý.) ol döwletiò baºyna geçipdir. Alaeddin Keýkubat I seljuk türkmenleriniò Anadolydaky döwletiniò çäklerini giòeltmek üçin birnäçe ýerlere harby ýöriºleri gurapdyr. Olaryò ilkinjisi 1223-nji ýylda Ortaýer deòziniò kenarlaryndaky Kalanoros galasyna garºy bolup, ony seljuklar eýeläpdirler. Bu ýeòiºden soòra bu gala Alaeddiniò hormatyna Alaiýe diýlip atlandyrylyp baºlapdyr. Ol Türkiýäniò häzirki Alanýa ºäheridir.

Alaeddin Keýkubat I haçparazlara garºy göreºip, olary seljuklaryò eýelän ýerlerinden el çekdiripdir. Olar Alaeddin Keýkubada harby kömek bermäge, ýylda 40 müò dinar salgyt tölemäge, hutbany soltanyò adyna okatmaga borçlanypdyrlar. Eýýubylar bilen garyndaºlyk gatnaºygyny açyp, 1227-nji ýylda Mälik’ül-Eºrefiò gyzy Gaziýa hatyna öýlenipdir.

Alaeddin Keýkubat I-niò Erzinjana, soòra Gara deòziniò kenarlaryna ýöriºler gurapdyr. Olaryò birinjisi Sudak ºäherine guralan sapardyr. Alaeddin Keýkubadyò Trabzony eýelemek baradaky synanyºygy ºowsuz tamamlanypdyr (1228 ý).

Alaeddin Keýkubadyò ilkibada Köneürgenç türkmenleriniò hökümdary Jelaleddin bilen dostana gatnaºyklarda bolandygy mälim. 1225-nji ýylda Jelaleddin Alaeddiniò ýanyna ilçi ýollapdyr. Ol ºeýle mazmundaky haty soltana gowºurypdyr: «Dinimiz, milletimiz bir, jihad ýolunda ýarandyrys. Günbatardaky hökümdarlaryò arasynda yslamyò araçäklerini goraýan we kapyrlaryò köküni gazaýan sizsiòiz. Gündogarda bolsa müºrikleriò pitne ataºyny gylyç bilen söndürýän bizdiris. Bu ýakynlygyò barlygynda habarlaºmagyò gapysyny açyp, birlik ýoluny tutmasak kimi özümize dost tutunarys, haýsy ýoldan ýöräris?!» Alaeddin Keýkubat I Jelaleddiniò ýanyna jogap ilçisini ýollap, dostluk esaslaryna we milli ýakynlyga sarpa goýup, iº tutjakdygyny aýdypdyr.

Jelaleddiniò Ahlat ºäherini gabamagy bilen onuò Keýkubat bilen arasy bozulýar. 1230-njy ýylyò Alp Arslan aýynda Erzinjanyò golaýynda, Ýassy Çemen obasynda ikisiniò arasynda söweº bolupdyr. Bu söweºde Jelaleddiniò goºuny ýeòlipdir. Jelaleddini ýeòmegi Alaeddin Keýkubadyò abraýyny artdyrypdyr. 1232-nji ýylda Alaeddin Keýkubadyò Eýýubylar döwleti bilen arasy bozulypdyr. Öò seljuklary goldan eýýuby soltany Mälik’ül-Eºref 1234-nji ýylda Anadola ýöriº edipdir. ªol ýylyò tomsunda bolan söweºde eýýubylar ýeòlip, yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. Alaeddiniò abraýy öòküsinden-de artypdyr.

Alaeddin Keýkubat I 1237-nji ýylda remezan baýramynyò üçünji gününde mongol, eýýuby, Bagdat halyfynyò ilçileriniò hormatyna berilýän nahar mahalynda özüne hödür edilen guº etinden zäherlenipdir. Ol Konýada jaýlanypdyr.

Alaeddin Keýkubat I-niò döwründe Anadolynyò ykdysadyýeti janlanypdyr. Söwda ösüpdir. Alaeddin öz döwletiniò üstünden geçýän kerwen ýollarynyò ugrunda goragçy toparlar döredip, olar kerwenleriò ýetmeli menziline howpsuz barmagyna hemaýat edipdirler. Ýolda talanyp, zyýana galan kerwenleriò harajady döwlet tarapyndan tölenipdir. Alaeddin Keýkubat I kerwen ýollarynyò howpsuzlygyny bozan döwletlere garºy birnäçe ýöriºleri gurapdyr. Ýokarda agzan ýöriºlerimiz (Alanýanyò eýelenmegi, haçparazlara garºy ýöriº, Sudak sapary) ºol maksat bilen guralan ýöriºlerdir.

DOWAMY 


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Jepbarguly Hatamow, Jumamyrat Gurbangeldiýew, Orazgeldi Aºyrow)