|
BABYR
(241) – Hindistanyò esasy bölegini, Päkistany, Owganystanyò bir bölegini
birleºdiren Beýik Mogollar imperiýasyny esaslandyryjy (hökümdarlyk
ýyllary 1526-1530). Babyr 1483-nji ýylyò Baýdak aýynyò 14-ünde
Omar Mürze ªeýhiò maºgalasynda dogulýar. Onuò hakyky ady
Zahyreddin Muhammet bolupdyr. Omar Mürze ªeýh Teýmiriler döwletiniò
Ferganadaky ýerli hökümdary bolupdyr. Babyryò
kakasy 1494-nji ýylda ýogalypdyr.
Kakasynyò eýeçilikleri Babyra miras düºüp, ol 11 ýaºynda
Fergana welaýatynyò hökümdary bolýar. Onuò ºahsyýet hökmünde aýratyn tiz kemala gelºine haýran galaýmaly. Eýýäm,
1497-nji ýylda 15 ýasynda wagty ol Samarkandy basyp alýar.
XYI asyryò baºlaryndan
baºlap ªeýbany hanyò ýolbaºçylygynda özbekler güýçlenýärler.
Babyr häkimiýet ugrundaky göreºde özbeklerden ýeòlip, 1504-nji ýylda
Owganystanyò Kabul ºäheriniò töwereklerine
gaçyp barýar. Soòra onuò öz ýatlamalarynda ýazyºy ýaly, küºtüò
ºasy kimin, bir ýerde durmaýar.
Babyr ýaºlykdan diòe ýeòºe, ºöhrata öwreniºen adam
bolandygy üçin bolsa gerek, hiç soòky ýeòliºi bilen ylalaºasy
gelmeýär.Her zat edip ªeýbany handan ar alasy gelýär. Kabulda güýç
toplaýär, özüne ýaran agtarýar.
Sefewi türkmenleriniò ilkinji hökümdary ºa Ysmaýyl bilen
gepleºikler geçirýär, ylalaºyk baglaºýar. Ylalaºyk boýunça ºa
Ysmaýyl Babyra Samarkandy täzeden eýelemäge ýardam bermelidi, Babyr
welin tagta geçenden soòra ýurduny Sefewileriò adyndan
dolandyrmalydy. 1511-1512-nji ýyllarda Babyr Samarkanda garºy ýöriº
guraýar. Samarkandyò hökümdarlary Babyryò goºun sürüp, dabara
bilen gelýändigini eºidip, ºaherden çykyp gaçýarlar. 1512 nji ýylda
Babyr Samarkantda ºa Ysmaýylyò adyndan ýurdy dolandyryp baºlaýar. Özbekler Ubeýdulla hanyò
we Muhemmet Teýmur soltanyò baºtutanlygynda birleºip, Babyry
Samarkantdan kowup çykarmagy baºarýarlar. Babyr ýene-de Kabul töwereklerinde
ornaºýar. Güýç toplap, Mawerennahrda häkimiýeti gaýtaryp almak
niýeti bilen Hindistana ýöriº guraýar. Babyr 1526-njy ýylda Deli
soltanynyò goºunlaryny Panipat düzlüginde derbi-dagyn edip, Delini,
soòra Agrany basyp alýar. Bihara çenli ýerleri öz içine alýan uly
döwleti esaslandyrýar. Onuò döreden döwleti taryhda Beýik Mogollar
imperiýasy ady bilen mälimdir. Babyr gelip çykyºy boýunça ata
tarapy barlaslardan ene tarapy mongollardan
bolandygy sebäpli onuò döreden imperiýasyna Mogollar imperiýasy
diýlipdir.
Babyr ylmyò,
sungatyò, medeniýetiò ösmegine aýratyn üns beren hökümdardyr.
Onuò özi hem ºahyr bolupdyr. Ol «Babyrnama» atly üç bölümden
ybarat bolan ýatlamalar kitabyny ýazýar. Bu kitap onuò maºgala
durmuºyna, ýöriºlerine, döwürdeºlerine, egindeºlerine, gören ülkeleriniò
halklarynyò däp-dessyrlaryna, sungatyna, tebigatyna,
bagyºlanylyp, taryhy çeºme hökmünde
aýratyn ähmiýetlidir. Babyryò däbine
eýerilip, onuò nebereleri tarapyndan
«Humaýunnama», «Ekbernama» ýazylypdy. 1526-1529-njy ýyllaryò
dowamynda Hindistanda ýerli hökümdarlaryò esasylarynyò garºylygyny
basyp ýatyryp, ömrüni söweºlerde geçiren, ajaýyp serkerde, ºahandaz
ºahyr Babyr 1530-njy ýylyò Bitaraplyk aýynyò 26-synda aradan çykýar.
BAHAWEDDIN
NAGYªBENDI (79) – yslam dininde sopuçylyk ýörelgelerini dowam
etdiriji, derwüºlikde öz mekdebini döreden uly pirdir. Ol sopuçylykda
ºu wagta çenli bar bolan 12 ýoluò birini –
nagyºbendiçilik ýoluny esaslandyryjydyr. Onuò çyn ady
Bahaweddin Muhammet ibn Burhaneddin Muhammet el-Buharydyr. Nagyºbendi
ady oòa nakgaºçylyk-zergärçilik
kesbinden galypdyr. Ol 1318-nji ýylda Buharanyò eteginde doglup,
1389-njy ýylda aradan çykýar. Onuò gubry Buharanyò
eteginde ýerleºýär.
Nagyºbendiniò
durmuºynda esasy orny sopuçylyk ugrundan tanyº-biliºleri köp bolan
atasy eýeleýär. Hut atasy ony ºol ugra gönükdirýär. Bahaweddiniò
birinji halypasy ºeýh Muhemmet Babaýy Simasidir. Ol ölmeziniò öò
ýanynda Emir Seýid Kulala Bahaweddine seretmegi, oòa halypalyk
etmegi, sopuçylygyò çylºyrymly ýollaryny öwretmegi wesýet
edipdir. Emir Seýid Kulal Bahaweddine seredipdirem, terbiýeläpdirem.
Emma Bahaweddiniò özi Kulal babany düýºünde görüp, soòra huºunda
onuò ýanyna barandygyny aýdypdyr. Nagyºbendi baºga-da birnäçe
pirlerden sapak alyp, derwüºçilikde meºhurlyga ýetipdir.
Nagyºbendi baýamagyò
tarapdary bolman, ondan tersine meýletin el çekmegi ündäpdir. Gul ýa-da
hyzmatkär saklamagy maslahat
bermändir. Çöregi her kimiò özüniò tapmalydygyny ündäpdir. Onuò
özi ömrüne döwük küýzejigi
bilen oòòut edipdir. Ömründe iki gezek Mekgä haja gidipdir.
Ol
Abd al-Halyk Gijduwanynyò ýoly bilen Hoja Ahmet Yasawynyò ýollaryny
esas edinip, jemi 11 düzgünden
ybarat derwüºçiligiò täze ýoluny döredipdir. Halk arasynda onuò
gudraty barada birnäçe rowaýatlar bar. Bu gudratly piriò gubyrynyò
üstünde 1544-nji ýylda ªeýbanylar ºanesliniò hany guburhana
(mowzoleý) gurdyrýar. Tiz wagtdan bu ýer zyýarathana öwrülýär.
Onuò gubryna üç gezek zyýarat etmegiò özi bir gezek Mekgä gidip,
hajy bolmak bilen barabar diýen ynanç ýaýrapdyr.
Nagyºbendiçilik
wagtyò geçmegi bilen Müsürden Indoneziýa,
Kawkazdan Hindistanyò
demirgazyk çäklerine çenli, musulman dünýäsinde giò ýaýran sopuçylyk
ýörelgeleriniò birine öwrülipdir. Nagyºbendiçiligiò Türkmenistanda
has täsirli, tarapdarlarynyò köp bolandygy barada maglumatlar
köp gabat gelýär. Araly iºanyò, Zynharynyò, Seýdiniò, Magtymguly
atamyzyò ak pata almak üçin huzuryna baranlary -Nyýazguly halypa
(1821-nji ýylda ýogalan) nagyºbendiçilik
ýolunyò görnükli pirleriniò soòkylarynyò biridir.
Nagyºbendiçilik Abdyrahman
Jamy, Nowaýy, Ahmet Ýasawy, Azady, Magtymguly, Andalyp, ªeýdaýy we
Talyby ýaly Gündogaryò beýik ºahslarynyò birnäçesiniò döredijiligine
täsir edipdir. Magtymguly:
Bir gije ýatyrdym,
ºa Nagyºbendi,
Keremi joº eýläp, bir nan getirdi.
Sag elinde bada-gülgün ºeraby,
Sol elinde täze bürýan getirdi.
diýmek bilen
Nagyºbendi ýolundan taglym alandygyny aýdýar.
BALBAN (126)
–seret.Izzeddin Balban
Barak
hajyp (133) – Kermanda höküm süren (1222-1303) Gutlug
han türkmenleriniò hökümdary. Barak gelip çykyºy boýunça
garahytaýlydyr. Onuò Hajyp lakamy bolsa oòa berlen harby drejeden
galypdyr.
Juweýniniò berýän
maglumatlaryna görä 1210-njy ýylda garahytaýlylar bilen Köneürgenç
türkmenleriniò arasyndaky söweº bolup, onda garahytaýlylar ýeòlipdirler.
ªol söweºden soòra
Barak Köneürgenç türkmenleriniò hökümdary Alaeddin Muhammediò
gullugynda durupdyr. Beýleki käbir maglumatlarda ol garahytaýlylaryò
ilçisi hökmünde Alaeddin Muhammet ºanyò ýanyna gelen wagty
saklanylypdyr we yzyna göýberilmändir. Baragyò özüniò hem juda
yzyna gidesi gelip durmandyr. Biraz wagtdan soòra garahytaýlylar bilen
Köneürgenç türkmenleriniò arasynda uruº baºlanypdyr. Barak haýsy
döwletiò ýeòerine garaºýan ýaly Köneürgençliler ýeòiji bolan
dessine olaryò tarapyna geçýändigini aýdypdyr. Köneürgenç türkmenleri
onuò alyna aldanyp, oòa hajyp derejesini beripdirler. Mongollar
Köneürgenç türkmenleriniò döwletini ýeòenden soòra Barak hajyp Muhammet ºanyò ogullarynyò biri bilen Eýrana
gaçýar. Ol 1222-nji ýylda Kermanda öz hökümdarlygyny ykrar
etdiripdir. Emma Barak
hajyp ikiýüzli adam bolupdyr. Kim güýçli bolsa, ºonuò tarapyna geçipdir.
Jelaleddin soltandan gorkysyna ondan-mundan hat ýollap, oòa
tabyndygyny tekrarlapdyr. Mongollara hat ýollap bolsa, Muhammet ºanyò
ogullarynyò birini öldürendigini, özüniò olara wepalydygyny
aýdandan soòra «Mongol
Ugedeý Baragy ykrar edýär we Gutlug hem derejesini berýär»
(Mukaddes Ruhnama, 133).
Mongollar Barak
hajybyò özlerine näderejede wepalydygyny barlamak üçin oòa
1235-nji ýylda Seýistana garºy guralan harby ýöriºe gatnaºmagy
teklip edipdirler. Emma ol garrylygyny we halynyò söweºe gatnaºardan
pesdigini aýdyp, söweºe ogly Rukneddini ýollapdyr. ªol ýylyò
Ruhnama aýynda Rukneddin söweºe
barýarka kakasynyò ýogalandygy baradaky
habary eºidýär.
BaÝdaª
Arslan han (217) – Garahanly türkmenleriò döwletiniò hökümdary.
Ol barada Mukaddes Ruhnamada ºeýle diýilýär: «Satuk Bugra han
996-njy ýylda aradan çykansoò, ýerine ogly Baýdaº Arslan han geçdi,
dagynyk ýagdaýa düºen Garahanly döwletini birleºdirdi» (217).
Baýdaº Arslan
han Süleýman adyny hem göteripdir. Onuò döwründe 200 müò öýli
garlyk, ýagma, jyky boýlary musulmançylygy kabul edipdirler.
Garahanly döwleti Baýdaº hanyò döwründe tutuºlygyna yslam dinini
kabul edipdir.
BAÝEZIT I
(137) – Osman-Türkmen döwletiniò dördünji soltany (hökümdarlyk
ýyllary 1389-1402). Üçünji soltan Myrat I-niò asly rumly aýaly Gülçiçek
hatynyò ogludyr. Taryhy çeºmeleriò köpüsinde ady Ýyldyrym Baýezit
hökmünde geçýär. Kakasy Kosowo söweºinde wepat bolansoò hökümdaryò
meýdan çadyrynda soltanlyga göterilipdir. Hökümdarlygynyò ilki ýyllarynda
Anadoludaky türkmen beglikleri Germiýanogullary, Garamanogullary, Aýdyòogullary,
Saryhanogullary, Memteºeogullary, Hamydogullary, Kazy Burhaneddin
Ahmediò begligi barha güýçlenýän Osman nesilºalygyna garºy göreºe
baºlapdyrlar. Ýyldyrym Baýezit olary jezalandyrmak üçin ýöriºler
gurapdyr. Antalýa çenli ýöriº gurap, türkmenleriò
Saryhanogullary, Aýdyòogullary, Germiýanogullary, Menteºeogullary,
Hamydogullary begliklerini Osman döwletine tabyn edipdir. 1391-1392-nji
ýyllarda Kastomonuwa ýöriº edip, Jandarogullary begligini tabyn
edipdir. 1392-nji ýylda Çorumyò golaýynda, Kyrkdilim diýen ýerde
bolan söweºde Burhaneddin Ahmed Ýyldyrym Baýezidi ýeòipdir.
1394-nji ýylda
Tigr (Dijle) derýasyny geçen agsak Teýmiriò goºunlary Anadoly
topraklaryna aralaºyp baºlapdyr. Anadolydaky türkmen beglikleriniò köpüsi
Agsak Teýmiri goldapdyrlar. Osman soltany Baýezit Agsak Teýmire garºy
göreºmek üçin Müsür memlükleriniò soltany Berkuga ilçi ýollapdyr.
1400-njy ýylyò baºlarynda Agsak Teýmir Anadoluda gaýtadan peýda
bolupdyr. Bu döwürde Ýyldyrym Baýezit Ystambuly dördünji sapar
bilen meºgul eken. Agsak Teýmir Siwasy eýeläp, Kaýseriniò ýakynynda
Osmanly goºunynyò bir bölegini dargadyp, Malatýa tarap ugrapdyr.
Emma Baýezidiò birbada onuò garºysyna çykmaga bogny ysmandyr.
1401-nji ýylyò
baºynda agsak Teýmiriò Bagdada tarap gidenini eºidip, Erzinjana
gelipdir. Agsak Teýmir bilen Ýyldyrym Baýezidiò goºunlarynyò
arasyndaky esasy söweº 1402-nji ýylyò Gorkut aýynyò 28-inde
Ankaranyò golaýynda Çybyk obasynda bolupdyr. Söweºde Osmanly goºuny
ýeòlip, Baýezit ýesir düºüpdir. Ankara söweºindäki ºowsuzlyk
Osman-Türkmen döwletiniò kuwwatyna zarba urupdyr. Ystambulyò eýelenmegi
birnäçe wagt yza tesdirilipdir. Döwletiò Yznyk, Bursa ýaly uly ºäherleri
agsak Teýmir tarapyndan talanypdyr. Osmanly hazynasy onuò eline geçipdir.
Agsak Teýmir Anodulyny öòki türkmen begliklerine paýlap beripdir.
Ýyldyrym Baýezit
tussag halynda, 1403-nji ýylyò Nowruz aýynyò 8-inde 43 ýaºynda Akºehirde
aradan çykýpdyr. Ol Bursada öz saldyran Uly Jamy metjidiniò ýanynda
jaýlanypdyr. Döwlet Soltan hatyn, Hafsa hatyn ýaly aýallaryndan baºga-da
Mariýa Despina (Oliwera – Serb korolynyò gyzy), Mariýa, Angelina ýaly
hiristian asylly aýallary bolupdyr. Musa, Ärtogrul, Emir Süleýman,
Isa, Muhammet, Mustapa, Kasym, Hasan, Ýusup atly ogullary we iki gyzy
bolupdyr. Bilimli bolandyklary üçin ogullarynyò atlarynyò yzyna Çelebi
lakamy goýlupdyr.
BAÝEZID II (137)
– Osman-türkmen döwletiniò sekizinji soltany (hökümdarlyk ýyllary
1481–1512). Fatyh Soltan Mämmet bilen alban ýa-da fransuz asylly
bolan Gülbahar Hatynyò ogludyr. Ystambulda tagta çykan ilkinji Osman
soltanydyr. Osman soltanlarynyò arasynda tagtdan agdarylan ilkinji
soltandyr. Ökde hatdat we ºahyr bolupdyr. Ýaºlygynda Amasýanyò kiçiräk
etrabyò begi (sanjak begi) bolupdyr. Ýedi ýaºynda bu ºähere gelen
Baýezit II bu ºäherde 27 ýyllap ýaºapdyr. Kakasy aradan çykandan
soò 34 ýaºynda tagta geçipdir. Dogany Jem soltanlygy eýelemek üçin
Müsür memlüklerine, Rodos haçparazlaryna, Rim papasyna, Fransiýa
korolyna daýanyp, 1495-nji ýyla çenli göreºse-de, üstünlik
gazanyp bilmändir. Baýezit II 1483-nji ýylda Gersogowinany Osman döwletiniò
tabynlygyna alypdyr. 1485-nji ýylda Osmanly goºuny Dunaý derýasyndan
geçip, Rumyniýa (Bogdan) aralaºypdyr. Prut derýasyna golaýlaºypdyr.
Baýezit II Müsür
memlükleri, Garamanogullary, Remezanogullary, Dülkadyrogullary
beglikleri bilen alty ýyla çeken serhetýaka söweºlerini alyp
barypdyr. 1491-nji ýylda Osman döwleti Adanany we Tarsusy Müsürdäki
memlük türkmenlerine bermeli bolupdyrlar.
1492-nji ýylda
Baýezit II Wengriýa we Albaniýa garºy ýöriº gurapdyr.
1498-1502-nji ýyllarda Wenesiýa bilen alnyp barlan urºuò netijesinde
Wenesiýa ýeòlip, Osman döwletine ýylda 10 müò dukat altyn salgyt
tölemäge borçlanypdyr.
Baýezit II-niò
döwründe Ystambulda 1488, 1490, 1509-njy ýyllarda güýçli ýer
titremeler bolup geçipdir. 1494, 1502-nji ýyllarda Ýewropadan aralaºan
garahassalyk keseli, gytçylyk we açlyk bilen utgaºypdyr.
Ogullary Ahmediò,
Selimiò, Gorkudyò ýanyçarlara daýanyp, tagty eýelemek üçin göreºe
baºlandygyny duýan Baýezit II 1512-nji ýylyò Gurbansoltan aýynyò
24-ünde Topgapy köºgünde ogly Selimiò peýdasyna tagtdan el çekipdir.
ªol ýylyò Oguz aýynyò 10-unda 65 ýaºynda aradan çykypdyr.
Baýezit II ylym
adamlaryna hemaýat edipdir. Idrisi, Ibn Kemal, Neºri
ýaly taryhçylar onuò buýurmasy bilen öz kitaplaryny ýazypdyr.
Onuò döwründe Osmanly döwletiniò harby gämileri Wenesiýadan nusga
alnyp, gaýtadan kuwwatlandyrylypdyr.
Dülkadyrogullary
begi Alaüddöwläniò gyzy ĺe hatyna (soltan Ýowuz Selimiò ejesi),
Garamanogullary begi Nasuh begiò gyzy Husnyºa Hatyna öýlenipdir.
Olardan baºga-da Bilbil, Nigär, Gülruh, Gülbahar, Mährinäz,
Feruhnama atly aýallary bolupdyr. Dokuz ogly, birnäçe gyzlary
bolupdyr.
BAÝEZIT
BISTAMY (305-306) – 776-875-nji ýyllarda ýaºap geçen uly alym,
meºhur ºahyr, yslam dininde sopuçylyk ýörelgeleriniò binýadyny goýanlaryò
biri. Mukaddes Ruhnamada «Baýezit yslam dininde ýol goýan uly türkmen
piridir» (306) diýlip, oòa ýokary baha berilýär.
Baýezidiò
hakyky ady Taýfur bolup, kakasynyò ady bolsa Musa bolupdyr. Onuò Adam
we Aly atly doganlary bolup, olar hem derwüºçilige ömürlerini bagº
edipdirler. Bistaminiò halypasy Abu Aly as-Sindi atly Hindistanyò Sind
welaýatyndan bolan pirdir. Ol Eýranyò Bistam ºäherinde doglup, ömrüni
ºol ýerde geçiripdir. Juma
Ataýewiò berýän maglumatlaryna görä, ol yslamyò derwüºçilik
ugrunda Kutbul-aktab diýen iò ýokary derejä ýeten, hyrkaly pirleriò
naýbaºylarynyò biri bolupdyr. Magtymguly atamyz öz ºygyrlarynda
ýöne ýere «Kutbul-aktab atly Bistamy gördüm» diýmändir. Onuò
wagyzlary Magtymguly Pyragynyò döredijiligine
uly täsir edipdir. Magtymguly beýik ynsanlary ýatlanda mydama
Baýezit Bistamynyò adyny hormat
bilen tutýar.
Eý ýaranlar
musulmanlar,
Bir gije seýran içinde,
Otuz iki kiºi gördüm,
Ol ªahymerdan içinde…
Ýahýa bilen
Nuh pygamber,
Baýezid Soltan içinde…
Meºhur
magtymgulyºynas, merhum Muhammetnazar
Annamuhammedowyò «Magtymguly gizlin syryò bar içde…» atly
ajaýyp kitabynda Baýezidiò mirasyndan «ªathiýýat» (Heserleniº
hikmetleri) we birnäce ºygyrlarynyò mälimdigi barada
maglumat berilýär. Baýezit
Bistamy sufizmde «Taýfuriýýa»
akymynyò esasyny goýujydyr. Baýezit
«Adam ýaºaýyºdan alan hapysa häsiýetlerini
ýylanyò gowuny taºlaýºy ýaly taºlamaly, sen ol ºeýtany
hyýallaryòy öldürmeli, bolmasa olar seni öldürer» diýip
ündew edipdir.
Baýezit
Bistamynyò 500 çemesi tymsallary biziò günlerimize çenli saklanylypdyr. Olar onuò
ýegeni we kömekçisi
Abu Musa Isa ben Adam tarapyndan pars dilinde toplanylyp, al-Jüneýde
berlipdir. Al-Jüneýd bolsa ol ýazgylary arap diline terjime edipdir
hem-de olary teswirläpdir. Al-Jüneýd onuò ägirt pir bolandygyna
magat göz ýetirip, oòa ºeýle baha beripdir: «Baýezidiò adamlaryò
arasyndaky ýagdaýy edil
Jebraýylyò periºdeleriò arasyndaky abraýynyò boluºy ýalydyr».
Baýezid Bistaminiò käbir aýdanlary as-Sarajyò, as-Sulaminiò,
al-Hujwiriniò, al-Kuºaýriniò eserlerinde hem gabat gelýändigi
barada Yslam ensiklopediýasynda maglumat berilýär. Ýene bir zady aýdasymyz
gelýär. Ol hem Baýezidiò abraýy ol ýogalandan soòra, onuò ºägirtleri
tarapyndan has-da belende galdyrylýar.
Beýik Saparmyrat
Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamada Baýezit Bistamy bilen baglanyºykly aºaky
rowaýaty getirýär:
«Bir gün ºyh
Abu Musa Baýezitden soradylar:
— Eý,
pirimiz, ertirden niçik ötersiz?
ªyh diýdi:
— Ertäni
hem bilmen, agºamy hem bilmen, çünki Allatagala köòlüme guýdy: «Eý,
Baýezit, meniò hazynalarymda edilen tagatlar, ajaýyp hyzmatlar küt-küt
bolup durupdyr. Eger meniò dergähimi dilär bolsaò, maòa mende ýok
zatlary getirgil» diýdi.
Onda men diýdim:
— Eý,
Hudaýa-hudawende, ol nädir sende bolmagaý zat?
Hudaýtagala diýdi:
— Biçärelik
we ejizlik, harlyk we mähtäçlik, köòlisynyklyk hem periºanlyk — ine,
ºular meniò hazynamda ýok zatlar. Çünki bu zatlar maòa gerekmez.
Hudaýtagala gaýduwsyzlyk hoº geler. Hudaýtagala ruhubelentlik hoº
geler. Hudaýtagala diòe gowy, beýik sypatlar istär. Hudaýtagalanyò
istäni türkmene parzdyr» (305-306).
BAÝRAM
HAN TÜRKMEN (189, 238) – Beýik Mogollar imperiýasyny
1556-1561-nji ýyllarda ºa Ekberiò adyndan dolandyran, hanlar hany
derejesini alan türkmen serkerdesi, meºhur ºahyr. Ol XVI asyryò
baºynda Badahºanda Seýfaly begiò maºgalasynda dünýä inýär.
1970-nji ýylda Aºgabatda
neºir edilen Baýram hanyò saýlanan eserleri kitabynda Baýram hanyò
Mürze Isgender Garaýusubyò neslindendigi agzalýar we onuò maºgala
ºejeresi getirilýär: “ªiraly beg
türkmeiò baharly tiresinden bolup, onuò ogly Garamüsür, onuò
ogly Gazan han, onuò ogly Gara han, onuò ogly Gara beg, onuò ogly Baýramgara,
onuò oglyAlyºükür beg, onuò ogly ªiraly beg (XV asyr), onuò ogly
Barak beg, onuò ogly Seýfaly beg, onuò ogly hem Muhammet Baýram
begdir”.
Bayram han ilki
ºa Ysmaýyl Hytaýynyò soòra
Muhammet Babyryò goºunynda gulluk edýär. 1530-njy ýylda Babyr ýogalyp,
ornuna Humaýun ºa bolandan soòra Baýram hanyò täsiri, abraýy tiz
artýar. Ol Humaýunyò iò ýakyn
maslahatçysyna öwrülýär. Ol ikisiniò ýaºlarynyò deòeçirdigi
olary has-da ýakynlaºdyran bolarly. Humaýunyò döwründe Beýik
Mogollar döwletiniò gowºan pursatlary
Baýram hanyò baºarjaòlygy, ugurtapyjylygy bilen döwlet täzeden
diýen ýaly dikeldilýär. Bu barada Baýram han Türkmeniò onbirinji
arka nesli bolan Hasan Aly beg, Munºi Debi Praºadyò
“Hanhanannama” eseriniò sözbaºysynda ºeýle ýazýar: “Mogol döwletini
dolandyrmaga goºant goºan adamlaryò sany kän, ýöne olaryò naýbaºysy
bolup, aýratyn hyzmat görkezen hanlar hany Baýram han we onuò maºgalasyna
degiºli bolan adamlar durýar. Ady meºhur bolan bu maºgalanyò mogol
döwleti bilen baglanyºygy birnäçe nesiller boýunça dowam edipdir.
Olaryò goºun serkerdeligindäki, ylymsöýerligindäki, dostlukdaky we
howandarlykdaky aýratynlyklaryna taryhyò sahypalary ºaýatdyr. Mogol
döwletinde ukyplylykda we edermenlikde özüni tanadyp gelen adamlar kän
bolupdyr. Emma Baýram hanyò we Abdyrahym hanyò ºöhraty we at-abraýy
ýaly belentlik baºga hiç kime miýesser etmandir”.
Baýram hanyò ºygyrlar
diwanyny ilkinji gezek tapyp, çapa taýýarlan Gündogory öwreniji iòlis
alymy, E. Denison Ross kitabyò sözbaºysynda ºeýle sözleri ýazypdyr:
“Ol ýyldyzlar toplumy ýaly saçýan adamlaryò arasynda iò ºöhleli
ýyldyzlaryò biri bolup, Humaýunyò hem-de Ekberiò köºkleriniò üstüne ýalkymyny saçypdyr. Onuò ady XVI asyryò birinji ýarymyny
beýan edýän Hindistan taryhynyò sahypalarynda uly orun tutýar”.
Baýram han ºazada
Ekbere entek Humaýun dirikä terbiýeçi-atalyk bellenipdi. Ekber oòa
«Han baba» diýip ýüzlener eken. 1556-njy ýylda Humaýun ýogalýar.
ªazada Ekber bu wagt bary
– ýogy 14 ýaºyndaky ýetginjekdi. Baýram han Türkmen
1556-1561-nji ýyllarda ºazada kämillik ýaºyna ýetýänçä, Beýik
Mogollar imperiýasyny Ekberiò adyndan dolandyrýar.
Baýram han
Babyryò agtygy Selime Soltan begime öýlenipdir. Onuò Abdyrahym atly
ogly bolýar. Baýram han türkmen urdu, pars dillerinde goºgy düzüpdir. Onuò ömrüniò soòky ýyllarynda Ekber
ºa bilen arasyny bozýarlar. Baýram han ogullygyndan öýkeläp,
gozgalaò hem turuzýar. 1561-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 31-inde
Mekgä haja barýarka, Güjaratda ony arkasyndan pyçaklap öldürýärler.
Mukaddes
Ruhnamada nygtalyºy ýaly «Hindistanda görnükli ºahyr hem-de döwlet
iºgäri Baýram hanyò «Hanlar hany» derejesini alandygy mälimdir»
(238). Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò tagallasy bilen 2000-nji ýylda
Hindistanda we Türkmenistanda bu ýurtlaryò halklarynyò bilelikdäki
guwançlyklarynyò naýbaºylarynyò biri bolan Baýram han Türkmeniò
500 ýyllyk toýy dabaraly geçirildi.
BAÝRAM HOJA (237,
238) – Garagoýunly türkmenleriò döwletiniò esaslandyryjysy. XVIII
asyryò ortalarynda Oguz hanyò ogly Deòiz handan gaýdýan taýpalaryò
bir bölegi Türküstandan gaýdyp, Erzurum, Erjis, Mosul sebitlerinde
ornaºypdyrlar. Olar öz aralarynda baranly, duharly, sadly, garamanly,
hajyly, bozdogan ýaly tirelerden düzülipdir. Bu türkmenleriò baºynda
Baýram Hoja atly serdar durupdyr. Baýram Hoja 1351-nji ýylda Sinjaryò
häkimligini öz eline geçiripdir. Jelaýyr hökümdary Üweýs aradan
çykansoò (1374) olaryò eýelän topraklary garagoýunlylaryò häkimiýetine
geçipdir. 1375-nji ýylda Mosuly ele geçiren Baýram Hoja ony
dolandyrmagy inisi Berdi Hoja tabºyrypdyr. Mosul garagoýunly döwletiniò
ýykylmagyna çenli (1469) bu nesilºalygynyò tabynlygynda bolupdyr.
1380-njy ýylda Baýram Hoja aradan çykansoò ýerine doganynyò ogly
Gara Mämmet geçipdir.
BAÝSUNKAR (139)
– Akgoýunly türkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary
1490-1491). Ol soltan Ýakubyò ölüminden soòra hökümdar bolupdyr.
Kiçi ýaºda bolandygy üçin Süleýman Biçen beg oòa atabeg
bellenipdir. Baýsunkaryò bary-ýogy bir ýyl süren hökümdarlygy
Akgoýunlylar döwletiniò ýykylmagynyò baºyny baºlapdyr. Emirleriò
bir topary Uzyn Hasanyò agtygy Rüstem Mürzäniò töwereginde
toplanyp, ony hökümdar diýip yglan edipdirler. Baýsunkar babasy ªirwanºa
Ferruh Ýasaryò ýanyna gaçypdyr.
Bazar
Arslan (217) – Garahanly türkmenleriò hökümdary. Bilge
Kül Kadyr hanyò ogly. «Kadyr handan soòra döwletde ogullary Bazar
Arslan bilen Ogulçak han höküm etdi» (Mukaddes Ruhnama, 217 sah.).
Bazar Arslanyò we Ogulçak
hanyò hökümdarlyk ýyllaryny tapmak bize baºartmady. Dogrusy,
Garahanly türkmenleriò nesil daragtyny yzarlamak meselesinde alymlar
mydama kynçylyk çekýärler. XX asyrda Garahanlylar meselesi bilen aýratyn
gyzyklanyp, ylmy iº ýazan alym O. Prisak, Musulman ºanesillikleriniò
ºejeresiniò ilkinji gezek sulbasyny düzen E. Zambaur, Garahanlylar
barada birnäce ylmy iºleri ýazan akademik B. B. Bartold, “Musulman
ºanesillikleri” atly kitaby ýazan K.E Boswort ýaly alymlaryò ählisi
bu döwletiò ºejeresini dikeltmekde ejizdiklerini boýun alýarlar. E.
Zambaur Garahanlylary “ºejeresi doly anyklanmadyk ýeke-täk iri
musulman ºanesilligi” diýip görkezýär. Garahanlylaryò hökümdarlary
barada maglumatlary toplamakda kynçylyk döredýän ýagdaýlaryò
esasysy olaryò baºtutanlarynyò köpüsiniò Arslan Gara han ýa-da
ýöne Arslan han diýlip atlandyrylmagy, hökümdaryò kömekçisi
wezipesinde bolanlaryò bolsa Bugra han diýlip atlandyrylyp, hakyky
atlarynyò taryhy çeºmelerde az saklanmagy bolup durýar. Mysal üçin
akademik W.W. Bartold “Bogra han” atly makalasynda bary-ýogy dört
sany Bugra hanyò adyny tapmagy baºarandygyny görkezýär. Ustesine-de
Garahanlylaryò yslamy kabul edenlerinden soòra musulman atlaryny,
lakamlaryny öz atlary bilen utgaºdyrmaklary
ºejeräni yzarlamakda kynçylyk döredýän ýagdaýlaryò ýene
biridir (seret: Bilge Kül
Kadyr han).
BERKUK (239)
– Müsürdäki memlük türkmenleriniò döwletiniò Burjy ºahasynyò
hökümdary. Bahry Memlüklaryndan bolan el-Mansur Kalawun özüne bagly
bolan çerkes asylly täze memlük toparyny döredip, olary «musulmanlary
göraýjy galalar bolsun» diýip, dürli galalaryò küòrelerine (burçlara)
ýerleºdiripdir. ªol sebäpli olara «Burjy memlükleri» diýlip at
berlipdir. Burjy memlükleriniò soltanlarynyò käbiriniò çerkes
asylly bolandygyna garamazdan, bu döwletde türkmenleriò uly täsiriniò
bolandygy ºübhesizdir. Hatda käbir soltanlaryò atlary (Seýfeddin
Barsbaý, Seýfeddin Çakmak, Seýfeddin Haýytbaý, Seýit Demirbuga,
Abu Nasyr Janpolat we º.m.) olaryò gönüden-göni türkmendigini görkezip
dur.
San taýdan barha
köpelip, täsirleri artan Burjy memlükleri Bahry memlükleriniò gowºamagyndan
peýdalanyp, 1382-nji ýylda Berkugyò ýolbaºçylygynda öz döwletini
esaslandyrypdyrlar. Abu Seýit Seýfeddin Berkuk hökümdarlyk eden 17
ýylynyò içinde (1382-1399 ýý.) türk memlükleriniò we araplaryò
gozgalaòlaryna duçar bolupdyr. Olary basyp ýatyryp, öz häkimiýetini
berkiden Berkuk täze bir howp - Agsak Teýmiriò çozuºy bilen ýüzbe-ýüz
bolupdyr. Töwrizi (1386ý.), Urfany (1387ý.), Bagdady (1393ý.) çaltlyk
bilen ele geçiren agsak hökümdar memlüklere howp salypdyr. Berkuk Teýmiriò
haýbat atyjy hatyny getiren ilçileri öldürenden soòra duºmana garºy
bilelikde göreºmek üçin Osman döwleti we türkmen beglikleri
bilen gepleºiklere baºlapdyr. Teýmirleriò Hindistana
gitmeginden peýdalanyp, Berkuk Bagdady yzyna gaýtaryp alypdyr.
Berkugyò ölüminden
soòra onuò üç oglundan (Ferej, Abdyleziz, Ybraýym) ikisi
gezekli-gezegine Burjy memlüklarynyò döwletini dolandyrypdyrlar.
Burjy memlüklarynyò döwleti 1517-nji ýylda synyp,
Osman-Türkmen döwletine tabyn edilipdir.
BEDREDDIN
AKSUNKAR (126) – Ermenistandaky türkmen ºalarynyò (Ahlatºalaryò)
hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1193-1198). Ol Nasyreddin Sökmen
II-niò memlüklerinden biri bolupdyr. Sökmen II ony jürjanly bir täjirden
bir altyna satyn alandygy üçin oòa
«Hezar Dinari» (bir altynlyk) diýen lakamy beripdir. Taryhçy Ibn’ül-Esiriò
maglumatlaryna görä, Bedreddin Aksuòkar Seýfeddin Begdemiri öldürdip,
hökümdar bolupdyr. Bedreddin Erzurumyò hökümdary Togrul ºa bilen
birleºip, gürjüleriò üstüne üstünlikli ýöriºler gurapdyr.
Bedreddin Aksunkar ýogalansoò ýerine Mansur Muhammet geçipdir.
BEDREDDIN LULU
(120-121) – Zeòòi türkmenleriniò atabegliginiò (1127-1250) hökümdary.
Atabeg Izzeddin Masut (1211-1218) aradan çykmanka 10 ýaºly ogly
Nureddın Arslan ºa II-ni mirasdar diýip yglan edip, hökümet iºlerini
ýöretmegi Bedreddin Lula tabºyrypdyr. Nureddin Arslan ºa II aradan
çykansoò (1219) Bedreddin Lulu onuò 13 ýaºly dogany Nasreddin
Mahmydy häkimiýete getiripdir (1219-1233). Nureddin Mahmydyò ölüminden
soòra Zeòòileriò Mosul ºahasynyò hakimligi Eýýubylaryò hemaýatyndan
peýdalanýan Bedreddin Lulunyò eline geçipdir.
BEGDOGDY HAJYB
(222) – Gaznaly türkmenleriniò döwletiniò tejribeli
serkerdesi. 1034-nji ýylda seljuk türkmenleri Musanyò, Togrul begiò
we Çagry begiò ýolbaºçylygynda Horasana aralaºýarlar. Gaznaly hökümdary
soltan Masut (1030-1041) harby geòeº çagyrýar. Harby geòeºde
seljuklara garºy 1035-nji ýylyò tomsunda ýöriºe baºlamak barada
karar kabul edilýär. Ýöriºe ýolbaºçylyk etmek Begdogdy hajyba
tabºyrylýar. Gaznaly goºuny 15 müò atly we 2 müò köºk
gulamlaryndan ybarat bolupdyr.
Seljuklar
Begdogdy hajybyò ýanyna öz ilçilerini iberipdirler. Özara gepleºikler
hiç hili netije bermändir.
Seljuklar bilen
gaznaly goºunynyò arasynda Nusaýyò golaýynda söweº bolýar. Söweºde
seljuklar 700-800-den gowrak adamyny ýitirip, guma tarap yza çekilýärler.
Gaznaly goºuny söweºi soòuna çenli dowam etdirmändirler. Olja paýlaºmak
üçin ýüze çykan dawalar gaznaly goºunynyò içinde dawalaryò baºlanmagyna
getiripdir.
Seljuk türkmenleri
Köpetdagyò eteginde esasy güýçlerini ýerleºdiripdirler. Musanyò,
Togrul begiò we Çagry begiò buýrugy bilen seljuklar talaòçylyk
bilen meºgullanyp ýören gaznaly goºunynyò üstüne duýdansyz çozýarlar.
Gaznaly goºuny duýdansyz çozuºyò öòünde durup bilmän çar
tarapa dargaýar. Begdogdy hajyb goºunyò baºyny jemläp bilmän, söweºmegiò
netijesizdigine göz ýetirip harby piliò üstünden düºüp az sanly
janpenalary bilen söweº meýdanyny taºlap gidýär. Seljuklar
Begdogdy hajybyò garamagyndaky gaznaly goºunynyò üstünden ýeòiº
gazanýarlar.
Begdogdy hajyp
seljuklar bilen gaznalylaryò arasynda bolan 1040-njy ýyldaky Daòdanakan
söweºine hem gatnaºýar. Ol soltan Masudyò buýrugy bilen harby bölüme
ýolbaºçylyk edipdir. Begdogdy hajyb Daòdanakan söweºiniò öòýanynda
soltan Masut bilen ikiçäk duºuºyp, söweºiò netijesiz boljakdygyny
öòünden duýdurypdyr. Emma soltan serkerdäniò aýdanyna gulak
asmandyr. Begdogdy hajyb Daòdanakan söweº meýdanyna göwünli-göwünsiz
barypdyr. Bu urºuò asly oguzlaryò iki boýunyò – gaýalar bilen
kynyklaryò nesliniò arasynda bolýandygyna, nähak ýere bigünä ganyò
dökülýändigine dogry düºünipdir.
Beýik Saparmyrat
Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamada «taryhy çeºmeler Begdogdy serkerdäniò
türkmendigini nygtaýarlar. Batyr hem edermen Begdogdy seljuklaryò
harby pirimine sezewar bolýar» (222) diýip belleýär.
BELEK (125)
Artykly türkmenleriò hökümdary. Ol bu nesilºalygyny esaslandyryjy
Artyk begiò ogludyr. Kakasyna Bährem diýlipdir. Belek 1112-nji ýylda
Harput, Palu, Dersim etraplaryna häkim bolupdyr. Seljuk türkmenleriniò
Rumdaky (Kiçi Aziýa) döwletiniò hökümdary Gylyç Arslan I aradan
çykandan soò onuò dul galan aýaly ĺe hatyna öýlenipdir. Malatyýa
töweregini öz häkimligine geçiripdir. Haçparazlara garºy üstünlikli
hereket edipdir. 1123-nji ýylyò Oguz aýynyò 30-ynda Halaby eýeläp,
ony haçparazlaryò howpundan halas edipdir. Menbiç galasyny gabaýan
mahaly galadan atylan okdan ýaralanyp, wepat bolupdyr.
BERKÝARYK (113,
134) – Seljuk türkmenleriniò
hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1092-1104). Mälik ºanyò Zübeýda
hatyn diýen aýalyndan bolan ogludyr. 1081-nji ýylda Yspyhanda
doglupdyr. Tagt mirasdary diýip yglan eden ogly Ahmet biwagt aradan çykansoò,
Mälik ºa ogullarynyò
ulusy bolup galan Berkýarygy öz mirasdüºeri belläpdir. Mälik ºa
aradan çykansoò (1092) onuò ogullarynyò arasynda tagt dawalary baºlanypdyr.
Mälik ºanyò Türkan hatyn atly beýleki aýaly emirleriò goldawyndan
peýdalanyp, dört ýaºly ogly Mahmydyò adyndan döwleti dolandyryp baºlapdyr.
On bir ýaºyndaky Berkýarygy tussag etdiripdir. Mälik ºanyò ölüm
habaryny eºidip, oòa wepaly emirler Berkýarygy tussaglykdan boºadyp,
ony soltan diýip yglan edipdirler. Seljuklaryò taryhynda ilkinji gezek
iki sany hökümdar döwleti dolandyryp baºlapdyr. Olaryò birinjisi
Nasyreddin Mahmyt 1092-1094-nji ýyllar aralygynda döwleti edara etse,
Rukneddin Abu’l Muzaffar Berkýaryk 1092-nji ýyldan 1105-nji ýyla çenli
hökümdar bolupdyr. Olaryò ikisiniò ady hem hutbada okalypdyr,
hersiniò adyna pul zikgelenipdir. Emma iki häkimiýetlilik uzak dowam
etmändir. 1094-nji ýylda Reýiò golaýynda bolan söweºde Berkýaryk
ýeòiº gazanmagy baºarypdyr.
Berkýarygyò hökümdarlyk
ýyllarynda onuò esasy duºmany kakasynyò dogany, Siriýanyò we
Palestinanyò hökümdary bolan Täjüddöwle Tutuº bolupdy. 1095-nji
ýylyò Baýdak aýynyò 25-inde olaryò arasynda bolan söweºde Tutuº
ýeòlip, wepat bolupdyr.
Berkýaryk günbatarda
döwletiò bütewiligi ugrunda göreºip ýörkä, gündogarda oòa garºy
kakasy Mälik ºanyò dogany Arslan Argun baº göteripdir. Ol özüne
Horasynyò Niºapurdan baºga ähli ºäherleriniò berilmegini talap
edipdir. Berkýaryk onuò garºysyna kakasynyò beýleki dogany Börübarsy
iberipdir (1095). Arslan Argun Börübarsy ýeòip, öldürdipdir. Berkýaryk
inisi Sanjary Horasanyò hökümdarlygyna belläpdir.
Berkýarygyò döwründe
musulman dünýäsine haçparazlaryò howpy abanypdyr. Berkýaryk I haçly
ýöriºini yza serpikdirmek üçin Anadoly seljuklarynyò soltany Gylyç
Arslan I-ä emir Gürbuganyò serkerdeliginde kömek ýollapdyr. Emma haçparazlar
Antakýany (1098) we Iýerusalimi (1099) ele geçiripdirler.
1099-njy ýylda
Berkýarygyò garºysyna onuò enebaºga dogany, Häzirbegjanyò häkimi
Muhammet Tapar çykyº edip baºlapdyr. Muhammet Tapary onuò süýtdeº
dogany Sanjar goldapdyr. Berkýaryk Muhammet Taparyò garºysyna bäº
gezek ýöriº gurapdyr. Olaryò ählisinde ýeòiº gazanmagy baºarypdyr.
Döwletiò bütewiligini saklamak üçin doganlarynyò talap edýän ýerlerini
olara beripdir. Içki uruºlardan ýadan Berkýaryk 1104-nji ýylyò
Bitaraplyk aýynyò 22-sinde 25 ýaºynyò içinde inçekeselden ýogalypdyr.
Bagdat halypasy onuò kiçi ýaºly ogly Mälik ºa II-ni soltan diýip
yglan edipdir.
BÄHREM ªA (114)
– Seljuk türkmenleriniò Kermandaky döwletiniò hökümdary. Onuò
dolandyran döwri döwletiò gowºan döwrüne gabat gelipdir. 1170-njy
ýylda aradan çykan Muhyýeddin Togrul ºanyò Arslan ºa, Turan ºa, Bährem
ºa, Terken ºa atly dört ogly bolupdyr. Bährem ºa Atabeg Reýhanyò
goldawy bilen döwletiò baºyna geçensoò Kerman seljuklarynyò
taryhynda tagt dawalary döwri baºlanypdyr. Doganlary birleºip, Bährem
ºanyò garºysyna göreºipdirler. Bu göreº Kerman seljuklarynyò döwletiniò
ýykylmagyna täsir edipdir. Döwleti dolandyrmak atabegleriò eline geçipdir. Emirler
atabeg boljak bolup, öz arasynda dawalaºypdyrlar.
Bährem ºadan närazy
bolan esgerler Arslan ºanyò töweregine jemlenipdirler. Arslan ºa
Jiruftdan Beme gelip, bu ýere häkim bolupdyr. Parsa gelen Turan ºany
bolsa Salyr atabegi Zeòòi oòat garºylapdyr. Bährem ºanyò özara
ylalaºyga gelmek baradaky tekliplerini doganlary ret edipdir. Bährem
ºanyò hazynasyny alyp, Berdesirden Horasana gaçmagy bilen onuò iki aý
dowam eden birinji hökümdarlyk (mäliklik) döwri tamamlanypdyr. Turan
ºa Salyr goºuny bilen Berdesire gelip, Kermandaky Seljuk döwletiniò
tagtyna oturypdyr. Bährem ºanyò gaçanyndan habarsyz Arslan ºa hem
Bemden Berdesire gelipdir. Ol Turan ºany we Salyr goºynyny ýeòliºe
sezewar edipdir. ªeýlelikde, Kerman bir hepdäniò dowamynda üç
adamyò hökümdarlygynyò ºaýady bolupdyr. 1170-njy ýylda Arslan ºa
II Kermanda tagta geçipdir.
Bährem ºa agasy
Arslan ºadan hakimiýeti gaýdyp almak üçin goºun çekip, Kermana
gelipdir. Arslan ºa II söweºmekden boýun gaçyryp, seljuk türkmenleriniò
Yrakdaky döwletiniò soltanynyò ýanyna gaçypdyr. Arslan ºa II-niò
9 aýa çeken birinji hökümdarlygy tamamlanyp, onuò ýerine geçen Bährem
ºanyò ikinji hökümdarlygy baºlanypdyr.
Yrak
seljuklaryndan hem-de Häzirbegjandaky Ildeòizli atabeglerinden kömek
alan Arslan ºa II 1172-nji ýylyò Oguz aýynda Berdesire gelipdir. ªäheri
alty aýlap gabawa sezewar edipdir. Bährem ºa agasyna ýaraºyk baglaºmagy
teklip edipdir. Ýaraºyga görä, Kermanyò Berdesir, Sirjan Jiruft we
Habis etraplary, ýagny üçden iki bölegi Arslan ºanyò, Bem we
Mekranat Bährem ºanyò ygtyýarlygyna berlipdir.
Emma bu ylalaºyk
berk bolmandyr. Bährem ºa Horasandan, Arslan ºa II bolsa Ýezd ºäherinden
kömek alypdyr. 1174-nji ýylyò Magtymguly aýynyò 5-inde bolan söweºde
Arslan ºa II Bährem ºany ýeòip, Berdesiri eýeläpdir. Emma Arslan
ºa döwlet iºlerinden elini sowadyp, ºerap içmäge we wagtyny hoº
geçirmäge baºlapdyr. Arslan ºanyò atabegi Kutbeddin Muhammet onuò
hereketlerinden härazy bolup, Beme gidipdir. Ony öz tarapyna çeken Bährem
ºa agasyna garºy göreºmek üçin Berdesire ugrapdyr. Arslan ºa gaçmaga
mejbur bolupdyr.
1175-nji ýylyò
Magtymguly aýynda Bährem ºanyò hökümdarlygynyò üçünji döwri
baºlanypdyr. Emma ol ºol ýylyò Alp Arslan aýynda keselläp, aradan
çykypdyr. Atabeg Kutbeddin Muhammet Bährem ºanyò ýedi ýaºly ogly
Muhammet ºa II-ni tagta çykarypdyr. 1175-nji ýylyò Bitaraplyk aýynda
Arslan ºa II Ýezdden gelip, üçünji sapar Kermanda häkimiýeti öz
eline geçiripdir. Salyr atabegliginden kömek alan Turan ºa 1177-nji
ýylyò Nowruz aýynyò üçinde Jiruftyò golaýynda bolan söweºde
Arslan ºany ýeòipdir. Arslan ºa II ýaralanyp, aradan çykypdyr.
Kermandaky seljuklaryò döwleti 1187-nji ýylyò güýzünde Horasandan
gelen oguzlaryò zarbasyndan ýykylypdyr.
BÄHREM ªA ÝEMINEDDÖWLE
(142-143) – Gaznaly türkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk
ýyllary 1118-1152). Soltan Masut III-niò ogludyr. Soltan Sanjaryò kömegi
bilen agasy Arslan ºany ýeòip, Gaznaly tagtyny eýeläpdir (seret.Arslan
Soltaneddöwle). Hökümdarlygyna baºlan mahaly Gaznalylaryò
Hindistandaky eýeçilkileriniò
häkimi Muhammet Abu Halym oòa garºy gozgalaòa baº göteripdir.
1119-njy ýylda Bährem ºa Hindistana iki sapar ýöriº edipdir.
Lahoryò we Multanyò golaýynda bolan söweºlerde gozgalaòçy häkimini
ýeòipdir.
Bährem ºa
ilkibada Gaznaly türkmenleriniò döwletini soltan Sanjara bagly ýagdaýda
dolandyrypdyr. Soòabaka ol Sanjara tabyn bolman, tölemäge söz beren
250 müò dinary tölemändir. Onuò halka ýaramaz çemeleºýändigini
eºiden soltan Sanjar ony jezalandyrmak üçin, 1135-nji ýylyò tomsunyò
ahyrynda Gazna ýöriº edipdir. Bährem ºa ondan gorkusyna Hindistana
gaçypdyr. ªol ýerden ýazan hatynda özüniò bagyºlanmagyny
sorapdyr. Soltan Sanjar onuò sözüne ynanyp, ony gaýtadan Gaznaly
tagtynda oturdypdyr.
Bährem ºanyò döwründe
gaznalylara tabyn bolan gurlar güýçlenipdir. 1148-nji ýylda Gur döwletindäki
tagt dawalaryndan gaçan Kutbeddin Muhammet Gazna gelipdir. Ol Bährem
ºanyò gyz doganynyò adamsy bolupdyr. Gazna tagtyny eýelemek islegi
onuò ölümine sebäp bolupdyr. Gurlular ar almak üçin Gaznany eýeläpdirler.
Emma Bährem ºa tiz wagtda paýtagtyny yzyna gaýdyp almagy baºarypdyr.
Çozuºyò sebäpkärleri jezalandyrylypdyr (seret.Seýfeddin
Sury). Ar almak hyjuwy hasam güýjän gurlular Alaeddin Söýüniò ýolbaºçylygynda
Gaznany ýakypdyrlar (ser.Alaeddin Söýün!). Bährem ºa 1152-nji ýylyò
tomsunda Gazna gaýtadan häkim bolupdyr. Gaznaly türkmenleriò döwletine
39 ýyl soltan bolan Bährem ºa 1157-nji ýylda aradan çykypdyr. Ýerine
ogly Hysrow ºa geçipdir.
BILGE HAN (216,
217) – Göktürkmen döwletiniò hökümdary (ýaºan ýyllary
683-734, hökümdarlygy 716-734). OL
Ilteriº Gutlug hanyò ogludyr. VI asyryò ahyrlarynda Göktürkmenleriò
döwletinde taýpa toparlarynyò arasynda häkimiýet ugrunda ýiti bäsleºikler
we oòºuksyzlyklar dowam edipdir. VII asyryò häkimiýet ugrundaky göreºleriò
netijesinde Göktürkmenleriò döwleti bütinleý gowºaýar. 604-nji
ýylda Gündogar Göktürkmen hem-de Günbatar Göktürkmen döwletlerine
bölünýär.
Gündogar Göktürkmenleriò
döwleti Bilge hanyò (716-734) döwründe gülläp ösüpdir. Mukaddes
Ruhnamada Göktürkmenleriò döwleti barada ºeýle bellenýär: «Iò
gowy döwürleri Bilge hanyò döwrüdir. Ol 33 ýaºynda Göktürkmen döwletiniò
beýik hany boldy. Döwlet oguz türkmen döwleti bolup ynançlary göktaòry
dinidir. Döwlet adyny ºol ýerden alypdyr, göktürkmenleriò manysy göge
ynanan oguz, türkmen manysyndadyr. Bilge han özüniò oguzdygyny mazar
daºyna ýazdyryp gidipdir: «Oguz ili meniò öz ilimdir». Goòºulary
Sasanylar, Rumustan hem Çyn-Maçyndy, gaty uly ýurda häkimdi» (216).
Bilge han
712-723-nji ýyllarda hytaýlylara garºy birnäçe ýöriºleri
gurapdyr. 727-nji ýylda Hytaý bilen Göktürkmenleriò arasynda ºertnama
baglaºylyp, ºol boýunça türkmenler Hytaýa at satmalydy. Hytaý
bolsa Bilge hana her ýylda
100 müò daòy ýüpek bermelidi.
Bilge han içeri
we daºary syýasatynda ylalaºykly, parahatçylyk söýüji bolupdyr.
Ol gyzyny türgeº hanyna
durmuºa çykaryp, özi bolsa onuò gyzyna öýlenipdir. Yagdaýyny
tapsa ähli meseleleri gepleºikler üsti bilen çozüpdir. Hytaýa garºy
727-nji ýylda urºa baºlan Tibet Bilge handan kömek bermegini haýyº
edip sorapdyr. Ýöne Bilge han Hytaý bilen kadaly gatnaºyklary ýola
goýandygyny aýdyp, urºa goºulmandyr. 723-nji ýyldan tä 741-nji ýyla
çenli tas ýigrimi ýyllap diýen ýaly parahatçylygyò saklanmagy
ilkinji nobatda Bilge hanyò hyzmatydyr. Uruºlar döwründe dargan
kowumdaºlaryny toplamagy baºarypdyr. Onuò mazar daºynyò ýazgylarynda
ýöne ýere «Az sanly halkymy köp etdim» diýen ýazgy ýazylmandyr.
Bilge han 734-nji ýylda ýakyn adamlarynyò biri tarapyndan zäherlenip
öldürilipdir.
BILGE HÖKÜMDAR
(141) – Gaznaly türkmenleriniò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk
ýyllary 966-972). Ol Gaznada türkmen döwletini esaslandyran Alp
teginiò ogludyr. Yshak Ybraýym (963-966) ýogalansoò, onuò ogly
bolmanlygy sebäpli, harby geòeº tejribeli serkerde Bilge tegini tagta
çykarypdyr. Bilge hökümdar 974-975-nji ýyllarda Hindistana eden ýöriºi
mahalynda Gerdiz galasynyò golaýyndaky söweºde wepat bolýar. Ýerine
Piri Tegin tagta geçýär.
Bilge
Kül Kadyr han (217) – Garahanly türkmenleriò döwletini
esaslandyryjy. Bu barada Mukaddes Ruhnamada ºeýle diýilýär: «Garahanly
türkmenleriò döwleti asly türkmen bolan Bilge Kül Kadyr han
tarapyndan 840-njy ýylda Türkmenistanda, Mawerannahrda binýat edildi.
Döwletiò ady Bilge Kül Kadyr hanyò Gara han adyny almagy bilen utgaºdy,
hökümdaryò ady Gara han, döwletiniò ady Garahanly boldy. Döwleti türkmenleriò
garlyklar, ýagmalar, jykylar taýpalarynyò birleºigi esaslandyrdy. Döwletiò
güýçlenmegine yslam dininiò tekge berendigi hakykatdyr» (217).
Gara sözi gadymy
türkmenlerde beýikligi we güýçlüligi aòladyp, Gara han sözi «Beýik,
baºtutan» diýmegi aòladypdyr. «Gara» sözi kuwwatlylyk
manysyny hem beripdir.
Beýik
Serdarymyzyò anyk belleýºi ýaly döwleti döredijiler ilkinji
nobatda garlyklar hasaplanýar. Iòlis alymy K.E. Boswort özüniò
“Musulman ºanesillikleri” atly iºinde
Garahanlylary ürç edip öwrenen, bu mesele boýunça has
ygtybarly alym hasaplanýan O.Prisak atly alymyò hem Garahanlylar döwletini
döredenlere garlyklaryò baºtutanlyk edendigini tassyklaýandygyny ýazýar.
Garlyklaryò türkmenlerdigi bolsa subutnama talap etmeýän hakykatdyr.
Yeri gelende ýatlasak Mahmyt Kaºgarly garlyklary türkmenler diýip
belläpdir. Ol ýagmalara «Gara ýagma» diýlendigini belleýär.
Garahanlar neberesine ylmy çeºmeleriò käbirlerinde «Ilekler döwleti»
hem diýlendigine gabat gelmek bolýar. «Il» sözi Watan, ülke
manysyny berýär. ªu ýerde bir zady anyklaºdyrmagy zerur hasaplaýarys.
Ol hem Garhanlylaryò hökümdarlaryna
döly garaºsyzsyzlyk gazanýançalar Ilek
diýlip, soòra bolsa Gara han diýlip atlandyrylan bolmagy mümkin.
Garahanly türkmenler özlerini Alp Är Töògäniò neslinden diýip
kabul edipdirler. Birinji Gara hanlar Fergananyò
golaýyndaky Uzgend ºäherini merkez edinýärler. Soòra
Samarkandy ýurduò merkezine öwürýärler.
Gündogarºynaslar
W.W. Bartoldyò, W. Minorskiniò F. Sümeriò tassyklaýºy ýaly, alymlaryò arasynda Garahanly türkmenleriò döwletini
guranlaryò arasynda ikinji derejeli orun tutany ýagmalardygy hakdaky
pikir agdyklyk edýär. Beýik
Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamada ýone ýere
döwleti dörediji halklaryò arasynda olaryò adyny garlyklardan soò
ikinji orunda getirmändir eken. Ýagmalar öz hökümdarlaryna öò hem
Bugra han diýipdirler. Täjik alymy B. Gafurow bugranyò – düýäniò
ýagmalaryò oòony bolandygyny belleýär. Döwleti gurmakda baºtutanlyk
eden garlyklaryò bolsa oòony
Ỷolbars bolupdyr. ªonuò üçin bolsa gerek, Garahanlylar döwletiniò
baºtutanlary köplenç Arslan diýip atlandyrylypdyrlar. Galyberse-de
Arslanlaryò Garahan (baº han) bolup, Bogralaryò hanlykda ikinji hökümdarlar
bolmagy garlyklaryò bu döwletde ýolbaºçylyk ornuny görkezýän goºmaça
delildigini-de aýtmalydyrys. (seret Bazar Arslan)
Ýagmalar uýgur
döwleti ýykylandan soò Kaºgar sebitlerine gelipdir. Soòra olar Il jülgesinde
ýaýrap, Balasaguny öz ellerine geçiripdirler. Mahmyt Kaºgarly XI
asyryò ikinji ýarymynda ýagmalaryò bir böleginiò Il derýasynyò
boýlarynda, beýleki böleginiò Taraz sebitlerinde ýaºaýandygyny
belläpdir.
Bilge Kül Kadyr
han Garahanly türkmenleriò döwletiniò ilkinji hökümdarydyr.
Mukaddes Ruhnamada nygtalyºy ýaly «Garahanly döwleti yslam dinini
kabul eden ilkinji türkmen döwleti bolmak bilen tapawutlanýar»
(218). Bilge Kül Kadyr hanyò Bazar Arslan han we Ogulçak Kadyr han diýen
iki ogly bolupdyr.
BÖRI (118,119)
– seret. Täjilmülk Böri
BUMYN HAN
(KAGAN) (216) – Göktürkmenler döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk
ýyllary 545-552). Häzirki Mongoliýanyò sähralarynda Hun taýpalarynyò
dowamaty turanlylar ady bilen belli bolan az sanly taýpa galypdyr. Olar
Hytaý çeºmelerinde Žuan-Žuan ady bilen belli bolupdyr. V asyrda
olar hytaýlylaryò agyr sütemine çydaman, Aºin hanyò baºtutanlygynda
bäº ýüz sany maºgala bolup Anbaý daglarynda gizlenipdirler. Olar
gysga wagtda berk düzgün-nyzamly goºuny döredipdirler.
545-nji ýylda günbatar
Hytaý imperatory diplomatik gatnaºyklary ýola goýmak üçin, asly türki
kowmundan bolan Any atly emeldary ilçi edip iberipdir. Ol imperatoryò
köºgünde jogapkärli wezipäni eýeläpdir. Imperator Göktürkmenleriò
göwnünden turar diýen niýet bilen ýörite oguz neberesinden bolan
garyndaºyny iberipdir.
Göktürkmenleriò
baºtutany Bumyn han ilçini gowy kabul edipdir. «Indi bize beýik döwletiò
ilçisi geldi, basym biziò döwletimizem güýçlener» diýip,
birek-biregi gutlapdyrlar. Bumyn han bu ýagdaýdan ýerlikli peýdalanyp,
Hytaýa ilçi iberipdir. Hytaýlylar bilen serhediò howpsuzlygyny ýola
goýup, Bumyn han garyndaº göçme taýpalaryò arasynda özüne
tarapdarlary gözläp tapypdyr. Ol haýal etmän, ýaºlardan düzülen
uly goºun düzüpdir. Goºun onluklara, ýüzlüklere, müòlüklere bölünipdir.
Bumyn hanyò döreden bu goºun gysga wagtda düzgün-nyzamly, gowy tälim
öwredilen köp müò adamly uly harby güýje öwrülipdir.
Bumyn han 551-nji
ýylda günbatar Hytaý imperiýasy bilen gepleºige baºlapdyr. ªol ýylyò
tomsunda hytaýly ºazada gyz Çanlä öýlenipdir. Türkmen taýpalarynyò
arasynda Bumyn hanyò abraýy artypdyr. Ony 551-nji ýylyò ahyrynda
Kagan, ýagny «Beýik han» diýlip atlandyryp baºlapdyrlar. 552-nji
ýylda Bumyn han Mongoliýa sährasyndaky ähli taýpalary boýun
egdiripdir. Göktürkmenler Merkezi Aziýanyò eýesi bolupdyrlar. Bumyn
hanyò raýatyna giren ahli halklar özlerine türkmen diýmegi hormat
hasaplapdyrlar. Bumyn özüne Ilhan adyny alypdyr. 552-nji ýylyò
ahyrynda Bumyn han öz ogullaryna güýçli ýaº döwleti miras
galdyryp aradan çykypdyr.
|