Ç

Mukaddes Ruhnamadaky taryhy ºahslar

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


ÇAGRY BEG (59, 112-113, 141, 156, 224, 225-227, 228, 235, 293, 303) – Beýik Seljuk-türkmen döwletiniò hökümdary (doglan ýyly nämälim – 1060 ý. ýogalýar).  Ol Seljuk begiò Mykaýyl atly oglyndan bolan agtygydyr. Hakyky ady Dawut bolup, «Çagry» onuò bürgüt atly tahallusydyr. Kakasy söweºde wepat bolan Çagry beg ýaºlygynda inisi Togrul bilen bilelikde atasynyò elinde terbiýelenipdir.

Seljuk beg aradan çykansoò neberäniò baºyna ýabgu derejesini alan Arslan han geçipdir. Bu döwürde takmynan 17-20 ýaºlarynda bolandygy çak edilýän Çagry we Togrul oguz döwlet däplerine laýyklykda özlerine tabyn bolan türkmenleriò begi bolupdyrlar. Garahanly hökümdarlary seljuk türkmenleriniò Mawerennahrda galmagyna razy bolmandyrlar. Hatda Garahanly hökümdary Bugra han Togrul begi ýesir hem alypdyr. Çagry beg goºun toplap, Togrul begi ýesirlikden halas etmegi baºarypdyr. Buharanyò hökümdary Aly Teginiò sygdyrmazlygy seljuklary täze ýurduò gözlegine çykmaga mejbur edipdir. Taryhçy Ibn’ül-Esiriò maglumatlaryndan çen tutsak, Çagry beg 1016-1021-nji ýyllar aralygynda ýanyna ýigitlerini alyp, Horasan, Reý, Häzirbegjan ýoly bilen Wan kölüniò sebitlerine çenli ýerlere barlag ýörüºlerini gurapdyr. Seljuklar otlagly-suwlagly bu ýerleriò özleri üçin amatly mekan bolup biljegine magat göz ýetiripdirler.

Arslan hanyò Mahmyt Gaznaly tarapyndan zyndana taºlanmagy (1025) netijesinde seljuklaryò Mawerennahrdaky durmuºy hasam agyrlaºypdyr. Aly Tegin Seljugyò ogly Ýusuby öldürdipdir. ªondan soò seljuklar Horasana göçmegi ymykly ýüregine düwüpdirler. Jeýhuny geçen seljuklaryò ilkinji baran ýeri Horezm bolupdyr. Özlerini penalan Gaznalylaryò tabynlygyndaky Harun b.Altyndaºyò dildüwºik netijesinde öldürilmegi (1035) sebäpli seljuklar Horezmi terk etmeli bolupdyrlar. 1035-nji ýylyò Magtymguly aýynda Musa Ýabgunyò, Çagry we Togrul begleriò baºtutanlygyndaky seljuklar Jeýhun derýasyndan geçip, Gaznaly soltany Mesutdan rugsat almazdan, Horasana aralaºypdyrlar. Merwe we Nusaýa tarap barýan seljuklara öò bu töwereklerde ýaºaýan baºtutansyz türkmenlerem goºulypdyr. Mukaddes Ruhnamada nygtalyºy ýaly, ilki seljuklaryò maksady Täk gala töweregine gelmek bolýar. Ony gowulyk bilen soltan Mesuda düºündirip hat ýazýarlar. Nusaý we Paraw welaýatynyò özlerine berilmegini haýyº edip, demirgazyk-günbatar tarapdan gaznalylaryò üstine hiç hili duºmanyò aýagyny sekdirmejegini aýdypdyrlar (226s.). Emma Mesut seljuklaryò haýyºyny kanagatlandyrman, gaýtam olaryò garºysyna goºun sürüpdir. 1035-nji ýylyò Oguz aýynyò 29-ynda Nusaýyò golaýynda bolan söweºde seljuklar ýeòiº gazanypdyr. Soltan Mesut, uzak wagta çeken gepleºiklerden soòra, Dehistany Çagry bege, Nusaýy Togrul bege, Parawy bolsa Musa ýabguwa bermäge razy bolupdyr. Bu seljuklaryò uly syýasy ýeòºidi. San taýdan barha artýan seljuklar öòki  ýerleriò özlerine darlyk edýändigini, Merw, Sarahs, Abywerd sebitleriniò hem özlerine berilmegini haýyº edipdirler. Seljuklar bu ýerleri urºup almagyò däl-de, onuò özlerine kanuny taýdan berkidilip berilmeginiò tarapdarydylar. Emma Mesut soltan türkmenler barada adalatsyz syýasat ýöredipdir. Ençeme sapar üstlerine goºun ýollapdyr. Çagry begiò ýolbaºçylygynda seljuklar Sarahsyò golaýynda bolan söweºde (1038) ýeòiº gazanypdyrlar.

Horasanyò Seljuklar tarapyndan zabt edilendigini eºiden soltan Mesut 300 söweº pili bilen ýaraglanan agyr goºuna baº bolup Balhdan Sarahsa tarap ýöriº edipdir. Bu wagt Çagry beg Owganystanyò demirgazyk etraplaryny (Talikan, Farýap) boýun egdirmek bilen meºgul eken. Togrul beg Niºapurdan, Musa Ýabgu bolsa Merwden dessine Sarahsa gelipdirler. Harby geòeºde olar bu ýerleri taºlap, Eýranyò Peý, Jybal, Gürgen ýaly günbatar etraplaryna çekilmegi teklip edipdirler. Emma Çagry begiò bu ýerden hiç ýere çekilmezlik, bir ýumruga güýç berip, gaznalylaryò merkini bermek baradaky teklibi kabul edilipdir. Talhab söweºinde (1039ý. Gorkut aýynyò 27-si) ýeòlen seljuklar gaznaly goºuny bilen gaça uruºlary alyp baryp, olary surnukdyrypdyr.

1040-njy ýylyò Magtymguly aýynyò 22-24-i aralygynda bolan Daòdanakan söweºinde seljuklar ajaýyp ýeòiº gazanmagy baºarypdyrlar. Bu ýeòiº olara ata ýurduny ömürlik gaýdyp beripdi (Mukaddes Ruhnama, 226s.). Söweºden soò, Maryda bolan uly türkmen gurultaýynda Beýik Seljuk-türkmen döwletiniò dörändigi yglan edilýär. Togrul beg soltan diýlip yglan edilip, oòa Niºapur berilýär. Çagry beg serkerde hökmünde bellenilýär. Ol Maryda oturyp, 1040-1060-njy ýyllar aralygynda döwletiò gündogar bölegini edara edipdir. Çagry beg ökde harby serkerde bolupdyr. Meºhur seljuk soltany Alp Arslan onuò oglydyr.

ÇINGIZ HAN (56, 131, 133, 150-151, 189, 224, 294) Mongol döwletini esaslandyryjy we onuò ilkinji hökümdary (1227 ý. ýogalýar). Hakyky ady  Temuçin. Doglan wagty barada birnäçe maglumatlar bar. Hytaýyò mongol hökümdarlygy döwründäki Ýuan neºilºalygynyò resmi taryhyna görä, 1162-nji ýylda doglupdyr.  Reºideddin Çingiz han baradaky ýazan saldamly iºinde onuò doglan güniniò, aýynyò, sagadynyò belli däldigini ýöne, ýylynyò 1155-nji ýyldygyny ýazýar. Çingiz hanyò 1227-nji ýylda 72 ýaºap ýogalandygyny görkezýär. Biz maglumatlary deòeºdirip görüp we onuò 51 ýaºynda (1206-njy ýylda) Çingiz han adyny alandygyny hasaba alyp, Reºideddiniò maglumatyny  ygtybarly hasapladyk.

Temuçin birnäçe taýpalaryò serdary bolan Ýesugeý batyryò maºgalasynda eneden dogulýar. Reºideddiniò kitabynda Ýesugeý batyr tatarlaryò hany Temuçiniò üstüne ýöriº gurap, ýeòip, yzyna keýpikök halda gelýärkä, yzynda oglunyò doglandygyny eºidip,oòa ºol ýeòiºiò hatyrasyna Temuçin adyny dakandygy, bu çagajygyò 13 ýaºynda  ýetim galandygy barada aýdylýar.

Temuçin kakasyndan miras galan nirun, kiýat we beýleki maýda taýpalaryò kethudasy bolup, goòºy taýpalaryò üstüne alamanlary gurap, has-da güýçlenipdir. Özüniò garºydaºlaryny ýeòmegi baºarypdyr. 1204-nji ýylda naýmanlaryò hany Kuçluk han Temuçinden ýeòlensoò gaçyp, Yrtyº derýasynyò boýlaryna gelipdir. 1205-nji ýylda merkitleriò baºtutany Togta han bilen birleºip, Temuçiniò garºysyna çyksa-da, ony ýeòip bilmändir.

1206-njy ýylda ähli mongol taýpalarynyò emeldarlarynyò gatnaºmagynda gurultaý bolupdyr. Onda Beýik han saýlamak meselesine seredipdirler. Garºydaºlaryny ýeòmegi baºaran Temuçin Çingiz han diýlip jar edilipdir. Mongol dilindäki «çingiz» sözüni  türkmen diline geçirsek «beýik, güýçli» diýen manyny berýär. ªundan soòra Temuçiniò ýörgünli ady Çingiz han bolýar. Çingiz hanyò baºtutanlygynda dagynyk mongol taýpalary bir döwlete birleºdirilýär. Gazaply, gujur-gaýratly we dogabitdi harby talantly Çingiz han özüniò ähli gujur-gaýratyny goòºy ýurtlary talamaklyga gönükdiripdir.

Häkimiýet baºyna geçip, Çingiz han sada, emma harby düzgünlere esaslanýan döwlet gurluºyny döredipdir. Çingiz han garamagyndaky ähli ilaty tümenlere, urug-taýpa toparlanyºyklaryna bölüpdir. ªolaryò bolsa her birini 10 müò esgerli tümenlere, müòlere, ýüzlere we onlara bölüpdir. Tümenler we müòler Çingiz hanyò kowum-garyndaºlaryna we mongol han-begleriniò wekillerine tabºyrylypdyr. Mongollaryò bir bölümden beýlekisine özbaºdak geçmäge haklary bolmandyr. Harby-guramaçylyk çäreleri düzgün-nyzamy we tertibi pugtalandyrypdyr.

Çingiz hanyò häkimýetiniò ähtibar daýanjy hemiºe onuò ýanynda bolan 10 müò sany saýlama we güýçli ýaraglandyrylan atly goºundan ybarat bolupdyr. Bu esgerleriò her biri tanymal adam bolupdyr we sada esgerleriò serkerdelerinden ýokary hasap edilipdir. ªunuò ýaly goºun söweºlere seýrek gatnaºypdyr. Mydama hanyò ýanynda bolupdyr.

Kernonda geçirilen gurultaýdan soòra Çingiz han Gara Hytaýy, ýagny Gündogar Türküstany, Altaýda ýaºaýan uýgurlary boýun egdiripdir. 1206-njy ýylda Tibeti eýeläpdir. 1211-nji ýyldan Çingiz hanyò demirgazyk Hytaýyò üstüne ýöriºleri baºlaýar. ªol ýylda onuò ªensi welaýatyny, 1213-nji ýylda ªanduny, 1215-nji ýylda demirgazyyk Hytaýyò paýtagty bolan Pekini basyp alypdyr.

Hytaýda ele salnan ýaraglar, senetçiler, ýarag ýasaýjylar Çingiz hana öz goºunyny ýarag bilen üpjün etmäge mümkinçilik beripdir. Bu bolsa sähralylara ozal görülmedik güýç beripdir.

Hytaýda özüniò gazanan üstünliklerini berkidip, Çingiz han Merkezi Aziýa ýöriºe taýýarlanypdyr. Merkezi Aziýanyò baýlyklary hakynda ol Mongoliýa kerwenler bilen gelen täjirlerden bilipdir.          Çingiz hanyò Köneürgenç türkmenleriniò döwleti bilen gatnaºyklary 1215-nji ýylda baºlanypdyr. 1218-nji ýylda özara ýiti garºylyk döräp, oòa Otrarda mongol kerweniniò talanmagy we mongol ilçileriniò öldürilmegi sebäp bolupdyr.

Bu wakany peýdalanyp, Çingiz han 1219-njy ýylda 150-200 müò atlydan ybarat ägirt uly goºun bilen Köneürgenç türkmenleriniò döwletiniò  üstüne ýöriºe baºlapdyr.

Mongollaryò Merkezi Aziýa ýöriºi 1219-1222-njy ýyllary öz içine alýar.          Çingiz han basyp alan ýerlerini ogullary Juçy, Çagataý, Ugedeý, Tuluý dagylaryò arasynda ulus hökmünde paýlapdyr. Mongollar basyp alan ýerlerinde Ilhanly, Altyn Orda ýaly döwletleri döredipdirler.

1226-njy ýylda Çingiz han Tangut döwletine garºy urºa baºlaýar. Çingiz han 1227-nji ýylda Tangut  topragynda aradan çykýar. 1229-njy ýylda bolan gurultaýda mongol imperiýasynyò baºyna onuò ogly Ugedeý (1229-1241) geçipdir.

Mukaddes Ruhnamada Çingiz hanyò ady onuò wagºyçylykly hereketleri bilen baglanyºyklylykda birnäçe ýerlerde agzalýar: «Çingiz hanyò wagºyýana çozuºyndan soò, türkmen ösüºler, özgeriºler çarhyny Gündogardan Günbatara tarap aýlady» (56s.). «Mahal-mahal agyr oýlara batyp, özümi dert-azara goýýaryn: «Wah, lagnat siòmiº Çingiz hanyò wagºy ordasy bolmadyk bolsa, taryhyò bu apaty pajarlap oturan ýüz müòlerçe ilatly Köneürgenjiò, Maru-ºahu-jahanyò, ªährislamyò, Abywerdiò, Amulyò, Zemmiò, Dehistanyò, ºäher-kentlerini boýnuna göwher monjuk ýaly düzüp oturan Oguzboýunyò (Uzboýuò) üstünden sowa geçen bolsa, müòlerçe kitaply kitaphanalar — «Ylym öýleri»  ýakylyp-ýandyrylmadyk bolsa, häzir Türkmenistan dünýäniò ykdysady, syýasy, medeni, ylmy mertebesini göterip barýan kuwwatly döwlet bolardy. Iskender Zülkarneýniò, Çingiz hanyò, Teýmir agsak we baºga-da birnäçe basybalyjylaryò ýowuz sütemlerine, gyrgynçylygyna, weýrançylygyna türkmen milleti döz gelmegi, Oguz han Türkmenden miras alan mukaddesliklerini, adyny, mertebesini, däp-dessuryny, medeni mirasyny ºu günki ºöhratly günlerimize ýetirmegi baºardy» (150-151s.).

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy «Utupdyr» diýen goºgusynda taryhda özünden soòra haraba galdyranlaryò hökümdarlaryò arasynda Çingiz hanyò adyny agzaýar:

Çingiz handan galan diòe haraba,  
Sanjar ýaly bina diken utupdyr.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Jepbarguly Hatamow, Jumamyrat Gurbangeldiýew, Orazgeldi Aºyrow)