E

Mukaddes Ruhnamadaky taryhy ºahslar

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


ELWENT (139) – Akgoýunly türkmenleriò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1499-1500). Elwent Uzyn Hasanyò Ýusup diýen oglundan bolan agtygydyr. Onuò dolandyran döwri Akgoýunly döwletini tagt ugrundaky dawalar gurºap, döwlet böleklere bölünipdir. Soltan Ýakubyò ogly Myrat ªirwanda, Muhammet Mürze Ýezdde, Elwent Mürze bolsa Harranda we Häzirbegjanda hökümdar bolupdyrlar. Muhammet Yspyhanda aradan çykansoò, döwleti Elwent we Myrat öz aralarynda paýlaºypdyrlar. Ylalaºyga görä, Amyd, Häzirbegjan, Harran Elwende, Kerman we Pars bolsa Myradyò eýeçiligine degiºli bolupdyr. Akgoýunly döwletindäki tagt dawalaryndan peýdalanan Ysmaýyl sefewi 1501-nji ýylda Nahçywanyò golaýynda Elwendi ýeòip, Töwrize giripdir. ªol ýerde tagta oturan Ysmaýyl ºa Sefewi 12 ymamyò adyna hutba okadyp, adyna pul zikgeledipdir. ªeýlelikde, Akgoýunly döwleti ýykylypdyr.

ENWERI (307-308, 322, 324) – Beýik Seljuk-türkmen soltany Sanjaryò köºgünde hemaýat görüp, döwet-galamyny iºleden ºahyrlaryò biri. Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamada Enweriniò adyny ençeme ýerde agzaýar. Onda Enweriniò külli seljuk türkmenleriniò, arap-ajamyò ajaýyp ºahyry bolandygy, pygamber hasaplanýan üç ºahyryò biri bolandygy, türkmeniò entek beýik ºahyr Enwerini az bilýändigi nygtalýar (322, 324 sah.).

Auhadeddin Aly Enweri Mänäniò golaýyndaky Bedene obasyndan bolupdyr. ªahyr Enweriniò soltan köºgünde hormatynyò uly bolandygy barada edebiýatçy alym Aºyrpur Meredow ºeýle ýazýar: «Enweriniò hormaty ºeýle bir derejä ýetipdir, hatda soltan Sanjar özüniò ºonça dabarasy bilen birnäçe gezek ºahyry görmäge pyýadalap, onuò öýüne barypdyr. Beýle hormat goýmaklyk olaryò poeziýa arkaly görkezen hyzmatlarynyò netijesidir».

Edebiýatçy ªähribossan Geldimämmedowa «Enweri» diýen makalasynda Enweriniò halk arasyndaky meºhurlygy barada ºeýle rowaýaty getirýär: «Bir gün Enweri Balh bazarynda aýlaò-çaýlaò edip ýörkä, bazaryò çetinde üýºüp duran jemendäni görüp, ºo tarapa ýöreýär. Görse, jemagatdan biri goºgy okaýar ekeni. Enweri okalýan goºgynyò özüniòkidigine göz ýetirenden soò:

– Dogan, okap duran goºgyò ºeýle ajaýyp ekeni, bu goºgy kimiòki? – diýip soraýar. Ol adam:

– Bu goºgy Enweriniòki, diýip jogap berende, ýene Enweri:

– Sen Enweri diýen ºahyry, heý tanaýarmyò? – diýip, soraýar. Onda ýaòky adam:

– Siziò aýdýanyòyz näme, Enweri meniò özüm ahyry – diýip, jogap berýär.

Enweri bu hadysa geò galmakdan ýaòa ýylgyrýar-da:

– Käteler sygyr ogrusy bar diýip eºiderdik, ýöne ºahyr ogrusynyò bardygyna ilkinji gezek gabat geldim – diýip, öz ýoluna gidiberipdir».

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy özüniò mukaddes Ruhnama kitabynda soltan Sanjaryò Enweri bilen gatnaºyklary barada ºeýle ýazýar: «Seljuk soltanlary zamanasynda türkmenleriò aga-ýana döwran sürüp ýaºan döwründe soltan Sanjar Enweriniò bir rubagysyny okap görüpdir-de, ony köºge çagyrypdyr.

Pelegiò gerdiºi, melgun dünýesi,
Azap berip köp çekdirdi külpeti.
Ýerden-gökden gelýän bela soraýar
«Niredekä Enweriniò külbesi?!»

Soltan Enweriniò rubagysyny okap bolýar-da:

– Eý, ºahyr, ähli bela-beterler diòe seniò öýüòi sorag-ideg edip, seniòkä gelýän bolsa, täleýiòden nalap oturman, oýlan. Meniò özümde bir günä bar bolaýmasyn diý. Sebäpsiz çöp baºy gymyldaýan däldir. ªol gymyldaýan çöp seniò bolºuòdan habarlydyr – diýipdir.

Enweri soltanyò näme diýmek isleýändigine – kül üstünde otursa-da, göwnüniò Kap dagyndadygyny, islegi bilen ýaºaýºynyò deò gelmeýändigini, oòºuksyzlygyny, bir ýerde uzak durmaýandygyny göz öòünde tutýandygyna düºünipdir». (307-308 sah.).

Mukaddes Ruhnamada ýagºyzadanyò Enwerä Hakyò buýrugy bilen enesiniò hem atasynyò didaryny görkezendigi barada tymsal getirilýär (322).

Enweri öz goºgularynda dünýäde baýlyga imrinip ýaºamaly däldigini, akyla-paýhasa gulluk etmelidigini nygtapdyr:

Dünýe maly gara ºaý, çünki aklyò guly men,
Paýhaslylar huzurymda gelendirler amana.

Enweri adamyò ruhubelent ýaºamalydygy barada:

Bilgin, on iki synasynda ynsan ruhy bolan kiºi,
Çekmäge razy bolmaz, ruhsuzlygyò ezýetin.

Enweri goºgularynda parany, berim-peºgeºi ýazgarypdyr, adamyò puluò öòünde mertebesini saklamalydygyny ýazypdyr:

Berlen zatdan ýüz öwren, gör, nähili bagtly,
Alasy gelýän kiºiden haýyr gözlemek çetin.

ªonuò üçin berimde näçe belentlik bolsa,
Almazlykda hem ºonça belentlik bar ahbetin.

ERKIL HOJA (102, 103, 104) – türkmenleriò nesilbaºysy Oguz hanyò weziri. Ol Gün hanyò geòeºdary we iº dolandyryjysy bolýar. Oguz han türkmen ýogalandan soòra onuò wesýetine laýyklykda Gün han tagta çykýar. Erkil Hoja Gün hanyò ýanynda iºleýär. Erkil hojanyò tertip-düzgünnamasynda toý-baýramçylyklarda, nahar iýlende olar dawalaºmaz ýaly her ºahanyò paýyna etiò haýsy böleginiò degiºlidigine takyk kesgitleýär.

Taryhy çeºmelerde Erkil hojanyò adynyò Yrgyl Hoja diýlip getirilýän ýerlerem bar. Yrgyl sözüniò manysy «özüne tartmak» we hoja manysy  «ýaºuly, baº, akyldar» (ulug) diýmekdir. Ol hyzmatyò hakyny ödejek bolup, Oguzyò ogullaryna örän wepaly we mähirli bolupdyr.

EÝRAN ªA  (114) – Seljuk türkmenleriniò Kermandaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1097-1101). Ol Beýik Seljuk-türkmen soltany Çagry begiò çowlugydyr, Gurt Gara Arslanyò agtygydyr, Turan ºanyò ogludyr. Turan ºanyò ölüminden soò onuò ogly Eýranºa Kermandaky Seljuk tagtyna oturypdyr. Beýik Seljuk-türkmen soltany Berkýaryk bolsa emir Ineri gaýtadan Parsyò häkimi edip belläpdir. Bu arada Parsda öz täsrini artdyran ªebankare emirleri emir Ineri bu ýerden kowmak üçin Eýran ºadan ýardam isläpdirler. Eýran ºa Parsy gaýtadan Kerman seljuklaryna tabyn etmegi baºarypdyr.

Töweregindäki käbir adamlaryò täsiri bilen sünnüleriò ters  ýol hasaplaýan batini  akymyna giren Eýran ºa halka zulum edip baºlapdyr, birnäçe kazylary hem-de alymlary öldürdipdir. Döwlet adamlarynyò arasynda oòa bolan ýigrenç barha artypdyr. Onuò juma namazynda juma metjidinde dini ulamalaryò öòe saýlanýan adamlaryny öldürmekçi bolýandygy halka aýan bolupdyr. Onuò bu pikiri baºa baraýsa, dini ýolbaºçysyz galan  halk aòsatlyk bilen batini mezhebine girjekdi. Onuò öòüni almak üçin ªeýh’ül yslam we beýleki kazylar dinden ýüz öwürmekde aýyplap, Eýran ºanyò tagtdan mahrum edilýändigine karar berdiler. Halk aýaga galyp, hökümdary öz köºgünde gabapdyr. Ol özüniò bagyºlanmagyny hernäçe ýalbaryp haýyº etse-de, halk onuò günäsini geçmändir. Berdesirden Germsire gaçan Eýran ºany tutup, 1101-nji ýylda  kellesini alypdyrlar.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Jepbarguly Hatamow, Jumamyrat Gurbangeldiýew, Orazgeldi Aºyrow)