|
Fahreddin Gara Arslan
(124) – Artykly türkmenleriò Kaýfdaky ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk
ýyllary 1148-1174). Ol Rukneddin Dawudyò ogludyr. Gara Arslanyò döwründe
Artykly türkmenleriò döwleti atabeg Zeòòiniò howpy astynda bolupdyr.
Zeòòi aradan çykansoò (1150) Gara Arslan Gerger we Harput sebitlerini
ele geçirmegi baºarypdyr. Zeòòiniò ogly Nureddin Mahmyt bilen bilelikde
Gara Arslan II haçly ýöriºinde Siriýa gelen frank haçparazlaryna garºy
göreºipdir. Gara Arslan aradan çykansoò ogly Nureddin Muhammet Artykly
türkmenleriò döwletiniò Kaýfdaky ºahasynyò baºyna geçipdir.
Farruhzat JelaladdÖwle
(142) – Gaznaly türkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary
1053-1059). Soltan Masut I-niò ogly. Farruhzadyò döwründe seljuk
türkmenleri Gaznalylary özüne tabyn etmäge synanyºypdyrlar. Emma Çagry
begiò goºuny Bustyò golaýyndaky ýeòliºden soòra yzyna dolanmaly
bolupdyr. Farruhzat häkimligini berkidenden soò, Horasany gaznalylardan
yzyna almaga synanyºypdyr. Bu maksat bilen Toharystanda ýaºaýan
sejuklaryò garºysyna goºun ýollapdyr. Emir Nuredddin Gülsarynyò
serkerdeligindäki seljuk goºyny olary garºylapdyr. Iki tarapyò arasydaky
söweºiò netijesinde seljuklar ýeòlip, köp esgerleri ýesir düºüpdir. Bu
ýeòiºden soò ºazada Alp Arslan kakasy Çagry begden Gaznalylaryò
garºysyna ýöriºe rugsat bermegini sorapdyr. Oòaýly jogap alansoò, Alp
Arslan gaznaly goºynyny agyr ýeòliºe sezewar edipdir (1053). Iki tarapyò
aralygyndaky ylalaºyga görä, taraplar öz aralarynda ýesirlerini
alyº-çalyº edipdirler.
Soltan Farruhzat 1059-njy ýylyò
Gurbansoltan aýynyò 14-nde 34 ýaºynda keselläp, aradan çykypdyr. Ýerine
dogany Ybraýym geçipdir.
FATYH SOLTAN MEHMET
(137, 240) – Osman-Türkmen döwletiniò ýedinji soltany (ýaºan ýyllary
1430-1481). Hakyky ady Mämmet (Muhammet). Çeºmelerde oòa Mämmet II
diýilýär. Mämmet II-niò birinji soltanlygy 1444-1446, ikinji soltanlygy
1451-1481-nji ýyllara gabat gelýär. Mämmet II-niò ikinji soltanlygy
Osman-Türkmen döwletiniò ýokary göterilip baºlan döwri hasaplanýar. Onuò
Osmanly döwletiniò taryhyndaky iò uly hyzmaty Konstantinopoly (Ystambul)
wizantiýalylaryò elinden almagydyr. Mämmet II ähli söweº taýýarlyklaryny
tamamlap, 1452-nji ýylyò Oguz aýynda Wizantiýa imperatory Konstantin
Paleolog XI-den ºäheriò berilmegini talap edip, oòa garºy uruº yglan
edipdir. Konstontinopolyò 1453-njy ýylyò Gurbansoltan aýynyò 6-synda
baºlanan gabawy 53 gün dowam edipdir.
Ähli söweº taýýarlyklaryny tamamlan
Fatyh soltan 1453-nji ýylyò Nowruz aýynyò 3-nde Edirneden
Konstantinopola tarap hereket edipdir. Ol Dardanel (Çanakgala)
bogazyndan geçen Anadoly kuwwatlaryny jemläp, Gurbansoltan aýynyò
6-synda ºäheri gabamaga giriºýär. Osmanly kuwwatlary Halyç aýlagjygynyò
golaýyndaky Eýwansaraý diýen Ýyldyzly gapy diýen ýere çenli ºäheri gury
ýerden gabapdyrlar. Osmanly deòiz kuwwatlary Mermer deòzi tarapdan
gabawyò halkasyny berkidipdirler. ªäheriò gury ýer böleginiò gala
diwarlary iki gat, deòiz tarapy bolsa bir gat diwarlardan ybarat
bolupdyr. ªäheriò Halyç aýlagjygy bölegindäki diwarlary gowºakdy. Bu
aýlaga Osmanly gämileriò girmeginiò öòüni almak üçin Sirkejiden Galata
çenli aralyk zynjyrlar bilen berkidilipdir.
Osmanlylaryò Gurbansoltan aýynyò
18-ndäki birinji hüjümi ºowsuz tamamlanypdyr. Toplardan atylan oklar
netijesinde gala diwarlary deºilse-de, galanyò içine girmek synanyºygy
baºa barmandyr. Deòiz güýçlerine Halyçe girmek baºartmandyr. Mermer
deòziniò kenaryndaky Ýaºylköý diýen ýerde bolan deòzi söweºinde Osmanly
gämileri yza çekilipdir. Bu ºowsuzlyklardan soò Fatyh Mämmet harby geòeº
çagyrypdyr. Geòeºde Halyç aýlagynda jemlenen wenesiýa deòiz güýçlerini
ýeòmek üçin hökmany suratda bu aýlaga girmek bellenipdir. Halyça girelge
zynjyrlar bilen baglanansoò oòa diòe gury ýerden öwrülip girip boljakdy.
Munuò üçin agaçlardan ýörite sallar ýasalypdyr. Genuýalylardan alnan
zeýtun we beýleki ýaglar bilen oòat ýaglanan ºol sallaryò üstüne
mündürülen 60-dan gowrak gämi bir gijäniò içinde (Gurbansoltan aýynyò
21-nden 22-ne geçilen gije) Tophanadan Kasympaºa çenli dört ýarym km.
aralyga süýrelip, Halyç aýlagynda suwa goýberilipdir. Wizantiýalylaryò
birnäçe gämisi suwa gark edilipdir. Magtymguly aýynyò 6-syndaky,
12-sindäki hüjümleriò netijesinde Osmanlylar ºaheriò gabawyny hasam
daraldypdyrlar.
Fatyh soltan Mämmet umumy hüjüme
baºlamazynyò öò ýanynda imperatora ýene-de boýun egmek barada ilçi
ýollapdyr. Emma teklibi ret edilensoò Magtymguly aýynyò 27-sinden baºlap
üç günüò dowamynda galany top okuna tutdurypdyr. ªol aýyò 29-na geçilen
gije baºlanan esasy hüjümiò netijesinde ºäheriò Edirnegapysy we Topgapy
aralygynda deºilen gädikden osmanly goºunlary ºäheriò merkezine hüjüm
edipdirler. Içerki gala diwarlary hem eýelenipdir. ªeýlelikde, 1453-nji
ýylyò Magtymguly aýynyò 29-nda hepdäniò ýaº güni Konstontinopol
türkmenleriò eline geçipdir. Bu ýeòiº üçin soltan Mämmet II-ä
«Konistontinopolyò ýeòijisi» diýlen at berlipdir. Fatyh Mämmet ilkibada
Aýasofýa (Sofiýa) ybadathanasynda namaz kylypdyr. Ony hiç bir ýerine
zeper ýetirmezden, musulman metjidine öwürmegi buýrupdyr. Konstantinopol
ady türkmençä ýakynlaºdyrylyp, Ystambul diýlip atlandyrylypdyr hem-de
Osman-Türkmen döwletiniò paýtagtyna öwrülipdir. Oguz aýynyò 1-nde
Aýasofýada köpçülikleýin juma namazyndan soò, Fatyh soltan Mämmet
ºäheriò ähli hristiýan halkyna ýüzlenip, olaryò dini ynanjynyò
hormatlanjakdygyny, janyna, emlägine hiç kimiò el gatmajakdygyny, gaçan
adamlaryò yzyna dolanyp gelip, öòki öýlerinde ýaºap biljekdiklerini
aýdypdyr. Esgerleriniò ºäheriò köçelerinde ýaragly gezmegini gadagan
edipdir. 1453-1475-nji ýyllar aralygynda Gündogara we Günbatara guran
saparlarynyò netijesinde täze paýtagta müòlerçe adamy göçürip getirip,
onuò ilatynyò sanyny artdyrypdyr.
1454-1456-nji ýyllarda Fatyh
Mämmediò hut öz baºtutanlygynda Serbiýa üç sapar ýöriº guralýar. Emma bu
ýöriºlerinde ol Belgrady alyp bilmändir. Mahmyt Paºanyò
baºtutanlygyndaky soòraky ýöriºleriò netijesinde Semendre alnyp, Serbiýa
Osmanly topraklaryna goºulypdyr. 1458-1459-njy ýyllarda Morawiýa guralan
ýöriºlerden soò Afiny we beýleki ºäherler, Albaniýa Osman-Türkmen
döwletiniò eline geçipdir. Fatyh Mämmet Walahiýa (1462), Bosniýa (1463),
Albaniýa (1466, 1467), Gresiýa (1470), Moldawiýa (1476), Gersogowina
(1480) harby ýöriºleriniò köpüsinde üstinlik gazanyp, döwletiniò
çäklerini giòeldipdir. Wenesiýalylardan Midilli, Egriboz adalaryny
alypdyr. Kastamonuny, Sinopy eýeläp (1461) Jandarogullary, Konýany
eýeläp (1466) Garamanogullary türkmen begliklerini tabyn edipdir.
Fatyh soltan Mämmet Gündogar
Anadoluda häkim bolan Akgoýunly türkmenleriò täsirini gowºatmak üçin
Gündogar ýöriºlerine çykypdyr. Otlukbili söweºinde (1773 ý. Alp Arslan
aýynyò 11-i) Uzyn Hasan beg Osman soltany Fatyh Mämmetden ýeòlipdir.
Fatyh Mämmet 1481-nji ýylyò Magtymguly aýynyò 3-nde Gündogar ýöriºine
çykan mahaly, keselläp, 51 ýaºynda aradan çykypdyr. Otuz ýyllyk
soltanlyk döwründe Wizantiýa imperiýasyny, dört korollygy, alty
ºazadalygy ýykan Fatyh soltan Mämmediò ölümini wenesiýaly ilçileriò biri
«Beýik bürgüt öldi» diýip öz döwletine habar beripdir. Rimde bu habar
eºdilen badyna uly baýramçylyk dabaralary geçirilipdir. Papanyò buýrugy
bilen Ýewropanyò ähli ybadathanalarynda ºükranalyk ybadatlary edilipdir.
Eger Osman beg döwleti beglik
hökmünde esaslandyran bolsa, Fatyh soltan Mämmet Osman-Türkmen
imperiýasynyò gurujusy hasaplanýar. Fatyh soltan täze paýtagt Ystambulda
uly gurluºyklary alyp barypdyr. Ol Topgapy köºgüni, ençeme
metjit-medreseleri, bazarlary, ºypahanalary, hammamlary gurdurypdyr.
Ýewropa medeniýetine uly hormat goýan Fatyh soltan Mämmedi taryhçy
Mihaýyl Kristowulos «grek medeniýetiniò goraýjysy we dosty»
atlandyrypdyr.
Fatyh soltan Mämmet Osman-Türkmen
döwletiniò ilkinji kanunlar ýygyndysyny düzdüripdir. ªygyrlar diwany
çykan ilkinji Osmanly soltany Fatyh Mämmetdir. Italýan awtory Zorzo
Dolfin Fatyh Mämmediò günde bir kitap okandygyny, Rim taryhyny, grek
taryhçysy Gerodotyò iºlerini okadyp, diòländigini ýazypdyr. ªahyrlara,
alymlara ýakyndan hemaýatkärlik edipdir.
Fatyh soltan Mämmediò Gülbahar,
Gülºah, Sitti, Çiçek, Akide, Tamara, Esmihan, Iren, Ýelena, Anna, Mariýa
hatyn atly aýallary bolupdyr. Mustapa, Baýezit II, Jem soltan atly
ogullary bolupdyr. Göwherhan atly gyzy Akgoýunly türkmenleriò hökümdary
Uzyn Hasanyò ogly Ugurly Mämmet Mürzä durmuºa çykypdyr.
Fath aly
(145) – gajar
türkmenleriniò ikinji ºasy (hökümdarlyk ýyllary 1797-1834).
1797-nji ýylda gajar türkmenleriniò döwletini esaslandyran Agamuhammet
ºa öldürilenden soòra tagta geçen Fath Aly ºa tä 1801-nji ýyla çenli
tagta dawa edýän beýleki dawagärler bilen häkimiýet ugrunda göreº alyp
barmaly bolýar. Esasy garºydaºlary bolan Horasanyò hökümdary Nedir
Mürzäni, Kazwin töwereklerine eýelik edýän Sadyk han ªekakini
çetleºdirenden soòra ol ºa tagtynda ymykly ornaºypdyr. Fath Aly ºanyò
döwründe Eýranyò içeri syýasatynda-da, daºary syýasatynda-da
ºowsuzlyklar az bolmandyr. Ýurtda ýerli hökümdarlaryò garºylygy
güýçlenipdir. Ol köplenç goºun ulanyp, gozgalaòlary basyp ýatyrmaly
bolupdyr.
Fath Aly ºanyò dolandyran döwrüniò
birinji onýyllygynda baº wezir Hajy Ybraýymyò täsiri uly bolup, ºa ºonuò
bilen maslahatlaºman hiç-hili karar kabul etmändir. Emma Hajy Ybraýymyò
abraýynyò barha artmagyndan çekinip, Fath Aly ºa 1808-nji ýylda ony
hazynany talamakda aýyplap tussag edipdir.
1801-nji ýylda Fath Aly ºa Angliýa
bilen ºertnama baglaºyp, fransuzlary ýurdundan çykarýar. Fath Aly ºanyò
tagta geçen wagty Napoleonçylyk uruºlarynyò döwrüne gabat gelipdi.
Angliýa Eýrandan fransuz täsirini ýok etmek we ýurduò iòlis täsirine
düºmegi üçin bu ºertnamany baglaºypdy. Fath Aly ºa Russiýanyò Kawkaza
aralaºmagy sebäpli dörän dawada Angliýadan çaky çykmansoò Fransiýa bilen
ýakynlaºýar. Emma ýewropalylar öz bähbitlerini arap, Eýrana kömek
bermäge söz berýändigi düºnüklidir.
XIX asyryò baºlarynda Pussiýa
Eýranyò Kawkazdaky eýeçiliklerini eýeleýär. Fath Aly ºanyò döwründe
Eýran iki gezek Russiýa bilen Kawkaz ýerleriniò üstünde uruº alyp
barmaly bolýar. Olaryò birinjisi Genje hanlygynyò üstünde 1804-1813-nji
ýyllarda bolup, ol 1813-nji ýyldaky Gülüstan ºertnamasy bilen
tamamlanýar. Ikinjisi 1826-1828-nji ýyllarda bolup, Türkmençaý ýaraºyk
ºertnamasy bilen gutarýar. Iki uruºda hem Eýran ýeòilýär. Fath Aly ºanyò
daºary syýasatyndaky ýene-de bir waka 1821-1823-nji ýyllarda
Osman-Ttürkmen döwleti bilen alyp baran urºudyr. Bu uruºda Eýran
goºunlary üstünlikli hereket edip, birnäçe ýerleri basyp alsalar-da Fath
Aly ºa urºy togtadyp, 1823-nji ýylda ýurt üçin hiç-hili bähbit araman,
garºydaºy bilen ºertnama baglaºýar. Onuò sebäbini Fath Aly ºanyò Russiýa
garºy täze urºa taýýarlanýandygy we ºol sebäpli Osman-Türkmen döwleti
bilen garºylyklary ýitileºdirmek islemändigi bilen düºündirmek mümkin.
1833-nji ýylda Fath Aly ºanyò uly
ogly mirasdüºer Abbas Mürze ýogalýar. 1834-nji ýylda Fath Aly ºanyò özi
hem aradan çykýar.
Fizuly
(175) – Muhammet Süleýman ogly orta
asyr nusgawy edebiýatyò görnükli wekili. Ol 1494-nji ýylda Yrakda
Kerbela ºäherinde eneden dogulýar. 1556-nji ýylda ºol ýerde aradan
çykýar. Fizuly öz döreden eserlerini türkmen, pars we arap dillerinde
ýazypdyr. Mollaçylyk edip, çagalara sowat öwredipdir. Il içinde
keramatly ýerleriò sakçysy hökmünde-de tanalypdyr. Ömrüniò köp bölegini
Bagdatda geçiripdir. Fizulynyò döredijiliginiò köp bölegi liriki gazal,
kasyda görnüºinde bolupdyr. Onuò 16 sany uly eseri biziò günlerimize
gelip ýetipdir. ªygyrlarynyò esasy ugry adamyò ruhy dünýäsi bilen berk
baglanyºykly bolupdyr. Fizuly ºygyrlarynyò üsti bilen dünýäni tanamak,
dünýäniò gözelligine guwanmak, ejir çekmek we gamgynlyk, söýgi ýaly ruhy
ahwalatlaryò üstünde kelle döwüpdir. Fizuly adamlaryò söýgä bolan
garaýºyny wasp edipdir, onuò gazallary özüniò täze, özboluºly ugry-ýoly
bilen tapawutlanypdyr, olar mazmuny boýunça halk köpçüligine has ýakyn
bolup, özüne çekipdir. Fizulynyò döredijiliginde esasy orunlaryò birini
eýeleýän «ªikaýatnama» eseridir. Ol eserde döwlet diwanynyò zähmetkeº
halk bilen gatnaºyklaryny açyp görkezipdir.
Fizulynyò liriki poeziýasynda
«Leýli-Mežnun» iò esasy orny eýeleýär. Fizuly özüniò «Leýli-Mežnun»
poemasynda hakyky ynsan söýgüsini açyp görkezmegi baºarypdyr. Fizulynyò
poeziýasynda «Gaºiº we çakyr», «Ynamyò çägi», «Miweleò jedeli»,
«Terkidünýä we gezegen» ýaly eserleri uly ussatlyk bilen döredilipdir.
Fizulynyò poeziýasy Aziýanyò
nusgawy edebiýatynyò ösmegine uly täsir edýär.
|