G

Mukaddes Ruhnamadaky taryhy ºahslar

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


GARA ARSLAN GURT (114, 228) – Seljuk türkmenleriniò Kermandaky döwletini esaslandyryjy. Gurt Dawut Çagry begiò (990-1060 ý.) iò uly ogludyr, Mykaýylyò agtygydyr. Gurt adyndan baºga-da ol «Gara Arslan» we «Ahmet» diýen atlary hem göteripdir. Zikgeleden teòòelerinde onuò ady «el-Mälik el-Adyl Gara Arslan» görnüºinde agzalypdyr.

Daòdanakan söweºinden (1040) soòra seljuklar Maryda uly gurultaý çagyrypdyrlar hem-de tabyn eden ýerlerini neberäniò agzalarynyò arasynda paýlapdyrlar. ªu paýlaºylykda Eýranyò Tebes we Kerman welaýatlary Gurda berilipdir. Gara Arslan Gurt 1048-nji ýylda Demigazyk Kermany özüne tabyn edip, Kerman seljuklarynyò döwletini esaslandyrylypdyr.

Gurt hökümdarlyk tagtyna oturan gününden baºlap bu ýeriò halky bilen görüºip, olaryò hal-ýagdaýyny öwrenipdir. Ol her welaýatyò ýolbaºçylaryna adalat ýolundan ýöremegi emr edipdir. Onuò döwründe Kermana türkmenler köpçülikleýin göçüp gelip ugrapdyrlar. Onuò häkim bolan Serdsir etraby bolsa onça ilaty ekläp-saklap biljek däldi. Gara Arslan Gurt Dawut Kufs diýlen bir dagly kowumyò elinden Kermanyò köp Garmsir welaýatyny hem alypdyr. ªeylelikde, 1050-nji ýylyò ahyrynda 1051-nji ýylyò baºynda seljuklar tutuº Kermana hökümdar bolupdyrlar.

Gara Arslan Gurt seljuk türkmenleriniò taryhynda ilkinji sapar deòiz ýöriºini amala aºyran soltandyr. Ol Omany boýun egdirip, onuò halkyna-da öz adyl sýýasaty bilen özüni söydürmegi baºarypdyr. Öz adyna hutba okadandan, zikge kakdyrandan soò, ýerli halkdan emeldarlary belläp, özi Kermana dolanypdyr.

Oman saparyndan soò Gurt Kermanyò günbatarynda ýerleºen, goòºy welaýat bolan Parsa tarap ýönelipdir. Parsyò merkezi ªirazy eýeläp, bu ýerde hem seljuklaryò häkimligini berkarar edipdir (1062). Gurt Seýistan ülkesini ele geçirmegi Emirhanºa atly ogluna tabºyrypdyr. Ol seýistanlylar bilen alty ýyllap uruºsa-da, olary tabyn edip bilmändir.

1063-nji ýylda Parsyò öòki häkimi Fazluýe güýç toplap ªiraza tarap hüjüm edipdir. Söweºde Gurt ýeòýär we Fazluýäniò goºunyna goºulanlaryò hemmesini jezalandyrypdyr.

Gara Arslan Gurt Togrul beg aradan çykansoò Beýik Seljuk-türkmen döwletinde yüze çykan tagt dawalaryna goºulupdyr. Hat-da ol kakasynyò inisiniò tagtyny eýelemek üçin Yspyhana çenli gelipdirem. Emma ol Alp Arslanyò soltan bolanyny bilensoò, Kermana çekilipdir. Onuò soltanlygyny kabul edip, ilki onuò adyna, soòra öz adyna hutba okadypdyr.

Alp Arslan Gurtdan çekinip, oòa garºy onuò köne duºmany Parsyò häkimi Fazluýäni küºgüripdir. Alp Arslan oòa ýardamçy kuwwatlar berip, Parsa ugrapdyr. 1065-nji ýylyò baºynda ªiraza gelen Alp Arslan Parsy Fazluýä gaýtaryp berensoò, yzyna dolanypdyr. Gurt bolsa Alp Arslanyò edenine boýun bolup, Parsy terk edip, Kermana gidipdir.

Gurt özüniò weziriniò maslahat bermegi bilen soltana garºy gozgalaò turzupdyr. Alp Arslan 1067-nji ýylda Kermana ýöriº edip, gozgalaòy basyp yatyrypdyr. Alp Arslana tabyndygyny bildirip ilçi ýollan Gurt özüniò bagyºlanmagyny sorapdyr. Soltan onuò günäsini geçip, Kermany täzeden Gurda beripdir.

Emma Gurt iki ýyldan soò, köne duºmany Fazluýe bilen birleºip, ýene-de Alp Arslana garºy gozgalaò turzupdyr. Alp Arslan Fazluýäni ýesir alsa-da onuò günäsini geçipdir, Gurdy hem bagyºlapdyr.

Alp Arslan ölmeziniò öò ýanyndaky eden wesýetinde Gurda Kermany we Parsy berýändigini aýdypdyr. Ol Gurduò ªirazda oturmagyny hem-de golastyndaky ülkeler bilen Soltan Mälik ºanyò gözegçiliginde bolmagyny wesýet edipdir.

Gurt heniz 18 ýaºynda tagta geçen Mälik ºany äsgermän, Beýik Seljuk-türkmen döwletiniò tagtyny özi eýelemek isleýär. Öz maksadyna ýetmek üçin ol Reý bilen Hemedanyò aralygynda ýaºaýan türkmenleriò kömegine bil baglapdyr. Emma onuò bu pikirinden habarly bolan Mälik ºa we wezir Nyzamylmülk ondan öòürdip, Reý ºäherine giripdirler. ªäheriò hazynasyndan bol mukdarda pul, egin-eºik we ýarag alyp, türkmenleriò arasyna gidipdirler. Bu zatlary türkmenlere paýlan Mälik ºa olaryò Gurdy goldamagynynyò öòüni alypdyr.

1073-nji ýylyò Gurbansoltan aýynyò 15-nde Hemedanyò golaýyndaky Kerek sebitinde Mälik ºa bilen Gara Arslan Gurduò arasynda söweº bolupdyr. Esgerleriniò darganyny görensoò, Gurda Hemedan daglaryna gaçmakdan baºga alaç galmandyr. Mälik ºanyò Demirel atly bir emiri Gurdy tutup, soltanyò huzuryna getiripdir. Ondan gowulygyò çykmajagyny aòan soltan birnäçe wagt tussaglykda saklansoò, Gurdy öldürmek barada buýruk beripdir.

Gara Arslan Gurduò Soltanºa Emirhanºa, Kermanºa, Turanºa, Merdan ºa, Omar Hüseýin, Nuh we Dawut atly ogullary bolupdyr. Emirhanºa kakasy bilen birlikde Mälik ºa garºy söweºe gatnaºyp, wepat bolupdyr. Kakasy ölensoò Kermanºa onuò ýerine hökümdar bolupdyr.

GARA ARSLAN MUZAFFAR (124) – Artykly türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1260-1292). Nureddin Gazy I Seýidiò ogly. Gara Arslan Muzaffar mongolaryò Ilhanly döwletine tabyn bolmaga mejbur bolupdyr. Ol mongollaryò Mosula (1260), Siriýa (1281) ýöriºlerine hem gatnaºypdyr. Otuz ýyldan gowrak Artykly türkmenleriò döwletine ýolbaºçylyk eden Gara Arslan Muzaffaryò ýerine ogly ªemseddin Dawut geçipdir.

GARA HAN (I) (211) – Türkmenleriò nesilbaºy Oguz hanyò kakasy. «Nesil beýany, ºejeresi Nuh pygamberden gelip, kakasyna Gara han diýlipdir. Oguz han Türkmen öz ºejere beýanyny bize miras goýup gidipdir» (Mukaddes Ruhnama, 211). Mukaddes Ruhnamada ºahsyýet hökmünde ir kemala gelen Oguz hanyò kakasy bilen gapma-garºylyga girendigi, onuò kakasynyò dini ynanjyndan ýüz öwrüp, täze bir ynanja gol ýapandygy aýdylýar. Oguz han ýekehudaýlylyk ynanjynyò, kakasy bolsa köphudaýlylyk ynanjynyò tarapynda bolupdyr (161).

GARA HAN (II) (217) –Seret: Bilge Kül Kadyr han.

GARAJAOGLAN (189, 198) – XVII asyr türkmen edebiýatynyò beýik nusgawy ºahyry. Çaklamalara görä, ol Dehistanda doglupdyr. Türkmen topragynda önüp-ösüp, ýigitlik ýaºyna ýetende, ykbalyò emri bilen il-gününi taºlap, uzak ülkelere çykyp gitmäge mejbur bolupdyr.

Garajaoglan galan ömrüni Türkiýede geçirýär. ªonuò ýaly-da ol Kawkazda, Balkan ýurtlarynda-da bolýar. ªahyr ol ýerleri obama-oba aýlanyp, ºahandazlyk edip, saz çalypdyr, aýdym aýdypdyr.

Garajaoglany türkmenlerem, türklerem, eý görýärler, özüniòki hasaplaýarlar.

Ömür boýy öz djgduk iline dolanyp gelip bilmedik hem bolsa, bütewi görnüºde bolmasa-da, Garajaoglanyò edebi mirasynyò belli bir bölegi dürli ýollar bilen Türkmenistandaky okyjylara gelip gowºupdyr. Onuò «Gyrmyzy», «Gara dälmidir?», «Gül ynjamasyn», «Diýsem öldürerler, diýmesem ölem» ýaly ençeme goºgulary halk dessanlaryna siòip gidipdir. ªahyryò özi hem söýgülisi barada çaklaòja dessan döredipdir.

Garajaoglanyò bütin ºygyrlaryny neºire taýýarlan Jahyt Öztelli Ahmet Hamdy Ependidir. Onuò ºygyrlary erkinligi hem erkin pikirliligi ündeýär. Ine, ºu ýagdaý hem onuò ºahyrana dünýäsine giò ýaýraw berýär.

Dosty bolan dostuò ýoluna bakar,
Dosta gidýän ýolda yzym bar meniò.

Garajaoglanyò edebi mirasy täze açylan ter güllerden bogulan çemene meòzeýär.

Garajaoglanyò Kozanyò Gökje, Çukur oba diýen ýerlerinde ýaºandygy barada-da pikir ýöredilýär. Hamdy Ependiniò ýazgylaryna salgylansaò, Garajaoglan garaýagyz, selçeò sakgally, uzyn boýly, syratly, pälwan sypat, ºadyýan adam bolupdyr.

Garajaoglan Türkiýäniò Mut ilçesiniò Çukuroba diýen ýerinde aradan çykýar. Ony ºol ýerdäki bir çeºmäniò baºynda, uly bir depäniò üstünde jaýlaýarlar. ªol depe hem Garajaoglan depesi diýlip atlandyrylypdyr. Onuò golaýynda Garaja gyz depesi hem bolmaly diýýärler. Halk arasynda olar aºyk-magºuklar hasaplanýarlar. Her ýyl ºol ýerde ºahyryò hatyra güni geçirilýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy mukaddes Ruhnamada är sözüniò manysyny düºündireninde Garajaoglanyò goºgusyna salgylanýar: «Är sözüniò asly ary sözünden gelip çykýar. Garajaoglan aýdýar ahyryn: «Ary türkmendir aslymyz» diýip» (198).

GARA MÄMMET (237) – Garagoýunly türkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlygy 1380-1389). Käbir çeºmelerde (K.E. Boswort) onuò ady Gara Muhammet görnüºinde berilýär. Gara Mämmet döwletiò çäklerini giòeltmek üçin ýöriºler gurapdyr. 1382-nji ýylda Gara Mämmediò goldawy netijesinde soltan Ahmet Jelaýyrlaryò tagtynda oturypdyr. Bu Gara Mämmediò abraýyny artdyrypdyr.

Gara Mämmet Artykogullary hökümdarlygynyò Mardin ºasynyò hökümdary Mälik’üz-Zahyr Isanyò gyzyna öýlenmek üçin sawçy ýollapdyr. Teklibi kabul edilmänsoò, Gara Mämmet goºun ýollap Isany ýeòipdir (1384). Ýeòlen Isa öz gyzyny Gara Mämmede durmuºa çykaryp, onuò bilen ýaraºyk baglaºypdyr.

Akgoýunly we Garagoýunly türkmenleriò arasyndaky oòuºmazlyk Gara Mämmediò döwründe hem dowam edipdir. Bu iki türkmen neberesiniò ikisi-de Erjinjan ýerlerini eýelemek isläpdirler. Erzinjan Eratnaogullary begligine degiºlidi. Erzinjanyò begi Mutahharten Akgoýunlylara garºy göreºmek üçin Garagoýunly hökümdary Gara Mämmede güýçlerini birikdirmegi teklip edipdir. Olardan asgyn gelen Garagoýunly begleri Ahmet, Pir Hüseýin, Gara Ýülük Osman Kazy Burhaneddiniò ýanyna gaçypdyr.

Gara Mämmet ücin agsak Teýmir uly howp bolup döräpdir. Gündogar Anadolynyò käbir ºäherlerini, Häzirbegjany eýelän Agsak Teýmir 1387-nji ýylyò gyºynda Garabagda özüniò karargähini gurupdyr. Erzurumy eýelänsoò Agsak Teýmir ogly Miranºanyò baºtutanlygyndaky bir ordany Gara Mämmediò garºysyna ýollapdyr. Agsak Teýmir daglarda gizlenen Gara Mämmedi bir bada boýun egdirip bilmän ýurdyny talap, Eýrana gidipdir.

Teýmiriò howpy sowlansoò, Gara Mämmet Jelaýyrlaryò arasyndaky dawalardan peýdalanyp, olaryò elindäki Töwriz ºäherini eýelemegi baºarypdyr (1388). Töwriz Garagoýunlylaryò paýtagtyna öwrülipdir. Gara Mämmet bu ýerden Müsüriò memlük soltany Berkuga ilçi ýollap, ºäherde onyò adyna hutba okadandygy, pul zikgeledendigini habar beripdir. Gara Mämmet 1389-njy ýylda Gara Hasan atly bir türkmen begi bilen çaknyºykda aradan çykypdyr.

GARA MUHAMMET (139) – Seret: Gara Mämmet.

GARA ÝUSUP (138, 237) – Garagoýunly türkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1389-1420). Ol Gara Mämmediò doganynyò oglydyr. Gara Ýusup dogany Müsür Hojanyò tagta dawasyny bes etdirenden soò, Garagoýunly türkmenleriò döwletiniò baºyna geçipdir.

1393-nji ýylda Yragy tabyn eden Agsak Teýmir bu ýerden Akgoýunly we Garagoýunly türkmen beglerine habar ýollap, olaryò özüne tabyn bolmagyny talap edipdir. Gara Ýusup barmasy kyn gaýaly daglara çekilipdir. Teýmirleòiò Hindistan saparyndan dolanyp, gündogar Anadolyda gaýtadan peýda bolmagy Gara Ýusuby ýene kyn güne goýupdyr. Ol ata-babalaryò özüne miras galdyran ýurduny – Wan kölüniò töweregindäki ýerleri taºlap, Mosula çekilipdir. Gara Ýusup Jelaýyr hökümdary soltan Ahmet bilen bilelikde ilki bada Müsür memlüklerine sygynmak üçin ýola düºüpdir. Emma Halabyò naýyby Demirdaº olaryò ýolun kesip, Müsüre goýbermändir. ªeýle bolansoò olar Osman-türkmen soltany Ýyldyrym Baýezitden delalat isläp, onuò huzuryna barypdyrlar.

1400-nji ýylda Agsak Teýmir Osman-türkmen topraklaryna aralaºyp, Siwasy eýeläpdir. Agsak Teýmir Baýezidiò ilçilerine öz duºmany Gara Ýusubyò berilmegini talap edipdir. Emma Baýezid bu talaby ýerine ýetirmändir. Gara Ýusup Osmanly topraklaryny taºlap, Yraga gelipdir. Bagdady eýeläp, gysga wagtlygam bolsa Yragyò esasy böleginiò häkimi bolupdyr.

Ankara söweºinde (1402 ý. Oguz aýynyò 28-i) Ýyldyrym Baýezidi ýeòen Agsak Teýmir Gara Ýusuba agyr zarba urmak üçin Miranºany uly goºun bilen ugradypdyr. Olaryò arasynda bolan uly söweºde (1403) Gara Ýusup ýeòlipdir. onuò bir aýaly we ähli söweºlerde ýanynda bolan dogany Ýaraly teýmirileriò eline ýesir düºüpdirler we öldürilipdirler. Gara Ýusubyò özi zordan gaçyp janyny gutarypdyr we Damaska gidipdir. Damaskyò häkimi Gara Ýusuby we Ahmet Jelaýyry ilki oòat garºylapdyr. Agsak Teýmir Müsür soltany Ebul Ferejden düºmanlarynyò öldürülmegini talap edensoò zyndana taºladypdyr. Zyndandan boºansoò (1404) Gara Ýusup ilki Mardine, ol ýerdenem Mosula gelipdir. Onuò Akgoýunly begi Gara Ýülük Osman bilen çaknyºygy netijesiz tamamlanypdyr.

Teýmir ýogalansoò (1405) Gara Ýusup özüniò öòki hökmürowanlyk eden ýerlerini gaýtaryp alypdyr. Teýmiriò agtygy Ebu Bekiri iki sapar agyr ýeòliºe sezewar etmegi (1407) Gara Ýusubyò abraýyny artdyrypdyr. Bu ýeòiº netijesinde ol Teýmiriò imperiýasynyò möhüm bir parçasyny bölüp aýryp, ol ýerde Garagoýunly türkmenleriò döwletini gurupdyr.

1409-njy ýylda Akgoýunly begi Gara Ýülük Osman Mardini gabap, Artykogullaryny gysaja salypdyr. Artykly hökümdary Mälik Salyh kömek sorap Gara Ýusuba ýüz tutupdyr. ªäheri Akgoýunlylaryò howpundan halas eden Gara Ýusup gyzlarynyò birini Mälik Salyha nikalap berip, ony Mosulyò häkimligine belläpdir. 1410-njy ýylda Erzinjany alypdyr. Özüne garºy çykyp, Töwrüzi eýelän köne dosty Ahmet Jelaýyry söweºde ýeòipdir. Häzirbegjany ogly Pir Pudaga, Yragy bolsa ºa Muhammede beripdir. 1411-nji ýylda Gara Ýusup Töwrizde türkmen beglerini ýygnap, ogly Pir Pudagy mirasdar diýip yglan edipdir. Taryhçy O.Ekäýew Gara Ýusubyò döwletini kuwwatlandyrmak üçin güýçli atly goºuny döredendigini, taýpa serdarlaryny öz tarapyna çekmek üçin öz goºunynda harby gulluk edenlere ýer mülküni – soýurgal paýlap berendigini ýazýar. 1412-nji ýylyò ahyrynda Kura derýasynyò boýunda bolan söweºde Gara Ýusup Kahetiýanyò patyºasy Konstantiniò, ªirwanºasy Ybraýymyò we ªekanyò hökümdarynyò goºunlaryny derbi-dagyn edipdir. Gara Ýusup 1415-nji ýylda Häzirbegjandaky Soltaniýäni alýar, soòra Bagdady eýeleýär.

Gara Ýusup ömrüniò ahyrynda günbatarda Müsüriò memlük soltanlaryna, gündogarda bolsa Teýmiriò ogly ªahryha garºy göreºmeli bolupdyr. Mirasdar ogly Pir Pudagyò biwagt ölümi Gara Ýusubyò bilini büküpdir. Teýmiriò ogly ªahruh atasynyò köne duºmanynyò ejizländigini duýup, 1420-nji ýylyò Alp Arslan aýynyò ahyrynda Hyratdan ýöriºe ugrapdyr. Ýöne ªahruh onuò bilen soweºmeli bolmandyr. Sanjar aýynyò 13-nde Gara Ýusup aradan çykypdyr. Gara Ýusubyò ogullyrynyò (Muhammet, Isgerder, Ispend, Jahanºa, Abu Seýit) hersiniò bir ýerde bolmagy netijesinde goºunda agzalalyk baºlanypdyr. Mundan peýdalanyp ªahruh Soltaniýäni, Töwrüzi eýeläpdir.

Gara Ýusup Garagoýunly türkmenleriò döwletiniò asyl gurujysy hasaplanýar. Mukaddes Ruhnamada Gara Ýusubyò hökümdarlygy döwründe Garagoýunly türkmenleriò döwletiniò sebitde iò güýçli döwlet halyna gelendigi nygtalýar (237). Döwletiniò çäklerini Gazmyndan Erzinjana, Bagdatdan ªirwana çenli giòelden Gara Ýusup baºarjaò serkerde bolupdyr. Söweºde birnäçe harby tilsimleri ussatlyk bilen ulanypdyr. Gara Ýusubyò gubury Erjiºde ýerleºýär.

GARA ÝÜLÜK OSMAN BEG (239, 240) – Akgoýunly türkmenleriò döwletiniò hökümdary (1435-nji ýylda ýogalýar). Ol Gutly begiò ogludyr. Gutly beg aradan çykansoò (1389) Akgoýunly türkmenleriò döwletiniò baºyna tagta uly ogly Ahmet geçipdir. Bu döwürde Siwas we onuò töwereklerinde Kazy Burhaneddin Ahmediò begligi güýçleniipdir. Ahmet beg inisi Gara Ýülük Osman beg bilen bilelikde Kazy Burhaneddiniò Erzinjan ýöriºine (1394) gatnaºypdyr. ªu hyzmatyny göz öòüne tutyp, Kazy Burhaneddin Akgoýunlylara Erzinjandan Baýburta çenli ýerleri ykta edip beripdir.

Akgoýunly türkmenleriò döwletindäki içki oòºuksyzlyklar zerarly Gara Ýülük Osman beg Kazy Burhaneddin Ahmediò hyzuryna giripdir. Ol Burhaneddiniò iò bir ynamdar emirleriniò birine öwrülipdir. Kazy Burhaneddin ony Garahisaryò gündogar bölegine häkim belläpdir (1397). Emma uzak wagt geçmänkä Gara Ýülük Osman beg bilen Burhaneddiniò gatnaºyklary ýaramazlaºyp, 1398-nji ýylda Siwasyò golaýynda gije bolan söweºde Gara Ýülük Burhaneddini öldürdipdir. Gara Ýülük Osman Siwasy gabamaga baºlapdyr. ªäheriò halky Akgoýunlylara boýun egmejek bolup, Osman-türkmen soltany Ýyldyrym Baýezide ýüz tutupdyr. ªazada Süleýman Çelebiniò serkerdeligindäki Osmanly goºuny Gara Ýülük Osmany ýeòip, Siwasy eýeläpdir.

Osmanlylara tabynlykdan çykmak üçin Gara Ýülük Osman beg Müsürdäki memlük soltany Berkuga sygynypdyr. Berkugyò ölüminden soòra onuò ýerine ýaºajyk ogly Ferejiò geçmeginden peýdalanyp, Ýyldyrym Baýezit memlükleriò Anadolydaky eýeçiliklerini (Elbistan, Malatyýa, Darande, Diwrigi, Kahta, Behisni) Osmanly topraklaryna goºupdyr. Munuò bilen çäklenmän memlükleriò elinde bolan Siriýa garºy ýöriºe taýýarlanypdyr. Bu ýagdaýy gören Gara Ýülük Osman beg 1399-nji ýylda Garabagda gyºlaýan Agsak Teýmiriò ýanyna gidip, oòa özüniò tabynlygyny bildiripdir. Teýmirleò özüne hemiºe garºylyk görkezen Garagoýunly türkmenleriò duºmany Akgoýunlylaryò öz tarapyna geçmegini ýerlikli ulanypdyr. Agsak Teýmir özüniò Siwasy gabamagyna we Siriýa ýöriºine iºjeò gatnaºany üçin Gara Ýülük Osmana Amydy (Diýarbekir) beripdir.

Gara Ýülük Osman beg Agsak Teýmir bilen Osman soltany Ýyldyrym Baýezidiò arasyndaky Ankara söweºine hem gatnaºypdyr (1402). Bu söweºde Gara Ýülük agalary Ahmet we Pir Aly beg bilen bilelikde Teýmiri goldapdyr. Söweºde Osman goºunynyò Süleýman Çelebiniò serkerdeligindäki sag ganatyna hüjüm eden Gara Ýülük ony dargadyp, Teýmiriò ýeòiº gazanmagyna uly goºant goºupdyr. Gyºyny Anadolyda geçiren Teýmir 1403-nji Siwasa gelip, Gara Ýülük Osman bege bu hyzmaty üçin halat geýdiripdir. Diýarbekiriò töwerekleriniò häkimligini oòa tabºyrypdyr. Ahmet we Pir Aly begler Ankara söweºinde toplan oljalaryna el gatanlygy üçin Teýmir tarapyndan tutulypdyr (seret: Ahmet). ªeýlelikde, Akgoýunly neberesiniò ulusy bolup galan Gara Ýülük Osman beg Akgoýunly türkmenleriò döwletiniò hakyky gurujysyna öwrülipdir.

Gara Ýülük Osman beg Agsak Teýmiriò ölüminden soò onyò ogly ªahruha tabyn bolupdyr. Osman-türkmen döwleti bilen dostana gatnaºyklary ýola goýmaga synanyºypdyr. Müsürdäki memlük tagtyna Barsbaýyò geçmeginden soòra Akgoýunlylar bilen dostana gatnaºyklary ýaramazlaºypdyr. Memlükler Diýarbekiri gabasalar-da (1407), ony Akgoýunlylaryò elinden almagy baºarmandyrlar. Bu söweºde Gara Ýülügiò edermen ogly Ybraýym wepat bolupdyr.

XV asyryò baºlarynda Garagoýunlylaryò hökümdary Gara Ýusup Akgoýunlylar üçin uly howpa öwrülipdir. 1409-njy ýylda Mardini, 1410-njy ýylda Erzinjany eýelän Gara Ýusup Akgoýunly döwletini iki tarapdan gurºapdyr. Gara Ýülük Garagoýunlylara garºy göreºmek üçin Müsür memlüklerine ýüz tutupdyr. Gara Ýusup 1417-nji ýylda Gara Ýülügiò üstüne ýöriº edip, ony ýeòliºe sezewar edipdir. Gara Ýusup tä aradan çykýança (1420) Akgoýunly döwletiniò üstüne yzygider ýöriºleri gurap durupdyr. ªol ýöriºleriò birinde ol Gara Ýülük Osman begiò ogly Ýakuby ýesip alypdyr.

Gara Ýülük Osman 1422-nji ýylda Erzinjany, 1432-nji ýylda Çoruh etraplaryny döwletine birikdiripdir. ªeýlelikde, Trabzondan baºlap Urfanyò günortasyna çenli aralyk Akgoýunly döwletiniò serhetlerine goºulypdyr.

Gara Ýusubyò ogly Isgender Mürzäniò düwründe-de Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriò aralygyndaky duºmançylyk dowam edipdir. Erzurumyò golaýynda bolan söweºde Isgender Mürze Gara Ýülük Osmany ýeòipdir. Ebu Bekir Tähranynyò «Kitaby Diýarbekir» atly kýtabynda getirýän maglumatlaryna görä söweºde Gara Ýülük Osman beg atyndan agdarylyp, birnäçe ýerinden ýaralanypdyr. Söweºde onuò ogly Baýazit we giýewsi öldürilipdir. Çeºmelerde Gara Ýülük Osmanyò 80 ýaºlarynda ºol söweºdäki ýaranyò netijesinde aradan çykandygy aýdylýar.

Gara Ýülük Osman beg döwrüniò meºhur türkmen hökümdarlaryndan we serkerdelerinden biridir. Ol memlüklere tabyn bolan owºar, baýat, ýynal taýpalaryny Siriýadan göçürip getirip öz goºunyna alypdyr. Erzinjan, Harput, Kemah, Çemiºgezek, Mardin, Erzurum, Baýburt, Çoruh etraplarynyò türkmenleºmeginde Gara Ýülük Osman begiò mynasyp paýy bardyr. Gara Ýülük Osmandan soòra Akgoýunly türkmenleriò baºyna ogly Hemze geçipdir.

GAZY I (125) – Artykly türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary. – Seret: Nureddin Gazy Seýit I.

GAZY II (125) – Artykly türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary. – Seret: Nureddin Gazy II Mansur.

GAZY b. KÜMܪ HÖKÜMDAR (116) – Danyºment türkmenleriniò hökümdary–Seret: Kümüº hökümdar.

GORKUT ATA TÜRKMEN (26, 29, 43, 79, 105, 108, 109, 148, 153, 156, 162, 163, 164, 165, 170, 192, 197, 252, 272, 275, 276, 291, 311, 316, 336, 341, 371, 404) – dana il ýaºulysy we parasatly döwlet iºgäri, ºahyr we sazanda, ötenden, geçenden, geljekden habar berýan keramatly ozan, üç patyºanyò weziri. Onuò ady Gorkut bolup, lakam hökmünde «ata» we «däde» ýüzlenmeleri soò goºulypdyr. Gorkut atanyò kakasynyò ady Gara hojadyr. Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamamyzda Gorkut atanyò halkymyzyò taryhynda bitiren iºlerini, birnäçe nesilleriò ruhy tekgesidigini ölçerip, onuò türkmeniò milli ruhynyò ikinji eýýamynyò ýolbaºçysy bolandygyny kesgitledi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy «Pygamber alaýhyssalam zamanyna ýakyn döwürde Baýat boýundan Gorkut ata döredi. Ol Oguz kowumynyò danasydy. Näme aýtsa bolardy, gaýypdan habar bererdi. Allatagala onuò köòlüne ylham bererdi» diýip ýazýar (Mukaddes Ruhnama, 105s.). Alyºir Nowaýy XV asyryò ahyrynda ýazan iºleriniò birinde Gorkut atany özünden näçe ýyl öò bolan we özündan näçe ýyl soò boljak zatlary bilen, keramatly, pähimli, öwüt-nesihatly beýik akyldar hökmünde häsiýetlendirýär. Nowaýy yslam äleminde Gorkut atany tanamaýan adamyò ýokdugyny belläp, ony tanyºdyrjak bolup oturmagyò artykmaçdygyny aýdypdyr.

Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaºynyò tagallasy bilen Gorkut atanyò 1500 ýyllygyna bagyºlanylyp, çäreleriò birnäcesi geçirildi. Alymlaryò ünsi oòa çekildi. Gorkut atanyò taryhy hyzmatlary anyklanyldy.

Gorkut atanyò taryhy hyzmatlarynyò biri yslam dinini öz halkyna meýletin kabul etdirmegi baºaranlygydyr. Onuò özi türkmenleriò içinde ilkinjileriò biri bolup yslam dinini kabul edipdir. Mekgä, Medinä gidip hajy bolup gelýär, halkyò arasynda yslam dinini wagyz edýär. Gorkut atanyò at-abraýynyò halkyò arasynda uly bolanlygy üçin onuò din baradaky öwüt-undewleri türkmenleriò arasynda täze dine uýýanlaryò köpelmegine hem-de olaryò yslam dinini meýletinlik bilen kabul etmegine kömek berýär. Ol türkmenleriò milli däp-dessurlaryny yslam dininiò talaplary bilen utgaºdyryp täze dünýägaraýyºa esas goýýar. Mukaddes Ruhnamamyzyò saldamly setirlerine ýüzleneliò: «Yslamy meýletin kabul eden Gorkut ata türkmen ruhynyò täze bir giòiºligini açdy. Özünuò iman, aòyýet hakyndaky pelsepeleri bilen Gorkut ata ahlagyò täze gymmatlyklaryny iºläp düzdi» ( 291 ). Gorkut atanyò pähim – paýhasynyò diòe türkmen milletiniò däl, eýsem, beýleki türki dilli halklaryò hem dünýägaraýºyna eden täsiri örän ulydyr. Onuò aýdan öwüt-ündewleriniò, pähim-paýhaslarynyò köpüsi häzirki wagtda ºol halklaryò arasynda nakyllar, atalar sözi hökmünde ulanylýar. Türkmenleriò «Görogly», «Tulum hoja», «ªasenem – Garyp» ýaly, türki halklaryò köpüsiniò arasyna ýaýran «Alpamyº», «Manas», Ýedigeý» onlarça dessanlarynda bolsa «Gorkut ata» ºadessanynyò uly täsiri duýulýar.

Gorkut atanyò ýene-de bir hyzmaty öz iliniò toýunda we ýasynda aýratyn-da çaga at goýmaly bolanda baº bolanlygydyr. Mysal üçin, hanyò ogluna at goýmaly bolanda Gorkut atany çagyrýarlar. Gorkut ata: «Bu oglan gaýda bolany üçin, goý munuò ady Tuman bolsun. Çünki tumanyò soòy güneº we ýagtylykdyr» diýýär. «Kitaby Däde Gorkutda» Derse hanyò ogly buga bilen göreºip, ony ýeòenden soò oglana at goýmak üçin Gorkut atany çagyrýarlar. Gorkut Ata: «Bu oglan bugany ýeòdi, ºonuò üçin munuò ady Bugaç bolsun!» diýýär. Abulgazynyò «ªejereý-i terekimesiniò» «Ynal Ýawynyò han bolganynyò zikri» atly bölüminde ºeýle setirler bar: «Gara hojanyò ogly Gorkut ata, Salur, Enkeº hoja, we Iwe ªaban hoja dagylaryò baºtutanlygyndaähli oguz ili ýygylyp, Ynal Ýawyny patyºa göterdiler. Weziri Gorkut ata erdi. Gorkut ata her name diýse, Ynal Ýawy anyò sözünden çykmas erdi. Gorkut atanyò keramatlary köp erdi. Üç patyºaga wezir boldy».

Gorkut ata diòe bir ºahyr bolman, ol kyssaçy hem bolupdyr. Öten-geçenden, geljekden habar beren keramatly ºahs bolupdyr. Ol özüniò «Kitaby Däde Gorkut» kitabynda türkmen edebiýatyna mahsus bolan kyssa bilen ºygry utgaºdyryp aýtmak usulyny ulanypdyr. Gorkut atanyò döreden dessany biziò günlerimize üç nusgada gelip ýetdi. Olaryò birinjisi Germaniýanyò Drezden ºäheriniò kitaphanasynda saklanýar. Ikinji nusga Watikan kitaphanasyndan tapyldy. Gorkut atanyò «Drezden nusgasy» adyny alan birinji nusgada 12, «Watikan nusgasynda» 6 boý bardyr. «Gorkut ata» ºadessanyò üçünji nusgasy Ata Rahmanow tarapyndan Daºoguz welaýatnyò Boldumsazrabynda ýaºap geçen bagºy Gurbangylyç Çakan oglundan ýazylyp alnypdyr. Ylymda «Gorkut atanyò çowdur nusgasy» adyny alan bu nusga 16 boýdan we ºygyr bilen ýazylan öwüt-ündewlerden – giriºden baratdyr.

Bu kitabyò her boýunyò ahyrynda ºol boýy hut Gorkut atanyò özüniò düzendigi we goºandygy aýdylýar. Meselem, «Derse han ogly Bugaç han boýuny beýan eder» boýunyò soòunda ºeýle diýilýär: «Dädem Gorkut boý boýlady, söý söýledi, bu «Oguznamaýy» düzdi, goºdy, beýle diýdi:

Ýom bereýin, hanym!
Ýerli gara daglaryò ýykylmasyn,
Kölgelije gaba agajyò kesilmesin,
Dolup akan görkli suwuò gurymasyn,
Ganatlaryò uçlary gyrylmasyn,
Çaparken ak boz atyò büdremesin,
Çalyºanda gara polat uz gylyjyò gädilmesin,
Dürtüºerken ala naýzaò owranmasyn,
Ak pürçekli eneò ýeri behiºt bolsun,
Ak sakgally babaò ýeri uçmah bolsun,
Hak ýandyran çyragyò ýana dursun,
Kadyr Taòry seni namarda mätäç eýlemesin,
Hanym heý!

Gorkut ata sazanda hem bolupdyr. Ol öz hekaýatlaryny saza goºup aýdypdyr. «Gorkut ata» kitabynyò boýlarynyò köpüsiniò ahyrynda «Gorkut ata geldi. ªatlyk çaldy. Boý boýlady, soý soýlady» diýilýär. Uly iliò aksakgaly Gorkut ata Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy eýýamynda öz halkyna ýene-de öwüt bermäge mümkinçilik aldy.

GÖK HAN (79, 80, 82, 405) – Oguz han Türkmeniò dördünji ogly. Gök hanyò dört ogly bolupdyr : baýandyr, beçene, çowdur, çepni. Mukaddes Ruhnamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Gök hanyò adyny ata-babalarymyzyò ruhuna hormat hökmünde agzaýar: «Kümüº ºuglaly gijeleri türkmeniò depesinden garry atasy, düýp babasy Gök han bilen Ýyldyz han garap dur» (79). «Ojagymyzda kalbymyza, ºu günümize, ertämize ºugla saçyp duran ot – Gök han atam tanyg bolsun, türkmenler ot ýaly bolup, dünýäniò gursagyny ýyladyp, ertire mähirli ýalkymyny salar» (405).

GÖROGLY (26, 29, 30, 31, 63, 74, 78, 96-97, 148, 153, 156, 164, 165, 170, 171, 180, 191, 192, 193-194, 197, 274, 292, 340, 341)  – pygamber derejeli, türkmeniò milli ruhunyò V eýýamynyò üçünjüsiniò ruhy ýolbaºçysy. Onuò eýýamynyò aýratynlygyny düºündirip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy  Mukaddes Ruhnamamyzda ºeýle belleýär: «Bu döwürde türkmen ruhy bürgüt bolup, kertden kert gaýalara çykdy. ªeýdip, türkmen ruhy beýiklik, howalalylyk häsiýetine eýe boldy. Howada, ýeriò ýüzünde öz awuny uçuryp, gaçyryp aldy. ªeýdip, hereketlilik, janlylyk häsiýetlerini aldy» (293). «Bu eýýamyò ruhunda daº ýarýan, dagy ýykýan gujur jemlendi. Ol diòe bir ýeriò ýüzünde haýdaman, eýsem gögüò ýüzüne-de göterildi. Oguz hanyò harby-syýasy tizligi medeni-taryhy tizlige öwrüldi, bu döwrüò ruhy ýolbaºçysy Görogludyr» (292). Beýik Serdarymyz mukaddes Kitabymyzda Göroglyny taryhda ýol goýan, öz taglymatyny döreden ägirtleriò hatarynda goýýar: «Görogly begiò taglymaty halkyò hakydasynda Görogly ýoly; Magtymguly atamyzyò taglymaty halkyò hakydasynda Magtymguly ýoly bolup galypdyr» (164). Dogrudan-da Görogly bir ýa-da iki nesliò sygynany bolman, ýüzlerçe ýyllaryò dowamynda ata-babalarymyzyò aòynda ymykly orun alan, ýalòyzlyk basanda, horluga, süteme sezewar bolunanda ruhundan medet dilenilýän, milletiò ruhy yolbaºçylarynyò biridir. Mukaddes Ruhnamamyzda belleniliºi ýaly «Görogly, Alp Arslan ýaly adamlar ýöne adamlar däl, olar keramatly adamlar» (197).

Beýik Serdarymyz mukaddes Ruhnamada ömrüniò talyplyk ýyllaryndan bir pursady ýatlap, özüniò keselläp, hiç kimden haraý tapmadyk wagty, dadyna ýetiºjek adamyò bolmadyk wagty, Göroglynynyò ruhundan delalat agtarýar, Görogla jyga geýdiren Jygalybegden ak pata sorap, köòle gelenlerini «Jygalybeg» ºygrynda taraºlap ºagladýar:

Meniò bir bedew atym bar, seýisläp ber, Jygalybeg!
Meniò bir däli göwnüm bar, seýikläp ber, Jygalybeg!
Göroglynyò düýrme gyljyn, jyzaòy ber, Jygalybeg!
Baºym goýup söweºer men, jygaòy ber, Jygalybeg!..

Mukaddes Ruhnamamyzyò 20-den gowrak sahypasynda 48 gezek Göröglynyò ýatlanylmagy oòa türkmeniò goýýan hormatyndan bir nyºan dälmidir! Nesilleriò ençemesiniò ýow gününde Göröglydan medet diläp, duºmanyò üstüne at debsändigine taryh ºaýat. «ªu günem diýara howp abansa, Görogly bolup gara baºyny orta goýup söweºjek ärdemli ýigitlerimiz bar biziò!» ( Mukaddes Ruhnama, 26).

Görogly Türkmen halkynyò aòynda Watana, il-güne wepalylygyò, mertligiò, gaýduwsyzlygyò, batyrlygyò, ºahandazlygyò, namyslylygyò, bir sözde aýtsak- türkmençiligiò ajaýyp nusgasy hökmünde mydamalyk ýaºaýar. Halk kyn gününde-de, gowy gününde-de Görögly dessanyny dilden-dile, nesilden-nesle geçirip saklap bilipdir. Bu dessany dolulygyna diýen ýaly saklan ýeke-täk halk türkmenlerdir. Görögly Türkmeniò at-owazasy dünýä ýaýrap, onuò baºdan geçirmeleri hasaplanýan dessan beýleki halklaryò: özbekleriò, azerbaýjanlaryò, gazaklaryò, araplaryò, gürjileriò, ermenileriò, täjikleriò... döredijiliginde-de düýpli orun alypdyr. Ol halklarda bar bolan Görögly dessanlarynyò ählisinde, dürli ýurtlardan bolan alymlaryò ylmy iºlerinde Göröglynyò türkmendiginiò tekrarlanylmagy her bir türkmen üçin büýsançlydyr.

1996-njy ýylda Türkmenistanyò Garaºsyzlygynyò 5 ýyllygyna bagyºlanylyp, türkmen we doganlyk türk dillerinde türkmenlerde saklanylyp galan nusgasy boýunça 30 jiltden ybarat Görögly dessany sekiz toma ýerleºdirilip, Türkiýede neºir edildi. Onuò baºynda mertebesi belent Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy türk dünýäsiniò okyjylaryna ºeýle ajaýyp jümleler bilen ýüzlenýär: «Bu eposyò gahrymany Görögly begiò obrazynyò eposdaka garanyòda, türkmen halkynyò ýüreginde has baýlaºdyrylyp, ezizlenip saklanylýandygyny aýdyp bilerin. Halk ony hemiºe ýüreginde götermek bilen oòman, oòa sygynýar, gerek wagty ony arkadagy hasaplaýar. Görögly geçmiºde Çandybil iliniò jebisligini, erkinligini goramaga hyzmat edipdir. Bu gün ol türk dilli halklary dostlaºdyrmaga, olary jebisleºdirmäge örän uly goºant goºýar».

GURBANSOLTAN EJE (32, 41-42, 148, 153, 154, 156, 276, 314, 324, 325, 326, 337, 339, 338, 342) – - Garaºsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò käbesi, Türkmenistanyò Gahrymany. Ol 1915-nji ýylyò Gurbansoltan aýynyò 5-nde Ahal welaýatynda Gurbangeldi aganyò maºgalasynda dogulýar.

Gurbansoltan eje tanymal mugallym, Türkmenistanyò Gahrymany Atamyrat Nyýazowa durmuºa çykypdyr. Bularyò maºgalasynda Nyýazmyrat (1938), Saparmyrat (1940), Muhammetmyrat (1942) atly üç ogul dünýä inýär. Adamsy Atamyrat Nyýazowyò 1941-nji ýylda fronta gitmegi bilen maºgalanyò eklenjiniò ähli agramy Gurbansoltanyò gerdenine düºýär. Gurbansoltan ejäniò esasy käri türkmeniò nepis senedi bolan haly dokamak bolupdyr. Bu agyr günler barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamada ºeýle ýatlaýar: «Ejem uzakly gün halydan düºmezdi. Daragyò birsydyrgyn sesi, bedew atyò toýnak kakyºy ýaly, garypja öýümizde ýaòlanyp durandyr. Ertir irden, endigime görä oýanyp, ejemiò haly dokaýan otagyna barsamam iºläp oturandyr, bizi ýatyrybam iºläp oturandyr... Meniò haýpym gelerdi, ejem illeriò ejesi ýaly dynjam almazdy, gezmäge-de gitmezdi... Ejeden aýrylyp, soò-soò akylym ýetdi, ol görgüli iº bilen derdini ýeòýän eken, iº bilen bizi bolelinlikde ýaºatjak bolup, gijesini gündiz edip iºleýän eken...» (338).

Gurbansoltan eje 1943-nji ýylyò baºlarynda adamsynyò wepat bolandygy baradaky ajy habary alypdyr. Onda Atamyrat Nyýazowyò 1942-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 24-nde Kawkazda wepat bolandygy ýazylypdyr. Gurbansoltan eje bu gynançly habara hernäçe gyýylsa-da, durmuºyò öòünde ejizlemän, çagalaryny hor-zar etmän ýetiºdirmegiò aladasy bilen ýaºapdyr. Emma 1948-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 5-nden 6-syna geçilen gijede Aºgabatda bolan ýer titremesi 33 ýaºyndaky Gurbansoltanyò we nowça ýaly iki oguljygynyò ömür tanapyny biwagt kesipdir. Bu pajygaly waka barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamada ºeýle ýatlaýar: «Ol heläkçilik biziòem maºgalamyza degdi, ilki agºam ýatanymyzda dört baºdyk, 33 ýaºly mähriban ejem, 10 ýaºly uluja doganym Nyýazmyrat, 6 ýaºly jigijigim Muhammetmyrat, ºol gije ºehit boldular, ertir daò atanda ýykylan öýümiziò üstünde, entek sekiz ýaºy dolmadyk men otyrdym. ªeýdip, alty gije-gündiz ýeke özüm oturdym, ejemiò, kakamyò garyndaºlary ýedinji gün gelip ölen käbämi, doganjyklarymy äkidip Ymam Kasym öwlüýäsinde jaýladylar.» (42). Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy «Ejem düºýär ýadyma» diýen goºgusynda pu pajygaly waka barada ºeýle setirleri ýazýar:

Alty gije ah çekip?
Alty ýyllap ýas tutdum.
Seni alan dünýäde
Men özümi ýat tutdum.

Gurbansoltan eje mertligi, çydamlylygy, zähmetsöýerliligi, ojaga wepalylygy, umuman ähli babatda türkmen zenanynyò nusgalygy. Gurbansoltan ejäni tanaýan aýallar ol barada ýakymly ýatlamalary galdyrypdyrlar. Mukaddes Ruhnamada ºol ýatlamalar barada ºeýle diýilýär: «Meniò eziz ejemi tanaýan aýallar: «Wah, balam-eý, seniò ejeò Gurbansoltan adamyò jany ýalydy» diýse, kakamy tanaýan adamlar: «Saparmyrat, seniò kakaò merdi-merdanady, edip bilse, ile-güne kömek ederdi, edip bilmese-de kömek etjek bolup ylgardy. Ýüzüniò nuruna, sözleriniò ºuglasyna kalbyòy çoýup oturmaly ýigitdi» diýerdiler. Görüp otursam, olar maòa ºalaryò golundan gelmejek beýik baýlygy miras galdyrypdyrlar, ºeýlelikde, men mähriban ejem bilen kakama mynasyp ogul boljak bolup, özümi terbiýeledim...» (324-325).

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamanyò bäºinji bölüminde «Aglasa – enem aglar, galany ýalan aglar» diýen bölümçäni ýazmak bilen dünýäde eneden beýik mukaddesligiò ýokdugyny örän ussatlyk bilen tolgundyryjy beýan edýär. Ene ýylgyryºynyò gudraty barada Mukaddes Ruhnamada ýürek gopduryjy ºeýle setirler bar: «Elli ýyldanam köp wagt geçdi, emma mähriban ejemiò ýylgyryºlary ºindizem gözlerimiò öòünde. Men ol ýylgyryºy gözlerimi ýumubam görüp bilýärin, gijäniò tümünde hem...Ýadymda, käte-käte:

— Eje, eje jan, dynjyòy alaýsana, seret, elleriò ýadap gidipdir — diýerdim. Ol ºonda halysyny goýup, meni gujagyna alyp, bäbejigi üwreýän ýaly çalaja yranyp, ezizlärdi. Ýüzüme bakyp, gara gözlerini balkyldadyp ºeýle bir ýylgyrardy, ana, ºol ýylgyryº ºindem meniò aòymda, kalbymda, ýüregimde, dünýämde ýaºap ýör... Men onuò onlarça, ýüzlerçe ýylgyryºyny hakydamda saklap ýörün, haýran galmaly ýeri, ony ýyllaram, ýellerem meniò hakydamdan süpürip aýryp bilenok. Men agyr hupbatlar baºyma düºeninde, çykalga tapmadyk halatlarym ejem janyò mundan elli ýyl ozalky ýylgyryºyny ýatlaýaryn, ºol pursat onuò mähriban ýylgyryºy kalbyma, dünýäme çaýylyp, dünýä ezizlenip gidýär, ýadawlygym edil el bilen aýrylan ýaly bolýar. Men, ertekilerdäki goja kiºi ýaly, ähli keselimden gutulýaryn. Men, ertekidäki garry ýaly, ºol ýylgyryºyò güýji bilen altmyº ýaºymdan ýedi-sekiz ýaºly oglanjyga öwrülýärin. Meniò ruhum algyr guº ýaly, al-asmana pel-pelläp uçýar, ana, men ºol pursat, adamlar-a beýlede dursun, guºlaryòam, janly-jandarlaryòam, ösümlikleriòem diline düºünýärin. Ejem janyò gözlerindäki ylahy nur meniò kalbyma ºuglasyny saçýar, meniò ömrüm, ýaºaýºym ene ýylgyryºyndan süýjeýär. Ol ýylgyryº maòa ylahy gudraty berýär!» (337-339).

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy «Türkmen ilim aman bolun» atly ºygyrlar diwanynda mähriban käbesi Gurbansoltan ejäni ýatlap, oòa ençeme ºygyrlary bagº edipdir. Bu ºygyrlar türkmen edebiýatynda ene mertebesiniò beýikligi barada ýazylan iò ajaýyp eserlerdir. Olaryò hiç birini hem tolgunman okamak mümkin däl:

Ejem, ejem, eziz ejem,
Müò ejeden saýlanardyò.
Gündiz Gün deý, gije Aý deý
Daºymyzdan aýlanardyò. («Janym ejem, jan ejem!»)

Gelinbarmak üzüm deý,
Ýürek üzüm-üzüm-leý,
Ýer ýok ýeriò ýüzünde-ýeý,
Barmaga ýerim eje!.. («Eje»)

Merdem bolup gezsem-de men pany-da,
Ýalòyz galsam jaý tapmadym janyma.
Oýalykda gelip bilmän ýanyma,
Bagtyýar eder sen düýºlerim, eje! («Käbäm ejem»)

Ejem janyò ýylgyrºy
Doýrardy ak çörek deý.
Mähribandy ol dünýä –
Goýlan eziz ýürek deý! («Eje – keramatdyr, keremdir»)

Türkmen enäni Käbä deòeýär, mukaddeslikleriò mukaddesi hasaplaýar. Bu günki gün mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaºyny dünýä inderen enäni türkmen milleti öz Käbesi hasaplaýar. Türkmen  halky türkmen enesiniò nusgasy Gurbansoltan ejäniò hatyrasyny belent derejede hatyralaýar. 1996-njy ýylyò Oguz aýynyò 18-ne döredilen «Gurbansoltan eje» ordeni döwletimizde özüniò asylly ahlak sypatlary, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuºdaky hyzmatlary, zähmetdäki aýratyn bitiren iºleri üçin türkmen aýal-gyzlaryna berilýär. Ýurdumyzyò ýokary okuw mekdepleriniò iò göreldeli talyp gyzlaryna Gurbansoltan eje adyndaky talyphaky berilýär. Aºgabatda Gurbansoltan ejäniò hormatyna gurlan «Ene mähri» ýadygärligi belent mertebeli zenana bolan halk söýgüsiniò nyºanydyr. Gypjak obasyndaky Ymam Kasym gonamçylygynda Gurbansoltan ejäniò hormatyna ýadygärlik toplumy bina edildi. Türkmenistanyò aýal-gyzlar birleºigi mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò käbesi Gurbansoltan ejäniò adyny göterýär. 2002-nji ýylda Türkmenistanyò Mejlisiniò karary bilen Gurbansoltan ejä Türkmenistanyò Gahrymany diýen belent at dakyldy. Ýurdumyzyò Mejlisi 2003-nji ýyly «Gurbansoltan eje ýyly» diýip yglan etdi.

GUTLY BEG (239) – Akgoýunly türkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1362-1388). Tur Aly begiò ogludyr. Faruk Sümeriò ýazmagyna görä Akgoýunlylaryò çozuºyndan çekilen Trabzon Rum imperatory Aleksios III özüniò dogany Despýnany Gutly bege beripdir. Tur Aly beg ölenden soò Akgoýunlylaryò baºtutany Fahreddin Gutly beg bolupdyr. 1365-nji ýylda Gutly beg aýaly Despina bilen bilelikde Trabzona imperator Aliksiosyò ýanyna gidip, ol ýerde 8 günläp myhman bolupdyr.

Gutly beg Erzinjanyò emiri Mutahharteniò haýyºy bilen Dülkadyroglullary bilen bilelikde Eratnaogullary begliginiò tagt dawalaryna gatyºypdyr (1378).

Gutly beg Baýburtyò Sinop obasynda jaýlanypdyr. Çeºmelerde onuò Hüseýin, Ahmet Pir Aly we Gara Ýülük Osman atly oglullarynyò atlary agzalyp geçilýär. Ýogalansoò ýerine Ahmet beg geçipdir.

GUTUZ (234) – Müsürdäki memlük türkmenleriniò döwletini dolandyran soltan (hökümdarlyk ýyllary 1259-1260). Onuò doly ady Saýfed-Din Gutuz bolupdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamasynda Gutuz barada «Onuò hökümdarlygy 1260-njy ýylda mongollara garºy ýeòºi bilen ºöhratlandy» diýip belläp, türkmen memlükleriò Müsüri mongollardan batyrgaý gorandygy sebäpli bu ýurda basybalyjylaryò girip bilmändigini düºündirýär.

Gutuz hem memlük türkmenleriniò döwletini esaslandyryjy Aýbeg ýaly memlüklikden soltan derejesine çenli ýeten, tagta geçýänçä Aýbege gulluk eden batyr esgerleriò biridir. Gutuz Aýbek Türkmen soltan bolýança hem iki soltanyò goºunynda gulluk edýär, meºhurlyk gazanýar. Ol ilkibaºda Müsüriò öòki soltany Mälik Salyhyò memlügi – esgeri bolýar. Turan ºa soltan bolan wagty ýurtdaky abraýly üç emiriò biri bolupdyr. Aýbege garºy Müsüriò tagtyna dawa eden asly Siriýaly bolan Müsüriò goºunyndaky memlük Nasyr Ýusup urºa baºlaýar. Ol öz siriýalylaryna daýanyp Müsüriò tagtyny eýelemek isleýär. Oòa garºy uruºda Aýbeg Türkmen bilen Faris Oktaý atly abraýly emir birleºip, bilelikde ýeòipdirler. Haçan-da Aýbeg türkmen tagta geçmeli bolanda Faris Oktaý tagta dawa salypdyr. Ine ºu pursatda hem emir Gutuz Aýbeg Türkmeni goldap, Oktaýy öldürmäge gatnaºýar. Wepalydygy üçin Aýbek Gutuzy hormatlapdyr, derejeläpdir. Haçan-da bilelikde birnäçe soweºlere gatnaºan, öz dosty Aýbeg türkmen Müsürde soltan tagtyny eýeläp, mamlýuklaryò döwletini döredende Gutuz onuò ýakyn maslahatçysy, geòeºdary bolupdyr. Aýbeg Türkmen gabanjaò aýaly tarapyndan öldürilenden soòra ol aýalyò özi-de öldürilip, Gutuz Müsürde 1259-njy ýylda soltan tagtyna geçipdir.Ol gysga wagtlyk hökümdar bolan döwründe ýurdy mongol basybalyjylaryndan goramagyò ajaýyp nusgasyny görkezipdir.

GUTULMYª (228, 230) – Beýik Seljuk-türkmen nesilºalygynyò agzasy. Gutulmyº Seljuk begiò agtygydyr, Arslan ýabgunyò ogludyr.

Daòdanakan söweºinden soòra (1040) Togrul begiò ýolbaºçylygynda türkmenler täze ýurda – Anadola tarap göç edip baºlapdyrlar. Wizantiýa imperatory Konstantin (1025-1055) türkmenleriò Anadola göçleriniò öòüni almak üçin 1045-nji ýylda gürji ºazadaly Liparidi Dwin tarapa ýollapdyr. Togrul beg bolsa Gutulmyºy Liparidiò garºysyna iberipdir. ªeýlelikde, seljuklar bilen wizantiýalylaryò arasynda ilkinji çaknysyk Genjäniò töwereginde bolupdyr. Gutulmyº Diýarbekir we Mosul etraplarynda ýurt tutunmak bilen meºgul bolup ýören türkmenleri töweregine jemläp, Liparidi agyr ýeòliºe sezewar edipdir. Bu ýeòiºden soò Gutulmyºyò serkerdeligindäki seljuk goºunlary Araz derýasynyò ugry boýunça öòe hereket edipdirler.

Hasangala söweºinde (1048ý.Ruhnama aýynyò 18-i) seljuklardan ýeòlen Wizantiýa imperatory bu ýeòliºiò öwezini dolmak üçin gürji koroly Bagratyò gatnaºmagynda Genjä goºun ýollapdyr. Gutulmyº bu goºunyò öòünde durup bilmän, Töwrize çekilipdir.

Beýik Seljuk-türkmen soltany Togrul beg aradan çykansoò (1063) Gutulmyº tagt ugrundaky dawa baºlapdyr. Ol 1063-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 15-nde Reý ºäherine gelip, özüni soltan diýip yglan edipdir. Soltan Alp Arslan Musa Ýabgunyò gozgalaòyny basyp ýatyransoò, Merwden uly goºun bilen Reýe tarap hereket edipdir. Alp Arslanyò ýazan haty Gutulmyºy pälinden gaýtaryp bilmändir. ªol ýylyò Bitaraplyk aýynyò ahyrynda Damganyò golaýyndaky el-Milh jülgesinde Alp Arslan bilen Gutulmyºyò arasynda uly soweº bolupdyr. Soweº Alp Arslanyò peýdasyna tamamlanypdyr. Taryhçy Ibn’ül-Esiriò maglymatlaryna görä, söweº meýdanyndan Gutulmyºyò jesedini tapyp getirenlerinde, Alp Arslan onuò ölümüne gaty gynanypdyr. Gutulmyºyò Süleýman ºa, Mansur, Alp Arslan, Dolat (Döwlet) atly ogullary bolupdyr. Mukaddes Ruhnamada Anadolydaky seljuk türkmenleriniò döwletiniò Gutulmyºyò ogullary tarapyndan 1075-nji ýylda gurlandygy aýdylýar (228s.)

GÜNDOGDY (236) – Osman-türkmenleriniò nesilºalygynyò baºtutany Ärtogrul Gazynyò dogany. «Ärtogrul gazy dogany Dündar bilen Anadolynyò ýollaryny baglaýar. Beýleki iki dogany Gündogdy bilen Sungur hökümdar Horasana dolanýar» (Mukaddes Ruhnama, 236).

GÜN HAN (79, 80, 86, 98, 99, 102, 351, 405) – Oguz han Türkmeniò uly ogly. Gün hanyò dört sany ogly bolupdyr : gaýa, baýat, agöýli, garaöýli. Oguz han ölmezinden öò ata ýurduna uly toý tutup, özünden soò ýerine Gün hanyò geçmegini wesýet edipdir. Gün han kakasynyò garry weziri Erkil Hojanyò teklibi bilen doganlaryny, akyldarlary, serdarlary, kethudalary çagyrdyp mejlis gurdurýar. ªol mejlise döwleti mundan bu ýana edara etmegiò, özüòi alyp barmagyò, däp-dessurlaryò, edep-ekramyò kada-kanunlaryny bir ýere toplap, ýörelge kitabyny döretmegi müwessa bilýärler. Oguz begleri ºol aýdylan sözlerden çykmajakdygy barada ähtnamanyò aºagyna atlaryny ýazyp, möhürlerini goýup, bu ähtnamany Gün hanyò hazynasynda goýupdyrlar.

Mukaddes Ruhnamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Gün hana türkmeniò garry atasy, düýp babasy diýip ýüzlenýär: «Tylla ºuglaly gündizler bu türkmeniò depesinden garry atasy, düýp babasy Gün han bilen Aý han gorap dur!» (79).

GYLYÇ ARSLAN DAWUT (115, 230) – Seljuk türkmenleriniò Anadolydaky döwletiniò ikinji soltany (hökümdarlyk ýyllary 1092-1107). Gylyç Arslan Süleýman ºanyò ogludyr, Gutulmyºyò agtygydyr, Arslan Ýabgunyò çowlugydyr, Seljuk begiò ýuwlugydyr.

Süleýman ºanyò ölümünden soòra Beýik seljuk soltany Mälik ºa onuò ogullary Gylyç Arslany we Gulan (Dawut) Arslany Yspyhanda zamunlykda saklapdyr. Mälik ºanyò ölümine çenli (1092) seljuk türkmenleriniò Anadolydaky döwletiniò tagty alty ýyllap boº galypdyr. Mälik ºa aradan çykansoò Gylyç Arslan Yznyga gelip, özüni soltan diýip yglan edipdir. Gylyç Arslan Izmirdäki türkmen begi Çakan beg bilen dostana gatnaºyklarda bolupdyr, onuò gyzyna öýlenipdir. Gylyç Arslan ilkibada Çakan beg bilen bilelikde wizantiýalylara garºy göreºipdir. Olary Mermer deòziniò kenarlaryndan yza çekilmäge mejbur edipdir. Çakan beg Bosfor (Ystambul) bogazynyò töwereginde iºjeò hereketleri alyp baryp, Ystambuly almagy synanyºypdyr. Wizantiýa imperatory Aleksios öz döwºetine howp salýan bu iki türkmen beginiò arasyna çöp atmagy baºarypdyr. Taryhçy Anna Komnenanyò sözlerine görä, Gylyç Arslan gaýynatasy Çakan begi öldüripdir (1093). Gylyç Arslanyò bu ýalòyº hereketi Ystambulyò türkmenler tarapyndan eýelenmegini birnäçe asyr yza tesdirdi.

Gylyç Arslan 1095-nji ýylda Malatyýa ºäherini uzak wagtlap gabasa-da ony eýeläp bilmändir. Bu döwürde 1-nji haçly ýöriºine gatnaºyjylar Izmite howp salypdyrlar. Ýöne esasy köpçüligi ýaragsyz daýhanlardan, senetçilerden düzülen haçparazlaryò esasy bölegi türkmenler tarapyndan derbi-dagyn edipdir (1096ý.Ruhnama aýy). Haçparazlaryò az bölegine Konstantinopola çekilmek baºardypdyr. Emma ryslarlardan düzülen haçparazlaryò toparynyò öòünde Gylyç Arslan birbada durup bilýändir. Yznygy haçparazlara galdyrmaga mejbur bolupdyr (1097). Ol Danyºment türkmenleriniò hökümdary Kümüºtegin hem-de Kaýsarynyò häkimi Hasan beg bilen haçparazlara garºy güýjüni birleºipdir. 1097-nji ýylyò Oguz aýynyò 30-nda Eskiºehiriò golaýynda birnäçe günläp dowam eden söweºiò netijesinde türkmenler ýene-de haçparazlardan yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. ªundan soò Gylyç Arslan haçparazlara garºy gaça uruº alyp barypdyr. Haçparazlar Konýanyò, Kaýsarynyò üsti bilen Antakýa tarap hereket edipdirler. Gylyç Arslan I haçly ýöriºiniò howpy sowlansoò, Konýany Rum seljuklarynyò döwletiniò paýtagtyna öwrüpdir.

Danyºment hökümdary Kümüº tegin Malatyýanyò golaýynda bir haçparaz goºunyny yeòip, serkerde Bohemundy ýesir alypdyr ( 1100 ). Gylyç Arslan Kümüº tegin bilen bilelikde Merzifonyò golaýynda haçparazlaryò bir tarapyny ýeòipdir. Gylyç Arslan Elbistany, Maraºy haçparazlaryò zulumyndan halas edipdir (1103). Kümüº hökümdaryò Malatyýany eýelemeginden soò güýçlenmegine razy däldi. Gylyç Arslan Kümüº hökümdaryò üstüne ýöriº edip, ony ýeòipdir (1103). Kümüº hökümdar ölensoò (1105) Malatýa Gylyç Arslanyò eline geçipdir.

Gylyç Arslanyò Mosuly eýelemegi (1107ý. Nowruz aýynyò 22-si) onuò Beýik Seljuk-türkmen döwleti bilen dawalarynyò baºlanmagyna sebäp bolupdyr. Muhammet Tapar Mosulyò häkimligini Çawly bege tabºyrypdyr. Mosuldan çekilen Çawly Gylyç Arslanyò duºmany mälik Rydwan we Ilgazy bilen bileleºip, onuò üstüne ýöriºe ugrapdyr. Habur derýasynyò golaýynda bolan söweºde Gylyç Arslan mertlik bilen söweºipdir. Emma ýeòlenini bilip, janyny gutarmak için aty bilen özüni derýa oklapdyr. Emma atynyò we özüniò agyr demir lybasda bolany üçin derýada gark bolupdyr (1107ý.Oguz aýynyò 13-i). ªeýlelik-de Gylyç Arslanyò ömri Mälik ºanyò ogly Muhammet Tapara garºy göreºde pajygaly tamamlanypdyr. Emir Çawly Gylyç Arslanyò ogly ªahynºany Muhammet Taparyò ýanyna ýollapdyr. Gylyç Arslanyò Mesut, Arap we Togrul diýen ogullary hem bolupdyr. On bäº ýyllyk soltanlygy döwründe halka özüni söýdüren Gylyç Arslan Anadolynyò türkmenleºmeginde, haçparazlara garºy göreºde uly hyzmatlary bitiripdir. Urfaly Mateosyò ýazmagyna görä, «Gylyç Arslanyò ölümi hristiýanlar üçin hem matam bolupdyr».

GYLYÇ ARSLAN  III (115) Seljuk türkmenleriniò Anadoludaky döwletiniò soltany (hökümdarlyk ýyllary 1203-1204). Ol Rukneddin Süleýman ºa II-niò ogludyr. Izzeddin lakamy berlen, heniz kämillik ýaºyna ýetmedik Gylyç Arslan III-ä sekiz aý soltanlyk etmek miýesser edipdir. Gyýaseddin Keý Hysrow ony häkimiýetden mahrum edip, ikinji gezek Anadoly seljuklarynyò baºyna geçipdir.

GYÝASEDDIN ABU ªUJA MUHAMMET (113, 134, 231) – Beýik Seljuk-türkmen döwletiniò ýedinji soltany (hökümdarlyk ýyllary 1105-1118). Taryhy çeºmelerde Muhammet Tapar ady bilen mälim bolam bu soltan Mälik ºanyò ogludyr, Alp Arslanyò agtygydyr, Çagry begiò çowlugydyr. Muhammet Tapar dargap barýan döwleti gaýtadan birleºdiren hem-de haçparazlara garºy göreºen Beýik seljuk türkmen soltanydyr. Muhammet Tapar 1082-nji ýylda Beýik soltan, Mälik ºanyò maºgalasynda dünýä inýar. Onuò ejesi Mälik ºanyò söýgüli aýaly Sapariýe hatyndyr. Muhammet Tapar Beýik Seljuk türkmen soltany Sanjaryò süýtdeº doganydyr.

Mälik ºanyò ölüminden soòra onuò ogullarynyò arasynda tagt dawalary baºlanypdyr. Bu dawalara ºazada Muhammet Tapar hem gatnaºypdyr. Genjaniò hökümdary bolan 17 ýaºly Muhammet Tapar 1099-njy ýylda enebaºga dogany Berkýarygyò garºysyna tagt dawalaryna baºlapdyr. Ony bu dawa wezir Nyzamylmülküò ogly Muýeýýedül-Mülk küºgüripdir. Bu göreºde ony dogany Sanjar hem gollapdyr. Alty ýylyò içinde doganlaryò arasynda bäº gezek çaknyºyk bolup, olaryò ählisinde Muhammet Tapar ýeòlipdir. Berkýaryk atasyndan miras galan Beýik döwletiò synmazlygy üçin inisine egliºik edip, onuò köp talaplaryny kanagatlandyrypdyr – döwletiò Kawkazdan Siriýa çenli bölegini oòa beripdir.

Berkýaryk aradan çykansoò (1104ý. Bitaraplyk aýynyò 23-i ) onuò kiçi ýaºly ogly Mälik ºa II tagta çykarylypdyr. Ýöne Muhammet Tapar Bagdada ýöriº edip, ýaºajyk ºazadany aradan aýyryp, özi Beýik Seljuk-türkmen döwletiniò tagtyna oturypdyr (1105ý. Baýdak aýy).

Muhammet Tapar soltanlygynyò baºynda nesilºalygyò agzalary Börübarsyò (Alp Arslanyò ogly) Meògübarsyò hemde Tutuºyò ogullarynyò tagt dawalarynyò soòuna çykypdyr.

Muhammet Tapar Emir Çawly Sakawy Mosulyò häkimligine belläpdir. Çawly Mosuly eýelemek isläp Rum seljuklarynyò soltany Gylyç Arslan I-ni ýeòmegi baºarypdyr. Bu söweºde Gylyç Arslan I wepat bolupdyr (1107). Muhammet Tapar Çawlyny Parsa, emir Maududy bolsa Mosula häkim belläpdir (1108).

Anadolynyò günbatarynda haçparazlaryò hereketiniò güýçlenmegi bilen Muhammet Tapar Maududy olara garºy göreºe borçlandyrypdyr. Haçparazlaryò Siriýada üstünliklere eýe bolup ugramagy Böri türkmenleriniò baºtutany Tug hökümdary Muhammet Tapardan kömek soramaga mejbur edipdir. Emir Maududyò, Tug hökümdaryò, Emir Aýazyò serkerdeliginde seljuk, böri we artykly türkmenleriò birleºen güýçleri haçparazlara uly zarba urupdyrlar. 1113-nji ýylyò Oguz aýynyò 28-nde bolan Taberiýa söweºinde haçparazlar ýeòlipdir. Iýerusalimiò koroly Baudoin ýesir düºenem bolsa, ugruny tapyp gaçypdyr.

Emir Mawdudyò ªamda juma namazyndan soò metjitde öldürilmegi (1113 ý. Ruhnama aýynyò 10-y) Seljuklar bilen Damaskdaky türkmen atabegleriniò arasyna sowuklygyò düºmegine sebäp bolupdyr. ªundan soò Muhammet Tapar Mosulyò häkimligine hem-de haçparazlara garºy göreºmek üçin emir Aksuògur Porsugy belläpdir. Emma ol Damask atabegi Tugtegin, Artykly emiri Ilgazy bilen düºüniºip bilmänsoò onuò haçparazlara garºy göreºi ºowsuz bolupdyr. Muhammet Tapar 1116-njy ýylda Siriýany dolandyrmagy Damask atabegi Tug hökümdara tabºyrypdyr.

Muhammet Tapar hökümdarlyk ýyllarynda batiniler (ysmaýylar) atly bölüniºijilik toparyna (sektasyna) garºy göreº alyp barypdyr. Döwlete howp salan gürjülere we gypjaklara garºy göreºipdir.

Muhammet Tapar 1118-nji ýylyò Gurbansoltan aýynyò 18-nde 36 ýaºynda aradan çykypdyr. Ol 13 ýaºly ogly Mahmydy tagt mirasdary diýip yglan edipdir.

GYÝASEDDIN KEÝ HYSROW I (115) – Seljuk Türkmenleriniò Anadoludaky döwletiniò hökümdary. Ol soltan Izzeddin Gylyç Arslan II-niò körpe ogludyr. Entek kakasy diri mahaly ony Konýa häkim belläpdir. Gyýaseddin Keý Hysrow I kakasynyò ölüminden soò tagta geçipdir (1192). Ol Wizantiýalylaryò Konýa-Ystambul aralagynda gatnaýan kerwenleriò mallaryny talaýandygy üçin olara garºy ýöriº gurapdyr. Wizantiýanyò Menderes derýasyna çenli topraklaryny eýelemegi baºarypdyr.

Keý Hysrow I-iò birinji hökümdarlygy uzak dowam etmändir. Dogany – Tokadyò häkimi Süleýman ºanyò Konýany gabamagy netijesinde, soltanlygy oòa tabºyryp (1196ý.Ruhnama aýynyò 7-si), ºäherden çykmaga mejbur bolupdyr. Tagty elden gidiren Gyýaseddin Keý Hysrow birnäçe wagtlap Anadolyny aýlanansoò, Ystambula gelipdir. Bu ýerde Wizantiýanyò abraýly begzadalarynyò biri Manuel Mawrozomesiò gyzyna öýlenipdir. Rukneddin Suleýman ºanyò ölendigini eºidip, soltanlyk täjini gaýdyp almak üçin göreºe baºlapdyr. Inisiniò ogly Gylyç Arslan III-ni tagtdan agdaryp, özüniò ikinji hökümdarlygyna baºlapdyr (1204-1211). Bu döwürde Eýýubylar, Artykly we Meògüýçli hökümdarlary öz üstünden Seljuklaryò ýokary häkimýetini tanamaga mejbur bolupdyrlar.

Dördünji haçly sapary mahaly, 1204-nji ýylda haçparazlaryò Ystambuly eýelemegi sebitdäki ýagdaýyò üýtgemegine getiripdir. Haçparazlar Wizantiýa imperiýasyny ýykypdyrlar. Öòki Wizantiýa ºazadasy Teodoros Laskaris Yznyga gaçyp, ol ýerde döwlet gurmaga synanºypdyr (1206). Komnenler neberesine degiºli bolan hem-de gürji ºazada aýaly Tamaranyò ýegeni bolan Aleksios bolsa Trabzona gelip, Komnenler nesilºalygyny esaslandyrypdyr (1204-1461). Onuò inisi Dawid bolsa Sinopda ornaºypdyr. Ystambulyò haçparazlar tarapyndan eýelenmegi, Gara deòziò kenarlarynda Komnenleriò täsirniò artmagy seljuklaryò Anadoludaky kerwen söwdasyna agyr zarba urupdyr. Gyýaseddin Keý Hysrow Samsuna ýöriº gurap, Alekseos III-ni ýeòmegi hem-de Gara deòzindäki söwda agalygyny gaýdyp almagy baºarypdyr.

Gyýaseddin Keý Hysrow I-niò iò uly hyzmatlarynyò biri hem onuò Antalýany eýelemegidir (1207ý. Nowruz aýynyò 5-i). Ortaýer deòzindäki bu möhüm söwda güzerini ele geçirmegi seljuklaryò Anadoludaky häkimiýetini barha berkidipdir. Hut ºu döwürden baºlap seljuklaryò wenesiýalylar bilen ýygjam söwda aragatnaºyklary baºlapdyr.

Gyýaseddin Keý Hysrow Aleksios III-niò teklibi bilen onuò giýewsi Teodoris Laskarisiò garºysyna ýöriº gurapdyr. Alaºehiriò golaýynda bolan söweºde Gyýaseddin Keý Hysrow bir frank esgeri tarapyndan öldürilüpdir (1211ý. Oguz aýynyò 6-sy). Gubury Konýa ºäherinde ýerleºýär. Gyýaseddin Keý Hysrowyò Izzeddin Keý Kowus (I), Alaeddin Keý Kubat (I) we Jelaleddin Keýferidun atly ogullary bolupdyr.

GYÝASEDDIN KEÝ HYSROW II (115) – seljuk türkmenleriniò Anadoludaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1236-1245). Ol Alaeddin Keýkubat I-niò asly hristiýan bolan Mahperi atly aýalyndan bolan oglydyr.

Gyýaseddin Keý Hysrow II takmynan 15-16 ýaºlarynda tagta geçipdir. Keý Hysrow II Halabyò hökümdary Mälik’ül-Nasyryò gyzy Gazyýa Hatyna öýlenipdir. Eýýuby we Artykly türkmenleriò hökümdary Gyýaseddine tabynlygyny bildirip, Müsür memlüklerine garºy göreºde bileleºik döredipdir. Gyýaseddin Keý Hysrow II gürji ºazada aýaly Rusudanyò saltykly türkmenleriò ºazadasy Muzaffaredin bilen nikasyndan bolan gyzy Tamara hem öýlenipdir.

Gyýaseddin Keý Hysrow II-niò döwründe Anadola mongol howpy abanypdyr. Baýju noýonuò baºtutanlygyndaky mongol goºuny Erzurumy aýylganç talaòa sezewar eipdir (1242). 1243-nji ýylyò Gorkut aýynyò 3-nde Siwas bilen Erzinjanyò aralygynda Kösedag diýen ýerde mongollar bilen Seljuk türkmenleriniò arasynda söweº bolýar. Mongollar yza çekilýän ýaly görnüº döredip, umumy sany 80 müòden geçýän seljuk goºunynyò ylgar sapyny ýeòiliºe sezewar edýärler. Bu bolsa seljuk goºunynyò galan böleginiò söweºe girmezden dargamagyna sebäp bolupdyr. Siwas, Kaýsary, Erzinjan mongollar tarapyndan tabyn edilipdir. Orta asyr taryhçysy Ebul Ferejiò maglumatlaryna görä, mongollar Kaýsarynyò halkynyò köpüsüni gylyçdan geçiripdir, ºäheri talap, oda beripdirler.

Kösedag söweºinden soòra mongollar bilen seljuklaryò arasynda ylalaºyga gol çekilipdir. Oòa laýykda seljuklar mongollara ýylda 360 müò kümüº dirhem möçberinde salgyt, 10 müò sygyr, 10 müò düýe bermäge borçlanypdyrlar. Bu ºertnama ýörite ilçiler tarapyndan äkidilip, Atail (Wolga) derýasynyò aºak akymynyò ugrunda ýerleºen Baty hana tassykladylypdyr.

Kösedag söweºi sebitde seljuklaryò syýasy täsiriniò peselmegine sebäp bolupdyr. Öò seljuklara tabyn bolan ermeniler, rumlylar mongollaryò agalygyna boýun bolupdyrlar.

Gyýaseddin Keý Hysrow II 1245-nji ýylyò ahyrynda aradan çykypdyr.

GYÝASEDDIN KEÝ HYSROW III (115) – seljuk türkmenleriniò Anadoludaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1267-1283). Ol Rukneddin Gylyç Arslan IV-niò oglydyr.

Gyýaseddin Keý Hysrow III-niò ýaº tagta geçendigi üçin ähli iºleri atabegi Süleýman Perwana ýöredipdir. Mongol hökmürowanlygynyò artmagy netijesinde Anadolynyò halky hem-de türkmen begleri Müsürdäki memlük türkmenleriniò soltany Beýbarsa kömek sorap ýüz tutupdyrlar. Beýbars mongollara garºy Elbistan söweºinde (1277ý. Gurbansoltan aýynyò 15-i) ajaýyp ýeòiº gazanyp, Kaýsaryda seljuk türkmenleriniò tagtyna oturupdyr. Mongol hökümdary Abaka handan gorkusyna käbir seljuk begleri Beýbarsy bu ýeòiºi bilen gutlamaga gelmänsoò, ol gahar bilen Müsüre dolanypdyr. Abaka 30 müò adamly goºun bilen Elbistanda, Kaýsaryda we Siwasda bigüna adamlaryò müòlerçesini jezalandyrypdyr. Abaka Gyýaseddin Keý Hysrow III-niò uýasy Seljuk hatyny ogly Argun hana alyp beripdir.

1277-nji ýylyò Magtumguly aýynyò 15-nde Garamanogullary turkmen begligniò hökümdary Mämmet beg Konýany eýeäp, seljuklaryò tagtyna Alaeddin Syýawuºy oturdypdyr. Gyýaseddin Keý Hysrow III ºol ýyl Sahybataogullary begliginiò hem-de Ilhanlaryò kömegine daýanyp, häkimligi gaýdyp alypdyr.

Abakanyò ölümindeò soòra (1282) Ilhanly tagtyna dogany Tekudar han geçipdir. Musulmançylygy kabul edenligi üçin onuò adynyò öòüne Ahmet sözi goºulypdyr. Ahmet Tekudar Seljukly ülkesini Gyýaseddin Keý Hysrow III bilen Masut II-niò arasynda paýlapdyr. Bu Gyýaseddine ýaramandyr. Ol Abakanyò dogany Goòurtaý, Sahybata begi Fahreddin Aly bilen bilelikde Tekudaryò ýanyna gitmek üçin ýola çykypdyr. Bu döwürde Ilhanly döwletiniò tagtyndaky dawalar netijesinde Ahmet Tekudar öldürlip, ýerine Abakanyò ogly Argun han geçipdir. Ol Seljuk tagtyna Masut II-ni oturdypdyr. Gyýaseddin Keý Hysrow III-ni Ilhanlar ýaýyò kirºi bilen bogun öldüripdirler.

GYÝASEDDIN MASUT II (115) – Seljuk türkmenleriniò Anadolydaky döwletiniò soltany (hökümdarlyk ýyllary 1283-1296). Ol Izzeddin Keý Kowus II-niò alty oglynyò biridir. Ol Ilhanly hökümdary Ahmet Tekudar tarapyndan tagta çykarylypdyr.

Gyýaseddin Masut II-niò döwründe Ilhanlaryò Anadolydaky täsiri barha artypdyr. Seljuklar Argun hanyò dogany Geýhatunyò serkerdeligindäki 20 müòden gowrak mongol goºunyny ekläp-säklamaga, salgyt tölemäge mejbur edilipdir. Bu arada Gyýaseddin Keý Hysrow II-niò ejesi iki sany agtygyny Konýada tagta çykarmaga synanyºyp, türkmenleriò Garamanogullary we Eºrefogullary begligini kömege çagyrypdyr. Garamanogullary begligi hem seljuklaryò käbir ýerlerine dawa edipdir. Gyýaseddin Masut II özüne garºy giden bu beglikleri mongolaryò kömegine daýanyp, tabyn etmegi baºarypydyr (1288).

Ilhanly hökümdary Argun hanyò döwründe (1284-1291) mongollaryò Anadolynyò halkyna zulumy artypdyr. Onuò dikmeleri Fahreddin Kazwini, Müjüreddin Emirºah, Sadduddöwle dagylar seljuklaryò abraýly begleriniò birnäçesini öldüripdürler, halkyò boýnuna agyr salgytlary ýükläpdirler. Mongol zulumy Argunyò dogany Geýhatunyò döwründe (1291-1295) dowam edipdir. Geýhatu Garamanogullary, Eºrefogullary, Menteºeogullary türkmen begleriniò üstüne ýöriº gurapdyr (1291). Gyýaseddin Masut II dogany Gylyç Arslan Çopanogullary begi Muzaffareddin Ýawlak Arslan han bilen birleºip, tagt dawalaryna baºlansoò Geýhatudan kömek sorapdyr. Kastamonuwyò golaýynda bolan söweºde tagt dawagärleri ýeòlip, wepat bolupdyrlar.

Ilhanly tagtyndaky dawalar Geýhatunyò ýerine Baýdu hanyò geçmegine sebäp bolupdyr. Emma ol hem uzak wagt geçmänkä ýerine Mahmyt Gazan han (1295-1304) geçipdir. Ebul Ferejiò maglumatlaryna görä, musulmançulygy kabul eden Gazan han birnäçe özgertmeleri geçiripdir. Ol Anadoluda tertip-düzgüni ýola goýmak üçin Togaçar noýony eline ýarlyk berip, bu ýere ugradypdyr. Emma Togaçar halka zulum edip, onuò gözünden düºen soò, ony öldürdipdir. Ilhanly dikmeleri Baldu noýon, Sülemiº noýon yzly-yzyna Gazan hana garºy gozgalaò turzupdyrlar.

Baldunyò gozgalaòy basylyp ýatyrylandan soòra soltan Masut II tagtyndan düºürilipdir. Seljuk neberesinden hiç kim soltan yglan edilmänsoò Anadoly seljuklarynyò tagty iki ýyllap boº galypdyr. Döwlet dört bölege (Kastamonu, Amasýa we Samsun, Nigde, Diýarbekir) bölünip, Ilhanlaryò tabynlygyna düºüpdir. Bu dörtli dolandyryºyò peýdasyzdygyna düºünen Gazan han 1298 ýylda seljuklaryò tagtyna Alaeddin Keý Kubat III-ni çykarypdyr. Gyýaseddin Masut II tagtdan agdarylandan soò alty ýyllap (1296-1302) Hemedanda ýaºapdyr. Alaeddin Keý Kubat III-niò öldürilmeginden soòra (1302) seljuk tagtyna Gyýaseddin Masut II gaýtadan getirilipdir. Emma onuò ikinji hökümdarlygy (1302-1308) ýüzleýlikden baºga zat däldi. Masut II-niò ölmeginden soòra Anadoly seljuklarynyò baºyna iò soòky soltan Gylyç Arslan V (Keý Hysrow III-niò ogly) getirlipdir. Onuò ýogalmagy bilen (1318) Anadoly seljuklarynyò döwleti ornuny taryha beripdir.

GYZYLARSLAN (127) – Häzirbegjandaky türkmen atabegliginiò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1186-1191). Ol atabeg ªemseddin Ildeòiziò ogludyr. Onuò doly ady Muzaffareddin Osman Gyzylarslan bolupdyr. Gyzylarslan agasy Muhammet Jahan Pälwandan soò atabegligiò baºyna geçipdir (1186). Gyzylarslan kakasy we agasy ýaly Yrak seljuklarynyò döwletini öz täsirinde saklamagyny dowam etdiripdir. Yrak seljuklarynyò hökümdary Togrul II onuò atabeg bolmagyny islemese-de, emirleriniò talaby bilen ony Hemedana çagyrdypdyr. Soltanyò elini öpýän pursadynda onuò hajyby Garagöz tarapyndan öz janyna kast ediljek bolnandygyny duýan Gyzylarslanyò soltan bilen arasyna tow düºüpdir. Emma sabyr-tagatly atabeg bir aýyò dowamynda jemi 150 müò dinarlyk sowgat-serpaý eltip, soltanyò göwnüni awlapdyr. 100 müò dinary bolsa emirlere harçlap, olary öz tarapyna çekmegi baºarypdyr.

Atabeg Gyzylarslanyò soltan Togrula garºy göreºini Bagdat halyfy hem goldapdyr. Bu göreºde Häzirbegjandaky gypjaklara daýanan Togrul asgyn gelipdir. Yslam dünýäsiniò birligini saklamak üçin Salaheddin Eýýuby Yrak seljuklary bilen Ildeòiz atabeglerini ýaraºdyrmak üçin tagalla edenem bolsa, ol baºa barmandyr. Gyzylarslan garºydaºy Togrul soltany tussag etdiripdir. ªeýdip Yrak seljuklarynyò tagtyna geçenem bolsa, onuò hökümdarlygy uzak dowam etmändir. Ol dildüwºügiò pidasy bolupdyr. Ol Hemedanda bir gije serhoº ýagdaýda ýatyrka pyçaklanyp öldürilipdir (1191ý. tomsunyò ahyrlary). «Onuò mirasyna eýe bolan iki sany ýegeni-de öz ulumsylyklary üçin ölüme sezewar bolýarlar» (Mukaddes Ruhnama, 127). 


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Jepbarguly Hatamow, Jumamyrat Gurbangeldiýew, Orazgeldi Aºyrow)