HALYL (139) – Akgoýunly türkmenleriò hökümdary
(hökümdarlyk ýyllary 1478-1479). Uzyn Hasan aradan çykansoò onuò ýerine
16 ýaºly ogly Halyl geçipdir. Halylyò hiç bir günäsi ýok ýerine dogany
Maksut begi öldürtmegi beýleki doganlarynyò oòa garºy herekete
baºlamagyna getiripdir. Ol daýysy Jahangiriò ogullary Myrat we Ybraýym
begiò gozgalaòyny basyp ýatyrypdyr. Ejesiniò döwlet iºlerine goºulmasyny
islemedik Halyl soltan ony beýleki oglunyò – Diýarbekiriò häkimi Ýakub
begiò ýanyna ýollapdyr. Ýakup beg hem doganynyò garºysyna gozgalaòa
baºlapdyr. Hoý çaýynyò golaýynda bolan söweºde Ýakup beg Halyly ýeòipdir
we öldürdipdir. ªeýlelikde, Halyl begiò Akgoýunly döwletindäki alty
aýlyk hökümdarlygy pajygaly tamamlanypdyr. Halyl begiò Aly we Elwent
Mürze atly ogullary bolupdyr.
HASAN ALY (138) – Garagoýunly türkmenleriò
döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1467-1469). Ol Jahanºanyò
ogludyr.
Akgoýunly soltany Uzyn Hasan söweºde ýeòip,
Garagoýynly hökümdary Jahanºany hem-de onuò oglu Muhammet Mürzäni
öldürdüpdir, beýleki ogly Ýusubyò bolsa gözlerini oýdurdypdyr. Hasan Aly
tagta geçen badyna kakasyny öldürden Uzyn Hasanyò garºysyna uly goºun
toplapdyr. Merend diýen ýerde Akgoýunlylar bilen Garagoýunlylaryò
arasynda uly söweº bolupdyr. Faruk Sümeriò «Akgoýunlylar» diýen iºinde
ýazmagyna görä, 1468-nji ýylyò Alp Arslan aýynda bolan bu söweºde Hasan
Aly ýeòlip, Häzirbegjana gaçypdyr. Özüni yzarlaýan Uzyn Hasan begden
gaçyp gutulmajagyna gözi ýeten Hasan Aly öz janyna kast edipdir (1469 ý.
Magtymguly aýy). Onuò ölüminden soò, Uzyn Hasan 1469-njy ýylda Kermany,
1470-nji ýylda Bagdady eýeläp, Garagoýunly türkmenleriò döwletini
ýykypdyr.
HEMZE (139) – Akgoýunly türkmenleriò döwletiniò
hökümdary. Hemze Gara Ýülük Osman begiò 13 oglunyò arasynda
gaýratlylarynyò biri bolupdyr. Gara Ýülük Osmanyò ölüminden soòra (1435)
onuò ogullarynyò arasynda oòuºmazlyklar baºlanypdyr. Agsak Teýmiriò ogly
ªahruh Gara Ýülügiò mirasdar ogly Aly begi ykrar edipdir. Aly beg
uýasyny ªahruhyò ogluna durmuºa çykaryp, özüniò häkimiýetini
berkidipdir. Emma Teýmirileriò howpy sowlan badyna Hemze beg agasy Aly
bege garºy göreºe baºlapdyr. Hemze begi ýeòip bilmänsoò, Aly beg Müsüre
gidipdir we ºol ýerde aradan çykypdyr. Hemze beg ilkibada Akgoýunly
döwletiniò Mardin ºahasynyò häkimi bolupdyr. Ol 1437-nji ýylda Mardini
eýelemek islän Garagoýunlylaryò Bagdatdaky häkimi Mürzäni ýeòmegi
baºarypdyr. Hemze beg dogany Ýakup begden Erzinjany alypdyr. Hemze begiò
Jahangir Mürzeden (Aly begiò ogly) Urfany almak synanyºygy baºa
barmandyr. Jahangiri Birejigiò häkimi Uzyn Hasan (ol ºol wagt 14 ýaºynda
eken) goldapdyr. Hemze beg gyzyny bermek bilen Jahangiri özüne tabyn
etmek isläpdir. Hemze beg 1444-nji ýylda aradan çykypdyr.
HEZRETI ALY (105, 194) — dördünji halyf, Muhammet
pygamberiò doganoglany we ogullygy, giýewi (Patmanyò adamsy). Onuò doly
ady Aly b. Abu Talyb Aby-l- Hasan al-Myrtada (ýogalan wagty 661-nji
ýylyò Türkmenbaºy aýynyò 21-i). Yslam dini ugrunda edermenlik we
batyrgaýlyk bilen göreºenleriò naýbaºylarynyò we Muhammet pygamberiò
ýakyn egindeºleriniò biri. Yslamdaky ºaýylar hereketiniò baºlanmagy onuò
ady bilen baglydyr.
Musulman halklarynda Alynyò ady, onuò gylyjy, aty –
Düldüli bilen baglanyºykly rowaýatlar saklanýar. Rowaýatlarda Aly «Alla
ýaramly», «Allanyò peleòi», «Keramatlylaryò ºasy» diýen at bilen
ýatlanýar. Aly Muhammetden miras galan gylyjy bilen söweºlerde aýratyn
edermenlik görkezýär, kabir ýerlerde onuò ady bilen gudratlylyk
baglanyºdyrylýar. Mysal üçin rowaýatlara görä Aly kesilen elleri
bejeripdir, eýmenç ýolbarslary, aždarhalary gaçyp gider ýaly edipdir.
VII asyryò 50-nji ýyllarynyò ortalarynda Arap
halyflygynda Osmanyò hökümdarlygyna garºy hereketler baºlanypdyr.
Halyflygyò ilaty Alynyò batyrlygyna, akyl-paýhaslylygyna,
ugurtapyjylygyna, galyberse-de Muhammet pygambere iò ýakyn adamlaryò
altysynyò biridigine bil baglap, Osmanyò ornuna Alynyò halyf bolmalydygy
barada çykyº edipdir. Alynyò halkyò öòünde söz sözlemäge, ynandyryjy
geplemege gaty ökde bolandygyny, «söz gudratyny» ulanmaga ussatlygyny
hem aýtmalydyrys.
Ýurtda syýasy ýagdaý barha çylºyrymlaºyp, 656-njy
ýylyò Gurbansoltan aýynda Medinäniò golaýynda Müsürden we beýleki
sebitlerden gelen Alynyò tarapdarlary toplanyp, Osmandan Alynyò
peýdasyna tagtdan ýüz öwürmegi talap edýärler. Olar ºol ýylyò Oguz
aýynda Osmanyò jaýyna zor bilen girip, ony öldürýärler. Müsürlileriò
teklip etmegi bilen Aly halyf diýlip jar edilýar. Emma, Alyny ähli
musulmanlar goldapdyr diýsek öte geçdigimiz bolar. Mysal üçin,
musulmanlaryò arasynda täsiri uly bolan Muhammet pygamberiò söýgüli
aýaly Aýºa Alyny goldamandyr. Aýºa däýanyp, Muhammet pygamberiò
egindeºleri Talha we az-Zubaýr Ala garºy gozgalaò turuzypdyrlar. Olar
Basrany basyp alypdyrlar. Gozgalaò bilen bir wagtda Siriýanyò baý hem-de
täsirli hökümdary, öldürilen Osmanyò garyndaºy Mu‘awiýa hem Ala garºy
çykypdyr. Ol Alyny Osmany ölüminde gatnaºygynyò barlygynda aýyplapdyr.
656-njy ýylyò Bitaraplyk aýynda «Düýeleriò söweºi» ady bilen taryha
giren Basranyò golaýyndaky çaknyºykda Aly duºmanlary Talhanyò we
az-Zubaýranyò az sanly goºunlaryny ýeòipdir. Emma, Mu‘awiýa garºy uruº
uzaga çekipdir. Bu ikisiniò arasyndaky esasy söweº 657-nji ýylda bolup,
onda Alynyò goºunlary ýeòiº gazanyp barýandygyna garamazdan Aly söweºi
saklap, gepleºiklere baºlamak baradaky garºydaºlarynyò teklibine razylyk
beripdir. Alynyò bu hereketi onuò goºunyndan 12 müò esgeriò ondan ýüz
öwürip gitmegine sebäp bolupdyr. Alynyò tarapdarlarynyò arasynda
bölüniºik baºlanypdyr. Soòra ºol 12 müò esger täze syýasy dini
toparlanyºygy – harijitler toparyny döredipdirler. Harijitler diòe bir
Mu‘awiýa garºy göreºmän, eýsem, Ala garºy hem göreºipdirler. 661-nji
ýylyò Türkmenbaºy aýynyò 19-ynda häzirki Nejef ºäherindäki metjitden
çykyp gelýärkä harijit Ibn Muljam tarapyndan Aly ölüm howply ýaradar
edilipdir. Iki günden soòra Aly aradan çykypdyr. Ony häzirki Nejef
ºäherinde jaýlapdyrlar.
Çeºmeler Alynyò maºgala ýagdaýy barada dürli
maglumatlary berýärler. Onuò 8-9 sany aýalyndan 14-18 ogly, 17-19 gyzy
bolupdyr. Olaryò arasynda iò meºhurlary Patma atly aýalyndan bolan
al-Hasan we al-Hüseýindir. ªaýlar Alynyò nebereleriniò Marokkoda
789-926-njy ýyllarda Idrisiler nesli ºalygyny, demirgazyk Afrikada,
Musürde we Siriýada 909-1171-nji ýyllarda Fatimiler, Yemende IX-XIII
asyrlarda Rassiler nesil ºalygyny, Yemende we Tabaristanda Zeýdiler
nesil ºalygyny döredipdirler. Alynyò köp sanly nebereleri häzirki wagtda
musulman dünýäsiniò dürli ýurtlaryna ýaýrandyr.
Magtymgulynyò döredijiliginde Hezreti Ala mynasyp
orun berlipdir. Beýik akyldarymyz goºgularynda Alynyò adyny «Aly»,
«Hezreti Aly», «ªahymerdan», «Murtuza» görnüºinde 50-den gowrak ýerde
ýatlaýar. Hezreti Alynyò Düldül atly meºhur atynyò, zülpükär gylyjynyò
bolandygy mälim. Görogly kyn güne düºende elmydama özüniò piri Hezreti
Alydan — ªahymerdandan goldaw isleýär.
HOJA AHMET YASAWY (79, 175) – yslam dininde
sopuçylygyò ýasawylar mekdebini döreden, ºygyrýet dünýäsinde türkmen
dilinde hikmet ýazan uly pirdir. Ol 1103-nji ýylda Türküstanyò Saýram
obasynda eneden dogulyp, 1166-njy ýylda aradan çykypdyr. Hoja Ahmet
Ýasawy 7 ýaºynda wagty kakasy Ybrahym dünýäden ötýär. Onuò maºgalasy
Ýassy ºäherine göçýär. Ýasawy lakamy Ýassy ºäherinde ýaºandygy bilen
baglydyr. Ýasawy ýaº wagty örän bilesi geliji, ýatkeº, gujurly oglan
bolupdyr. Ol ilkinji dini baºlangyç mekdebini Ýassy ºäherinde okapdyr.
Onuò ilkinji mugallymy ýerli ºyh, meºhur din adamy Arslan Baba bolupdyr.
Arslan Baba oglana ruhy terbiýe bermegi öz boýnuna alypdyr. Ahmedi diniò
ähli kada – kanunlary bilen tanyºdyrýar. Ony bilimli sopy edip
ýetiºdirýär. Bu hakda Hoja Ahmet Ýasawy öz goºgusynda-da:
Ýedi ýaºda Arslan Babam ýzlap tapdy,
Hurma berip, perde bilen syrym ýapty,
Behamdulla, gördüm diýdi ýüzüm öpdi,
Ol sebäpden altmyº üçde ýere girdim- diýip ýatlaýar.
Arslan Baba ýogalandan soò Hoja Ahmet Ýasawy din
ugrundan bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen Buhara barýar. Ol ýerde
Hoja Ýusup Hemedanynyò (1048 – 1140) ºägirtligine geçýär we yslam
dinine, sopuçylyga degiºli ugurlarda ylymyny kämilleºdirýär. Hoja Ahmet
Ýasawa halypasy «Hakyò hakykata ýoluny özbaºdak wagz etmäge» rugsat
berýär. Halypasy Hoja Ýusup Hemedany ýogalandan soò, Buharada onuò
derwüºhanasyna ýolbaºçylyk edýär. sopuçylyk mekdebinde talyplara ders
berýär.
Hoja Ahmet Ýasawy 30 ýaº töwereklerinde watanyna –
Ýassa dolanýar. Ol sopuçylyk mekdebiniò taglymatyny iºeòòirlik bilen
ýaýradyp baºlaýar. Emma, Türküstany garahytaýlylaryò basyp almagy (XII
asyryò 30-40-njy ýyllary) bilen syýasy ýagdaý üýtgäpdir.
Garahytaýlylaryò uýýan buddizm we ºamanizim dinleri yslam dini bilen
deòleºdirilipdir. Netijede, Hoja Ahmet Ýasawy öwüt-nesihatlarynda
beýleki dinler bilen oòºuklylygy öòe sürüpdir. Muòa garamazdan, ol
müòlerçe adamlary yslama çekmäge baºarypdyr.
Hoja Ahmet Ýasawy din, ylym, durmuº, ahlak bardaky
pikirlerini ºygyr arkaly beýan etmegi baºaran beýik pirdir. Ol «Hikmet»
(Paýhas) ady bilen belli bolan sopuçylyk goºgulary bilen halkyò içinde
meºhurlyga eýýe bolupdyr. «Hikmetlerde» din – ybadatlary, ahlak
düzgünleri, adamlaryò arzuw hyýallary beýan edilipdir. Hoja Ahmet
Ýasawynyò hikmetleri hemmeler düºüner ýaly sada we türkmen dilinde
ýazylypdyr. Ony giò halk köpçüligi okap bilipdir. Hikmetlere atalar
sözi, nakyllar, dana sözler siòdirilipdir. Hoja Ahmet Ýasawy türkmen
halkynyò, türkmen diliniò hakyky watançysy hökmünde çykyº edipdir. Ol
ºygyrýetde arap we pars dilleriniò agalyk eden zamanasynda hikmetlerini
türkmen dilinde ýazan beýik pirdir.
Türkmençiligiò dini ynançlarynyò päkligini saklamakda
Hoja Ahmet Ýasawynyò tagallasy ulydyr. Onuò ýoly Döwletmämmet Azadynyò,
Andalybyò, Magtymgulynyò ºygyrlarynda-da öz ornuny tapypdyr.
Magtymguly Hoja Ahmet Ýasawynyò halk üçin din üçin
ylym üçin eden aladalaryna ýokary baha beripdir. Onuò «Medinede
Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet», «Türküstanyò Ahmedi, togsan ýerde
söhbedi» diýen ganatly sözleri dilden-dile geçip, atalar sözüne öwrülip
gidendir.
… Hyrka geýen Hoja Ahmet,
Saýramdadyr, Saýramda – diýip,
Pyragy piriò jaýlanan Watanyny özüniò ºygrynyò üsti
bilen beýan edipdir.
Hoja Ahmet Ýasawynyò mazarynyò üstünde agsak Teýmir
aramgäh bina etdirýär. Ol düýºünde Hoja Ahmet Ýasawyny görüp,
binägärlerine mongollaryò weýran eden aramgähini owadan görnüºde gurmagy
buýurýar.
HULAGU (128) — Amyderýadan tas Ortaýer deòzine
çenli, Kawkazdan Hindistana çenli mongollara tabyn edilen ýerlerde
hökümdar bolan Ilhanylar döwletiniò ilkinji dolandyryjysy.
Hulagu 1217-nji ýylda dogulýar. 1253-nji ýylda
Mongoliýadan çykyp gaýdyp, 1256-njy ýylda Eýrana gelýär we ony basyp
alyp mongol döwletini döredýär. 1258-nji ýylda Bagdat halypasynyò
goºunlaryny ýeòýär. Siriýany basyp almak üçin eden söweºi ºowsuz
tamamlanýar. Hulagunyò garºysyna Müsürdäki Memluk türkmenleriniò döwleti
söweº guraýar. Hulagunyò 25 müò adamly goºuny Müsürli memlýuklar
tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Dogry, Hulagu söweºiò öò ýanynda dogany
Munke hanyò ýogalandygy hakyndaky habary eºidip, Eýrana yzyna dolanýar.
Söweºmäge galdyryp gaýdan 25 müòli goºunynyò ýok edilendigini bilip,
täzeden güýç toplap urºy dowam etdirmek isleýär. Emma onuò ol islegi
baºa barmaýar.
Hulagu özüne tabyn halklaryò, illeriò hany diýen
manyda özüne “Beýik ilhan” diýdirer eken. ªonuò üçin onuò döreden
döwleti ilhanylar adyny alypdyr. W.W Bartoldyò berýän maglumatlaryna
görä Hulagu aýaly Dokuz hatynyò gepine gidip, musulmanlary ýekirgäpdir,
hresiýanlaryò bolsa arkasyny tutupdyr. Hulagu 1265-nji ýylyò Baýdak
aýynyò 8-inde ýogalýar. Onuò ýerine ogly Abaka ilhan bolýar.
HUSAMEDDIN DEMIRBAª (124, 125) — Artykly
türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary. Ol Nejmeddin Ilgazynyò oglydyr.
Belegiò ölüminden soòra (1124) Mardin Artyklylarynyò
baºyna geçen Husameddin Demirdaº Halaba häkim bolupdyr. Onuò syýasy we
harby tejribesizligi zerarly Halabyò halky ondan närazy bolupdyr.
ªäheriò halky Mosulyò häkimi Aksuògur Porsugy kömege çagyryp,
Artyklylaryò tabynlygyndan çykypdyr (1124). Demirdaº dogany Süleýman
ýogalansoò onuò edarasyndaky Maýýafarikini hem eýeläpdir (1125). Mosulyò
atabegi Ymadeddin Zeòòi Demirdaºyò golastyndaky Nusaýbin, Serji, Dara
ýaly ºäherleri eýeläp, Artyklary özüne garaºly ýagdaýa salypdyr
(1141-1142). Ymadeddin Zeòòi aradan çykansoò (1146) Demirdaº ol ýerleri
yzyna gaýdyp almaga baºlapdyr. Husameddin Demirdaº ikinji haçly
ýörüºinde gelen haçparazlara garºylyk görkezen türkmen serkerdeleriniò
biridir. Ol 1150-nji ýylda frank haçparazlarynyò elinden Sümeýsady,
Kefersudy, Biräni alypdyr. Husameddin Demirdaº 1154-nji ýylda aradan
çykypdyr we ýerine ogly Nejmeddin Alp geçipdir.
HUSAMEDDIN ÝÜLÜK ARSLAN (124, 125) — Artykly
türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1184-1200).
Ol Kutbeddin Ilgazy II-niò ogludyr.
Husameddin Ýülük Arslanyò kiçi ýaºda tagta geçendigi
sebäpli döwlet iºlerini Ahlatºalaryò memlügi Nyzameddin Alpguº
dolandyrypdyr. Husameddin Ýülük Arslanyò döwründe Eýýuby hökümdary
Salahaddin Artykly türkmenleriò içki iºlerine goºulypdyr. Maýýafarikin,
Sümeýsat Eýýubylaryò eline geçipdir. Salahaddinden soòky Eýýuby
hökümdary Mälik el-Adyl Artyklaryò elinden Mardini almaga synanyºypdyr.
Eýýubylaryò öz ülkesine hem howp salýandygyny gören Mosul atabegi
Nureddin Arslan ºa I Artykly türkmenlere kömege barypdyr. Eýýubylar
birbada Mardinden çekilipdir (1199). Emma Mälik Eºrefiò döwründe Artykly
türkmenler öz üstünden Eýýubylaryò häkimligini ykrar etmäge mejbur
bolupdyrlar. Husameddin Ýülük Arslan ýogalansoò ýerine dogany Nasreddin
Artyk Arslan geçipdir.
HÜSEÝIN (114) — seljuk türkmenleriniò Kermandaky
döwletini esaslandyryjy Gara Arslan Gurduò ogly. Agasy Kerman ºa ölensoò
hökümdar bolýar (1074). Hemedanda tussaglykda oturan dogany Soltan ºa
gaçyp, Hüseýiniò ýerine Kerman seljuklarynyò tagtyna oturypdyr.
HÜSEÝIN ªA (144) – Sefewi türkmenleriniò 9-njy
ºasy. Ol sekizinji hökümdar Süleýman ºanyò ogludyr. Ol 1694-1722-nji
ýyllarda hökümdarlyk edipdir.
Kakasy ýaly Hüseýin ºa hem ýurda baºarjaòlyk bilen
ýolbaºçylyk edip bilmändir. Ýurduò gowºamagy, halkyò ýagdaýy
erbetleºmegi dowam edipdir. XVII asyryò ahyrynda Eýranyò ykdysady
babatda ýagdaýynyò üzül-kesil erbetleºýändigi hemmä aýan bolupdyr.
1798-1701-nji ýyllarda salgytlar 2-3 esse artdyrylypdyr. Täze salgytlar
girizilipdir. Daýhanlar ýerlerini satyp köpçülikleýin ºäherlere göçüp
baºlapdyrlar. ªa Hüseýin perman bilen daýhanlary ýere berkidipdir.
ªa Hüseýiniò ýurdy tozgunçylyga alyp barýan içeri
syýasatyna garºy gozgalaòlar baºlanypdyr. ªol gozgalaòlaryò iò irisi
Gandagar welaýatyndaky gilzaý türkmenleriniò gozgalaòydyr. Gozgalaò
1709-njy ýylda baºlanypdyr. 1722-nji ýylda gozgalaòçylar ºa Hüseýini
tagtdan agdaryp, öz baºtutanlary Mir Mahmudy ºa diýip jar edipdirler.
Tagtyndan jyda düºen Hüseýin ºa ºol ýyl ýogalypdyr.
HYSROW MÄLIK TÄÇEDDÖWLE (142) — Gaznaly
türkmenleriò döwletiniò iò soòky hökümdary (hökümdarlyk ýyllary
1160-1186). Ol Hysrow ºa Muyzeddöwläniò ogludyr. Hysrow Mäligiò
häkimligi esasan Penjap welaýatynda ýaýrapdyr. Bu döwürde Gurly hökümdar
Gyýaseddin Muhammet Gaznany Muyzeddin Muhammediò ygtyýaryna beripdir.
Muyzeddin Muhammet 1181-1182-njy ýyllaryò çatrygynda Lahora gelip,
Hysrow Mäligiò ogly Mälik ºany ýesir alyp, yzyna dolanypdyr. Hysrow
Mäligiò hohar taýpasyna daýanyp, gurlulara garºy göreºmek niýeti baºa
barmandyr. Jammu rajasynyò dönüklik etmegi bilen Hysrow Mälik ýesir
düºüpdir. Lahory we Penjaby eýelän gurlular, 1186-njy ýylda Gaznaly
türkmenleriò döwletini ýykypdyrlar.
HYSROW ªA MUYZEDDÖWLE (142) — Gaznaly türkmenleriò döwletiniò
soltany (hökümdarlyk ýyllary 1157-1160). Ol Bährem ºanyò ogludyr. Beýik
Seljuk türkmen döwletiniò soltany Sanjaryò ölüminden soò (1157) Gur
döwleti Gaznalylaryò ýerlerini eýelemegini hasam giòeldipdir. Hysrow ºa
Gurlaryò zor salmagy astynda döwletiniò paýtagtyny Gaznadan Lahora
geçirmäge mejbur bolupdyr. Gaznalylaryò Owganystandaky ýerleri
gurlularyò eline geçipdir. Gaznalylar indi diòe Hindistandaky ýerlerini
elinde saklamagy baºarypdyrlar. Hysrow ºa Muyzeddöwle 1160-njy ýylda
Lahorda aradan çykypdyr. Ýerine ogly Hysrow Mälik geçipdir.