IBN FADLAN (106) — X asyrda ýaºan arap
syýahatçysy we taryhçysy. Hakyky ady Ahmet ibn Abbasdyr. Ibn Fadlan
Abbasy halyfynyò ilçisi hökmünde 921-922-nji ýyllarda Buharanyò,
Horezmiò üsti bilen Wolga derýasynyò boýlaryna syýahat edýär. Ol
oguzlaryò, hazarýaka halklarynyò ençemesiniò (bulgarlar, hazarlar,
peçenegler) däp-dessurlary, yrymlary, dini ynançlary barada ençeme
gymmatly maglumatlary toplap, olary kitap edipdir. Ibn Fadlanyò
kitabynyò ilkibaºdaky nusgasy ýitirilipdir. 1923-nji ýylda Maºatda onuò
gysgaldylan görnüºi tapylypdyr. Ony XIII asyrda ýaºan arap alymy
al-Ýakut peýdalanypdyr. «X asyr taryhçysy Ibn Fadlan: «Türkmenler goòºyy
halklary ýaly aýal-gyzlarynyò ýüzlerini ýapdyrmaýarlar, olaryò zenanlary
has erkin, ýöne ºol bir wagtda hem olar azgynlyk diýen zady asla
bilmeýärler» diýip ýazypdyr» (Mukaddes Ruhnama, 106s.).
IL ARSLAN (132, 228) — Köneürgenç türkmenleriniò
döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1156-1172). Il Arslan Atsyzyò
ogludyr, Kutbeddin Muhammediò agtygydyr, Anuº hökümdaryò çowlugydyr.
Il Arslan kakasy aradan çykansoò 1156-njy ýylyò Alp
Arslan aýynyò 23-inde tagta çykypdyr. Ol Köneürgenç türkmenleriniò
döwletini garaºsyz döwlet diýip resmi taýdan yglan edipdir. Akademik
W.W. Bartold «Il Arslan musulman dünýäsiniò gündogar böleginiò iò güýçli
patyºasy bolupdyr» diýip belläpdir. Il Arslan ilki Gürgeni we Dehistany
boýun egdiripdir. 1160-njy ýylda ýazyrlaryò ýurduny tabyn etmek maksady
bilen Balkan daglaryna tarap ýöriº edipdir. Ýazyrlaryò baºtutany Ýagmyr
goòºulykda ýaºaýan beýleki türkmenlere ýüz tutup, Köneürgenç
türkmenleriniò Etrek-Gürgende goýup giden dikmesi Ygtyýar ed-Dine garºy
bilelikde çykyº etmäge çagyrypdyr. Netijede ýazyrlary goldan birleºen
türkmen taýpalarynyò güýji üstün çykypdyr. Diòe köp gan döküºlikden soò
Il Arslana ýazyrlary özüne tabyn etmek baºardypdyr.
Il Arslan garlyk taýpasy bilen Mawerannahryò
Garahanlylar hanlarynyò özara dawasyna goºulypdyr. Ol 1158-nji ýylda
horezm goºunlary bilen Mawerannahra ýöriº edipdir, garlyklaryò
Samarkandy we Buharany eýelemek ugrundaky söweºine gatnaºypdyr. Il
Arslan horasanly guzlara garºy göreºde käbir üstünlikleri gazanypdyr.
1165-nji ýylda ol Nyºapura ýöriº edipdir, emma üstünlik gazanyp
bilmänsoò Horasana yzyna dolanypdyr. Ol diòe 1167-nji ýylyò Gurbansoltan
aýynnda Nyºapurda öz adyna hutba okadyp bilipdir. Ýurduò içersindäki
gapma-garºylygyò ýitileºmegi sebäpli Il Arslan garahytaýlaryò çozmak
howpundan goranmak üçin çäreleri geçirmäge mejbur bolupdyr.
1171-1172-nji ýyllarda Horezme tarap ýöriºe ugran garahytaýlaryò
çozuºyndan Il Arslan diòe Syrderýadaky bendi ýykyp dynypdyr.
Il Arslan 1172-nji ýylyò Magtymguly aýynyò 19-ynda
aradan çykypdyr. Ýerine kiçi ogly Soltanºa geçipdir.
ILEK HAN (140) — Garahanly türkmenleriò
döwletiniò hökümdary. Hakyky ady Nasyr bolup, Ilek han derejesini
göteripdir. Ol Abu Hasan Aly Arslan hanyò ogludyr, Baýdaº Arslan hanyò
bolsa agtygydyr.
Nasyr Ilek han Garahanly hökümdarlarynyò arasynda
Abbasy halypalaryny ilkinji bolup ykrar edipdir. Nasyr Ilek han
Garahanly döwletiniò günbatar bölegini edara edip, Samanlylara garºy
göreºi dowam etdiripdir. 996-njy ýyldan ýörüºiò netijesinde Samanlylaryò
ýerleriniò bir bölegi (Syrderýanyò Katwan çölüne çenli kenarlary)
Garahanlylaryò eline geçiripdir.
Nasyr Ilek han Samanlylar döwletini ýykmak maksady
bilen onuò paýtagty Buhara iki gezek ýöriº edipdir. Birinji ýöriºiò
(997ý.) ºowsuz gutarandygyna garamazdan, ikinji ýöriºde (999ý.)
Garahanlylar üstünlik gazanmagy baºarypdyrlar. Samanly neberesine
degiºli hökümdar maºgala agzalary Ötüken ºäherine äkidilip, zyndana
taºlanypdyr. ªeýlelikde, Nasyr Ilek han taryhda Samanlylar döwletini
ýykan hökümdar hökmünde mälimdir. Samanlylar neberesinden bolan Abu
Ybrahym Muntansir zyndandan gaçyp, döwleti dikeltmäge synanyºsa-da, ol
ºowsuz tamamlanypdyr. 1040-nji ýylda onuò öldürilmegi netijesinde bütin
Mawerannahr Garahanlylaryò golastyna geçipdir.
1001-nji ýylda Horasanyò hökümdary bolan Gaznalylar
bilen Mawerannahryò hökümdary Garahanlylaryò arasynda ylalaºyk
baglaºylypdyr. Oòa laýyklykda Jeýhun derýasy (Amyderýa) iki döwletiò
serhedi bolmalydy. Mahmyt Gaznaly Garahanlylar bilen dostluk
gatnaºyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen Nasyr Ilek hanyò gyzyna
öýlenipdir.
Nasyr Ilek han Mahmyt Gaznalynyò Hindistanda
ýöriºdediginden peýdalanyp, Horasany ele geçirmek isläpdir. Sübaºy
Teginiò serkerdeligindäki goºuny Nyºapura we Tusa ýollapdyr. Inisi
Japaryò (Jafer) ýolbaºçylygyndaky kuwwatlary bolsa Balha iberipdir. Emma
Hindistandan yza dolanan Mahmyt Gaznaly olary derbi-dagyn edipdir.
Ýeòlendigine garamazdan Nasyr Ilek Han Hatanyò häkimi — Garahanlylaryò
beýik hökümdary Ýusup Kadyr handan kömek sorapdyr. Ýöne Balhyò golaýynda
bolan söweºde (1008 ý. Türkmenbaºy aýynyò 5-i) Garahanlylaryò birleºen
güýçleri gaznalylaryò piller bilen ýaraglanan güýçlerinden asgyn
gelipdir. Bu ýöriº Garahanlylaryò Horosany eýelemek üçin iò soòky
ýörüºdi. Bu ýeòliº Garahanly neberesiniò arasynda agzalalygyò
tutaºmagyna sebäp bolupdyr. Nasyr Ilek han gaznalylara garºy özüne kömek
bermedik agasy – beýik Hakan Dogan han (Ahmet bin Aly) bilen dawa
giripdir. Döwleti Kaºgarda oturyp edara edýän Dogan han Nasyr han bilen
göreºmek üçin Mahmyt Gaznaly bilen ylalaºyk baglaºypdyr. Nasyr Ilek
hanyò Kaºgara ýöriºi (1011-1012) ºowsuz tamamlanypdyr. Mahmyt Gaznalynyò
araçyllygynda doganlaryò arasynda ylalaºyk gazanalypdyr. Aradan köp wagt
geçmänkä Nasyr Ilek han aradan çykypdyr. (1012-1013 ý. aralygy).
ILGAZY (123, 230, 231) — Artykly türkmenleriniò
Mardindäki ºahasyny esasladyryjy (hökümdarlyk ýyllary 1108-1122). Ilgazy
Artykly nesilºalygynyò baºtutany Artyk begiò oglydyr. Kakasynyò
ölüminden soò (1091) Ilgazy dogany Sukman bilen bilelikde Ierusalymy 5
ýyl töweregi doladyrypdyr. ªam seljuklarynyò tagt dawasynda ol Dukagy
goldapdyr. Onuò atabegi Tugtegin bilen bilelikde haçparazlara garºy
göreºipdir. Ierusalymyò Fatymylar tarapyndan eýelenmeginden soò, Ilgazy
Bagdada gelip Beýik Seljuk türkmen döwletiniò soltany Muhammet Taparyò
hyzmatyna durupdyr. Muhammet Tapar ony Bagdadyò hökümdary belläpdir. Bu
wezipäni 4 ýyl ýerine ýetirensoò, Ilgazy ondan boºadylypdyr (1105).
Munuò üçin ol Muhammet Tapara gahar edip, Diýarbekire gidipdir. Mardini
eýeläp, bu ýerde Artykly türkmenleriò özbaºdak ºahasyny gurupdyr.
Nusaýbini öz tabynlygyna alypdyr.
Ilgazy Sukman we Mewdud bilen bilelikde Muhammet
Taparyò emri bilen Urfany haçparazlardan arassalamaga gatnaºypdyr. Emma
bu ýörüº ºowsyz gutarypdyr (1112). Ilgazy Mosulyò häkimi Çawly Sakawy
Rum seljuklarynyò soltany Gylyç Arslan I-ä garºy göreºde goldapdyr (seret:
Gylyç Arslan I). Harrany haçparazlardan azat etmäge gatnaºany üçin bu
ýeriniò edarasy Ilgaza berilipdir.
Mosulyò häkimi Maudud Damaskda juma namazynda
batyniler tarapyndan öldürülensoò Muhammet Tapar ol ýere Aksuògur
Porsygy häkim belläpdir. Haçparazlara garºy goºun toplaýan Aksuògur
özüne göwünsüz kömek beren Ilgaza gaharlanyp, Mardini talapdyr we ogly
Aýazy ýesir alypdyr. Ilgazy derhal ogluny ýesirlikden boºadyrdyr (1115).
Muhammet Tapar Ilgazynyò bu hereketini gozgalaò hökmünde
häsiýetlendiripdir.
Atabeg Tug hökümdar bilen ýaran bolan Ilgazy 1117-nji
ýylyò Magtymguly aýynda Halaby eýeläp, ªam seljuklarynyò Halap ºahasyny
syndyrypdyr. Halabyò edarasyny ogly Demirdaºa tabºyrypdyr.
Yslam dininiò goragçysy Nejmeddin Ilgazy haçparazlara
garºy göreºen türkmen serkerdeleriniò biridir. Onuò haçparazlardan
gazanan ajaýyp ýeòiºi Tel Afrin jülgesinde bolupdyr. Bu söweº 1119-njy
ýylyò Oguz aýynyò 28-inde bolupdyr. Dilmajogullary begi Dogan Arslanyò
güýçleri bilen bilelikde 20000 adama ýolbaºçylyk eden Ilgazy ýeòiºiò
ajaýyp nusgasyny görkezipdir. Haçparazlaryò baºtutany, Antakýanyò häkimi
Roger bu söweºde öldürilipdir.
Yslam dünýäsinde uly söýgi döreden bu ýeòiº
netijesinde Halap haçparazlaryò zulmundan azat edilipdir. Esarib we
Zerdane galalary yzyna alnypdyr. ªol ýylyò Alp Arslan aýynyò 14-inde
Tell-Danisde Ierusalymyò koroly Baoduin II hem agyr ýeòliºe sezewar
edilipdir.
Gürji koroly Dawid II gypjaklara daýanyp, Tiflis
musulmanlaryna azar beripdir. Tiflis musulmanlarynyò haýyºy boýunça Yrak
seljuklarynyò soltany Mahmyt Ilgazyny Gürjüstan saparyna ýollapdyr
(1121). Bu sapardan ºowsyz dolanmagyna garamazdan Ilgaza ähtibarlygy uly
bolan Mahmyt oòa Meýýafarykyny ykta edip beripdir.
Ilgazy ýegeni Belek, atabeg Tug hökümdar bilen
bilelikde Zerdane galasyny haçparazlardan almak üçin çykan ýörüºinde
keselläpdir. ªol keselden gutulman 1122-nji ýylyò Sanjar aýynyò 19-nda
60 ýaº töwereginde aradan çykýar. Ogullaryndan Süleýman Meýýafarykyna,
Demirdaº Mardine, ýegeni Süleýman bolsa Halaba häkim bolupdyr.
ILTERIª GUTLUG HAN (216) — Göktürkmenleriò
döwletiniò hökümdary. Ol Bilge hanyò kakasydyr. Ilteriº kagan barada
bize hytaý çeºmeleri we göktürkmenleriò guburynyò baºynda daºa ýazylan
ýazgylary tas birmeòzeº habar berýär. Hytaý çeºmelerinde Ilteriº kagan
özüniò 5 müò atlysy bilen gozgalaò turuzdy diýilse, göktürkmen
çeºmelerinde 70 adamly Ilteriº kaganyò tarapdarlarynyò sanynyò 700-e
ýeten wagty «türkmen ilini düzgün-tertibe getirip, gula öwrülen halkyny
azatlyga çykarandygy, türkmen däp-dessurlaryny, kanunlaryny dikeldiji
bolandygy ýazylýar. N.Ý.Biçuriniò maglumatlaryna görä, Ilteriº kaganyò
632-nji ýylda göktürkmen ilatyny birleºdirip, 633-nji ýyldan baºlap,
Beýik Hytaý diwarynyò ugry boýunça hereket edip, Hytaýyò 5 harby
welaýatyny basyp alandygy nygtalýar. Maglumatlaryò ählisinde türkmen
atly goºunynyò söweºe ukyplylygy, onuò harby täliminiò hytaý goºunyndan
artykmaç bolandygy nygtalýar. Göktürkmenleriò görnükli hökümdarlarynyò
biri bolan Tonýukugyò mazarynyò baºynda galdyrylan ýazgydaky «Biz
Garagumy we Kuz-Çugaýy özümize watan edindik» diýen sözlerin Beýik
Serdarymyzyò türkmenleriò dörän, dünýä ýaýran ýeriniò Türkmenistandygy
hakyndaky tekrarlamasynyò anyk maglumatlara daýanýandygyna nobatdaky
subutnamadyr. Maglumatlar 686-njy ýylda Ilteriº kaganyò garºysyna uly
hytaý goºunynyò sürlendigini, göktürkmen serdarlarynò duºmana garºy açyk
söweºe çykandygy, gandöküºikli söweºde hytaýlylaryò 5 müò adamsyny
ýitirip, ýeòlendigi habar berilýär.
686-njy ýyldaky ýeòliºden soòra Hytaý Çan-Çži atlºy
zehinli serkerdäniò ýolbaºçylygynda uly harby güýji göktürkmenlere garºy
sürýär. Bu söweº 687-nji ýylda bolýar. Hytaý serkerdeleriniò söweºe
düýpli taýýarlyk görendigi sebäpli göktürkmenler ýeòilýär. Göktürkmenler
yza çekilip, 20 km. çemesi gaçan bolup, gurt oýnuny gurap, hytaýlylary
ýeòliºe sezewar edýär. 688-nji ýylda hem hytaýlylar uly söweº guraýar
(ºol ýyly göktürkmenleriò ikinji kaganlygynyò dörän ýyly hasaplamak
mümkin). Göktürkmen ýazgylarynda Ilteriº kaganyò 47 ýöriºi we
hytaýlylara garºy guran 20 söweºi barada maglumat berlip,«ol duºmanyny
parahatçylykly ýaºaºmaga boýun etdi, dyzçanagy baryny dyza çökerdi,
gedemleri bolsa boýun egmäge mejbur etdi» diýilýär. Ilteriº kagan
693-nji ýylda aradan çykýar. Tagta onuò dogany Gapagan han geçýär.
IMADEDDIN ALY ALPY ADYL (124) — Artykly
türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary. Ol Nejmeddin Gazy II Mansuryò
ogludyr. Kakasy ýogalansoò (1312) häkimiýete gelipdir. Bary-ýogy iki
hepde hökümdarlygyndan soòra ýerine dogany ªemseddin Salyh geçipdir.
IMADEDDIN ªAHANªAH (120, 121) — Zeòòi
türkmenleriniò atabegliginiò Sanjardaky ºahasynyò hökümdary. Eýýuby
hökümdary Mälik-Eºref 1219-njy ýylda gowºan Zeòòi atabegligini boýun
egdirmek üçin ilki Nusaýbine, soòra Sanjara ýöriº edipdir. Imadeddin
ªahanºah Rakkanyò özüne berilmegi ºerti bilen Sanjary Eýýubylara
beripdir. ªeýlelikde, türkmenleriò Sanjardaky atabegliginiò soòuna
çykylypdyr.
IMADEDDIN ZEÒÒI b.MAUDUD (120, 121) — Zeòòi
türkmenleriniò atabegliginiò Sanjardaky ºahasynyò esaslandyryjysy
(hökümdarlyk ýyllary 1170-1197). Ol Kutbeddin Maududyò ogludyr.
Kakasy mirasdar diýip yglan edenem bolsa, emirler
Seýfeddin Gazy II-ni tagta geçiripdirler. Mosula ýöriº eden Nureddin
Mahmyt Sanjary eýeläp, Imadeddini bu ýere häkim belläpdir. ªeýlelikde,
Zeòòileriò Sanjar ºahasy emele gelipdir. Imadeddin Zeòòi b. Maudud
Seýfeddin Gazy II-niò eýýubylar bilen göreºinde Salahaddiniò tarapyny
tutupdyr. Salahaddin 1193-nji ýylyò Oguz aýynyò 13-inde Halaby
eýeläpdir. Sanjar, Habur, Nusaýbin we Serujy alan Imadeddin Nusaýbiniò
golaýyndaky Mosul ºahasyna degiºli birnäçe obalary tabyn edipdir.
1197-nji ýylda aradan çykan Imadeddiniò ýerine ogly Kutbeddin Muhammet
geçipdir.
ISA (20, 21, 34, 321) — Allatagalanyò keramatly
«Injil» kitabyny iberen pygamberi. Milady ýyl hasaby onuò doglan
gününden baºlanýar. Diýmek, Isa pygamberiò doglanyna 2003 ýyl geçipdir.
Keramatly Gurhanda Isa Pygamberiò ady keramatlylaryò, Allatagala
ýakynlaryò arasynda aýratyn hormat bilen birnäçe gezek ýatlanylýar.
Gurhanda onuò Adam ata ýaly beýik Taòry tarapyndan gudrat bilen
ýaradylyºy, onuò ýarymperiºde gelip çykyºy nygtalýar. Beýik Saparmyrat
Türkmenbaºynyò Mukaddes Ruhnamasynda onuò üýtgeºik ýaradylyºy barada
ºeýle diýilýär: «How enäniò ýaradylmagy bilen Allatagala ýaradyjylyk
hukugyny özünde galdyryp, döredijilik ukybyny ene bilen paýlaºypdyr.
ªondan soò, Allatagala adamy atasyz ýaratsa-da, enesiz döredip
bilmändir. Muòa Isa pygamberiò ýaradylyºy ºaýatdyr. Isanyò ýaradylyºy
hakynda beýik Magtymguly ºeýle diýýär:
Atasyz bar bolan ene garnynda.
Elbetde, Ýaradan gudratlydyr. Ol islese, Isany enesiz
hem ýaradyp bilerdi» (321). Gurhanda Isa pygamber haja çüýleniliºi bilen
baglanyºykly görnüº onuò ölümini synlaýanlaryò gudrat bilen gözüne
görnendigi, hakykatda onuò Hakyò huzuryna çagyrylandygy aýdylýar. Ol tä
ahyrzamana çenli Hudaýyò huzurynda bolup, har Tejjaly (Dejjaly) ýok
etmek üçin Isanyò asmandan injekdigi aýdylýar. Gurhanda Isanyò Tejjaly
öldürip, adalatlylygy dikeldip, edil beýleki adamlar ýaly aradan
çykjakdygy, onuò Medinede jaýlanjakdygy aýdylýar. Bu barada Magtymguly
atamyz:
Isa-sahypzaman geler ºol demde,
Adyl gurlar, wezir bolar ºol günde,
Tutarlar Deçjaly, öldirler ºonda,
Haýhat günden, zulmat günden aman heý.
— diýip belleýär («Aman heý»).
Isa 31 ýaºynda ýogalýar. Hristianlar Isany Iusis
Hristos diýip atlandyryp, onuò duºmanlar tarapyndan haja çüýlenilip
öldürulendigine we iki günden soò dynç güni (woskresenýe) täzeden
janlanandygyna ynanýarlar. ªol güniò atlandyrylyºy «woskres» (täzeden
janlanmak) sözünden bolup, häzire çenli hepdäniò dynç güni hokmünde
ýylda bir gezek bolsa dini baýramçylyk hökmünde bellenilýär.
Rowaýatlarda Isanyò elmydama eºekli gezendigi
aýdylýar. Bu barada Magtymguly Pyragynyò döredijiliginde ençeme ýerde
agzalýar:
Eºek münüp Isa dek, ýeldirdigim bilmezmiò?
(«Bilmezmiò»).
Günde kyrk at bezäp berdiò Karuna,
Isa mydar berdiò ýeke har bilen («Ar bile»).
Isa eºegin münende,
Sygyr Musa ulagydyr («Pelegidir»).
— diýip belleýär.
Allatagala tarapyndan Isa pygambere Injil atly
mukaddes kitap inderilipdir. Magtymguly Pyragy bu barada ºeýle ýazýar:
Gözel Alla nazar salan,
Merýemiò mährinde galan,
Dört kitabyò birin alan,
Ol Isa Beruhylladyr. («Bir alladyr»).
Hakdan nuzul oldy Musaga «Töwrat»,
«Injil» waspyn Isa eýledi ispat. («Ynsan ýaratdy»).
ISGENDER (138) — Garagoýunly türkmenleriò
döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1420-1437). Isgender Gara
Ýusubyò ogludyr. Taryhy çeºmelerde oòa Isgender Mürze hem diýilýär.
Gara Ýusup aradan çykansoò (1420) ogullary Abu Seýit,
Ispend, ªamämmet (türk çeºmelerinde ºah Mehmet), Jahanºa, Isgender öz
arasynda hökümdarlyk tagtyny eýelemek üçin bäsleºipdirler.
Akgoýunly hökümdary Gara Ýülük Osman beg özünüò
garºydaºy Gara Ýusup Akgoýunlynyò ölüminden peýdalanyp, Mardini
eýelemäge synanyºypdyr. Isgender Mürzäniò Gara Ýülügi yzyna
serpikdirmegi onuò abraýyny artdyrypdyr. Ahmyrly Gara Ýülük Osman Wan
kölüniò töweregine gelen Teýmiriò ogly ªahruha ilçi ýollan, ony
Garagoýunlylaryò üstüne ýöriºe küºgüripdir. Faruk Sümeriò
«Garagoýunlylar» diýen iºinde ýazmagyna görä, Gara Ýülük ªahruha «Gara
Ýusubyò ogullarynyò hemmesini ýok etmeseò, bu ülkede tertip-düzgüniò
bolmajagyny, halkyò asudalykda ýaºamajakdygyny» aýdyp, ony ynandyrypdyr.
Isgender dogany Ispend bilen birlikde ªahruhyò ýanyna ýaraºyk üçin ilçi
ýollasa-da, netije bermändir. Eleºkirdiò golaýynda, Ýagºy diýen ýerde
Garagoýunlylar bilen ªahruhyò arasynda söweº bolupdyr. ªahruhyò söweº
pilleri bilen kuwwatlandyrylan goºuny Garagoýunlylaryò 40 müò adamly
goºunyndan 4-5 esse köp bolupdyr. Gara Ýülük ªahruhyò goºunynyò çep
ganatynda ony goldapdyr. Üç güne çeken gazaply söweºde Isgender Mürzäniò
hut özi gahrymançylygyò nusgasyny görkezip, esgerlerini ruhlandyrypdyr.
Ilkibada ýeòiº Garagoýunlylaryò tarapynda ýaly hem bolup görnüpdir. Ýöne
dogany Ispendiò ºehit düºendigi baradaky ýalan habar Isgenderi
lapykeçlige düºüripdir. Ýadaw Garagoýunly goºuny bu söweºde ýeòlipdir.
Isgender Kerkuga gidipdir, Ispend bolsa gündogar Anadoluda galypdyr.
ªahruh Töwrize, ol ýerdenem Horasana gidipdir. Mundan
peýdalanan Ispend Töwrizi eýeläpdir. Ýöne uzak wagt geçmänkä Isgender
Töwrizi onuò elinden alypdyr. Döwletiniò çäklerini giòeltmek üçin
Isgender birnäçe ýöriºleri gurapdyr. Ahlat galasyny eýelemek synanyºygy
ºowsuz tamamlansa-da (1423), ol Wan kölüniò töwereklerini eýelemegi
baºarypdyr. ªirwana ýöriº gurapdyr (1427-1428).
Isgenderiò Soltaniýe töwereklerini eýelemek islegi
onuò garºysyna ªahruhyò ikinji sapar ýöriº guramagyna sebäp bolupdyr.
1429-njy ýylyò Ruhnama aýynda bolan iki günlük söweº ýene-de ªahruhyò
bähbidine tamamlanypdyr. ªahruh Häzirbegjanyò häkimligini Gara Ýusubyò
körpe ogly Abu Seýide tabºyryp, Horasana gidipdir.
Isgender Abu Seýidi aradan aýyryp, Häzirbegjanyò
häkimligini eline alypdyr. Teýmiriò ogly ªahruh Garagoýunlylary egdirmek
üçin Reýe gelen mahaly (1435ý. Baýdak aýy). Isgender baºka ähli
Garagoýunly begleri onuò ýanyna gelip tabynlygyny bildiripdirler. ªahruh
özüne boýun egen Garagoýunly beglerini Jahanºanyò emrine berip, ondan
Isgenderiò tabynlygyndaky ýerleri eýelemäge talap edipdir. Erzuruma
tarap çekilen Isgenderiò öòüni Akgoýunly soltany Gara Ýülük Osman
kesipdir. Isgender aman dilese-de, ezeli duºmany ony ret edipdir. Iki
türkmen beginiò arasynda bolan gandöküºikli söweºde, ýeòiº Garagoýunly
begi Isgenderiò peýdasyna tamamlanypdyr. Söweºde Gara Ýülük Osmanyò ogly
Baýezit we giýewsi öldürilipdir. Özi bolsa agyr ýaralanyp, biraz wagtdan
aradan çykypdyr.
Isgenderiò galan ömri dogany Jahanºa bilen häkimiýeti
paýlaºmak ugrundaky dawalarda geçipdir. F.Sümeriò berýän maglumatlaryna
görä, Isgender serhoº halynda uklap ýatyrka, ogly ªah Kubad tarapyndan
öldürilipdir (1438ý. Türkmenbaºy aýynyò 21-i).
IZZEDDIN BALBAN (126) — Ermenistandaky türkmen
ºalarynyò iò soòky hökümdary. Ol öò Nasyreddin Sökmen II-niò gulamy
bolupdyr. Mansur Muhammediò hökümdarlygyndan närazy bolan Ahladyò halky
Izzeddin Balbany çagyryp, ºäheriò häkimligini oòa tabºyrypdyrlar (1206).
Bu döwürde Eýýubylaryò Ahlada zor salmasy güýçlenipdir. Izzeddin Balban
Erzurumyò häkimi Mugyseddin Togrulºanyò kömegi bilen Nejmeddin Eýýubynyò
goºunlaryny yzyna serpikdiripdir. Soòra Togrulºa Izzeddine haýynlyk
edipdir – Erzurumy eýelemeginden ätiýaç edip, ony öldüripdir (1207).
ªeýlelikde Ermenistandaky türkmen ºalarynyò bir asyra golaý dowam eden
hökümdarlygy tamamlanypdyr.
IZZEDDIN GYLYÇ ARSLAN II (115) — Seljuk
türkmenleriniò Anadoludaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary
1156-1192). Ol Masut I-niò ogludyr. Kakasy Gylyç Arslan II-ni tagt
mirasdary diýip yglan edenem bolsa, doganlary Döwlet we ªahynºa muòa
razy bolmandyr. Mundan peýdalanyp, türkmenleriò Danyºmentli begliginiò
hökümdary Ýagybasan Kaýsara ýöriº edipdir. Gylyç Arslan II 1163-nji
ýylda ýanyna Artykly hökümdarlary Gara Arslanyò, Nejmeddin Alpynyò,
Erzeniò we Bitlisiò häkimi Fahreddin Döwletºanyò goldamagynda Ýagybasany
yza serpikdiripdir. Garºydaºy Nureddin Mahmyt Zeòòiniò aradan çykmagy
(1174) bilen Gylyç Arslan II-niò Anadoludaky häkimligi berkäpdir.
Gylyç Arslan II-niò syýasy abraýynyò artmagyna
wizantiýalylar bilen bolan Mýrikefalon söweºi (1176) uly täsir edipdir.
Imperiýasynyò gündogar çäkleriniò türkmenler tarapyndan eýelemegine
närazy bolan Wizantiýa imperatory Manuel bu ýerlerden türkmenleri kowup
çykarmak maksady bilen uly goºun çekip, Konýa tarap ýöriº gurapdyr.
Gylyç Arslan II wizantiýa goºunynyò boýnuna türkmenleriò gaça uruº
tilsimini dakypdyr. Uzak ýoldan alyp gelen wizantiýa goºuny Mýrikefalon
diýen dar geçitli ýerde türkmenler tarapyndan agyr ýeòliºe sezewar
edilipdir (1176ý. Ruhnama aýynyò 17-si). Mýrikefalon söweºi
wizantiýalylaryò türkmenleri Anadoludan kowmak hyýallaryny puja çykaran
söweºdir. Gylyç Arslan II-niò bu ýeòºi baradaky habarlar Abbasy halyfy
El-Müstezä we German imperatory Fridrih I Barbarossa iberilipdir.
Gylyç Arslan II 1178-njy ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò
25-inde dört aýa çeken gabawdan soòra Malatyýany Anadoly seljuklaryna
tabyn edipdir. 1179-njy ýylda Raban galasyny eýelemek üçin Gylyç Arslan
II Salahaddin Eýýuby bilen dawalara baºlapdyr. Emma parasatly wezir
Ygtyýareddin Hasanyò araçyllygynda iki hökümdaryò arasyndaky urºuò öòi
alnypdyr. Olar öz güýçlerini haçparazlara garºy göreºe
birleºdiripdirler.
Gylyç Arslan II-niò 11 sany ogly bolupdyr. Ol
türkmenleriò döwlet dolandyryº däplerine eýerip, ºazada ogullarynyò
hersine döwletiò bir künjeginiò häkimligini beripdir (1188). Kutbeddin
Mälikºa Siwasa we Aksaraýa, Rukneddin Suleýman ºa Tokat sebtine,
Nureddin Soltanºa Kaýsara, Mugyseddin Togrulºa Elbistana, Muyzeddin
Kaýsarºa Malatyýa, Muhyýeddin Mesud Çankyry, Kastamonu, Eskiºehir
etraplaryna (Merkezi Ankara), Gyýaseddin Keý Hysrow Ulyborly we Kütahýa,
Nasreddin Berkýarykºa Niksara we Koýulhisara, Nyzameddin Argunºa Amasýa,
Arslanºa Nigdä, Sanjarºa bolsa Eregli etrabyna häkim bolupdyrlar.
1190-njy ýylda german imperatory Fridrih
Barbarossanyò baºtutanlygynda III haçly ýöriºine gatnaºyjy haçparazlar
seljuklaryò topraklaryna giripdirler. ªol ýylyò Magtymguly aýynyò
17-sinde haçparazlar Konýany eýeläpdirler. Barbarossa Konýadan Küdüse
tarap barýarka ýolda Tarsus çaýyndan geçýärkä, gark bolup, aradan
çykypdyr.
Gylyç Arslanyò ömrüniò ahyrynda ogullarynyò arasynda
tagt dawalary güýçlenipdir. Gylyç Arslan 1192-nji ýylda takmynan 80
ýaºynda Konýada aradan çykypdyr. Ýerine körpe ogly Gyýaseddin Keý Hysrow
geçipdir.
IZZEDDIN KEÝ KOWUS I (115) — Seljuk
türkmenleriniò Anadoludaky döwletiniò soltany (hökümdarlyk ýyllary
1210-1219). Ol Gyýaseddin Keý Hysrow I-niò uly ogludyr.
Kakasynyò ölüminden soò döwlet adamlary toplanyp
Izzeddin Keý Kowus I tagta çykarypdyrlar. ªol wagt ol Malatyýanyò häkimi
eken. Ol soltanlyga dalaº eden inisi Alaeddin Keý Kubad I-ni tussaglykda
saklapdyr.
Izzeddin Keý Kowus I kakasy ýaly, Anadolynyò söwda
gatnaºyklaryny galkyndyrmak syýasatyny ýöredipdir. Kipriò koroly bilen
söwda ylalaºygyna gol çekipdir. Biraz soòra wenesiýalylar bilen hem
ºeýle ºertnama baglaºylypdyr. Ortaýer deòzinde söwda ýollarynyò
asudalygyny ýola goýansoò, Gara deòziniò üsti bilen edilýän söwda
gatnaºyklaryny düzgünleºdirmäge giriºipdir. Seljuk türkmenleriniò Gara
deòizde söwda güzerini edinmeginiò zerurdygyna düºünen Izzeddin Keý
Kowus I Sinopa ýöriº edipdir. Ýöriº mahalynda aw awlap ýören Trabzonyò
imperatory ýesir alnypdyr. Abul Ferejiò maglumatlaryna görä, Sinop
1214-nji ýylyò Sanjar aýynyò 3-inde hepdäniò ruhgüni seljuklaryò
tabynlygyna geçipdir. ªähere giren soltan Izzeddin bu ýerde öz diwanyny
gurdurypdyr. Aleksios diwan kätipleri tarapyndan taýynlanan, özüniò
seljuklara tabyndygy hakda ähtnama gol çekipdir. ªu döwürden baºlap
mongol çozuºyna çenli döwürde Trabzondaky Komnenoslar nesilºalygy
seljuklara tabynlykda galypdyr. Sinopy almakdaky bu ýeniºi üçin Izzedine
«Sultan’ül Galib» derejesi berilipdir.
Sinopyò eýelenmeginden soò Izzedin Keý Kouws
Antalýany eýelemäge giriºipdir. Konýada goºun toplap, Antalýa gelen
soltan ºähere deòizden we gury ýerden bir aýlap gabapdyr. Manjykyklar
(daº zyòýan enjamlar) bilen gala diwarlaryny berbat edip, 1216-njy ýylyò
Türkmenbaºy aýynyò 23-inde ºäheri eýeläpdir. Gozgalaò edip, ºäheriò
türki ilatyny gyran rumlular we olary goldan kipr franklary
jezalandyrylypdyr.
1218-nji ýylda Izzedin Keý Kowus I Anadolydaky
ermenileri seljuk döwletine tabyn edipdir. Netijede Anadoly-Siriýa
arasyndaky söwda ýolunyò howpsuzlygy üpjün edilipdir. Izzeddin Keý Kowus
I-niò Halaba ýöriºi ºowsyz tamamlanypdyr. Hökümdarlygynyò ahyrynda
Artykly türkmenleriniò hökümdary Nasreddin Mahmyt we Erbiliò häkimi
Muzafareddin Gökböri Izzeddin Keý Kowusa tabyn bolupdyrlar.
IZZEDDIN KEÝ KOWUS II (115) — Seljuk
türkmenleriniò Anadolydaky döwletiniò soltany. Ol Gyýaseddin Keý Hysrow
II-niò ogludyr.
Gyýaseddin Keý Hysrow II aradan çykansoò (1245)
döwlet adamlary onuò 3 oglunyò (Izzeddin Keý Kowus II, Rukneddin Gylyç
Arslan, Allaeddin Keý Kubat) arasyndan Izzeddin Keý Kowusy tagta
çykarypdyrlar. Emma mongol hany Güýük handan ýarlyk getiren Rukneddin
Gylyç Arslan IV soltanlygyny yglan edipdir (1249). Anadoly seljuklarynyò
taryhynda ortalyk soltanlyk döwri baºlanypdyr (1249-1254). Üç dogana
Jelaleddin Garataý atabeglik edipdir. Alaeddin Keý Kubat Erzurumda
zäherlenip öldürilipdir (1254). Izzeddin bilen Rukneddiniò arasynda
bolan söweºde Izzeddin ýeòiº gazanyp, özbaºdak soltanlygyna baºlapdyr.
Bu döwürde Anadoly mongollaryò täsiri güýçlenipdi.
Kösedag söweºindäki ºowsuzlykdan soòra (1243) seljuklar mongollara
salgyt tölemäge mejbur edilipdi. Mongol hany Müòke han (1251-1260)
Eýranyò we ondan günbatardaky ülkeleriò edarasyny dogany Hulaguwa
(1256-1264) tabºyrypdyr. Aksaraýyò golaýynda mongol noýony Baýju bilen
bolan söweºde (1256-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 14-i) ýeòlen Izzeddin
Keý Kowus II Konýadan Antalýa, ol ýerdenem Alaiýä çekilpidir. Izzeddin
Wizantiýa sygynmagy netijesinde Anadoly Seljuklarynyò tagtyna Rukneddin
Gylyç Arslan IV geçipdir ( 1257 ý. Nowruz aynyò 5-i) Yznyk
imperatorlygyndan üç müò frank esgerini kömek alan Izzeddin tiz wagtda
tagtyny gaýdyp alypdyr.
Seljuk soltanlary Izzeddin Keý Kowus II bilen Gylyç
Arslan IV-niò arasyndaky dawalaryò soòuna çykmak maksady bilen Müòke han
Rum seljuklarynyò ülkesini ikä bölmäge karar berýär. Gyzylyrmak
derýasyndan günbatarsy Izzeddine, gündogary bolsa Gylyç Arslana
berilýär. Seljuklar mongollara 200 müò dinar, 500 at we 500 gatyr her
ýyl tölemäge borçly edilipdir. Izzeddin Keý Kowus II birbada Töwrize
gidip (1259), Hulagu hana tabynlygyny bildirse-de, soòabaka oòa salgyt
tölemekden boýun gaçyrypdyr. Alynjak noýonyò serkerdeligindäki mongol
goºunlaryndan ýeòlen Izzedin Keý Kowus II Müsürdäki memlük
türkmenleriniò soltany Barsbaýdan kömek sorapdyr. Mongollaryò Konýany
gabandygyny eºiden Izzedin Antalýadan gämä münüp, Ystambula gýdýpdýr.
Wizantiýa imperatory Mihail Paleoglog VIII (1259-1282) ony ilkibada oòat
garºylasa-da, soò ony Meriç derýasynyò golaýyndaky Enez galasynda
tussaglykda saklapdyr (1262). 20 müò adamly goºun bilen Wizantiýa ýöriº
eden Altyn ordanyò hany Berke han (ol musulmançylygy kabul edipdir)
Izzeddini tussaglykdan boºadypdyr. Sudak ºäherini oòa bagº edipdir.
Izzeddin Keý Kowus II Krymda 1249-njy ýylda aradan çykypdyr.
IZZEDDIN MASUT I (120) — Zeòòi türkmenleriniò
atabegliginiò Mosul ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1180-1193).
Ol Seýfeddin Gazy II-niò inisidir.
Seýfeddin Gazy II-niò wesýetine laýyklykda ol aradan
çykansoò (1180) inisi Izzeddin Masut atabeg bolupdyr. Daýysy, Halabyò
häkimi Mälik el-Salyhyò ölüminden soò (1181 ý.) onuò mülkleri hem
Izzeddine geçipdir. Sinjaryò häkimi Ymadeddin Zeòòi II Halabyò özüne
berilmegini ondan talap edipdir. Ýogsam ol Sinjary Salahaddin Eýýubä
tabºyrjakdygyny aýdypdyr. Izzeddin onuò talabyny kanagatlandyrypdyr.
Salahaddin gowºak hökümdar Ymadeddiniò Halaba häkim bolmagyndan
peýdalanyp, Zeòòileriò üstüne ýöriºe ugrapdyr. Ufrany, Hymsy, Rakkany,
Serujy we Nusaýbini alypdyr. 1182-nji ýylyò Sanjar aýynda Mosula gelip,
ony bir aý gabasa-da, alyp bilmändir.
Salahaddiniò barha güýçlenýän çozuºyna garºy Izzeddin
Masut Artykly hökümdary Nejmeddin Ilgazy, Erzeniò we Bitlisiò häkimi
Döwlet ºa, Ahlatºalardan Sökmen II bilen ylalaºypdyr. Emma iki tarapyò
arasynda söweº bolmandyr. 1183-nji ýylyò Gurbansoltan aýynyò 29-ynda
Amydy eýelän Salahaddin Halaba tarap çekilipdir. Ylalaºyga görä
Ymadeddin Zeòòi II Halaby Salahaddine berip, ýerine Sinjary we käbir
obalary almalydy.
Salahaddin Eýýubynyò Mosuly ikinji we üçünji gezek
gabamagy (1185 ý.) netije bermänsoò, ol Harrana çekilipdir. Izzeddin
Masut bolsa oòa garºy uzak wagtlap göreºip bilmejekdigine göz ýetirip,
ylalaºyk üçin ilçilerini ýollapdyr. Ylalaºyga görä, Izzeddin Salahaddine
tabyn bolup, ªehrizury we Zabyò aòyrsyndaky ýerleri oòa beripdir. ªundan
soò Masut Salahaddiniò ýanynda bolup, haçparazlara garºy birnäçe
söweºlere gatnaºypdyr. Ol Salahaddiniò Taberiýe ýöriºinde, Hittin
söweºinde, Küdüsiò alynmagynda gahrymançylyk görkezipdir. Salahaddiniò
ölüminden soòra (1193) onuò öòki ýitiren ýerlerini yzyna almak
synanyºygy baºa barmandyr. Ol keselläp, Mosula dönüpdir we ºol ýerde
aradan çykypdyr (1193ý. Alp Arslan aýynyò 28-i).
Izzeddin Masudyò ýerine ogly Nureddin Arslan ºa I
atabeg bolupdyr.
Nureddin Arslan ºa I ölensoò ogly el-Mälik el-Kahir Izzeddin Masut
atabeg bolupdyr. Döwlet iºlerini gulamy Bedreddin Lulu ýöredipdir.
Çeºmeler el-Kahiriò döwründe göze iler ýaly üýtgeºik wakalaryò
bolmandygyny, onuò 1218-nji ýylyò awgustynda aradan çykandygyny habar
berýär. Onuò ýerine 10 ýaºly ogly Nureddin Arslan ºa II geçipdir. Bu
arada Ymadeddin Zeòòi III häkimiýeti eýelemek üçin Muzaffareddin Gökböri
bilen ylalaºypdyr. Emma Bedreddin Lulu eýýubilerden Mälik Eºrefi kömege
çagyryp, Ymadeddini ýeòipdir.