JAHANGIR (139) — Akgoýunly türkmenleriò
döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1444-1466). Ol Aly begiò
ogludyr, Gara Ýülük Osman begiò agtygydyr. Jahangir agasy (kakasynyò
dogany) Hemze begiò döwründe Urfanyò häkimi bolupdyr. Taryhy çeºmelerde
onuò ady Jahangir Mürze görnüºinde hem gabat gelipdir. Jahangir Hemze
beg ýogalansoò (1444) Akgoýunlylaryò baºyna geçipidir. Jaberiò häkimi
bolan Uzyn Hasan hem onuò hyzmatyna geçipdir. 1450-nji ýylda Erzinjanyò
golaýynda bolan söweºde Jahangir Garagoýunlylardan ýeòlipdir.
Garagoýunlylaryò Mardini gabap, özlerini kyn güne salandygy sebäpli,
Jahangir Jahanºanyò ýokary häkimligini ykrar edipdir. Bu ylalaºyga razy
bolmadyk Uzyn Hasan (ol Jahangiriò kakasynyò doganydy) Jahangire garºy
göreºe baºlapdyr. Uzyn Hasanyò täsirini gowºatmak islän Jahangir
Garagoýunly hökümdary Jahanºadan goldaw isläpdir. Emma Uzyn Hasan
Diýarbekiriò golaýynda Garagoýunlylardan kömek alan Jahangiri ýeòipdir
(1457). Jahangir ºundan soò Uzyn Hasanyò täsirine düºüp, özbaºdak
syýasat ýöredip bilmändir.
JAHANªA (138, 238, 240) — Garagoýunly
türkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1437-1467) Ol
Gara Ýusubyò ogludyr. Jahanºa agasy Isgenderiò öldürilmeginden soòra
döwletiò baºyna geçipdir. Mukaddes Ruhnamada onuò Bagdat, Soltaniýe,
Kazwin, Pars hem Yspyhan sebitleri bilen bilelikde Kermana hökümdar
bolandygy, onuò döwründe döwletiò gaty güýçli ýagdaýa gelendigi
nygtalýar (238).
Jahanºanyò ilkinji harby ýöriºi Gürjüstana
guralypdyr. Özüne boýun egmegi we salgyt tölemegi ret edendigi üçin
gürji koroly Aleksandryò garºysyna goºun dartypdyr. Tbilisini eýeläp
(1440), yzyna dolanypdyr. 1444-nji ýylda ol Gürjüstana ikinji ýörüºini
gurapdyr.
Agsak Teýmiriò ogly ªahruhyò ölüminden soò (1447)
Jahanºa teýmirilere tabynlykdan çykýar. Özbaºdak hökümdar hökmünde
«soltan» we «hakan» derejelerini alýar. Soltaniýe, Kazwin, Yspyhan
ºäherlerini eýeleýär. ªahruhyò ogly Mämmet soltan goºun toplap,
Jahanºanyò garºysyna çykmakçy bolýar. Emma eneligi Göwherºat begimiò
töwellasy bilen Garagoýunlylar bilen ylalaºýar. Oòa görä Jahanºa gyzyny
Mämmede durmuºa çykarýar.
1450-nji ýylda Jahanºa Akgoýunlylaryò elinden
Erzinjany alypdyr. Akgoýunly Jahangir Jahanºanyò ýokary häkimiýetini
ykrar etmäge mejbur bolupdyr (1452).
Jahanºa ªahruhyò mirasdary hökmünde orta çykan
Baýsuògur ogly Babyryò Garagoýunlylaryò öòküsi ýaly teýmirilere tabyn
bolmalydygy we salgyt tölemelidigi baradaky talabyny ret edipdir. Ogly
Pir Pudagy Eýrana - teýmirileriò garºysyna ýöriºe ugradypdyr. Pir Pudak
Reý, ªiraz, Yspyhan ºäherlerini Garagoýunlylara tabyn edipdir. Jahanºa
ol ýerleriò edarasyny Pir Pudaga, Yrag’y-Ajamy (Yragyò türki ilatly
bölegi) bolsa kiçi ogly Muhammet Mürzä beripdir.
Jahanºa gudasy, Akgoýunly hökümdary Jahangire
(Jahangir gyzyny Jahanºanyò ogluna durmuºa çykarypdyr) Uzyn Hasana garºy
göreºde kömek beripdir. Emma Diýarbekiriò golaýynda bolan söweºde Uzyn
Hasan Jahanºany ýeòipdir (1457).
Teýmirileriò gowºamagyndan peýdalanan Jahanºa
Horasana ýöriºler gurapdyr. Ilki bilen Damgany, Semnany, Reýi, Gürgeni
eýeläpdir (1458). Maºat, Nyºapur, günbatar Horasan Garagoýunlylaryò
tabynlygyna geçipdir. Jahanºa Teýmirileriò Horasandaky paýtagty Hyrady
hiç hili garºylyksyz ele geçiripir. Horasana häkim bolan Jahanºa
teýmirileriò Mawerenahrdaky häkimi Abu Seýidiò garºysyna ýöriºe
taýynlanypdyr. Pir Pudak 18 müò atlysy bilen kakasynyò ýanyna gelipdir.
Emma beýleki ogly Hasan Alynyò Töwrizde özüni soltan diýip yglan etmegi
Jahanºany bu ýöriºden el çekmäge mejbur edipdir. Jahanºanyò beýleki ogly
Pir Pudak hem soò gozgalaòçy Hasan Alynyò tarapyna geçipdir. Jahanºa
ýanyna beýleki ogullary Muhammedi, Ýusuby, Abulkasym Mürzäni alyp,
pitneçi ºazadalary jezalandyrmak üçin Bagdady gabapdyr (1465). Gabaw
uzaga çekensoò, ºäheriò halky boýun egipdir. Jahanºa käbir emirleriniò
gyjalatyna gulak gabardyp, aman dilänem bolsa, ogly Pir Pudagy
öldürdipdir. Türk alymy Faruk Sümeriò «Akgoýunlylar» kitabynda ýazmagyna
görä, muny eºiden duºmany Uzyn Hasan ataly-ogul Jahanºany we Pir Pudagy
göz öòünde tutup: «Ikidi, bir boldy, ýigitdi, pir boldy» diýipdir.
Gozgalaòçy Hasan Aly Maku galasyna tussaglyga iberilipdir.
Jahanºa esasy garºydaºy — Akgoýunly hökümdary Uzyn
Hasan bilen birnäçe gezek çaknyºypdyr. ªolaryò birinde — 1467-nji ýylyò
Sanjar aýynyò 10-nda Jahanºa öldürilipdir. Jahanºanyò hazynasyny ele
geçiren Uzyn Hasan onuò mirasdar ogly Muhammet Mürzäni öldürdip, beýleki
ogly Ýusubyò gözlerini oýdurypdyr.
63 ýaºynda öldürilen Jahanºanyò jesedi Töwrizde
jaýlanypdyr. ªol döwrüò taryhçysy Abdyrazzak Samarkandy Jahanºanyò adyl,
kuwwatly soltan bolandygyny ýazypdyr. Jahanºa yslam dininde
bölüniºijilik akymy bolan hurufileri Töwrizde toplap, öldürdipdir.
Jahanºa alymlara we ºahyrlara hormat goýan hökümdar
bolupdyr. Onuò özem «Hakyky» lakamy bilen ºygyrlar ýazypdyr. Jahanºa
Töwrizde mermer daºyndan haºamladyp, owadan Gökmedresäni bina
etdiripdir. Onda ders beren meºhur alym Jelaleddin Dewwany pars
dilindäki «Risaleý’i-Huruf» eserini Jahanºa bagyºlapdyr. ªeýh ªüjaeddin
b.Kemaleddin Kermany «Hadykat’ül-Mearif» eserini Jahanºa sowgat
beripdir.
Jahanºanyò Farruhzat, Abulkasym, Abu Ýusup, Muhammet,
Hasan Aly, Pir Pudak atly alty ogly bolupdyr. Ýerine ogly Hasan Aly
hökümdar bolupdyr. Jahanºadan soòra Garagoýunly türkmenleriò döwleti
dargap baºlapdyr.
JELALEDDIN MEÒBURUN (131, 132, 171, 228, 233,
275) — Köneürgenç türkmenleriniò döwletiniò iò soòky hökümdary
(hökümdarlyk ýyllary 1220-1231). Jelaleddin Meòburun Alaeddin Muhammediò
türkmen aýaly Aýçiçekden bolan uly ogludyr.
Soltan Muhammet 1215-nji ýylda Owganystanyò Gur we
Gazna etraplaryny boýun egdirensoò, Jelaleddini merkezi Gazna
hasaplanýan Gur, Hyrat, Garçystan we Seýistan ülkelerine mälik edip,
wezirligine ªyhabeddin Alp’ül Herewini belläpdir. Emma soltan iò eziz
gören hem-de geljegine uly ynam bildiren ogly Jelaleddini paýtagtda – öz
ýanynda alyp galmagy makul bilip, agzalan welaýatlara Kerber Mälik atly
emirini ýollapdyr.
Muhammet ºanyò ejesi Türkan hatyn ºazada Jelaleddiniò
paýtagtda alnyp galynmagyna garºy bolupdyr. Onuò tagt mirasdary hukugyna
eýe bolmazlygy üçin elinden gelenini edipdir. Muhammet ºanyò Jelaleddini
tagt mirasdary etmek isländigine garamazdan, Türkan hatynyò täsiri bilen
soltanyò kaòly-gypjak aýalyndan bolan ogly Ozlag ºa tagt mirasdarlygyna
taýyn edilipdir. Oòa döwletiò Horezm, Horasan we Mazenderan ýaly möhüm
welaýatlary bölünip berlipdir.
Emma taryh ähli zady baºgaça çözüpdir: ýurdunyò köp
bölegini mongol ordalary harap edensoò, Hazar deòziniò Abesgun adasyna
özüni atan Muhammet ºa ölüm ýassygynda ýatan pursaty ogullary
Jelaleddini, Ozlag ºany we Ak ºany ýanyna çagyrypdyr. Özüniò Ozlag ºanyò
tagt mirasdary bolmalydygy baradaky atalyk ähdini (weliäht)
üýtgedýändigini aýdypdyr. «Meniò mongollarda galan arymy diòe Jelaleddin
oglum alyp biler, siziò hemmäòiz oòa boýun egmelisiòiz!» diýip, öz
gylyjyny onuò biline dakypdyr. Bu Jelaleddiniò kanuny ýagdaýda tagt
mirasdary bolandygyny aòladýardy.
Doganlary bilen Horezme tarap ugran Jelaleddine
Gürgenje baryp, häkimiýeti öz eline almak nesip etmändir. Paýtagtda
gypjak serdarlarynyò gozgalaò turzandygyny eºiden soltan atynyò jylawuny
Horasana tarap öwrüpdir. Onuò mongollar bilen ilkinji çaknyºygy 1221-nji
ýylda Nusaýyò golaýynda bolupdyr. Jelaleddin ºu ýerde özüniò 300 adamlyk
kiçijik ýygyny bilen 700 adamly mongol ordasy bilen çaknyºyp, ajaýyp
ýeòiº gazanypdyr. Jelaleddiniò mongollaryò üstünden gazanan bu ilkinji
ajaýyp ýeòºi hakda soltanyò ömür beýanyny ýazan Muhammet an-Nesewi öz
ýazgylarynda «Jelaleddiniò gylyjy mongollaryò ganyna boýalan, olaryò
göwrelerini para-para edip oýnan ilkinji musulman gylyjy boldy» diýip
ýazypdyr.
Bu ýeòiºden soò Jelaleddin Nyºapur we Bust
ºäherleriniò üsti bilen Gazna gelipdir. Gaznanyò halky ony uly hormat
bilen garºylapdyr. Murgabyò ýokary akymlarynda oòa Merwiò öòki häkimi –
türkmen serkerdesi Han Mälik 40 müò goºuny bilen, türkmen hany Seýfeddin
Bugrak hem 40 müò adamly goºuny bilen goºulypdyr. Gaznada bolsa
Jelaleddine doganoglany Emin al-Mülk we serkerde Demir Mälik birigipdir.
Garlyk türkmenleriniò hany Azam Mälik we owganlaryò goºunbaþysy Muzaffar
Mälik hem Jelaleddin soltana wepalydygyna kasam edipdirler.
Özüne birigen güýçler bilen bilelikde Jelaleddin uly
goºunly bolupdyr. Ol esasy güýçlerini Perwanada galdyryp, Toharystandaky
Weliýan galasyna hüjüm edipdir. Bu galany mongol serkerdeleri Tetejük we
Molghor gabapdy. 1221-nji ýylyò tomsunda bolan söweºde Jelaleddiniò
güýçleri mongol goºunynyò öòçülerinden müò adamy öldüripdirler. Mongol
goºunynyò galan bölegi derýanyò aòyrsyna geçip, köprini ýykyp, zordan
halas bolupdyr.
Weliýanyò eteginde mongollaryò ýeòilendigini eºiden
Çingiz han Jelaleddiniò üstüne ªygy Kutlugyò ýolbaºçylygynda uly ýygyn
ýollapdyr. Bu gezek mongol goºuny türkmenler bilen Gaznanyò golaýyndaky
Perwana galasynda duºuºypdyr. Jelaleddiniò goºunynyò sag ganatyna Emin
Mälik, sol ganatyna Seýfeddin Bugrak, merkezine bolsa Jelaleddiniò özi
ýolbaºçylyk edipdir. Agºama çenli dowam eden gazaply çaknyºykda
taraplaryò hiç birem artykmaçlyk gazanyp bilmändir. Mongollar gije boº
atlaryò üstüne adam sypatyna çalym edýän garantgylary oturdypdyrlar.
Ertesi irden muny gören türkmenleriò käbir goºunbaºylary «mongollara
goºmaça kömek gelendir» diýip düºünipdirler. Serkerdeler bilen geçiren
mejlisinde Jelaleddin goºunyò yza çekilmegi barada öòe sürlen teklibi
düýbünden ret edipdir. Mongollaryò hüjümi bilen söweº täzeden
baºlanypdyr. Mongol goºununa garºy türkmenleriò sol ganaty ýaý okuny
ýagdyryp, duºmanyò öòe süýºmegine ýol bermändir. Jelaleddin dowullaryò
çalnyp, söweº tebilleriniò kakylmagyny, atlara münüp, hüjüme geçmegi emr
edipdir. Söweºde mongollar ýeòlip, ýaraglaryny taºlap gaçypdyrlar.
Türkmenler ºol gezek mongollaryò 45 müò adamly goºunyny çym-pytrak
edipdirler. Mukaddes Ruhnamada Jelaleddiniò mongollary uly ýeòliºe
sezewar ediºi barada ºeýle diýilýär: «Jelaleddin mongol basybalyjylaryna
garºy gaýduwsyz söweºip, mertligiò ajaýyp nusgasyny görkezipdir. Ol
mongollaryò ýeòilmezekligi hakyndaky toslamany ýalana çykaryp, olary
ilkinji gezek uly ýitgä we ýeòliºe sezewar edýär» (131).
Ykbalyò oýny Perwananyò golaýyndaky ýeòºiò netijesini
Jelaleddiniò güýjüniò berkemegine däl-de, tersine onuò gowºamagyna sebäp
bolar ýaly edipdir. Olja paýlaºylanda serkerdeleriò arasynda dawa ýüze
çykyp, ol hem goºunyò bölünmegine getiripdir. Dürli tire-taýpalardan
düzülen Jelaleddiniò goºunynda agzybirlik bolmandyr. Bu bolsa, «Il aglak
bolsa, doòuz depä çykar» diýliºi ýaly, mongollaryò türkmenleriò
agzalalygyndan peýdalanmagyna getiripdir.
Çingiz han öz goºunynyò garºydaºyndan ýeòilmegini
jogapsyz galdyryp biljek däldi. Ykjam taýýarlykdan soò ol özüniò esasy
garºydaºy Jelaleddin Hind derýasynyò boýunda duºuºypdyr. Mongol goºuny
Jelaleddiniò agzalalyk sebäpli gowºan goºunyny gabawa salypdyr. Güýjüniò
azdygyna garamazdan, Jelaleddin gaýduwsyzlyk bilen söweºe giriºipdir.
1221-nji ýylyò Sanjar aýynyò 24-inde Hind derýasynyò boýundaky Nilýap
geçelgesiniò ýanynda bolan bu jeòde Jelaleddin birbada üstünligem
gazanypdyr. Hatda Çingiz hanyò özem atyna münüp gaçypdyr. Emma hilegär
Çingiziò ätiýaçdaky 10 müò atlysyny söweºe salmagy söweºiò ykbalyny onuò
peýdasyna çözüpdir. Mongollar Emin Mäligiò ýolbaºçylygyndaky sag ganata
hüjüm edip, ony kül-peýekun edipdirler. Çingiz han Jelaleddini diri
tutmagy buýrupdyr.
Jelaleddin pelegiò bu namart oýnunda özüniò
utulandygyny duýupdyr. Dar ýerde bolan gazaply söweºiò netijesinde
mongollar Jelaleddiniò goºunlaryny derýanyò kenaryna gysyp
getiripdirler. Ýeòlenini mertlerçe boýun alan Jelaleddin kenarda duran
ejesini, aýalyny we haremhanasynyò ähli agzalaryny diriligine derýa
oklamagy buýrupdyr. Soltan olaryò mongollaryò eline düºüp, namysynyò
depeleneninden, däli derýada gark bolanyny müò paý gowy görüpdir. Enesi
Türkan hatyn bilen bilelikde mongollara ýesir düºen uýasy Hansoltanyò
ykbaly onsuzam onuò dagly ýüregini para-para edip durdy.
Emma Jelaleddiniò ýedi ýaºly oguljygy duºmanyò eline
düºüpdir. Atasy garadan gaýtmaz, duºmanyò ýüzüne hyýrsyz garap duran bu
mert oglanjygyò ýetiºäýse özüniò tohum-tijini aman goýmajakdygyna
düºünen Çingiz han ony derrew öldürdipdir. Daº-töweregini duºman alan,
bir tarapy hem kert gaýa bolan ýagdaýda soltan halas bolmaga umydynyò
galmandygyna göz ýetiripdir. Duºmandan aman dilemek ýa-da onuò eline
diri ýesir düºmek Jelaleddin ýaly türkmen ismli mert ärleriò iºi däldi.
ªonuò üçinem ol keremli Alladan medet isläp, atyny gaýadan derýa
oklapdyr. Jan süýji bolansoò, töweregindäki nökerleri hem halas bolmak
üçin, onuò hereketini gaýtalapdyrlar. Jelaleddin sag-aman derýanyò
aòyrky kenaryna geçip, Çingiz hana garap, ýumrugyny düwüpdir.
Jelaleddiniò gahrymançylygyny gören, Çingiz han öz gözügidijiligini we
duºmanyna bolan pynhan buýsanjyny daºyna çykaryp, öz ogullaryna:
«Görüò, anha, atasynyò hakyky ogly ºeýle bolmalydyr!» diýipdir.
Mukaddes Ruhnamada Jelaleddiniò bu ºowsuzlygy barada «...Çingiz hany
mert söweºe çagyrýar. Emma goºundaky agzalalyk gaýduwsyz türkmen
soltanyny arzyly maksatlaryna gowºurmaýar» diýlip bellenýär (131).
Hindistanda
mongollara garºy göreºini dowam etdiren Jelaleddin ol ýerden Eýrana
gelipdir. Jelaleddiniò ömrüniò soòky ýedi ýyly Eýranda, Häzirbegjanda,
Yrakda we Kawkazda geçipdir. Bu ýerlerde ol mongollara garºy göreºini
dowam etdiripdir. Birnäçe aýyò dowamynda Horasan, Yrak, Mazenderan we
Eýranyò köp bölegi Jelaleddine tabyn bolupdyr. ªeýlelikde, soltan özüniò
täze guran döwletinde düzgün-nyzamy ýola goýupdyr. Onuò mongollara garºa
göreºi ýerli halk köpçüligi tarapyndan goldaw tapypdyr. ªonuò üçin hem
taryhçy Öwez Gündogdyýew Jelaleddiniò hereketlerine awantýuristik
öwüºgin bermek isleýän awtorlaryò mamla däldigini adalatly belleýär.
Jelaleddin 1225-nji ýylda Töwrizi, Ermenistanyò
paýtagty Dwin ºäherini eýeläp, birleºen gürji-ermeni goºunyny
derbi-dagyn edipdir. Jelaleddin mongollara garºy bilelikde göreºmegi
teklip edip, gürjilere ilçi ýollapdyr. Emma gürji ºazada aýaly Rusudan
Jelaleddiniò teklibini ret edipdir. Jelaleddin 1226-njy ýylyò Nowruz
aýynyò 10-ynda Tbhis (Tbilisi) ºäherini eýeläpdir. Ol soòam Gürjüstana
birnäçe ýöriºleri gurapdyr.
Bütin Eýrany öz golastyna alansoò Jelaleddin
Häzirbegjany özüne tabyn edipdir. Ol Töwrizi öz guran döwletiniò
paýtagty edipdir. Jelaleddin demirgazyk-günbatar Eýranda mongollara
garºy göreºini dowam etdiripdir. 1227-nji ýylda ol Reýiò we Yspyhanyò
golaýynda olary ýeòipdir.
1228-nji ýylyò Alp Arslan aýynda Yspyhanyò golaýynda
bolan söweºde mongollardan ýeòlensoò Jelaleddin soltan Hemedana
çekilipdir. Mongollara garºy göreºde yslam döwletleriniò arasynda
goldawsyz galan Jelaleddin öz gylyjyny bularyò garºysyna hem götermäge
mejbur bolupdyr. 1228-nji ýylda Jelaleddiniò garºysyna Rum seljuklarynyò
soltany Alaeddin Keý Kubat, Müsür soltany Eºref, kilikiýa-ermeni
patyºasy Getum Birinji bilelikde çykyº edipdirler. Ýerewanyò golaýynda
bolan söweºde Jelaleddin ýeòlipdir.
1231-nji ýylyò Alp Arslan aýynda mongollar
Bargiri-Ahlat ýolundan inip, Dijle köprüsiniò kenarynda Jelaleddiniò
güýçlerini kül-peýekun edipdirler. Jelaleddin özüni yzarlaýan
mongollardan gutulmak üçin Meýýafarykin etraplaryna gaçypdyr.
Gürjüstanyò geçmesi kyn dag geçitleriniò birinde kürtler Jelaleddini
öldüripdirler. Görogly begiò Ýyldyz dagynda gowakda öldürilip, mazarynyò
nirededigi mälim bolmaýºy ýaly, Jelaleddin hem dag gowagynda öldürilýär
we jaýlanan ýeri nämälim bolmagynda galýar.
Halk birbada soltanyò ölümine ynanmandyr. Ol barada
halk arasynda dürli rowaýatlar ýaýrapdyr. Muhammet’an-Nesewiniò
ýazmagyna görä, «soltanyò (Jelaleddiniò – awt.) ölümi bütin Älemi ýetim
galdyrypdy». Baºtutansyz galan nökerler çar tarapa pytrapdyrlar. Olaryò
bir bölegi Müsüre baryp, ol ýerdäki Memluk döwletini gurupdyrlar. Ine
ºunuò bilen özi soltanam bolsa köºkde ýaºaman, günlerini çadyrda,
onda-da gara çadyrda ýaºap geçen bir ynsanyò ömür tanapy pajygaly
kesilýär.
Mukaddes Ruhnamada Jelaleddiniò bütin yslam
dünýäsiniò taryhyna iò mert, iò batyr hökümdarlaryò biri bolup girendigi
nygtalýar (228).
JELALEDDIN RUMY (23) — XIII asyr
türkmen-türk nusgawy edebiýatynyò wekili. Horasanyò Balh ºäherinde
1207-nji ýylyò Ruhnama aýynyò 30-ynda Muhammet Bahaeddin Welediò
maºgalasynda dünýä inýär.
Jelaleddiniò kakasy ylymly, abraý-paýhasly adam
bolupdyr. Onuò Seljuk hökümdarlaryna, Köneürgenç türkmenleriniò
soltanlaryna maslahat berendigine ºaýatlyk edýän maglumatlar bize gelip
ýetipdir.
Ýaºajyk Jelaleddin atasynyò ýolundan, atasynyò aýak
yzlaryny yzarlap ulalýar. Döwrüò uly adamlarynyò biri bolan Abu-Bekir
Sarahsynyò ýakyn garyndaºy Jelaleddiniò ejesidir diýen maglumatam bar.
Olaryò maºgalasy, dürli sebäplere görä, Rumustana
tarap göç edýär. Olaryò Balhdan gaýdyp, Bagdatda, Erzinjanda bolanyny,
Mekgä zyýarat edenlerini, Malatyýada dört ýyl, Garamanda ýedi ýyl
oturandyklaryny çeºmeler habar berýär. Soòra soltan Alaeddin Keýkubat
I-niò çakylygy bilen Konýa, ýagny paýtagta çagyrylypdyr. «Soltan öz
tagtyny akyldarlaryò soltany Bahaeddin Welede hödürledi» diýen ýazgy hem
bar.
Bu döwürde Konýa dürli dinleriò, pelsepeleriò,
dilleriò gatnaºykly ºäheri ekeni. Gadymy ýunan pelsepeleriniò,
hristianlygyò taryhy göniden-göni ýunan dili arkaly öwrenmek Jelaleddin
üçin täze mekdep bolýar. ªonluk bilen onuò bilýän dilleriniò sany
dörtden aºýar: türki, parsy, arap, ýunan… ol ºol dillerde goºgular
ýazýar. Atasy aradan çykandan soò, halaýyk Jelaleddiniò öne çykmagyny,
atasynyò ornuny tutmagyny isleýär. Jelaleddin bu teklibi kyn göre-göre
kabul edýär. Atasyna hem sapaklar berip, halypalyk eden Burhaneddin
Muhakkyky Termezi Jelaleddin Rumynyò hem mugallymy, ºeýhi bolýar.
Möwlana Jelaleddin Rumydan «Mesnewi», «Mejalis-i
seba», «Mektubat», «Diwan-i Kebir», «Fihi mafih» ýaly eserler ýadygärlik
galypdyr. Bu eserleriò aglabasy parsça ýazylypdyr. ªahyr öz eserlerinde
inçe duýgyny, pikir syzmany, düºünjeden ileri tutýar. Ol ynsanda esasan
iki sypata köp ähmiýet berýär: umytlylyk hem kiçigöwünlilik. Umytly
adamyò hatda söwütdenem hurma miwesini iýip biljegine ynamy bar. Bu
pikiriò aòyrsynda umytlylyk duýgysyny terbiýelemek ýoly ýatyr.
Jelaleddin Rumynyò näme zatlary ündändigine onuò mesnewilerinden alnan
käbir mysallar hem ºaýatlyk edýär:
«Men-menlikden gutulanlara gögem sejde eder, aýam,
güneºem».
«Adalat — her bir zady laýyk ornuna goýmakdyr.
Aýakgap —aýagyòky, telpek baºyòkydyr».
«Bilimli adam älemlere rehmetdir, bütin
älem-jesetdir, bilim-jandyr. Söýgi hem bilimiò netijesidir».
Söhbet bardyr, gylyja meòzär: bossany, ekini gyº kibi
keser-çapar. Söhbet bardyr, güýze meòzär: her ýanda sangysyz miweler
bitirer».
«Men dünýäden ötemsoò, mazarymy toprakdan gözlemäò,
öz köòlüòizden tapyò».
Möwlana Jelaleddin Rumy 1273-nji ýylyò Bitaraplyk
aýynyò 17-sinde aradan çykypdyr.
JEMALEDDIN MUHAMMET (118, 119) – Böri
türkmenleriniò Damaskdaky atabegliginiò hökümdary. Ol Täjilmülk Börüniò
ogludyr.
ªyhabeddin Muhammet öldürilensoò atabegliginiò abraýly weziri
Muyneddin Üner onuò dogany Jemaleddin Muhammedi atabegligiò baºyna
getiripdir (1139). Jemaleddiniò döwründe Zeòòi türkmenleriniò
atabegliginiò Börülere täsiri artypdyr. Ymameddin Zeòòi 1139-njy ýylyò
Garaºsyzlyk aýynyò 20-sinde Baalbegi Böri türkmenleriniò elinden
alypdyr. Emma Zeòòiniò Damasky eýelemek synanyºygy ºowsuz tamamlanypdyr.
Türk alymy Joºgun Alpteginiò «Damask atabegleri» diýen kitabynda
ýazmagyna görä Jemaleddin Muhammet 1140-njy ýylyò Nowruz aýynyò 29-nda,
anna güni aradan çykypdyr. Ýerine ogly Müjüreddin Abak geçipdir.