KAZY BURHANEDDIN AHMET (111, 239) —
türkmenleriò Siwas we Kaýsary sebitlerinde 1381-1398-nji ýyllar
aralygynda dowam eden begligini esaslandyryjy. Ol 1345-nji ýylda
Kaýsaryda doglupdyr. Onuò kakasy ªemsetdin Mämmet Kaýsarynyò kazysy
bolupdyr. Bu nebere oguzlaryò Salyr boýundan gelip çykandyr.
Burhaneddiniò atasy Mämmet Horezmden göçüp, Anadolynyò Kastamonu
sebitine (Gara deòziniò günorta kenarlary) gelipdir.
Burhaneddin 4-5 ýaºlaryndan baºlap bilim öwrenmäge
baºlapdyr. Gysga wagtda arapça, parsça ýazmagy we okamagy öwrenipdir. Ol
ªamda we Müsürde beýik ylym adamlaryndan sapak alyp, özüniò ylym
derejesini artdyrypdyr. Burhaneddin Ahmet 1364-nji ýylda Kaýsarynyò
kazylygyna bellenipdir. Ol Kaýsaryny edara edýän Eretnaogullary begi
Gyýaseddin Mämmediò gyzyna öýlenipdir.
Kazylygy bilen birlikde özüni syýasy sahnada hem
görkezip baºlapdyr. Eratna begliginiò gowºamagyndan peýdalanyp goòºy
Garamanogullary Kaýsaryny olaryò elinden alypdyr. Emma Burhaneddin Ahmet
Kaýsaryny Garamanogullarynyò elinden yzyna alypdyr. Bu hyzmaty üçin
Eratna begi Aly beg ony 1375-nji ýylda öz wezirligine belläpdir. Eratna
begliginiò ýykylmagy bilen 1381-nji ýylda Kazy Burhanneddin Ahmet
Siwasda özüni hökümdar diýip yglan edipdir. Adyna hutba okadypdyr, teòòe
zikgeledipdir. Burhaneddin Ahmet Yrakdaky, ªamdaky we Anadoludaky
musulman döwletlerine ilçi ýollap, öz hökümdarlygyny ykrar etmekleri
barada namalar gönderipdir.
Kazy Burhaneddin Ahmediò Müsürdäki Memluk
türkmenleriniò soltanlygy bilen gatnaºyklary dostana ýagdaýda bolmandyr.
Sebäbi ol memluklaryò elinden Malatyýany alypdyr. Memluklaryò ºäheri
yzyna gaýdyp almak synanyºygy ºowsuz tamamlanypdyr (1389). Kazy
Burhaneddin Ahmet Çorumuò golaýyndaky Kyrkdilim diýen ýerde bolan
söweºde Ýyldyrym Baýezidiò ýolbaºçylygyndaky Osman türkmen goºunyny
ýeòipdir (1391). Kyrkdilim söweºinde gazanan ajaýyp ýeòºi Kazy
Burhaneddin Ahmediò ºöhratyny Anadola hasam ýaýypdyr. Ol Kastamonu
saparynyò netijesinde öò osmanlara tabyn bolan käbir ýerleri özüniò gol
astyna alypdyr.
ªu ýeòiºleriò yzysüre Kazy Burhaneddin Ahmediò
yzly-yzyna iki oglunyò ölümüniò bagyr awusyny çekendigini bellemegimiz
gerek.
Kazy Burhaneddin Ahmet Teýmirleòe garºy gazaply
göreºen türkmen serkerdesidir. Ol Teýmirleòe garºy bileleºigi döretmek
üçin Müsürdäki memluk türkmenleriniò soltany Berkuk, Osman
türkmenleriniò soltany Ýyldyrym Baýezit, Altyn Ordanyò hany Togtamyº han
bilen gepleºikler geçiripdir. Teýmirleò Hasangalanyò Çopan köprüsi diýen
ýerine gelende bu dörtler bileleºiginiò garºysyna durup bilmejekdigine
düºünipdir. Olary ýeke-ýekeden dargatmagyò amatlydygyny bilip, ilki
Togtamyºyò üstüne gidipdir.
Kazy Burhaneddin Ahmet Teýmirleòe boýun egen türkmen
beglerini sylap goýmandyr. 1394-nji ýylyò ýazynda ºeýle beglikleriò biri
bolan Garamanogullarynyò üstüne ýöriº edipdir.
Akgoýunly türkmenleriò hökümdary Gara Ýülük Osman öz
doganlaryna garºy göreºde Kazy Burhaneddin Ahmediò hyzmatyna giripdir.
Ol Burhaneddiniò iò bir ynamdar emirleriniò birine öwrülipdir. Emma Gara
Ýülük Osman bilen Burhaneddiniò aragatnaºyklary ýaramazlaºypdyr. Onuò
sebäpleri barada çeºmelerde gapma-garºy maglumatlar bar. Gepiò gysgasy
1398-nji ýylda Siwasyò golaýynda gije bolan söweºde Osman beg
Burhaneddini öldüripdir.
Kazy Burhaneddiniò gubury Siwas ºäherindedir. Ömrüniò
köp bölegi ýöriºlerde geçendigi sebäpli Burhaneddine «Abul Fath» lakamy
berlipdir. Çeºmelerde Kazy Burhaneddin alym, adyl soltan, sylag-hormatyò
eýesi hasaplanýan, çydamly, alymlary goldaýan adam hökmünde
suratlandyrylýar: «Ulamalar bilen söhbetdeºlik etmekden lezzet alýardy.
Hepdede üç gün — Baþgün, Sogapgün, we Anna günleri ylmy söhbetleri
gurardy».
Kazy Burhaneddiniò ölüm habary Hindistanda ýöriºde
bolan Teýmir Agsaga-da ýetipdir. Esasy duºmanynyò biriniò aradan
aýrylandygyna begenen Agsak Teýmir derhal Anadola tarap ümzügini
öwrüpdir. Teýmire Kazy Burhaneddiniò näderejede kuwwatly bir
hökümdardygyny ºeýle habar beripdirler: «Burhaneddin hiç haçan öz
duºmanlarynyò özüne garºy birleºmegine mümkinçilik bermändir». Erzinjan
häkiminiò 5 müò, Garamanogullarynyò 10 müò, Niksar begi Mahmyt Çelebiniò
6 müò, Bafra emiriniò 2 müò, mongollaryò, Diýarbekir we ªam
türkmenleriniò 20 müò adamly goºuny bilen garºysyna çykanda-da onuò
özüni nähili gorap bilendigi Teýmiri üýºendiripdir.
Kazy Burhaneddin Ahmet ýogalansoò onuò guran
begliginiò möhüm ähmiýetli Tokat, Niksar, Siwas we Kaýsary ºäherleri
Osman türkmenleriniò döwletiniò golastyna geçipdir.
Kazy Burhaneddin Ahmet merkezi häkimiýeti
güýçlendiren türkmen hökümdarydyr. Özüne garºy çykanlaryò gozgalaòyny
basyp ýatyrmak üçin ol merkezde güýçli goºun saklapdyr. Ömrüniò köp
böleginiò söweºlerde geçendigine garamazdan, gurluºyk iºlerini-de ünsden
düºürmändir. Turhalda, Erzinjanda, Niksarda, Kyrºehirde galalar,
metjit-medreseler saldyrypdyr.
Kazy Burhaneddin hökümdar, serkerde bolmak bilen
bilelikde «Siwasly» lakamy bilen goºgy ýazan meºhur türkmen ºahyrydyr.
Edebiýatçy alym Abdyrahman Mülkamanow «Burhaneddiniò söz sungaty»
/«Edebiýat we sungat», 2001ý. Nowruz aýynyò 16-sy/ atly makalasynda bu
barada ºeýle ýazýar: «Ussat ºahyr ºygyrlar ýazanda, halkyò dil
baýlygyna, sözüò gudratyna uly sarpa goýupdyr. Sözleriò açyk-ýapyk
bogunlarda geliºlerine, olaryò sazlaºygyna, çekimsiz sesleriò öz
orunlaryny tapmagyna, gaýtalanýan sözleriò-sesleriò biri-birini
güýçlendiriºine uly üns beripdir. ªahyr ºygra girýän sözleriò
ýakyp-ýandyryjy bolmalydygyny nygtapdyr. Her sözüò, her jümläniò hyjuw
bilen gaýnap durmagyny gazanypdyr. ªahyryò eserleriniò ýene bir
özboluºly tarapy tejnisler (omonimler) ýa-da söz oýnatmalary bilen
bezelenligidir».
KEMINE (189, 296) — Türkmen nusgawy edebiýatynyò
meºhur wekili (ýaºan ýyllary 1770-1840). Mämmetweli Kemine Saragtda
doglupdyr. Ol ilki Saragtda, soò Maryda, köplenç Hywada bilim alýar.
Medreselerde türkmen, pars we arap taryhyny, medeniýetini we edebiýatyny
öwrenýär. ªabende, Talyby we Mollanepes ýaly ºahyrlar Keminäniò dostlary
we pikirdeºleri bolupdyr. Ol Magtymgulynyò edebi mekdebiniò
dowamçysydyr. Onuò döredijiliginde paº ediji ºygyrlar esasy orun tutýar.
Keminäniò adyny eºidende türkmen ýylgyranyny duýman galýar. Onuò
Welmämmet atly ogly ºahyr bolupdyr. Keminäniò nesilleri Murgap
jülgesinde ýaºaýarlar.
KERMAN ªA (114) — Seljuk türkmenleriniò
Kermandaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1073-1074). Ol Gara
Arslan Gurduò ogludyr. Kakasynyò ölüminden soòra Kerman seljuklarynyò
döwletiniò baºyna geçen Kerman ºanyò hökümdarlygy bir ýyla golaý dowam
edipdir.
KUTBEDDIN ILGAZY II (124, 125) — Artykly
türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1176-1184).
Ol Nejmeddin Alpyò oglydyr. Ilgazy II-niò döwründe Eýýubylaryò
Artyklylara howp salmagy güýçlenipdir. Salahaddin Eýýuby Harran, Habur,
Dara, Nusaýbin ýaly merkezleri eýeläpdir. Ilgazy II Eýýubylaryò howpuna
garºy Rum seljuklarynyò soltany Gylyç Arslan, Ermenistandaky türkmen
ºasy Sökmen II, Artyklylaryò Kaýfdaky hökümdary Nureddin Muhammet bilen
birleºipdir. Ilgazy II-den soò onuò ogly Hüsametdin Ýawlak Arslan
Mardinde hökümdar bolýar.
KUTBEDDIN MAUDUD (120, 121) — Zeòòi
türkmenleriniò atabegliginiò Mosuldaky ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk
ýyllary 1149-1170). Ol agasy Seýfeddin Gazy I ýogalansoò Mosul
atabegliginiò baºyna geçipdir. Emma Nureddin Mahmydyò atabeg bolmagyny
isleýän Sanjaryò häkimi ªemseddin Muhammet oòa bu ºäheri tabºyrypdyr.
Maudud oòa garºy herekete geçse-de, ylalaºyk gazanylypdyr. Nureddin
Sanjary agasyna berip, onuò ýerine Hymsy we Rakkany alypdyr. Olar
1164-nji ýylyò Alp Arslan aýynda Harymda haçparazlary ýeòipdirler. Bu
ýeòºiò gazanylmagynda Zeýneddin Aly Kuçugyò serkerdeligindäki Mosul
esgerleriniò hem paýy bolupdyr. Kutbeddin Maudud 1170-nji ýylyò Ruhnama
aýynyò 6-synda aradan çykypdyr. Ýerine ogly Seýfeddin Gazy II geçipdir.
Astronomiýaçy alym Myzaffar b.Muhammet el-Tell A’fary özüniò düzen
ýylnamasyny (kalendar) Kutbeddin Maududa bagyslapdyr.
KUTBEDDIN MÄLIK ªA II (115) — seljuk
türkmenleriniò Rumdaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary
1188-1192). Ol Gylyç Arslan II-niò ogludyr. Garrap, haldan galan Gylyç
Arslan II 1188-nji ýylda döwletiniò welaýatlaryny 11 sany oglunyò
arasynda paýlapdyr. Kutbeddin Mälik ºa II-ä Siwas we Aksaraý ýetipdir.
Anadoludaky seljuk döwletiniò gowºaýan pursadynda
german imperatory Friderih Barbarossanyò baºtutanlygynda III haçly
ýöriºi baºlapdyr (1190). Haçparazlar Edirnede mahaly Gylyç Arslanyò we
ogly Mälik ºa II-niò ilçisi bu ýere gelipdir. Barbarossa Gylyç Arslan
bilen köne dostlugynyò hatyrasyna onuò bilen ylalaºyk baglaºypdyr. Oòa
laýyklykda haçparazlar Anadoludan erkin geçip gitmelidi we öz pullaryna
seljuklardan azyk we beýleki ätiýaçlaryny satyn almalydy. Haçparazlar
Alaºehir we Deòizli etraplaryndan seljuk topraklaryna giripdirler.
Ilkibada haçparazlar bilen ylalaºykly alyº-çalyº etse-de, Akºehiriò
golaýynda türkmenler olaryò üstüne çozupdyrlar. Muòa jogap edip,
haçparazlar Konýa girip, ºäheri talapdyrlar (1190ý. Magtymguly aýy ).
Esasy maksady Ierusalyma gitmek bolansoò Fredirih türkmenleriò ýaraºyk
teklibini kabul edipdir. Emma ol Tarsus çaýyny geçýärkä, suwa gark
bolupdyr.
Mälik ºa II garran kakasyny ýanyna alyp, beýleki
doganlarynyò garºysyna ýöriºler gurapdyr. Gylyç Arslan pursadyny tapyp
beýleki ogly Soltanºanyò, soòra Gyýaseddin Keý Hysrowyò ýanyna gaçypdyr.
Ol ölmeziniò öò ýanynda Gyýaseddini tagt mirasdary diýip yglan edipdir.
KUTBEDDIN MUHAMMET (I) (143) — Gurly
türkmenleriniò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1066-1099).
Kutbeddin Muhammet Gaznaly köºgi bilen dostana gatnaºyklarda bolupdyr.
Ýerine Kutbeddin Hasan geçipdir.
KUTBEDDIN MUHAMMET (II) (132, 227-228) —
Köneürgenç türkmenleriniò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary
1097-1128). Ol Anuº hökümdaryò ogludyr. Seljuk soltany Berkýaryk
Kutbeddine «Horezmºasy» derejesini berip, ony Horezmi dolandyrmaga
ygtyýarly edip belläpdir. Merwde oòat bilim alan, alymlara, din
wekillerine goldaw beren Kutbeddin Muhammet seljuk soltany Sanjara
(1118-1157 ý.) wepaly gulluk edipdir. Emir Muezziniò oòa bagyºlanan bir
eserinde onuò «Jemaleddin» lakamyny göterendigi, soltan Sanjaryò ýanynda
ygtybarly bir döwlet iºgäridigi nygtalýar. Kutbeddin aradan çykansoò
Köneürgenç türkmenleriniò döwletiniò baºyna ogly Atsyz geçipdir.
KUTBEDDIN MUHAMMET (III) (120, 121) — Zeòòi
türkmenleriniò atabegliginiò Sanjardaky ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk
ýyllary 1197-1219). Ol Imadeddin Zeòòi b. Maudydyò ogludyr. Kutbeddin
atabegligiò Mosul ºahasynyò hökümdary Nureddin Arslan ºa I bilen
duºmançylykly ýagdaýda bolupdyr. Öz tarapyna Muzaffareddin Gökbörüni,
Artykly hökümdary Nureddin Mahmydy, Jeziräniò hökümdary Muyzeddin Sanjar
ºany çeken Kutbeddin Nureddin Arslan ºa I-ni ýeòmegi baºarypdyr (1204ý.
güýzi). Eýýuby hökümdary Mälik el-Adyl Kutbeddine diòe Sanjary galdyryp,
onuò elindäki beýleki ºäherleri alypdyr.
KUTBEDDIN SUKMAN II (124, 125) — Artykly
türkmenleriò begliginiò Kaýf ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary
1185-1200). Ol Nureddin Muhammediò ogludyr. Kutbeddin Sukman II
Salahaddin Eýýuby ýogalansoò (1193) Artyklylaryò Eýýubylaryò eline geçen
ýerlerini gaýdyp almaga çalyºypdyr. Sukman II özünden soò dogany
Nasreddin Mahmydyò hökümdar bolmagyny islemändir. Uýasyny memlük
ºazadasy Aýaza durmuºa çykaryp, giýewsini mirasdar diýip yglan edipdir.
Sukman II ölensoò serkerdeler Aýazy ykrar etmän, Nasreddin Mahmydy tagta
çykarypdyrlar.
KUTBUDDIN AÝBEG (233-234) — Delidäki türkmen
soltanlygynyò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1206-1210 ). Mukaddes
Ruhnamada nygtalyºy ýaly, Kutbuddin Aýbeg asly türkmenistanly
türkmenlerdendir.
Aýbeg kiçijik mahaly Nyºapuryò kazysy Fahreddin
Abdyleziz tarapyndan satyn alnyp, ondan sowat öwrenipdir. Ykbalyò emri
bilen Aýbeg Gurlaryò köºgüne düºýär. Aýbeg basym hökümdar Muizziddin
Muhammet Gurynyò öz gözüne ilipdir. Öz baºarjaòlygy bilen onuò goºunynda
emir’i-ahur (athana emiri) derejesine göterilipdir. Ýeri gelende
ýatlasak, Muhammet Gurynyò türk memluklaryndan ybarat goºunynda
türkmenler agdyklyk edýän eken. Onuò Hindistana ýöriºlerine aýratyn-da
halaçlaryò iºjeò gatnaºandygyny nygtamalydyrys. Muhammet Gury halaçlaryò
bu hyzmatlaryny ýadyndan çykarmandyr. Özüniò esasy wagtyny Horasanda
geçirmeli bolandygy üçin özüniò halaçlardan bolan gulamy Kutbeddin
Aýbegi Deliniò doly ygtyýarly dikmesi edip belläpdir. Aýbeg Deliniò
töweregindäki Nahrawala (häzirki Patan), Mirat, Ranthambor, Koli,
Benares, Ejmir, Thankir, Gwalior ýaly galalaryò Gur häkimiýetine tabyn
bolmagyny gazanypdyr. Ol Bihar we Bengal ýerlerini eýelän beýleki bir
türkmen hökümdary Muhammet Bagtyýar Halajyny hem ýakyndan goldapdyr.
1206-njy ýylda Muiziddin Muhammet öldürilenden soò
Aýbeg öz hökümdarlyk edýän ýerlerini garaºsyz diýip yglan edipdir.
«Kutbuddin» ady bilen özüne hutba okadypdyr, öz adyna pul zikgeledipdir.
Ol ilki Hindistandaky musulmanlaryò merkezi ºäheri bolan Lahory soòra
Hindi rajputlarynyò (harby gatlak) elinden basyp alan Deli ºäherini
özüne paýtagt edinipdir. ªeýlelikde Aýbeg Deli soltanlygy ady bilen
taryha giren täze bir döwletiò düýbüni tutýar.
Aýbegiò hökümdarlygy gündogarda Benarese, günbatarda
bolsa Multan–Owganystan geçelgesine çenli ýaýrapdyr. Aýbegiò esasy
bäsdeºi Gaznanyò hökümdary Täjeddin Ýyldyz bolupdyr. Onuò Penjaby eline
geçirmek umydyna ýol bermezlik üçin Aýbeg ony owgan geçitlerine tarap
çekilmäge mejbur edipdir. Aýbeg 1208-nji ýylda Täjeddiniò häkimlik edýän
ýerleriniò merkezi bolan Gaznany ele geçirenem bolsa, ol bu ýerde
bary-ýogy 40 gün galypdyr. Sebäbi ol bu ýeriò halkynyò Täjeddiniò
tarapyndadygyna düºünip, Hindistana çekilipdir.
Delä dolanyp gelenden soòra Aýbeg ylma, sungata
aýratyn hormat goýup, alymlara, ºahyrlara, ökde ussalara howandarlyk
edipdir. Meºhur alym Fahreddin Mübärekºa bilen tanºyp, ony köºgüne
çagyrypdyr. Ol Aýbegiò haýyºy boýunça Lahor kitaphanasy üçin «Taryh’i
Fahreddin Mübärekºahy» eserini ýazypdyr. Deli ºäherinde Kuwwat-ul-yslam
atly medrese we dünýäde iò beýik sütünli Kutb-minar atly ajaýyp binany
gurduryp baºlapdyr. Dogry ony doly gurup gutarmanka türkmen
däp-dessurlaryny jan-tenden söýen Kutbeddin Aýbeg 1210-njy ýylyò Sanjar
aýynyò 4-inde atyò üstünde çöwgen oýnuny oýnaýarka atdan ýykylyp, wepat
bolupdyr.
Aýbeg aradan çykan soò Deli soltanlygynyò tagtyna
onuò öweý ogly Aramºa gysga möhletli oturypdyr. Onuò garºysyna çykan
ªemseddin Iltutmiº 1211-nji ýylda Deli tagtyna geçip, Deli soltanlygynda
ikinji türkmen ºanesli bolan ªemsiler neberesiniò hökümdarlygynyò baºyny
baºlapdyr.
KÜMܪ HÖKÜMDAR (115-116) — Danyºment
türkmenleriniò begliginiò hökümdary. Kümüº hökümdar haçparazlara
gaýtawul beren meºhur türkmen serkerdeleriniò biridir.
1097-nji ýylyò Oguz aýynyò 30-ynda Eskiºehiriò
golaýynda Anadoly seljuklarynyò soltany Gylyç Arslan I-niò, Danyºment
Gazynyò, Kaýsarynyò emiri Hasanyò birleºen güýçleri bilen haçparazlaryò
arasynda uly söweº bolupdyr. Türkmenler birbada Eskiºehiri haçparazlara
galdyrmaga mejbur bolupdyrlar. 1098-nji ýylda Danyºment Gazy Baýburty
eýeläpdir. ªol ýyl ermeni ºazadasy Gabrieliò edarasyndaky Malatýa ýöriº
edipdir. ªäheri üç ýylyò ýaz aýlarynyò dowamynda gabawda saklapdyr.
Danyºment Gazy Gabriele kömege gelen, Antakýanyò haçparaz ºazadasy
Bohemundy ýeòip, ýesir alypdyr (1100). Danyºment Gazy Gylyç Arslan bilen
bilelikde Merzifon-Amasýa aralygynda bolan söweºde lombardiýalylardan,
fransuzlardan, nemeslerden düzülen haçparaz goºunyny ýeòmegi baºarypdyr
(1101). ªeýle ýeòiº Konýanyò golaýynda hem gaýtalanypdyr. Bu ýeòiºden
soò Danyºment Malatýany eýeläpdir. (1107) Danyºment 260 müò dinar alyp,
Bohemundy ýesirlikden boºadypdyr. Bu puluò bir bölegi özüne berilmedik
Gylyç Arslan Danyºmendiò üstüne ýöriº gurapdyr. 1103-nji ýylyò Alp
Arslan aýynda Maraºyò golaýynda bolan söweºde ýeòlen Kümüº hökümdaryò
syýasy abraýy we güýji peselipdir. Kümüº hökümdar 1105-nji ýylda Siwasda
aradan çykypdyr. Gubury Niksarda ýerleºýär. On iki sany ogly bolupdyr.
Danyºment türkmenleriniò ilkinji hökümdarlary barada Anadoluda
«Danyºmentnama» dessany giòden ýaýrapdyp.
KYÝASEDDIN DAWUT (114) — Seljuk
türkmenleriniò Yrakdaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk
ýyllary1131-1132). Ol Mugyseddin Mahmydyò ogludyr, Muhammet Taparyò
agtygydyr, Mälik ºanyò çowlugydyr.
Dawudyò gysga wagtlyk soltanlyk eden döwründe Yrak
seljuklarynyò arasynda tagt ugrundaky dawalar barha güýjäpdir. Dawudyò
ýerine soltan bolmak kakasynyò doganlary Kyýaseddin Masut bilen Seljukºa
Bagdat halyfyndan goldaw alypdyrlar. Olar halyf al-Müsterºid Billahdan
öz adyna hutba okalmagyny talap edipdirler. Halyf Yraga soltan bellemek
hukugynyò Beýik seljuk soltany Sanjara degiºlidigini olara ýatladypdyr.
ªu döwür barada ýazanyòda Beýik Saparmyrat
Türkmenbaºynyò «özara oòºuksyzlyklar türkmenleriò agzyny alardyp, olaryò
guran döwletleriniò ýeke-ýekeden synmagyna mümkinçilik beripdir» diýen
jaýdar sözleri biygtyýar ýadyòa düºýär. Öz agasynyò tagt arzuwy
gözlerini gapan, döwleti berkitmegiò ýerine, ony parçalap, kiçi
«hanlyjaklara» öwürmek isleýän, entek Beýik seljuk soltanynyò aýatda
diridigini ýatlaryndan çykaran, paýhassyz ogullaryna soltan Sanjaryò
örän gahary gelipdir. Olary özüne garºy öjükdirýän Bagdat halyfyna garºy
Mosul atabegi Ymadeddin Zeòòini aýaga galdyrypdyr. Halyfyò köne duºmany
Dübeýse Hille etrabyny gaýtadan ykta edip beripdir. Bu ikisi goºun
toplap, Bagdada golaýlan mahaly soltan Sanjar Hemedany zabt edipdir.
Dinewer diýen ýerde soltan Sanjar 100 müò adamdan
ybarat goºunyny söweº nyzamyna düzüpdir. Sag ganada Togrul bilen Kamajy,
sol ganada Horezmºa Atsyzy ýerleºdirip, merkeze özi baºtutanlyk edipdir.
Garºydaº goºun 30 müò adamdan ybarat bolup, onuò sag ganadyna Garaja
es-Saky we emir Gyzyl, sol ganadyna Baranguº Bazdar bilen Ýusup Çawuº,
merkezine bolsa Masut we Seljukºa ýolbaºçylyk edipdir. 1132-nji ýylyò
Magtymguly aýynyò 25-inde bolan bu gazaply söweºde soltan Sanjar ýeòiº
gazanypdyr. Köp adam ýesir alnypdyr. Gaçan Masudy tutup getirden Sanjar,
günäsini geçip, Genjä ýollapdyr. Togruly bolsa Yrakdaky seljuk
döwletiniò soltanlygyna belläpdir. Dawudyò ºundan soò hem Yrak
seljuklarynyò içindäki tagt dawalaryna iºjeò gatnaºypdyr (Seret:
Togrul I, Kyýaseddin Masut!). Dawut Töwrizde batiniler tarapyndan
öldürilipdir (1144). Taryhçy Ibn Taòryberdi onuò ölüminde Ymadeddin
Zeòòiniò eliniò bardygyny çaklaýar.
KYÝASEDDIN MASUT (114) — Seljuk
türkmenleriniò Yrakdaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary
1133-1152). Ol Muhammet Taparyò ogludyr, Mälik ºanyò agtygydyr.
Masut dogany Togrulyò ölüm habaryny alan badyna
Hemedana gelip soltan tagtyna oturypdyr. Masut ozaly bilen özüne garºy
gidip biljek güýç bolan Dawudy özüne çekipdir. Oòa öz gyzyny nikalap
berip, ony özüniò mirasdary diýip yglan edipdir. Oòa Harrany we Ahlady
ykta edip beripdir. Öò Togrulyò hyzmatynda bolup, onuò hereketlerinden
närazy bolan emirler Baranguº Bazdar, Gyzyl, Suògur bin Humartegin onuò
ýanyndan aýrylyp, Bagdat halyfynyò ýanyna gidipdirler. Halyf Masudyò
adyny hutbadan aýryp, soltan Sanjaryò adyna okadypdyr. Halyf Masuda
garºy söweºmeli diýen karara gelipdir. 1135-nji ýylyò Oguz aýynyò
24-inde Daý’i Merç diýen ýerde bolan söweºde halyfyò goºunynyò çep
ganaty Masudyò tarapyna geçipdir. Ibn al-Asiriò maglumatlaryna görä, bu
söweºde iki tarapdan hem hiç hili pida bolmandyr.
Söweºde Bagdat Halyfy al-Müsterºid Billah ýesir
alnypdyr. Masut onuò bilen ylalaºyga gol çekipdir. Oòa laýyklykda halyf
mundan beýläk goºun toplamaly däl-de, köºgünden çykman, diòe dini
iºler bilen meºgullanmalydy. Soltan Masut Halyfy ýanyna alyp,
Dawudyò garºysyna ýöriºe çykanda, Meraganyò golaýynda batiniler çadyrda
goragsyz galan halyfy öldüripdirler. Onuò ýerine «ar-Reºit Billah»
lakamyny alyp, halyf bolan ogly Abu Jafer al-Mansur kakasynyò seljuk
türkmenleriniò döwletini ykrar etmän, öz häkimligini berkitmek
syýasatyny dowam etdiripdir. Ol Masudyò iberen ilçileriniò öòki halyfyò
tölemäge söz beren 400 müò dinaryny tölemelidigi baradaky talaplaryny
hem kanagatlandyrmandyr. Soltanlyk täjini geýmegi arzuwlaýan Dawut
Häzirbegjandan gelip, täze halyfyò hyzmatyna geçipdir. Halyf hat üsti
bilen yüz tutup, Atabeg Zeòòini hem öz tarapyna çekipdir. Soltan Masut
öz garºydaºlaryndan dynmak üçin Bagdady 50 günläp gabapdyr. Bu döwürde
ol halyfy goldaýan türkmen serkerdeleriniò köpüsini bitaraplyk saklamaga
yrypdyr. Mälik Dawut soltanlykdan tamasyny üzüp, Bagdady terk edipdir.
Halyf bolsa Atabeg Zeòòi bilen Mosula gidipdir.
Bagdada girip, bu ýerdäki durmuºy kadalaºdyran soltan
Masud halyfa yzyna dolanmagy teklip edipdir. Bu teklip kabul edilmänsoò
ol din ulamalarynyò teklibi boýunça öòki halyfy wezipesinden boºadyp,
ýerine onuò daýysy Abu Abdyllany «Al-Müktefi Liemrillah» lakamy bilen
halyflyga belläpdir.
Masudyò hökümdarlygyny ykrar etmeýänleriò ýene biri
Parsyò häkimi Meògübars 1137-nji ýylyò ahyrlarynda oòa garºy gozgalaò
turzupdyr. Soltan Masudyò serkerde Gara Suòguryò ýolbaºçylygynda iberen
goºyny gozgalaòy basyp ýatyryp bilmän yzyna dolanypdyr. Meògübarsyò özü
Masudyò üstüne ýöriº edenem bolsa ºowsuzlyga uçrapdyr we öldürilipdir.
Ýöne onuò kömekçisi emir Bozaba dargan güýçleri toplap Masudy ýeòmegi
baºarypdyr. Masut Gara Suògur bilen Häzirbegjana gaçypdyr. Bozaba Parsa
gidip, ol yerde öz häkimligini berkarar edipdir.
Soltan Masut Mosulyò häkimi Atabeg Zeòòini özüne
tabyn etmek üçin oòa garºy ýöriºe taýynlyk görüp ugrapdyr. Muny duýan
Zeòòi 100 müò dinar altyn pul tölemek ºerti bilen ylalaºyp bu saparyò
öòüni almagy baºarypdyr (1143ý). Soltanyò buýrugyny berjay edip, Atabeg
Zeòòi 1144-nji ýylyò Türkmenbaºy aýynyò 4-inde Urfany haçparazlaryò
elinden alypdyr. Masudyò Mosuly Zeòòiniò elinden alyp, inisi Dawuda
bermek isländigi mälim. Emma Dawut Töwrizde batiniler tarapyndan
öldürilipdir. Taryhçy Ibn Taòryberdi onuò ölüminde Zeòòiniò eliniò
bardygyny çaklaýar. ªundan soò Zeòòi ölýänçä soltan Masuda bagly bolup
galypdyr.
Soltan Masut ömrüniò soòky ýyllaryny öz häkimýetini
tanamak islemeýän emirlere garºy göreºip geçiripdir. Ol gürjüleriò
üstüne hem ýöriº edip, Halapdan Erzuruma çenli yerleri boyun egdiripdir.
Solltan Masut 1152-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 2-sinde Hemedanda aradan
çykypdyr.
Soltan Masudyò ogly bolmansoò ölen dogany Mahmydyò
ogly Muhammedi tagt mirasdary diýip görkezipdi. Emma Masud ölensoò emir
Has beg Muhammediò ýerine onuò dogany Mälikºany tagta çykarypdyr. Has
begiò esasy maksady döwlet iºlerini öz elinde jemlemekdi. Mälikºanyò
birnäçe aý dowam eden soltanlygyndan soò onuò döwlet iºlerinden baº
çykarmaýandygyny gören emirler onuò ýerine dogany Muhammedi Huzistandan
çagyryp, 1153-nji ýylda tagta oturdypdyrlar.