M

Mukaddes Ruhnamadaky taryhy ºahslar

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


MAGRUPY (189) — Türkmen nusgawy edebiýatynyò wekili. 1734-nji ýylda Bäherden etrabynyò Durun obasynda türkmeniò ýemreli taýpasynyò magrup tiresinden gurply maºgalada eneden bolýar. Hakyky ady Gurbanaly bolup, Magrupy onuò edebi tahallusydyr. Gurbanaly ýaºlyk hem ýetginjeklik ýyllarynda Bäherden, Gökdepe etraplaryndaky mekdep, medreselerde okap, bilim-ylym alypdyr.

XVIII asyrda Hywa hanlarynyò, Buhara emirleriniò türkmenleri gysmak, türkmen taýpalaryny bir-birleriniò garºysyna öjükdirmek syýasatlary, tire-taýpalarynyò-da öri meýdany, ýer-suw üstündäki oòºuksyzlyklary olaryò göç-gonuny, bir ýerden baºga bir ýere tutuº tire-taýpa bolup süýºmeklerini güýçlendiripdir.

Gurbanaly Magrupy ýaºy ortadan agandan soò, göç-gon bilen sergezdançylygyò ähli elhençliklerini görýär. Ýöne ol ömrüniò esasy bölegini Ahalda at üstünde, mert ýigitlere baº bolup geçirýär. XIX asyryò baºlarynda harby çaknyºyklar zerarly ýemreliler Ahaldan çekilýärler. Magrupynyò taýpasy Bäherden etrabyny terk edip, bir topary günorta, beýleki bir topary bolsa Horezme göçýär. Magrupynyò maºgalasy-da Ürgenje süýºen taýpadaºlary bilen gidýär. Ol köp wagtlap Ürgençde oturypdyr. Emma, Magrupy Müògyºlaga göçmäge mejbur bolýar. Gojalygy ºol ýerde geçen Magrupy Müògyºlakda 1810-njy ýylda aradan çykýar. Magrupy «Watanym galdy» diýen goºgusynda ýaºan ýerleri barada ºeýle maglumatlary getirýär:

Agalar arzymy beýan eýlesem,
Durun, Mehin atly watanym galdy.
Gökdepe, Bähreil, Ürgençdir ýurdum,
Bamydyr leòòerim, arslanym-ºirim.

Magrupydan birnäçe ºygyr, «Seýpelmlek—Methaljemal», «Döwletýar», «Aly beg — Baly beg», «Ýusup—Ahmet» dessanlary miras galypdyr.

MAGTYMGULY (29, 63, 78, 148, 153, 156, 158, 160, 163, 164, 165, 169, 189, 191, 197, 253, 275, 293, 296, 306, 321, 324, 347, 377, 382) — Gündogaryò ºygyr sungatynyò beýik söz ussady, türkmen halkynyò milli guwanjy. Magtymguly Etrek derýasynyò boýunda Hajygowºan diýen obada türkmeniò akyldary, ºahyry Döwletmämmet Azadynyò maºgalasynda 1733-nji ýylda eneden dogulýar. Magtymgulyny baºda öz kakasy Döwletmämmet Azady we Nyýazsalyh diýen adam okadýar. Ol düypli bilim almak üçin häzirki Halaç etrabynyò Gyzylaýak obasyndaky Idris baba, Buharadaky Gögeldaº, Hywadaky ªirgazy medreselerinde okaýar. ªahyryò maºgala durmuºy barada ygtybarly çeºmeleriò ýoklugy sebäpli dürli, biri-birine gapma-garºylykly çaklamalar bar.

Magtymguly öz döwrüniò ylymly adamsy bolupdyr. Ol özüne çenli bar bolan Gündogaryò dini we dünýewi ylymlaryny çuòòur özleºdiripdir. Ol Farabynyò, Biruniniò, Ibn Sinanyò, Muhammet al-Horezminiò, Omar Haýýamyò, Ferdöwsiniò, Nyzamynyò, Hysrow Dehlewiniò, Sagdynyò, Hafyzyò, Jamynyò, Nowaýynyò, Fizulynyò, Gündogaryò meºhur pelsepeçileriniò döredijilikleri bilen içgin tanyºypdyr. Gündogaryò dürli ýurtlarynda syýahatda bolmagy onuò dünýägaraýºyny has-da giòeldipdir. Ol türkmenleriò agzybirligini, jebisligini, milli türkmen döwletini döretmegi, türkmen halkynyò bir döwlete gulluk etmegini milletine düºündirjek bolupdyr. Mukaddes Ruhnamada Beýik Serdarymyz “Ýadyòyza salyò, on sekizinji asyrda beýik Magtymguly türkmenleriò agzybirligini dikeltjek bolup, nähili gygyrdy, bagryny ýakdy, emma ony eºitmediler. Sebäbi türkmeniò baºyny bir edip oturan serdary ýokdy!” (169) diýip, gaty hak aýdýar.

Akyldar ºahyryò döredijiligine sopuçylyk akymy uly täsir edipdir. Mansur Hallajynyò, Nesiminiò, Nagyºbendiniò, Baýazit Bistaminiò, Hoja Ahmet Yasawynyò durmuº ýollary Magtymgulynyò döredijiliginde uly yz galdyrypdyr. Magtymgula aýratyn-da Bahaweddin Nagyºbendiniò sopyçylyk mekdebi güýçli täsir edipdir. Magtymgulynyò sopuçylyk ýoluna düºüp ýazan ºygyrlarynda göwniçökgünlik, terkidünýälik duýulýar. ªahyryò ömrüniò ºeýle pursatlary barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy özüniò Mukaddes Ruhnamasynda ºeýle belleýär: “Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem gürrüòsiz Gündogaryò beýik ºahsy, biz her bir ädimde Magtymguludan görelde almalydyrys, emma Magtymguly sopuçylyk ýoluna düºeninde biz onuò yzyna düºüp, säher turup, agaçlar bilen aglaºsak bolmaz, çünki biz sopuçylyga gol bererden baºga-baºga adamlar” (306).

Magtymgulynyò ºygyrlary dürli golýazmalaryò üsti bilen we dilden-dile geçip, biziò günlerimize ýetip geldi. Sowet döwründe birnäçe gezek onuò ºygyrlarynyò ýygyndylary neºir edildi. Emma olarda Magtymgulynyò dine degiºli ºygyrlary ýokdy. 1992-nji ýylda, ýagny Türkmenistan Garaºsyzlygyny alandan soòra ºahyryò ºygyrlarynyò 3 tomlugy çapdan çykdy. Bu gezekki neºir onuò döredijiligini tas dolulygyna diýen ýaly halka ýetirdi.

Magtymgula Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamasynda aýratyn sarpa we hormat goýup ony eseriò 28 ýerinde ýatlaýar. Mukaddes kitapda Magtymgulynyò ýöne-möne adam däldigi onuò ýoldaºly — halatly bolandygyny halkymyzyò ykrar edýändigi barada aýdylýar (197). Magtymgulynyò türkmeniò milli ruhunyò IV eýýamynyò ruhy ýolbaºçysy bolandygy aýdylýar. Dogry onuò eýýamynda halkyò milli ruhy peseldi. Ýöne Mukaddes Ruhnamada belleniliºi ýaly “...ºonda-da halkdan çykan Magtymguly beýik dag bolup döredi, ondan birnäçe derýalar halka tarap akyp baºlady” (296) . Magtymgulyny Beýik Serdarymyz türkmen ruhunyò göwher täjine deòeýär (377).

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò zamanasynda Magtymgylynyò ady has-da belende galdyryldy. Onuò adyna halkara baýragy döredildi, ady aýa dakyldy, ýurdumyzyò baº ýokary okuw mekdebi — Türkmen Döwlet uniwersiteti onuò adyny göterýär. Her ýylda Magtymgulynyò ºygyrýet baýramçylygyny bellemek indi däbe öwrüldi. ªol günlerde ildeºlerimiziò topary ºahyryò Eýranda ýerleºen guburyna zyýarata gidýärler.

MAHMYT (231, 232) — Seret: Mugiseddin Mahmyt.

MAHMYT I (137) — Osman türkmenleriniò döwletiniò 24-nji soltany (hökümdarlyk ýyllary 1730-1754). Ol soltan Mustapa II-niò ogludyr. 1703-nji ýylda (7 ýaºynda mahaly) tagtdan agdarylan kakasy bilen bilelikde ol Yssambyla getirilip, Topgapy köºgüniò ýanynda 27 ýyllap göz tussaglygynda saklanypdyr. Patron Halylyò gozgalaòy sebäpli tagtdan el çekmäge mejbur bolan Ahmet III 1730-njy ýylyò Ruhnama aýynyò 30-ynda Mahmyt I-ni döwletiò baºyna getiripdir. Mahmyt I soltanlygynyò baºynda Patron Halylyò gozgalaòyny basyp ýatyrypdyr. Onuò döwründe Osman türkmenleriniò döwleti Eýran, Russiýa bilen uruºlary alyp barypdyr. Mahmyt I 1754-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 13-inde, anna güni 58 ýaºynda aradan çykypdyr. Mahmyt I-niò ogul we gyz perzendi bolmandyr. Ýerine dogany Osman III tagta geçipdir.

MAHMYT II (137) — Osman türkmenleriniò döwletiniò 30-njy soltany (hökümdarlyk döwri 1808ý. Gorkut aýynyò 28-i — 1839ý. Gorkut aýynyò 1-i). Abdylhemit I-niò fransuz asylly Nagºydil Soltan atly aýalyndan bolan oglydyr. 1785-nji ýylyò Gorkut aýynyò 20-sinde Yssambylda doglupdyr. Ýaºlygynda hatdatlygy we saz çalmagy öwrenipdir. Osman türkmenleriniò döwletiniò soòky alty soltanynyò ikisi Mahmyt II-niò ogludyr, dördüsi bolsa agtygydyr.

Mahmyt II-niò döwründe Osman döwleti Russiýa bilen uruº alyp barypdyr (1806-1812). 1812-nji ýylyò Magtymguly aýynyò 16-synda Buharestde baglaºylan ýaraºyk ºertnamasyna laýyklykda Prut we Don derýalary iki döwletiò araçägini kesgitlemelidi. Russiýa urºuò dowamynda eýelän ýerlerini (Bessarabiýadan baºgasyny) Osman döwletine gaýtaryp bermelidi. Osman döwleti öz çäklerindäki serblere giòiºleýin erkinlik bermäge borçlanýardy.

Mahmyt II-niò döwründe Osman türkmenleriniò döwletiniò dürli ýerlerinde milletçilik meýilleri güýçlendi. Imperiýanyò düzümindäki halklaryò käbiri onuò düzüminden çykmaga synandylar. Serbiýanyò özbaºdaklyk ugrundaky gozgalaòlaryny (1804-1817) Russiýa goldady. Netijede, Osman döwletine tabyn bolan Serbiýa ºazadalygy esaslandyryldy.

Grekleriò (rumlularyò) gozgalaòy (1815-1830) Osman döwletini sarsdyran uly gozgalaò bolupdy. 1827-nji ýylda Morawiýa ýarymadasyndaky gozgalaò basylyp ýatyryldy. Emma bu gozgalaòa Russiýa we Angliýa goºulyºdylar. Osman döwleti rus patyºasy Nikolaý I-niò talapnamasyny ýerine ýetirmeli boldy. Akkerman ylalaºygyna laýyklykda (1826ý. Garaºsyzlyk aýynyò 7-si) Osman döwleti Serbiýada konstitusiýany kabul etmäge, Moldawiýada we Rumyniýada özbaºdak woýewodalary bellemäge razylaºdy. Russiýanyò söwda gämileri Osman döwletiniò içerki suwlarynda erkin söwda etmäge hukuk gazandy. Russiýanyò, Angliýanyò we Fransiýanyò arasynda baglaºylan London ylalaºygyna (1827ý. Gorkut aýynyò 6-sy) görä, Osman döwletine bagly Gresiýa döwleti döredilmelidi. Onuò çäklerinden türkler çykmalydy, Gresiýa Osman döwletine salgyt tölemäge borçludy. Osman döwleti bu ylalaºygyò ºertlerini kabul etmedi. Agzalan üç döwletiò deòiz güýçleri Nawarin deòiz söweºinde (1827ý. Sanjar aýynyò 20-si) Osman döwletiniò deòiz kuwwatlaryny suwa gark etdiler.

Osman döwleti, ýokarky döwletleriò uruº yglan etmezden, özüniò deòiz güýçleriniò gark etmegine närazylyk bildirse-de, üç döwlet onuò talabyny kanahatlandyrmandyr. Rus-osmanly gatnaºyklary ýitileºip, iki döwletiò arasynda uruº baºlapdyr (1828-1829). Edirne ýaraºyk ºertnamasyna (1829ý. Ruhnama aýynyò 14-i) görä, Russiýa, Dunaý derýasynyò deòze guýýan ýerindäki ýerlerden baºga, Rumeli ýakasyndaky eýelän ýerlerini yzyna bermelidi. Gündogar Anadoludaky Poti, Anapa, Ahiska Russiýanyòky bolmalydy. Rus söwda gämilerine bogazlardan erkin geçmäge rugsat berlipdi. Rumyniýanyò we Walahiýanyò özbaºdaklygy artdyrylmalydy. Osman döwleti 11,5 mln. altyn dukat öwez tölegini tölemelidi. Bu ºertnama, Küçük-Gaýnarja ºertnamasyndan soòra, Osman döwleti üçin iò agyr ºertnamalaryò biridi. ªertnama Gresiýanyò özbaºdaklygyny berkitdi. London maslahatynyò (1830ý. Baýdak aýynyò 3-i) kararlaryna laýyklykda Gresiýanyò araçäkleri kesgitlendi. Gresiýanyò özbaºdaklygyny gazanmagy beýleki milletlere hem Osman döwletiniò düzüminden çykmak ugrundaky göreºde nusga boldy.

Mahmyt II-niò günbatarda grek gozgalaòy bilen meºguldygyndan peýdalanyp, Eýran ºasy Fathalynyò ogly Abbas Mürze Osman döwletine garºy urºa baºlapdyr (1821-1823). Eýran bu urºuò netijesinde maksadyna ýetip bilmändir.

Fransiýa 1830-njy ýylda Osman döwletiniò elinden Alžiri (ol 1533-nji ýylda Barbaros Haýreddin Paººa tarapyndan Osman döwletine tabyn edilipdi) alypdyr. Alžiriò elden gitmegi Osman döwletiniò Ortaýer deòzindäki harby kuwwatyny gowºadypdyr.

Mahmyt II-niò döwründe ABª bilen diplomatik gatnaºyklar ýola goýlupdyr. 1832-nji ýylda Yssambylda amerikan, 1867-nji ýylda bolsa Waºingtonda osman ilçisi iºläp baºlapdyr.

Mahmyt II-niò döwründe Osman döwletinde bolan uly gozgalaòlaryò birem Müsüriò hökümdary Muhammet Aly paººanyò gozgalaòydyr (1831-1840). Muhammet Aly 1804-nji ýylda Osman döwleti tarapyndan Müsüriò häkimligine bellenipdir. Fransuzlaryò kömegi bilen ýewropa nusgaly goºuny döreden Muhammet Aly ilki bilen Aleksandriýany iòlislerden arassalapdyr (1807). Hijazda wahhabylaryò gozgalaòyny basyp ýatyrypdyr (1818). Sudany Müsüre tabyn edipdir (1822). Osman döwletiniò gowºamagyndan peýdalanan Muhammet Aly 1831-nji ýylda ondan bölünip aýrylmak ugrunda göreºe baºlapdyr. Tiz wagtda Siriýany boýun egdiripdir. Konýada osmanly güýçlerini ýeòliºe sezewar eden (1832ý. Bitaraplyk aýynyò 20-si) müsür goºuny, Kütahýa gelip, paýtagta ýöriº etmäge taýýarlanypdyr. Mahmyt II gozgalaòy basyp ýatyrmak üçin Russiýadan kömek sorapdyr. Admiral Lazarewiò serkerdeligindäki rus floty Bosfor bogazynda labyryny taºlapdyr (1833). 12 müò adamly rus goºuny bolsa bogazyò Anadoly kenarlaryna düºürilipdir. Fransuz ilçisiniò araçyllygy bilen Mahmyt II bilen Muhammet Alynyò arasynda Kütahýa ylalaºygy baglaºylypdyr. Oòa görä, Osman soltany Müsürdäki häkimine Siriýany, Palestinany, Adana welaýatyny beripdir.

Muhammet Alynyò gozgalaòy Osman döwletini Russiýa bilen ýakynlaºdyrypdyr. Iki döwletiò arasynda 8 ýyl möhlet bilen Hünkär Iskelesi goranmak ºertnamasyna gol çekilipdir (1833ý. Gorkut aýynyò 8-i). Russiýa Osman döwletine howp abananda harby kömek bermäge, Osman döwleti bolsa Russiýa howp abananda Bosfor we Dardanel bogazlaryny beýleki döwletleriò gämileri üçin ýapmaga borçlanýardy.

Müsüriò häkimi Muhammet Aly 1839-njy ýylda Osman soltanyna garºy ikinji gezek baº göteripdir. Nusaýbiniò golaýynda bolan söweºde (1839ý. Oguz aýynyò 29-y) osmanly güýçleri ýeòlipdir. Müsür meselesine ýene-de Ýewropa döwletleri gatyºypdyr. Angliýanyò, Awstriýanyò, Prussiýanyò, Russiýanyò, Osman döwletiniò arasyndaky London ylalaºygyna görä (1840ý. Gorkut aýynyò 15-i) Muhammet Aly Osman döwletine Müsürden baºga ýerleri gaýtaryp bermäge borçly edildi.

Mahmyt II döwletiò gowºan kuwwatyny berkitmek maksady bilen birnäçe özgertmeleri geçiripdir. Ýanyçar goºunyny dargadyp, täze düzgün-nyzamly goºuny (eºkinji) döredipdir. Bu goºuna ýewropa nusgasynda tälim berlipdir. Ýurtda ýokary harby we deòiz mekdepleri açylypdyr. Birnäçe esgerler harby tälim üçin Ýewropa iberilipdir. Döwleti dolandyryº ulgamy hem kämilleºdirilipdir. Ýewropa nusgasynda käbir ministrlikler döredilipdir. Mahmyt II ilat ýazuwyny(diòe erkek ilaty) ilkinji bolup geçiripdir. Ol döwletiò poçta ulgamyny kämilleºdiripdir, daºary döwletlere gidýänler üçin pasport düzgünini girizipdir. Döwlet gullukçylaryna ýewropa biçüwinde geýinmek höküm edilipdir. Paýtagtda ýokary medisina mekdebi açylypdyr. Türk we fransuz dillerinde «Takwym’y wakaýy» ady bilen resmi gazet çykyp baºlapdyr.

Mahmyt II 1839-nji ýylyò Gorkut aýynyò 1-inde aradan çykypdyr. Ýerine ogly Abdylmejit I soltan bolupdyr.

MAHMYT GAZNALY (59, 61, 113, 140-141, 143, 156, 218, 220-222, 224-225, 226) — Gaznaly türkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary (998-1030). Mahmyt Gaznaly Söbük Teginiò ogludyr. «Beýik Yslam taryhy» ensiklopediýsynyò maglumatlaryna görä, Mahmyt 971-nji ýylyò Sanjar aýynyò 2-sinde doglupdyr. Ejesi Zabulystanyò asylzadalarynyò biriniò gyzy bolupdyr. Gaznalylar imperiýasyny musulman dünýäsinde döwlet hökmünde ykrar etdirmekde soltan Mahmyt Gaznalynyò tagallasy uludyr.

999-njy ýylda Mahmyt Gaznaly Horasanda hökümdarlygyny gutarnykly berkidýär. Bagdat halyfy al-Kadyr Mahmyt Gaznalynyò harby taýdan baºarjaòlygyny, döwleti dolandyrmakda syýasy kynçylyklardan ýerlikli baº alyp çykandygyny göz öòünde tutup oòa «Döwletiò daýanjy we dini jemgyýetiò ynamdar wekili» (Ýemin ad-daula amin al-milla) diýen hormatly at bilen bilelikde «Horasanyò soltany» diýen nyºany berýär.

X asyrdan baºlap, Mahmyt Gaznaly güýçli we parasatly hökümdar hökmünde musulman dünýäsinde tanalyp ugrapdyr. Gysga wagtyò içinde Mahmyt Gaznaly güýçli imperiýany döredýär. Bu imperiýanyò çäkleri Häzirbegjandan Hindistanyò Gang jülgesine, Horezmden Hind ummanyna çenli ýaýylyp gidipdir. Mahmyt Gaznaly özüniò ençeme harby ýöriºleri bilen imperiýanyò çäklerini ºu derejede giòeltmegi baºarypdyr. 1001-1026-njy ýyllar aralygynda ol Hindistana 17 sapar ýöriº gurapdyr. Sistany (1002), Horezmi (1017), Garçystany (Owgan Türküstanynda) boýun egdiripdir (1012). Gurlularyò üstüne üç gezek (1011, 1015, 1020) ýöriº edipdir. Horasanda agalyk etmek üçin Garahanly türkmenleri bilen ençeme gezek çaknyºypdyr (1006, 1008, 1019).

Mahmyt Gaznalynyò rugsady bilen Ýagmyryò, Bukanyò, Gökdaºyò, Gyzyl begiò baºtutanlygyndaky seljuklar Mawerannahrdan Horasana göçüp gelipdirler. Olar Paraw, Sarahs, Abywerd sebitlerinde ornaºypdyrlar.

Nyzamylmülk «Syýasatnama» kýtabynda Mahmyt Gaznaly barada: «Döwlet dolanºygynyò inçe syrlaryny doly öwrenip, hökümdarlyk eymekde özüniò ajaýyp medeniýetliligi bilen il içinde taryplanypdyr. Ol mydama dünýäden öten meºhur patyºalar barada rowaýatlary diòlemegi gowy görüpdir. ªol öten patyºalara sarpa goýmagy baºarypdyr. Özüniò adalatlylygy bilen Mahmyt halkyò içinde uly ºöhrata eýe bolupdyr. Ol musulman dünýäsinde yslam üçin göreºen hökümdar hökmünde tanalypdyr» diýip ýazypdyr. Nyzamylmülk bu sözleri Mahmyt Gaznalyny taryplamak üçin aýtmandyr. Sebäbi Gaznaly soltany seljuklar döwründe hem belent hökümdar hökmünde beýik hormata eýe bolupdyr.

Mahmyt Gaznalynyò garamagyndaky türki halklardan toplanan köºk gulamlary özüniò ýokary söweºjeò baºarjaòlygy bilen musulman dünýäsinde uly abraýa eýe bolupdyr. Elbetde ºeýle goºuny döretmek üçin Mahmyt Gaznaly köp kynçylyklara döz gelipdir. Goºunyò içinde tiz-tizden bolup durýan pitneler Mahmyt Gaznalyny adatdan daºary çäreleri görmäge mejbur edipdir.

Mahmyt Gaznaly goºunyò içinde adalatlylygy saklamagy hem baºarypdyr. 1017-nji ýylda Ürgenji basyp alan döwründe Gaznaly goºunynda gulamlardan biri bir garyp maºgalanyò bar eklenji hasap edip ýören kiçiräk bagyny uçdantutma çapmagy buýrupdyr. Bagyò eýesi bagy bialaç çapyp ýörkä soltan Mahmyt öz emeldarlary bilen ºol bagyò deòinden geçip barýan eken. Bu ahwalaty gören hökümdar bagbany ýanyna getirmegi buýrupdyr. Hökümdaryò ýanyna getirilen bagban ähli ýagdaýy bolºy ýaly gürrüò beripdir. Mahmyt Gaznaly bagy uçdantutma çapmagy buýran gulamy tutup, ºol bagyò içinden asmagy buýrupdyr. Bagyò içindäki agaçlaryò birinden asylan ºol gulam göni bir ýyllap agaçdan asylgy durupdyr. Hökümdaryò bu hereketinde ejize hossarlygy duýulýar.

Mahmyt Gaznaly yslam dinine uly sarpa goýupdyr. Gaznaly hökümdary Hindistana eden gazawatlarynda talap alan hazynasyny yslam dininiò kada-kanunlary esasynda paýlapdyr. Yslam dininiò kanuny boýunça talanan hazynanyò bäºden bir bölegi sadaka üçin bölünip alnypdyr. Bäºden üç bölegi goºuna paýlanypdyr. Galan bölegini hazynada saklapdyrlar. ªonuò üçin Mahmyt Gaznalynyò gazawatlaryna halk köpçülikleýin gatnaºypdyr.

Köºk taryhçysy al-Utbiniò beýan ediºi ýaly, 1026-njy ýylda soltan Mahmyt hindileriò Kriºna hudaýynyò mukaddes Methura ºäherine gazawat amala aºyrýar. Bu ºäher müòýyllyklaryò dowamynda gurlan ymaratlara we toplanan medeni baýlyklara baý ºäher bolupdyr. Mahmyt Gaznaly hindileriò üstüne uzaga çeken gazawatlary guran hem bolsa, ºol halkyò ömür boýy döreden medeni-mirasyna uly sarpa goýupdyr. Gurlan kaºaò ymaratlary aýawly saklamagy berk tabºyrypdyr. Muòa mysal edip soltan Mahmyt hindileriò Teneºar ºäherine gazawat gurap, yzyna gaýdanda hindileriò çokunýan hudaýynyò daºdan bejerilen heýkelini özi bilen Gazna getiripdir. Ol heýkeli hemmä görüner ýaly köºgüò öòündäki meýdançada goýdurypdyr. Beýle etmegi onuò hindileriò döreden ajaýyp sungatyna uly sarpa goýýandygynyò mysaly bolup durýar.

Mahmyt Gaznaly ýaºlykda örän çäklendirilen bilim alypdyr. Onuò sebäbi hem ol öz atasy Söbük Tegin bilen harby ýöriºlere gatnaºypdyr. Gaznaly hökümdary uzak dowam eden köp ýöriºlere gatnaºan hem bolsa Gurhany arap dilinde okamagy baºarypdyr. Pars dilinde hem arassa gürlemäge ökde bolupdyr. Ol kabulhanasynda welaýatlaryò häkimleri bilen arassa pars dilinde gepleºipdir. Sebäbi köºk emeldarlarynyò köpüsiniò asly gelip çykyºy eýran dilli halklardan bolupdyr.

Musulman dünýäsinde yz galdyran serkerdäniò söweºjeò ýoly altmyº ýaºynyò içinde hasratly tamamlanypdyr. «Allanyò ýerdäki saýasy» (al-Utbi, köºk taryhçysy) 1030-njy ýylyò Gurbansoltan aýynyò 29-ynda inçekeselden aradan çykýar.

MAHMYT SALYH (124, 125) — Artykly türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary. Ol Ahmet Mansuryò ogludyr. Ahmet Mansur aradan çykansoò (1367) tagta çykarylan kiçi ýaºly Mahmyt Salyh dört aý hökümdar bolupdyr. Ýerine ªemseddin Dawut geçipdir.

MAHMYT ªA (238) — Hindistanyò Dekan ýaýlasynda höküm süren (1347-1527) Bahmany atly türki hanedanlygyò ºasy (hökümdarlyk ýyllary 1482-1518). Mahmyt ºanyò döwründe Bahmany döwleti gowºapdyr. Bu döwlet ýykylansoò (1527) onuò çäkleri Adylºalar, Nyzamºalar, Beridºalar, Ymadºalar, Kutubºalar atly türki hanedanlaryò arasynda paýlaºylypdyr. Kutubºa türkmenleriniò döwletini esaslandyryjy Soltanguly Türkmen Mahmyt ºanyò elinde tälim-terbiýe alypdyr.

MAHMYT ÝEMINEDDÖWLE (142) — Seret: Mahmyt Gaznaly.                     

Man (105, 106) — Eýranda dörän maniheýçilik dinini esaslandyran ºahs (ýaºan ýyllary 216-277). Man 242-nji ýylda özüniò dini taglymatlary bilen köpçüligiò öòünde çykyº edipdir. Onuò öòe süren dini zorastrizm bilen hristianlygyò utgaºmagy bolupdyr. Zorastrizmiò iki baºlangyç, ýagny ýagºylyk we ýamanlyk, haýyr we ºer diýen taslamalary Manyò taglymatynyò esasyny tutupdyr. Man hristiançylykdan halasgär (Mäti) baradaky taglymaty kabul edipdir. Man öz taglymaty bilen köpçüligiò öòünde çykyº eden badyna zorastrizmiòem, hristianlygyòam ruhanylary oòa garºy bolupdyrlar. Zorastrizm ruhanylarynyò talaby bilen Man türmä basylypdyr. Ol 277-nji ýylda jezalandyrylyp öldürilýär.

Manyò taglymary maniheýçilik dini akymyò ýüze çykmagyna getiripdir. Maniheýçilik zorastrizm dini bilen hristianlygyò utgaºmagy netijesinde dörän din. Maniheýçilik köp ýurtlara ýaýran din bolup, Çyn-Maçyndan tä Italiýa çenli bolan ýurtlarda ýaýrapdyr. Munuò sebäbi maniheýçiligiò taglymaty zuluma garºy, ýagºylyk ugrunda göreº bolupdyr. Garaýyºlary mazdakizme golaý bolup, olar bir wagtrakda dörän soò, maniheý dinine uýýanlara mazdakçylar hem diýýärler.

MANSUR MUHAMMET (126) — Ermenistandaky türkmen ºalygynyò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1198-1206) Aksungur Hazar Dinarinin ogludyr. Onuò döwründe ülkesine gürji çozuºlary güýçlenipdir (1204-1205). Içgä göwnüni beren we wagtyny ºady-horramlykda geçirmegi halaýan Mansuryò dolandyryºyndan halk nägile bolupdyr. Sökmen II-nin gulamy Balaban Mansur Muhammedi tussag edip, Ahlat ºäherini öz edarasyna alypdyr.

MASUT I (115) — seljuk türkmenleriniò Rumdaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1116-1156). Ol Gylyç Arslan I-niò ogludyr. Gaýnatasy, Danyºment türkmenleriniò soltany Gazy b.Kümüº hökümdara daýanyp, agasy Mälik ºa I-ni öldürdip, tagta geçipdir. Gylyç Arslan I-niò ogullarynyò arasyndaky dawalardan peýdalanan Gazy b. Kümüº hökümdar Anadoly seljuklaryny öz täsirine düºüripdir. Emma Muhammet II b. Gazynyò ölüminden soò Danyºment begliginiò gowºamagyndan peýdalanyp Masut I olary özüne boýun egdiripdir.

Rum seljuklarynyò ºazadalarynyò arasyndaky dawalardan peýdalanan Wizantiýa imperatory Ioann Komnen (1118-1143) olaryò üstüne ýöriºler gurap durupdyr. Masut I Ankara we Kastamonunyò sebitine häkim bolan dogany Mälik Araba garºy göreºde kömek sorap Ioanna ýüz tutupdyr(1126). Emma häkimligini berkidenden soò Masut I Ioannyò türkmenlere garºy ýöriºlerine gaýtawul beripdir.

Manuel Komnen (1143-1180) 1146-njy ýylda Rum seljuklarynyò paýtagty Konýany birnäçe wagtlap gabasa-da ony wizantiýalylara tabyn edip bilmändir.

Masut I-niò döwründe Anadola II haçly ýöriºiniò howpy abanýar. Atabeg Zeòòiniò Urfadaky haçparaz ºazadalygyny ýykmagy (1144) Rim papasynyò hristianlary II haçly ýöriºine çagyrmagyna sebäp bolýar. 1146-njy ýylda baºlanan bu ýöriºe fransuz koroly Luis VII we german imperatory Konrad III ýolbaºçylyk edipdir. 1147-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 25-inde Eskiºehiriò golaýynda bolan söweºde Masut I-niò ýolbaºçylygynda seljuklar german haçparazlaryny ýeòliºe sezewar edipdirler. Seljuk topraklarynyò üsti bilen hereket etmegiò kyndygyna düºünen Luis VII Yznyk–Efes–Deòizli–Antalýa ýoly bilen ýöriºini dowam etdiripdir. Türkmenleriò hüjümi astynda zordan Menderes derýasyndan geçen Luis VII Deòizlä barypdyr. Türkmenler Antalýa çenli barýan ýolda haçparazlara uly zyýan ýetiripdirler. Periºan ýagdaýa düºen fransuz koroly goºunynyò bir bölegini gämilere mündürip, deòiz ýoly bilen Siriýa gidipdir. Gämä münmäge puly bolmadyk haçparazlaryò garyp bölegi Antalýada galypdyr. Wizatiýalylaryò küºgürmegine garamazdan türkmenler olary öz hemaýatyna alypdyr. Beýle merhemeti gören üç müòden gowrak haçparaz musulmançylygy kabul edipdir.

Ogly Gylyç Arslan II bilen bilelikde Masut I 1149-njy ýylda frank haçparazlarynyò elinden Maraºy alypdyr. Göksun, Behisni, Göýnik, Aýyntap, Duluk, Raban ºäherlerini haçparazlardan arassalapdyr. Tell-Baºirde gabawa düºen Urfanyò haçparaz ºazadasy Josselin oòa boýun egipdir. Masut I Elbistany mekez edip, bu ýerleri dolandymagy ogly Gylyç Arslan II-ä tabºyrypdyr.

Masut I 1153 ýylda Danyºment hökümdary Ýagybasan bilen bilelikde Kilikiýa ýöriº gurapdyr. Toros daglarynyò sebtinde ýaºaýan ermeniler oòa tabynlygyny bildiripdir. Masut I indiki ýyl Toros daglaryny geçip, Çukurobany eýelemäge giriºipdir. Emma keselçilik zerarly atlaryò we esgerleriò köp bölegi gyrylansoò, yza çekilmeli bolupdyr.

Masut I Kilikiýa saparyndan keselli ýagdaýda dolanypdyr. Aradan çykmanka döwletini ogullary Gylyç Arslanyò, Döwlediò, ªahynºanyò arasynda paýlapdyr. Gylyç Arslan II-ni tagt mirasdary diýip yglan edipdir.

MASUT GAZNALY (59, 141, 142, 222-223, 225-226) — Gaznaly türkmenleriniò döwletiniò soltany (hökümdarlyk ýyllary 1030-1041). Ol Mahmyt Gaznalynyò ogludyr. Masut 995-996-nji ýyllarda eneden dogulýar.

Tagtyò mirasdary ilki bilen öz döwrüniò ylmyny doly özleºdiripdir.Ol dogabitdi güýçli, sagdyn bolupdyr. Ýaºlygyndan harby ýöriºlere gatnaºypdyr. Soltan Mahmyt 1010-nji ýylda Gurlaryò üstüne ýöriº edende, ogly Masudyò batyrlygyna, baºarjaòlygyna geò galypdyr. ªol ýöriºden soò, Gaznaly soltany Masudy tagtyò mirasdary edipdir.

Gaznaly soltanynyò buýrugy bilen oòa gözegçilik etmek üçin birnäçe hyzmatkär berkidipdir. Atabegi Masuda arapça okamagy, ýazmagy we diniò däp-dessurlaryny öwredipdir. Ýaº ºazada pars dilini hem tiz öwrenipdir. Masut özüniò gepe çeperligi bilen hemmäni geò galdyrypdyr.

Mahmyt Gaznaly döwleti dolandyrmakda tejribe toplatmak maksady bilen Masudy Hyradyò häkimligine belleýär. ªol wagt Masut 22 ýaºynda bolupdyr. Ýaº ºazada atasynyò gözegçiliginden daºda bolýandygyndan peýdalanyp, dolandyrýan welaýatynda wagtyny ºatlyk-ºagalaòda geçiripdir.

 Mahmyt Gaznalynyò dolandyran döwrüniò soòky ýyllarynda goºunyò içinde bölüniºik emele gelýär. ªu ýagdaýdan peýdalanyp, Masudyò töweregindäki emeldarlar tejribesiz ºazadany öz atasynyò garºysyna öjükdiripdirler. Olar dürli ýollar bilen ºazada gep içirip, Gaznaly tagtyny eýelemegi ündäpdirler.

1029-njy ýylda Mahmyt Gaznaly Reýe ýöriº eden döwründe onuò goºuny iki bölege bölünip, uruº hereketlerini alyp barypdyr. Uruº hereketleri gidýärkä Masudyò ýanyna Gaznaly hökümdarynyò garamagyndaky goºundan birnäçe harby serkerde gelip, oòa tagty eýelemekde wagtyò gelip ýetendigini ündäpdirler. Emma, Mahmyt Gaznala bu dildüwºik barada habar edilýär. Ol Masudy ýanyna çagyryp, hiç kime bildirmän öldürmegi niýet edinipdir. Gaznaly hökümdarynyò gurnajak hilesini Masuda ýetiripdirler. Ol dessine özüniò garamagyndaky goºuny aýaga galdyrypdyr. Mahmyt Gaznaly özara urºuò ýüze çykmagyndan howatyrlanyp, gurnajak hilesini goýbolsun edipdir. Ertesi gün Masudyò düºelgesine ýene-de ºol öòki harby serkerdeler gelip, Mahmyt Gaznalyny öldürmegi teklip edipdirler. ªazada serkerdeleriò teklibine garºy çykypdyr. Ol: «Men atamy öldürip tagta geçsem uly masgaraçylyk etdigim bolar. Neberäniò abraýyny pese düºürerin. Onsoòam soltan (Mahmyt Gaznaly) agyr kesel we garry. Oòa ýaºamak az galdy» diýipdir.

Mahmyt Gaznaly ömrüniò soòky günlerinde Masudyò güýç bilen tagty eýelejek bolýandygyny eºidip, ogluna bolan garaýºy düýbünden üýtgeýär. Ol öz emeldarlaryny ýanyna çagyryp: «Oglum Masut meniò ynamymy ödemedi. Ol atasyny äsgermän, zalymlyk bilen tagty eýelemegi isläpdir. Beýle guwkelle, paò hökümdar geljekde meniò döreden döwletimi saklap bilmez. Sebäbi ol ertirki güne umytsyz garaýar. ªonuò üçin men ölemden soò, döwlet tagtyna ogly Muhammedi belläò» diýipdir.

Masudyò özdiýenli, ganygyzma häsiýeti bolupdyr. Ol özüne garºy çykylmagyny ýokuº görüpdir. Tejribeli emeldarlaryò aýdan pikirlerine, öòe sürýän tekliplerine gulak asmandyr. Eger-de ºol iºiò soòy garaºylmadyk ýagdaýda netijesiz, ºowsuz gutaran ýagdaýynda, Masut ähli günäni gödeklik bilen baºga biriniò boýnuna ýükläpdir. Ol fiziki taýdan güýçli bolan hem bolsa, ahlak taýdan bozuk hasaplanypdyr. Aýallaryò ýanynda öz mertebesini peseltmäni, ejizlemäni hiç zatça görmändir. ªonuò bilen birlikde ol nebsewür emeldarlarynyò elinde oýnatgy bolupdyr. Ol döwlet iºlerini dolandyrmaga jogapkärçilikli çemeleºmändir. Serkerde hökmünde goºuna ýolbaºçylyk etmäge tejribesi bolmandyr.

Masudyò dolandyran döwründe Gaznaly türkmenleriniò döwleti gowºap baºlapdyr. Horezmiò häkimi Harun Buharanyò häkimi Aly Tegin bilen birleºip, Horasany gaznalylaryò elinden almaga synanypdyrlar (1034). Kerman gaznalylaryò elinden çykyp, ony Büweýhiler eýeläpdir (1034).

Masut kakasynyò Hindistana ýöriºlerini dowam etdiripdir. 1037-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 31-inde Masut Hansi galasyny eýeläpdir. Bu berk galany eýelemek üçin gaznaly goºuny onuò diwarlarynyò aºagyndan bäº sany nagym gazyp, galanyò içine giripdirler. ªol ýöriºde Masut Deliniò 37 km. demirgazygyndaky Sinipat, 100 km. gündogarsyndaky Rampur galalaryny eýeläpdir.

Masut Gaznalynyò döwründe Horasanda seljuklaryò täsiri güýçlenipdir. Masudyò seljuklary Horasandan kowmak baradaky üç synanyºygy (Nusaýyò, Sarahsyò, Daòdanakanyò golaýyndaky söweºler) ºowsuz tamamlanypdyr (seret: Çagry beg).

Daòdanakan söweºinden soòra Masut döwletiò hazynasyny alyp, Hindistana gidipdir. Ýolda hazynany talamak üçin esgerleriniò arasynda gozgalaò turupdyr. Gozgalaòçylar Masudyò dogany Muhammedi soltan diýip yglan edipdirler. Mahmyt aýaly Sara hatyn (ol Garahanly hökümdary Ýusup Kadyr hanyò gzyzydy) bilen bilelikde Giri galasyna zyndana taºlanypdyr we ºol ýerde öldürilipdir (1041ý. Türkmenbaºy aýynyò 17-si).

MASUT  I NASREDDIN-ALA (142) — Seret: Masut Gaznaly.

MASUT III ALAUDDÖWLE (142) — Gaznaly türkmenleriò döwletiniò soltany (hökümdarlyk ýyllary 1099-1114). Ol Ybraýymyò ogludyr, Masut I-niò agtygydyr, Mahmyt Gaznalynyò çowlugydyr. Masut III Beýik Seljuk türkmen soltany Mälik ºanyò giýewsidir. Ahlaklylygy, adalatlylygy, ynsaplylygy bilen halka özüni söýdüren hökümdardyr. Ol Zabulystanyò halkynyò artykmaç bergilerini azaldypdyr. Masut III Gaznalylaryò Hindistandaky mülklerini giòeltmäge üns beripdir. Ogly ªirzady Lahora ýollapdyr. Masudyò döwründe Gaznaly goºuny Gang derýasyny geçip, ganymat olja bilen yzyna dolanypdyr.

Masut III 54 ýaºynda aradan çykypdyr. Onuò döwründe Gaznaly türkmenleriò döwleti Gazna, Kabul, Bust, Kusdar, Mekran welaýatlaryny, Demirgazyk Hindistany öz içine alypdyr.

MAUDUD (128) — Salyr türkmenleriniò atabegliginiò neberebaºysy Salyr hökümdaryò ogly. Salyrlaryò Parsa ikinji akgyny 1144-1145-nji ýyllarda bolup, olar emir Maududyò ýolbaºçylygynda Eýranyò Kuh-Giluýe welaýatyna çenli bolan ýerlerde ornaºypdyrlar. Maudud aradan çykansoò (1148 ý.) onuò ýerine ogly Suòur geçipdir.

MAUDUD ªYHABADÖWLE (142) — Gaznaly türkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1041-1048). Soltan Masut I-niò ogludyr. Kakasynyò ýanynda Daòdanakan söweºine gatnaºypdyr. Masut I Hindistanda öldürilenden soò (1041 ý. Türkmenbaºy aýynyò 17-si) Mahmyt Gaznalynyò beýleki ogly Muhammediò ikinji soltanlygy baºlanypdyr. Emma Maudud Muhammedi ýeòip, Gaznalylaryò tagtyny eýelemegi baºarypdyr. Gaznalylaryò öòki weziri Ahmet b.Abdysamedi wezipesine gaýtaryp getiripdir. Maududyò Sistany seljuklaryò elinden almak synanyºygy ºowsuz gutarypdyr (1041). Emma Maudud Gaýmaz al-Hajybyò serkerdeliginde iki müò atlydan we on müò ýaýçy pyýadadan ybarat gaznaly goºunyny gaýtadan Sistana ýollapdyr. 1042-nji ýylyò Nowruz aýynyò 20-inde bolan bu söweºde gaznalylar ýeòiº gazanypdyr.

Seljuklaryò Sistandaky häkimi Abul Fazl Zerenç galasyna çekilipdir. Gaznalylar bu galany dört aýlap gabapdyrlar. Horasandan kömege gelen seljuk serkerdesi Ärdaº gaznaly goºunyna zarba urupdyr. Iki tarapyò arasynda bolan söweºde (1042 ý. Gorkut aýynyò 21-i) seljuklar ýeòipdir. Maududyò döwründe Sistan seljuklaryò elinde galypdyr.

1043-1044-nji ýyllarda hindi rajalary birleºip, gaznalylaryò elindäki Hansi, Thanesar, Nagarkat ýaly ýerleri yzyna alypdyrlar. Olar Lahory ýedi aýlap gabapdyrlar. Emma ýolbaºçylaryò biriniò ýogalmagy bilen rajalar Maududa boýun egip, ülkelerine dolanypdyrlar. Soltan Maudud hindileriò Penjapdaky gozgalaòlaryny basyp ýatyrmak üçin 1048-nji ýylda ogullary Mahmydy Lahora, Mansury Peºewara häkim belläpdir.

Soltan Maudud seljuklaryò gaznalylardan alan ýerlerini gaýdyp almaga ähmiýet beripdir. Hyrady, Termezi seljuklardan alyp, birnäçe ýyl elinde saklamagy baºarypdyr. «Beýik Yslam taryhynyò» maglumatlaryna görä, Maudud Çagry begiò gyzyna öýlenipdir. Gaýynatasynyò kesellemeginden peýdalanyp, Horasana goºun ýollapdyr. Çagry beg ýetginjek ogly Alp Arslany gaznalylaryò garºysyna iberipdir. Balh ºäheriniò golaýynda bolan söweºde (1043 ý. Alp Arslan – Ruhnama aýlary) Alp Arslan gaznalylary ýeòip, müò adamy ýesir alypdyr. Keselinden gutulan Çagry beg Alp Arslan bilen bilelikde Termezi yzyna gaýdyp alypdyr. Maudud seljuk serkerdesi Ärdaºyò Gaznany eýelemek synanyºygyny puja çykarypdyr (1045-1046ý.).

Maudud seljuklary Horasandan uzaklaºdyrmak üçin Garahanly döwletini öz tarapyna çekmekçi bolupdyr. Emma keselläp, 1049-njy ýylyò Bitaraplyk aýynyò 18-inde 29 ýaºynda aradan çykmagy bilen bu niýeti amala aºmandyr.

Maudud ökde mergen bolupdyr. Rowaýatlara görä, ol altyn peýkam ulanypdyr. ªol altyn okuò gymmaty onuò öldüren esgeriniò jaýlanmagy ýa-da ýaradar eden esgeriniò bejerilmegine ýetipdir.

Soltan Maudud ölensoò bäº ýaºyndaky ogly Masut II soltan diýlip yglan edilipdir. Ol Maududyò Çagry begiò gyzyndan bolan ogludyr. Emma Gaznaly döwletiniò abraýly adamlary birleºip, Masudyò ýerine ºazada Alyny tagta çykarypdyrlar. Ol 45 günlük soltanlygyndan soò Abdyreºit tarapyndan agdarylypdyr.

MAZDAK (105) — V asyryò ikinji — VI asyryò birinji ýarymynda ýaºan ºahsyýet. Mazdak öž dini pelsepe taglymatyny esaslandyrypdyr. Onuò taglymatynda deò hukuklylyk öòe sürlüp, Mazdagyò yzyna eýerenler ýagºylygy — ýamanlygyò, haýyry — ºeriò, ýagtylygy — tümlügiò garºysyna goýupdyrlar. Mazdagyò hereketi Gündogaryò meºhur alymlarynyò nazaryndan sypmandyr. 839-923-nji ýyllarda ýaºan belli taryhçy Tabari «Pygamberleriò hem-de ºalaryò taryhy» diýen kitabynda Mazdak hakynda ºeýle setirleri ýazypdyr: «Ýönekeý halk amatly pursatdan peýdalanyp, onuò tarapyna geçipdir. Olar Mazdagyò pikirdeºlerine goºulyp, öòbaºçynyò töweregine jebisleºdiler». Mazdakylar «su güýçleriò arasyndaky barlyºyksyz göreº o dünýäde däl-de, ºu dünýäde amala aºyrylmaly. Hudaý hemmäni deò ýaratdy. Ýaradan tarapyndan berlen gyradeòligi güýç bilen gazanmaly» diýen ºygyry öòe sürüpdir.

Mazdak barlylaryò elinden gaòryp alan emläklerini garyp-gasarlara paýladyp. Mazdagyò tutýan maksady juda ýöntem bolup, durmuºy hakykatda golaýlaºanok hemme adamy gyradeò ýaºadar ýaly jemgyýet gurmak asla adamzat ýaºaýºyna gabat gelmeýär. Mazdak buddizm, ýahudy, hristian dinlerini gutarnykly ýatyryp, öz döreden dini taglymatlaryny döretmegiò arzuwynda bolupdyr. Ol jadygöýlik, kezzapçylyk, adamlaryò gözüne çöp atmak ýoly bilen «öz dininiò gudratyna» uýdurmak isleýär. Mazdak adamlara erkinlik, özbaºdaklyk, garaºsyzlyk bermeli diýen ºygary öòe sürmek bilen döwlet gurluºyny üýtgedip, barly gatlagy ýok etmek isläpdir. Mazdagyò adamkärçilige sygyºmaýan ýene-de bir talaby bar. Ol hem aýallaryò ortalyk bolmagydyr. Mazdagyò öldüriliºi Ferdöwsiniò «ªanama» eserinde hem beýan edilýär. Kubadyò ogly Anuºirwan Mazdagyò baºtutanlygyndaky baºbozarlaryò hereketini güýç bilen basyp ýatyrýar. Gozgalaòa baºtutanlyk edenleri tapyp jezalandyrýar. Anuºirwan Hysrow Mazdagy bagyò edil ortasynda görene göz edip dardan asdyrýar. Ony dardan asany bilenem çäklenmän, endamyna keman baryny atdyryp, onuò göwresini eleme-deºik etmegi tabºyrýar. Mazdaga atylan kemanlardan ýaòa bitin ýeri galmandyr. Akyllylygyna, sowatlylygyna baýrynyp, baºbozarlyk eden Mazdagyò ömür ýoly pajygaly tamamlanýar.

Mazdak ölenden soò, onuò döreden taglymaty gizlin syýasy akyma öwrülýär. Mazdakçylar akymy VIII asyrda yslamlaºdyrylyp, Mukannanyò ýolbaºçylygynda araplara garºy göreºiniò baº ºygary bolupdyr. Ol halk köpçüliginiò arasynda örän köp wagtlap saklanypdyr.

MEJDEDDIN ISA ZAHYR (124, 125) — Artykly türkmenleriò Mardin ºahasynyò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1376-1406). ol ªemseddin Dawut II-niò ogludyr. Mejdeddin Isa 1384-nji ýylda Garagoýunly hökümdary Gara Mämmetden ýeòlipdir. Agsak Teýmiriò çozuºynyò abanan pursaty Artykly we Garagoýunly türkmenleri birleºip, Müsür memlüklerinden kömek sorapdyrlar. Mardini alan Teýmir Isany üç ýyllap Soltaniýede tussaglykda saklapdyr. Ýesirlikden boºatsa-da, özüne boýun egmedik Isany jezalandyrmak üçin Teýmir Mardine ikinji gezek ýöriº edipdir (1403). Isa ötünç sorap, özüniò bagyºlanmagyny gazanypdyr. Isa Akgoýunlylar bilen bolan söweºde wepat bolupdyr. Ýerine ogly Salyh geçipdir.

MERÝEM (21)Isa pygamberiò ejesi. Onuò ady musulmanlaryò arasynda hormat bilen bibi Merýem diýlip tutulýar. Allatagala Bibi Merýemi erkek adam bilen galtaºtyrmazdan, gudrat bilen Isa pygamberi dünýä inderipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamasynda Isanyò gudrat bilen dünýä iniºi barada söz açyp ºeýle ýazýar “... Allatagala adamy atasyz ýaratsa-da, enesiz döredip bilmändir. Muòa Isa pygamberiò ýaradylyºy ºaýatdyr. Isanyò ýaradylyºy hakynda beýik Magtymguly ºeýle diýýär:

Atasyz bar bolan ene garnynda” (321).

Magtymguly «Bir Alladyr» goºgusynda Allatagalanyò gudraty barada ºeýle ýazýar:

Gözel Alla nazar salan,
Merýemiò mährinde galan.

Aslynda Merýemiò adynyò gelip çykyºy hristian dini bilen baglanyºyklydyr. Töwratda ol Isus Hristosyò (Isanyò) ejesi Mariýa (Merýem) diýlip atlandyrylýar.

MEÒLIDEMIR (128) — Mongollaryò Ilhanly nesilºalygynyò agzasy. Ol Hulagunyò ogludyr, Abakanyò doganydyr. Hulagu Salyr türkmenleriniò atabegligini öz döwletine tabyn etmek üçin salyrlaryò mirasdüºeri Abyº hatyny Meòlidemire ikinji aýaly edip alyp beripdir (Seret: Abyº hatyn). Meòlidemir Ilhanlylaryò memluk türkmenleriniò Müsürdäki döwletine garºy alyp baran uruºlaryna gatnaºypdyr. Memluklar bilen mongollaryò arasynda uly söweºleriò biri 1281-nji ýylyò Ruhnama aýynyò 30-ynda Hymsyò golaýyndaky Merj’us-Suffar diýen ýerde bolupdyr. Ilhanly goºunyna Meòlidemir serkerdelik edipdir. Söweºde mongollary Antakýanyò häkimi Bohemund, birnäçe haçparaz ºalyklarynyò goºuny goldapdyr. Bu söweºde türkmenler mongollary ýeòipdir. Meòlidemir 1282-nji ýylyò Gurbansoltan aýynda aradan çykypdyr.

METE HAN (213, 214) — Oguz türkmenleriniò beýik Hun döwletiniò hökümdary. (hökümdarlyk eden ýyllary b. e. öò 209-174-nji ýyllar).

Mete hanyò ýaºlyk ýyllary barada taryhy çeºmelerde az maglumat berilýär. Ol Hun hökümdary Duman Beýginiò uly ogly bolupdyr. Duman Beýginiò hökümdarlyk eden döwründe ol Hun döwleti bilen goòºyçylykda ýaºaýan ýuweýjiler döwletiniò köºgine girewine berilýär. ªol döwürde iki goòºy döwletiò arasynda dawa ýüze çykýar. Bu bolsa özara urºuò baºlanmagyna sebäp bolýar. Syýasy ýagdaýyò ýiteleºmegi Metä uly howp döredýär. Ol gizlin, ýyndam ata atlanyp ýuwejileriò ýurdundan gaçmagy baºarýar. Duman Beýgi Metäniò edermenligine buýsanyp, oòa bir tümeni, 10 müò öýli ilaty dolandyrmaga beripdir.

Mete özüniò garamagyndaky atlylaryna söweº tälimlerini öwredip baºlapdyr. Ol köp sanly synaglary geçirip, ses edip uçýan peýkamlary ýasapdyr. Mete öz ýigitlerine ºuwwuldap ses edýän oklary atmagy öwredýär. Ol okuny haýsy ýana gönükdirse, nökerleri hem ºol ýerini nyºana alyp atmaly ekenler. Buýrygyny ýerine ýetirmedigiò baºy ölümli bolupdyr. Ilki öz aty, soò aýaly, atasynyò aty onuò ýaýynyò okunyò pidasy bolýar. Buýrugy ýerine ýetirmekde boýun gaçyranlarynyò kellesini almagy tabºyrýar. Mete han berk tertip – düzgünini goºun döredýär.

Biziò eramyzdan öò 209-njy ýylda Mete hunlaryò hökümdary diýip yglan edilýär we «ªanýuý» derejesine eýýe bolýar. Ol hun uruglarynyò 24-siniò baºyny jemläp, Hun döwletini dikeldýär.

Mete han ýuweýjileri günbatara tarap yza tesdiripdir. B.e. öòki 204-nji ýylda ordos taýpalary hunlara boýun egmäge mejbur bolupdyrlar. Hun halkynyò sany 300 müò adama ýetipdir.

ªol döwürde Hytaýda Luý Ban diýen adam Han imperiýasyny esaslandyrypdyr. Ol Gaoszi ady bilen imperator tagtyna geçýär. Hytaý imperatory Hun döwletiniò güýçlenmegini islemändir. Bu bolsa iki döwletiò arasyndaky urºuò baºlanmagyna getirýär. B.e. öò 200-nji ýylyò gyºynda Pinçen ºäheriniò golaýyndaky Baýdyn obasynyò ýanynda iki goºun duºuºypdyr. Mete han goºuny dört bölege bölüp, imperatoryò goºunyny gabawa düºüripdir. Ýedi günläp gabawda bolan, imperator ahyry Mete han bilen ylalaºyk baglaºmaga mejbur bolupdyr. Bu söweºde gazanylan ýeòiº Mete hanyò serkerdelik ukybyny aýdyò ýüze çykarýar. Berk tertip-düzgünli hunlaryò söweºjeò ussatlygy uly ºöhrada eýe bolýar.

Ylalaºyk boýunça imperator öz gyzyny Mete hana nikalap beripdir we ýylda uly möçberde sylag serpaý berip durupdyr.

B.e. öò 177-nji ýylda Mete han bilen Hytaý imperatory Wendi parahatçylykly ºertnama baglaºýarlar. Hun döwleti Hytaý ýaly imperiýa diýlip yglan edilýär. Hökümdarlar biri-birine dogan diýip ýüzlenipdirler. Mete han b.e. öò 176 – njy ýylda imperatora ýazan hatynda «Asmanyò (Taòrynyò) eradasy bilen ýuwejileriò soòuna çykdym. Olaryò heläk bolany heläk boldy, diri galanlary aman sorady. Özümiz bilen goòºy oturan 26 taýpany dyza çökerip, hunlaryò hasabyna geçirdim» (Mukaddes Ruhnama 214).

Mukaddes Ruhnamada Mete han barada ºeýle sözler bar: «...Mete hana gadymy atasynyò ady dakylyp, oòa Oguz han hem diýlipdir. Hökümdarlygy döwründe Oguz hanyò häsiýetine gaty ýakynlygy bilen tanalan, edil ºonuò ekiz taýy diýdiren han bolupdyr» (213-214).

Mete han öz döwrüniò döwlet gurluºynda syýasy, harby we administratiw dolanºygynda uly özgertmeleri amala aºyrypdyr. Bu barada taryhçy alym Jumadurdy Annaorazow özüniò «Mete han» atly makalasynda giòiºleýin maglumatlary getiripdir. Mete han tire-taýpa ýerlerini ýok edip, olary ähli halkyò emlägine öwrüpdir. Döwletde umumy harby-düzgün girizilipdir. ªoòa laýyklykda gullukdan boýun gaçyranlar ölüm jezasyna höküm edilipdir. Döwletiò her bir raýaty hökmany harby gullugy ýerine ýetiripdirler. Maºgalalara salynýan salgyt aýyrlypdyr. Ähli urug we tire-taýpa hanlary öz aralarynda bäº derejä bölnüpdirler. Olara wezipelerine laýyklykda ýer bölünip berlipdir. Mete hanyò döwlet derejesinde geçiren bu çäreleri Beýik Hun döwletiniò kuwwatlanmagyna we Merkezi Aziýanyò iò abraýly, jebisleºen halkyna öwrülmegine ýardam edipdir.

Görlüp-eºidilmedik belentlige ýeten Mete han b.e. öò 174-nji ýylda dünýäden ötýär. Onuò tutan iºi 300 ýyllap ýaºaýar we nesillerinden hiç kim Mete han bilen bäsleºip bilmändir.

MÄLIK KÄMIL MUHAMMET (232) — Eýýuby türkmenleriniò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1218-1238). Ol Mälik el-Adylyò ogludyr. Mälik Kämil Muhammediò döwründe musulmanlar bilen hristianlaryò arasynda ylalaºyk baglaºylypdyr (1229ý. Baýdak aýynyò 24-i) Nemes imperatory Fridrih II bilen Mälik Kämil Muhammediò arasynda gol çekilen ºertnamanyò ºerti ºeýledi — Ierusalymyò dolandyrylyºy franklara berilýärdi, ºäheriò töweregindäki ýerler musulmanlara degiºli bolmalydy, her din üçin mukaddes hasaplanýan ýerler olaryò özüne degiºli bolmalydy, franklar Ierusalymda berkitme gurman, ony diòe raýat maksatlary üçin peýdalanmalydy. Bu ºertnama 11 ýyl möhlet bilen baglanyºylypdy.

Mälik Kämil Muhammet Damask ºäherini eýeläp, ony dolandyrmagy dogany el-Eºrefe tabºyrypdyr (1229ý. Oguz aýynyò 25-i).

Mälik Kämil Muhammet Anadolyda ornaºmak üçin Rum seljuklarynyò soltany Alaeddin Keý Kubat bilen gapma-garºylyga giripdir. Mälik Kämil 1236-njy ýylyò Türkmenbaºy aýynyò 2-sinde Urfany, Baýdak aýynyò 22-sinde Harrany eýeläpdir. Mälik Kämil Muhammet 1238-nji ýylyò Nowruz aýynyò 11-inde 58 ýaºynda aradan çykypdyr. Ýerine ogly el-Adyl II geçipdir.

MÄLIK SALYH NEJMEDDIN EÝÝUP (232, 233) — Eýýuby türkmenleriniò döwletiniò hökümdary. Ol Mälik Kämil Muhammediò ogludyr. Kakasy diri mahaly ol mirasdüºer ºazada we Müsüriò häkimi wezipesine bellenipdir. Mälik Salyhyò tagt mirasdüºeri bellenmegi onuò kakasynyò beýleki aýalyna ýaramandyr. Ol aýal soltanyò özünden bolan ogluny — Mälik Adyly tagt mirasdary belletmek üçin Mälik Salyhy kakasyna ýamanlap baºlapdyr. ªol wagt Mälik Salyha Jelaleddin Meòburun ýogalan soò dargan Köneürgenç türkmen döwletiniò müò çemesi esgeri gulluk edipdir. Muhammet Adylyò ejesi ºol müò esgeri bilen Muhammet Salyh kakasyny sor bilen tagtdan aýyrjak bolýar diýen gürrüò ýaýradypdyr. Ahyrynda 1232-nji ýylda Mälik Kamil Salyhy däl-de, Adyly mirasdüºer belläpdir.

Mälik Kämil Muhammediò tagt mirasdary bellän ogly Adyl döwletiò abraýyny saklap biljek hökümdar däldi. Mälik Kamil ýogalandan soòra ýurduò täsirli emirleri ikä bölünipdirler. Olaryò bir topary Salyhy goldasa, beýlekisi Adyly goldapdyr. Salyhy goldaýan emirler toplanyp, ony Damaska çagyryp, Mälik Salyhy Eýýuby soltany diýip yglan edipdirler (1238ý. Bitaraplyk aýynyò 10-y). Emma Mälik Salyha garºy birleºen emirler 1239-njy ýylyò Ruhnama aýynyò ahyrynda Damasky onuò elinden alypdyrlar. Keregiò häkimi en-Nasyr Dawut goºuny dargan Mälik Salyhy aýaly ªajarat’ad-Dür we memlugy Rukneddin Beýbars bilen bilelikde Kerek galasyna göz tussaglygyna atypdyr (1239ý. Garaºsyzlyk aýynyò 2-si). Bu göz tussaglygy alty aýdan gowrak dowam edipdir. 1240-njy ýylyò Gurbansoltan aýynyò 11-inde en-Nasyr Dawut Mälik Salyhy boºadyp, onuò adyna hutba okadyp baºlapdyr. Aksa metjidinde bu iki garºydaº Eýýubylar döwletiniò çäklerini paýlaºypdyrlar. Oòa görä Müsürde Mälik Salyh, ªamda we Eýýubylaryò gündogar çäklerinde en-Nasyr Dawut hojaýyn bolmalydy. Mälik Salyh 1240-njy ýylyò Magtymguly aýynyò 17-sinde Kairde tagta çykypdyr. Ol Nil derýasyndaky Rawza adasynda üç ýyllap täze galanyò we köºkleriò gurluºygyny alyp barypdyr. Kalat’ül-Jybaldan göçüp, bu ýere ýerleºipdir. Satyn alnan memluklary bu ýerde terbiýeläp, özüniò harby kuwwatyny artdyrypdyr. Adada oturandyklary üçin olara bahry memluklary diýlipdir.

Mälik Salyhyò döwründe Eýýubylaryò arasynda tagt dawalary güýçlenipdir. Onuò ªamdaky garºydaºlary özara birleºip, üstesine-de haçparazlardan kömek sorapdyrlar. Mälik Salyh bolsa horezmli esgerleri kömege çagyrypdyr. 1244-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 20-sinde Mälik Salyh bilen garºydaºlarynyò arasynda aýgytly söweº bolupdyr. Horezmli esgerler 1500 rysardan we 10 müò atlydan ybarat haçparaz goºunyny derbi-dagyn edipdirler. Söweºiò ertesi gün söweº meýdanyna baryp gören taryhy Sybt b. el-Jewzi «Yslam taryhynda Nureddiniò we Salahaddiniò döwründe hem beýle uly söweº bolmady. Ertesi gün söweº meýdanyna baranymda öldürilenleri sanaýardylar. Olaryò 30 müòden köpdügini aýtdylar» diýip ýazypdyr.

1249-njy yylda Mälik Salyh ýogalandan soòra ogly Turan ºa tagta geçipdir.

MÄLIK ªA (29, 117, 119, 130, 134, 185-186, 197, 227, 228, 230) — Beýik seljuk türkmen döwletiniò soltany (hökümdarlyk ýyllary 1072-1092). Ol Alp Arslanyò ogludyr, Çagry begiò agtygydyr, Mykaýylyò çowlugydyr. Mukaddes Ruhnamada nygtalyºy ýaly «Mälik ºa seljuklaryò ýurdunyò serhedini gaty giò ýere ýetiren hökümdardyr» (227s.). Mälik ºa 1055-njy ýylyò Alp Arslan aýynyò 6-synda dünýä inipdir. Alp Arslan Mälik ºanyò ýaºlygyndan baºlap bilim-terbiýesini gözden salmandyr. ªazada ýaºlygyndan at münmek hem-de türkmeniò gadymdan gelýän söweº tilsimleri öwredilipdir. Kakasy Mälik ºany söweºlerde ýanyna äkidip, onda batyrlygy we mertligi terbiýeläpdir. Alp Arslan 1064-nji ýylda özüniò Gürjüstana ýöriºi mahalynda 9 ýaºly Mälik ºany özüniò karargähinde goº ýazdyran çadyrynda galdyryp, özi goºuny söweºe äkidipdir. Alp Arslanyò weziri Nyzamylmülk ýaºajyk Mälik ºany ýanyna alyp Araz derýasynyò boýundaky Sürmari we Merýem-niºan galalaryny tabyn edipdir.

Soltan Alp Arslan Türküstan ýöriºinden dolanyp gelýärkä (1066) Horasanyò golaýyndaky Radýan diýen ýerde Mälik ºany tagt mirasdary diýip yglan ediº dabarasyny gurapdyr. Döwletiò abraýly adamlary, alymlar, serkerdeler, begler we asylzadalar toplanyp, Mälik ºany soltan hökmünde ykrar etjekdiklerine dyza çöküp, toprak öpüp kasam edipdirler. Soltan 11 ýaºly ogly Mälik ºany özüniò atyna mündirip, özi atyò uýanyny tutyp, öòünden bir näçe ädim ýöräpdir. Özünden soòra soltan bolmalydygy barada oòa özüniò atalyk ähdini (weliaht) beripdir. Bütin seljuk türkmen ilinde onuò adyna hutba okalmagyny emr edipdir. Seljuk türkmen kowmundan ýygnanan märekäniò öòünde Mälik ºa lagly-jowahyrlar bilen bezelen tagta çykarylypdyr. Märeke geljekki soltana özüniò tabynlygyny bildiripdir.

Mälik ºa kiçi ýaºda öýlendirilipdir. 1064-nji ýylda oòa Samarkandyò hökümdary ªems’ul Mülküò daýysy Isa hanyò gyzy Türkan hatyn nikalanyp berlipdir. Mälik ºanyò beýleki aýaly Zübeýda hatyn bolup, ol soltan Berkýarygyò ejesidir. Mälik ºanyò üçünji aýaly Ogulsapar hatyn bolup, ondan Muhammet Tapar we Sanjar atly ogullary bolupdyr.

Alp Arslan aradan cykansoò Mälik ºa Beýik Seljuk türkmen döwletiniò soltany diýlip yglan edilipdir. Mälik ºa kakasynyò jynazasyny Maryda okadyp, atasy Çagry begiò ýanynda jesedini ýere tabºyrypdyr. Kakasyna hyzmat eden Nyzamylmülki özüne wezir edip belläpdir.

Beýik Seljuk türkmen döwletiniò üçünji soltany Mälik ºanyò 20 ýyllyk hökümdarlygyny döwürdeºleri «Seljuk neberesiniò bahary» atlandyrypdyrlar.

Mälik ºanyò daºary syýasatdaky ilkinji ädimi onuò döwletiò gündogar çäklerine guran harby ýöriºidir. Soltan seljuklaryò tabynlygyndan çykmak isleýän Garahanly we Gaznaly türkmenleriò döwletininiò hökümdarlaryny boýun egdiripdir. Mawerannahra ikinji gezek ýöriºinde (1073) ilki Termezi, soòra Samarkandy tabyn edipdir. Garahanly hökümdary, Samarkandyò hany ªems’ül-Mülk Nasyr II özüniò eden ýalòyºyna düºünip, ötünç sorap, tabynlygyny bildiripdir. Mälik ºa Balhy we Toharystany inisi ªyhabüddöwle Tekeºe dolandyrmaga beripdir. Gaznaly türkmenleriò soltany Ybraýym Mälik ºanyò Hyradyò golaýyna gelendigini eºidip, söweº etmezden Alp Arslanyò dogany Osmany ýesirlikden boºadypdyr. Seljuk we gaznaly nebereleriniò arasyndaky gatnaºyklary maºgala garyndaºlygy arkaly berkidipdir. Mälik ºa öz gyzy Mehd’ul-Yragy Gaznaly soltany Ybraýymyò ogly Mesut III-ä nikalap beripdir.

Mälik ºa 1077-nji ýylda Siriýany öz dogany Tutuºa ykta edip beripdir. Tutuº soòra Ierusalim (Küdüs) ºäherini ele geçiripdir. ªeýlelik bilen, paýtagty Dymaºk ºäheri bolan Seljuk türkmenleriniò ªamdaky döwleti gurlupdyr. Artyk begiò Gündogar Arabystana saparynyò (1077) netijesinde bu ýerler Beýik Seljuk türkmen imperiýasynyò düzümine giripdir.

Mälik ºanyò serkerdesi Gutalmyºogly Süleýman ºa 1082-1085-nji ýyllar aralygynda wizantiýalylaryò elinde bolan Adanany, Tarsusy, Misisi, Anazarbany, Antakýany, Antep, Artah, Bagras, Iskenderun, Süweýdiýe we beýleki galalary seljuklaryò häkimiýetine tabyn etmegi baºarypdyr. Süleýman ºanyò Tutuº tarapyndan öldürilmegi Mälik ºanyò Siriýa ýöriºine sebäp bolupdyr (1086-1087). Mälik ºa Halabyò häkimligine Aksuògury, Urfanyò häkimligine serkerdesi Bozany belläpdir. Antakýa bolsa Ýagysaýany häkim belläpdir. Mälik ºa ºundan soò Süweýdiýäniò üsti bilen Ortaýer deòzine (türkmenler oòa Ak deòiz diýýär) çykypdyr.

Mälik ºa Siriýa ýöriºinden soòra Bagdada gaýdypdyr. 1087-nji ýylyò Gurbansoltan aýynyò 25-inde Bagdat halyfy al-Muktedi Mälik ºany kabul ediº dabarasyny gurapdyr. Halyfyò emri bilen Mälik ºanyò biline iki sany gylyç dakylypdyr. Bu onuò «Gündogaryò we Günbataryò soltany» diýlip yglan edilmeginiò nyºanydy. Mälik ºaha ýedi sany halat geýdirilipdir.

Mälik ºa Mawerannahra üçünji ýöriºiniò (1088ý. tomsunda) netijesinde Kaºgara we Hotana çenli ýerleri seljuklaryò häkimiýetine tabyn edipdir. ªeýlelikde, Beýik Seljuk türkmen imperiýasynyò serhetleri Çyn-Maçyna çenli giòelipdir.

Orta asyr çeºmeleriniò maglumatlaryndan çen tutanymyzda Beýik soltan Mälik ºa orta boýly, giò omuzly, daýanykly, biraz garynlagrak, gyzylak ýüzüne gelºik berip duran murtly we gür sakgally, hereketjeò adam bolupdyr. Ajaýyp seýis we çapyksuwar bolan Mälik ºa her hili ýaragy diýseò ussatlyk bilen ulanmagy baºarypdyr. Atan oky elmydama nyºandan sowa geçmändir.

Soltan Mälik ºa öz döwrüniò meºhur serkerdesidir. Onuò hut özi ençeme gezek esgerlerini söweºe alyp gidipdir. Hiç haçan ýeòilmedigi üçin oòa «Abul Fath», ýagny «Ýeòiji» lakamy berlipdir.

Soltan Mälik ºanyò ölümi barada ºübheli maglumatlar bar. Olaryò birinde soltanyò aw etini iýenden soò, garahassalyk keseline uçrap, aradan çykandygy aýdylýar. Ibn’ul-Esir soltanyò hijriniò 485-nji ýylynyò ºawwal aýynyò 15-i gijesi, anna güni ýogalandygyny (miladynyò 1092-nji ýylynyò Sanjar aýynyò 18-inden 19-yna geçilýän gijesi) ýazýar. Otuz ýedi ýaºynda ýogalan Mälik ºa Beýik Seljuk türkmen döwletine on dokuz ýyl we alty aý soltanlyk edipdir.

Mälik ºanyò ölümi barada ermeni taryhçysy Urfaly Mateos ºeýle ýazýar: «1092-nji ýylda hemmäniò howandary we bütin ynsanlara garºy merhemet eýesi bolan beýik soltan Mälik ºa öldi. Ol Bagdat ºäherinde, Samarkant häkiminiò gyzy bolan aýaly tarapyndan haýynlyk bilen öldürildi. Ol bu muhterem kiºä zäher içirip, onuò çaýyna guýdy». Abul-Faraj bolsa : «Soltan garahassalyk keselinden ýogaldy. Aýtmaklaryna görä, Hurdik atly guly oòa zäher içiripdir» diýip ýazýar.

Mälik ºa elmydama halkyò asuda durmuºyny gazanmak, adalatyò dabaralanmagy barada aladalanypdyr. Onuò döwründe garakçylar kerwenleriò ýoluna çykyp, olary talamakdan heder edipdirler. Ülkäniò çar ýanynda kerwenler gatnapdyr. Hamdallah Kazwininiò «Risaleý’i Mälik ºah» eserinde beýan etmegine görä, Mälik ºanyò döwründe diòe merkezi welaýatlaryò döwlet gaznasyna töleýän salgydy 200 mln altyn dinara ýetipdir. Köºk gaznasynyò býujeti bolsa 20 mln dinara barabar bolupdyr.

Mälik ºa döwletiniò çägindäki musulman däl ilatynyò kemsidilmegini gadagan edipdir. Orta asyr awtory Matfeý Edesskiý onuò ermeni ruhanylaryna salnan agyr salgytlaryny ýatyrandygyny ýazýar.

Soltan Mälik ºa hemiºe adalatyò tarapynda durupdyr. XII asyrda ýaºan Siriýaly taryhçy Kemaleddiniò ýazmagyna görä, Mälik ºa özüne tabynlardan güýç bilen ýekeje dirhem hem almandyr.

Mälik ºa ylma hemaýat eden soltandyr. Onuò hemaýaty bilen 1074-1075-nji ýyllarda ilki Yspyhanda, soòra Bagdatda obserwatoriýa /rasathana/ gurlupdyr. Onda Omar Haýýam, Ebul Muzaffar Isfizari, Mamun ibn Nejip el-Wasiti ýaly alymlar iºläpdir. Olar ýylnama /kalendar/ özgertmesini geçiripdirler we täze düzen ýylnamasyny Mälik ºanyò hormatyna «Jelaly ýylnamasy» diýip atlandyrypdyrlar.

Ermeni awtory Kirakos Gandzakesiniò adalatly belleýºi ýaly «Mälik ºa gysga wagtyò içinde dünýäni zorluk bilen däl-de, söýgi we parahatçylyk bilen özüne tabyn edendir».

MÄLIK ªA I (115) — Seljuk türkmenleriniò Rumdaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1107-1116). Ol Gylyç Arslan I-niò ogludyr. Taryhy çeºmelerde Mälik ºa I-niò ady ªahinºa görnüºinde hem gabat gelýär. Gylyç Arslan I Mosuly eýelän mahaly (1107ý. Nowruzy) 11 ýaºyndaky ogly Mälik ºany bu ýere mälik belläpdir. Bozmyº begi üç müò sany esger bilen bilelikde oòa atabeg belläpdir. Gylyç Arslan I ýogalansoò (1107) Malatyýada onuò körpe ogly Togrul Arslan soltan diýip yglan edilipdir. Mosuluò häkimi Çawly Mälik ºa I-ni tutup, seljuk soltany Muhammet Tapara beripdir. Muhammet Tapar bir ýyldan soòra ony Rum seljuklarynyò tagtynda oturdypdyr.

Mälik ºa I birinji haçly ýöriºiniò netijesinde türkmenleriò haçparazlara aldyran Yznyk we onuò töwereklerini yzyna gaýtaryp alypdyr. Ol Wizantiýa imperatory Aleksios bilen Afýonyò golaýynda ylalaºyk baglaºypdyr (1116). Mälik ºa I tagt dawasyna giriºen dogany Masut I-niò pidasy bolupdyr. Masut I ilki Mälik ºanyò gözüni oýdurypdyr. Biraz soòra bolsa 17 ýaºly Mälik ºany ýaýynyò kirºi bilen bogdurypdyr.

MÄLIK ªA II (113) — Beýik Seljuk türkmen döwletiniò hökümdary Berkýarygyò ogly. Berkýaryk ölmezinden biraz öò (ol 1104ý. Bitaraplyk aýynyò 22-sinde aradan çykypdyr) ogly Mälik ºa II-ni tagt mirasdary diýip yglan edipdir. Oòa Aýaz atly emiri atabeg belläpdir. Berkýaryk aradan çykansoò Bagdatda Mälik ºa II-niò adyna hutba okalypdyr (1105ý. Türkmenbaºy aýynyò 19-y). ªol wagt ol bäº ýaºyndaky çaga eken. Berkýarygyò atabir, enebaºga dogany Muhammet Tapar Bagdada ýöriº edip, ýaºajyk Mälik ºany tagtdan mahrum edipdir (1105ý. Baýdak aýy).

MÄTÄJI (189, 296) — Türkmen nusgawy ºahyry (ýaºan ýyllary 1824-1884). Mätäji Aºgabadyò eteginde, Köºi obasynda dogulýar. Onuò kakasy Amanmuhammet, öz ady Annagylyç, lakamy Mätäjidir. Heniz ösdürümkä mekdebi tiz geçýär, soò öz-özünden okap ösýär. Nowaýy, Meºrep, Fuzuly, onuò edebi mekdebi. Milli poeziýasy bilen ilki Ahaly, soò ülkäni aýdyma gark edýär. Özi sazyò muºdagy, dosty Hally bagºy onuò ähli ºygarlaryny aýdyjy we ýaýradyjy. Mätäji Eýranda ýesirlikde bolýar we soò Ahala dolanyp gelýär. Mätäji megerem Baýly we Kätibi bilen dost, Dykma Serdar, Nurberdi han, Gurbanmyrat iºan bilen tanyº we gatnaºykly bolan. Onuò ömri kynçylyklardan doly: ýaºlykda söýgülisini aldyrýar, soò Eýranda ýesirlikde bolýar, türkmeniò Russiýanyò baknasyna öwrülmegine gaty gynanýar. Mätäjiniò ogly Molladurdy, agtygy Myrat söz sungatynyò ºeýdasy. Mätäji saz bilen sözüò tebigi birikmesidir.

MUGISEDDIN MAHMYT (114) — Yrakdaky seljuk türkmenleriniò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1118-1131). Ol Beýik seljuk türkmen döwletiniò soltany Muhammet Taparyò ogludyr, Mälik ºanyò agtygydyr. Muhammet Tapar ölmezinden biraz öò (ol 1118 ý. Gurbansoltan aýynyò 18-inde aradan çykypdyr) 14 ýaºyndaky uly ogly Mahmydy tagt mirasdary diýip yglan edipdir. Muhammet Tarparyò ogullarynyò ýaºdygyndan peýdalanan hajyplar ýurdy baº-baºdaklyga getiripdirler. Wezirler soltan Mahmydyò adyndan Sanjara (ol Muhammet Taparyò doganydyr, onuò ölüminden soòra seljuk neberesinde iò ýaºulusy bolup galypdy) goºunlaryny Mazandarandan çykarmagy we soltan gaznasyna ýylda 200 müò dinar tölemegi talap edip hat ýazypdyrlar. Muòa gaharlanan Sanjar: «Meniò doganymyò ogly entek çaga, oòa wezirler we hajyplar öz diýenini etdirýär» diýip jogap beripdir. Tagta geçen ýaºajyk inisiniò döwlet dolandyryºyndan baºynyò çykmaýandygyny, häkimiýetiò käbir emirleriò elinde jemlenendigini we munuò halkda närazylyk meýillerini güýçlendirendigini görensoò, Sanjar tagty eýelemek üçin taýýarlyk görüp baºlapdyr.

1119-njy ýylyò Alp Arslan aýynyò 11-inde Reýiò golaýynda bolan Sawe söweºinde Sanjar inisi Mahmydyò 30 müò adamlyk goºunyny derbi-dagyn edipdir. Ýeòiº habary Bagdada ýeten badyna halyf el-Müsterºid Billah 1119-njy ýylyò 4-nji sentýabrynda Sanjaryò adyna hutba okadypdyr.

Sanjar, ýaºlyk edip, özüne garºy giden ýegeni Mahmydyò günäsini geçýändigini aýdyp, ony ýanyna çagyrdypdyr. Hatda özüniò ogly bolmany üçin oòa gyzy Mahmal Hatyny (türk çeºmelerinde oòa Mahmelek Hatyn diýilýär — «Aýperisi» manysyny berýär) nikalap berip, tagt mirasdary diýip yglan edipdir. Türkmenleriò ygtyýaryndaky Gazna, Mawerannahr, Horasan, Bagdat ýaly merkezlere hat ýazyp, özünden soòra Mahmydyò soltan bolmalydygyny bildiripdir. Reý ºäherinden baºga ähli ýerleri onuò ygtyýaryna beripdir. Özüne tabyn bolmak ºerti bilen ony soltan diýip yglan edipdir. Özüne «Iò Beýik Soltan» («Sultan’ul A’zam») unwanyny alan Sanjar Mahmyda «Sultan’ul Muazzam» unwanyny beripdir. ªeýlelikde, soltan Sanjaryò tagallasy bilen Yrakda seljuk türkmenleriniò döwletiniò düýbi tutulypdyr. Merkezi Hemedan hasaplanýan bu döwlet Günbatar Eýrany (Kermanºah, Yspyhan), Yragy, Palestinany we Anadolynyò guºluk tarapyny öz içine alypdyr. Soltan Sanjar täze döwleti dolandyrmagy Mahmyda tabºyrypdyr. Onuò goldawçysy boljak wezipeli adamlary hem Sanjar seçipdir. Mahmydyò özüne tabyndygyny her pursat duýup durmagy üçin Reý, Mazenderan, Kumis etraplaryny Sanjaryò özi alypdyr. Mahmydyò dört doganyna yktalar paýlap beripdir. Olardan Togrul döwletiò «Yrag’y Ajam» diýlen Jebel kysmynyò gündogar ýarpysyny hem-de «Deýlem» diýlen Gilýan welaýatyny; Seljukºa atabegi Garaja es-Saky bilen birlikde Fars welaýatyny, Yspyhany we Huzistanyò ýarysyny alypdyr. Mülkleri ºeýle usulda paýlamak bilen soltan Sanjar Mahmydyò özüne tabynlykdan aýrylmazlygyny üpjün edip, doganlarynyò islendik pursat onuò ýerini alyp biljekdigini duýduryp goýupdyr.

Mahmyt soltanlygynyò baºynda doganlary Masudyò we Togrulyò tagty eýelemek ugrundaky gozgalaòlaryny basyp ýatyrypdyr. Mahmydyò döwründe Bagdat halyflygy türkmenleriò elinden dünýewi häkimiýeti almak üçin olara garºy goºun toplapdyr. Sanjar Mahmyda haýal etmän Bagdada ýöriº etmegi tabºyrypdyr. Soltan Mahmyt 1126-njy ýylyò Türkmenbaºy aýynyò 4-inde Bagdadyò öòünde goº ýazdyryp, halyfa ýaraºyk baglaºmagy teklip edipdir. Halyf bu teklibi ret edensoò, seljuk goºuny ºähere zor bilen kürsäp giripdir. Olara Dijle (Tigr) derýasy boýunça gämilerde Bagdada gelen atabeg Ymadeddin Zeòòi hem goldaw beripdir. Soltan Mahmyt halyf bilen ýaraºyk baglaºyp, Hemedana dolanypdyr. Soltan Mahmyt harby hyzmaty üçin Ymadeddin Zeòòini Bagdadyò ºihneligine belläpdir. 1127-nji ýylyò Gorkut aýynda bolsa Mosula häkim edip iberipdir hem-de ogly Alp Arslana atabeg belläpdir. Zeòòi bu ýerde bir asyrdan gowrak dowam eden Zeòòileriò atabegligini esaslandyrypdyr.

Soltan Mahmyt ýaºdygyna garamazdan, keselbent bolupdyr. Ölmezinden öò emirleriò goldawy bilen ogly Dawudy tagta çykarypdyr. El-Jybal welaýatynda we Häzirbegjanda onuò adyna hutba okadypdyr. Döwrüniò taryhçylary Ibn’ul Kalanisi, al-Bundari, Ibn’ul-Esir soltan Mahmydyò 1131-nji ýylyò Ruhnama aýynda 27 ýaºynda aradan çykandygyny belleýärler.

MUGISEDDIN MUHAMMET I (114) — Seljuk türkmenleriniò Kermandaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1142-1156). Ol Arslan ºanyò ogludyr, Kerman ºanyò agtygydyr, Gara Arslan Gurduò çowlugydyr. Muhammet 70 ýaºdan geçen kakasyny häkimiýetden çetleºdirip, özi 1142-nji ýylyò güýzünde döwlet tagtyny eýeläpdir. Kakasy Arslan ºany bolsa üç ýyllap tussaglykda saklapdyr we ol ºol ýerde hem aradan çykypdyr.

Mälik Muhammediò ýigrimä ýakyn doganlary we ýegenleri bar eken. ªolaryò tagta dawa etmeginden howatyrlanyp, tagta geçen dessine olara zulum edip baºlapdyr. Olaryò ählisini göztussagy ýagdaýynda saklapdyr, ºeýdibem olaryò döwletdäki täsirini peseldipdir. Muhammediò dogany Seljuk ºa ondan gaçyp, Germsire gelipdir. ªol ýerde ºadan närazy adamlardan özüne goºun toplapdyr. Ol Muhammede garºy söweºmek üçin Jiruft ºäherine gelipdir. Doganlaryò arasyndaky söweºde Seljuk ºa ýeòlip, Omana gaçypdyr.

Muhammet I-niò Parsdaky Salyr atabegi Suòur bilen dostluk gatnaºyklary bolupdyr. Muhammet hökümdarlygynyò soòky ýyllarynda soltan Sanjara tabyn bolupdyr. Soltan Sanjaryò Balhdaky oguzlara ýesir düºmeginden soòra seljuk türkmenleriniò Yrakdaky döwletiniò soltany Muhammet II bin Mahmyda tabyn bolup, onuò bilen dostlukly gatnaºyklary alyp barypdyr. Muhammet I 14 ýyl soltanlyk edensoò, 1156-njy ýylyò Gorkut aýynyò 27-sinde dünýeden ötüpdir.

MUHAMMET (I) (112, 227, 292) — Seret: Togrul beg.

MUHAMMET (II) (114) — Seljuk türkmenleriniò Yrakdaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1153-1159). Ol Mahmydyò ogludyr. Mahmyt 1128-nji ýylda doglup, emir Bozabanyò elinde ýetiºipdir. Soltan Masut ölmänkä Muhammede öz gyzyny berip, ony tagt mirasdary diýip yglan edipdi. Emma Has beg goºuna daýanyp, Muhammediò dogany Mälik ºany tagta çykarypdyr. Mälik ºanyò soltanlygy bary-ýogy 3 aý dowam edensoò, onuò yerine Muhammet geçipdir. Muhammediò Has begi öldürmegi seljuk begleriniò ondan närazy bolmagyna getiripdir. Halyf hem Muhammediò soltan bolmagyna garºy bolup, hutbada onuò adyny okatmandyr. Ol Muhammede garºy göreºmek üçin Süleýman ºany peýdalanypdyr. Hatda onuò adyny hutbada okamaga baºlapdyr. Öz soltanlygyny doganyna aldyran Mälik ºa (Seret: Muyneddin Mälik ºa) hem Süleýman ºa bilen birleºip, Muhammediò garºysyna çykypdyr. Garºydaºlaryna garºy göreºde Mosulyò atabegi Kutbeddin Maududdan we onuò naýyby Zeýneddin Aly Kuçukdan kömek alan Muhammet 1156-njy ýylyò tomsunda bolan söweºde ýeòiº gazanyp, Süleýman ºany ýesir alypdyr. Muhammet Zeòòileriò goldawy bilen Bagdady 4 aýlap gabapdyr. Emma Häzirbegjandaky atabeg Ildeòiz bilen birleºip, özüne garºy çykan dogany Mälik ºanyò gozgalaòyny ýatyrmak üçin, 1157-nji ýylyò Gurbansoltan aýynda gabawy aýryp, Hemedana gitmäge mejbur bolupdyr. Muhammet Mälik ºany özüne boýun egdirensoò, Bagdady gaýtadan gabamak isläpdir. Emma kesele sezewar bolansoò, durmuºyndan umydyny üzüp, kiçi ýaºly ogluna Aksuògur Ahmetlini atabeg belläp, 1159-njy ýylyò ahyrynda Hemedanda aradan çykypdyr.

MUHAMMET (III) (114) — Seljuk türkmenleriniò Kermandaky döwletiniò iò soòky hökümdary. Horasanda ýaºaýan oguzlaryò Kermana aralaºmagy bu ýerdäki Kerman seljuklarynyò döwletiniò gowºamagyna hem-de onuò ýykylmagyna täsir edipdir. Merw we Sarahs etraplaryna häkim bolan oguz-türkmen begleri Mälik Dinaryò ýolbaºçylygynda Kermana we Parsa tarap göç edip baºlapdyrlar. Oguz begi Dinar beg 1187-nji ýylyò Ruhnama aýynda Berdesiri eýeläp, seljuk türkmenleriniò Kermandaky döwletini ýykypdyr. Muhammet II-niò Yrak seljuklaryndan, Salyr atabeglerinden, Köneürgenç türkmenlerinden kömek soramagy çagºan döwleti täzeden dikeltmäge kömek etmändir. ªeýlelikde, seljuk türkmenleriniò Kermanda 136 ýyl dowam eden döwleti öz ornuny taryha beripdir.

MUHAMMET (IV) (127) — Häzirbegjandaky Ildeòizli türkmenleriò atabegliginiò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1175-1186). Ol atabeg ªemseddin Ildeòiziò ogludyr. Doly ady Nasreddin Muhammet Jahan Pälwan bolupdur. Mukaddes Ruhnamada nygtalyºy ýaly, Muhammet diòe bir hususy künjeklerinde däl, eýsem Yrakdaky seljuk türkmenleriniò mülklerine hem eýelik edipdir (127).

Ildeòiziò ölümünden soòra bu neberä bagly ýagdaýda galmakdan ýadan Arslan ºa atabeg Jahan Pälwany öz ýolundan aýyrmak isläpdir. Oòa garºy ýöriºe hem ºaýlanandygyna garamazdan, Zenjanda keselläpdir. Ildeòizlileri ýeòip bilmänsoò Arslan ºa häkimiýeti olara tabºyrypdyr. Jahan Pälwan Yrak seljuklary babatda kakasynyò syýasatyny ýöredipdir — tagta olaryò wekillerini oturdyp, hakyky häkimligi öz elinde saklapdyr.

Arslan ºa aradan çykansoò (1177) atabeg Muhammet Yrak seljuklarynyò tagtyna onuò ogly Togrul III-ni geçiripdir. Muhammediò talaby boýunça Parsda, Huzystanda, Mosulda, Ahlatda, Erzurumda Tugrul III-niò adyna hutba okalypdyr. Atabeg Muhammet Pars atabegligini tabyn etmek üçin ªiraza ýöriº gurapdyr (1179-1180).

Salahaddin Eýýubynyò al-Jeziredäki we gündogar Anadolydaky iºeòòir hereketleri onuò Ildeòizliler bilen çaknyºmagyna sebäp bolupdyr. Bu göreºde Muhammet Jahan Pälwan üstünlik gazanyp bilmänsoò, Mosul Eýýubylaryò golastyna geçipdir. Salahaddin Eýýuby Kazwindäki we Bistamdaky Batinileri derbi-dagyn etmek üçin Häzirbegjan atabegleriniò mülkünden geçip gitmäge rugsat sorapdyr. Eýýubylaryò özlerini doly tabyn etjek bolýandygyna düºünen Muhammet Jahan Pälwan goranyº çärelerini görüpdir. Emma ol keselläp, 1186-njy ýylyò Baýdak aýynda aradan çykypdyr.

Atabeg Muhammet Jahan Pälwan adalatly, arassa ahlakly, oòat häsiýetli, hökümdarlyk baºarnygy ýokary adam bolupdyr. Ol Köneürgenç türkmenleriniò soltany Tekeº bilen dostlukly aragatnaºykda bolupdyr. Jahan Pälwanyò halyflyk hakyndaky düºünjelerini taryhçy Rawendi ºeýle beýan edipdir: «Halyflar dünyä soltanlaryny hemaýatynda saklap, iºleriò iò gowusy we wezipeleriò iò beýigi hutba okamak we ymamlyk etmek bilen meºgullanmalydyrlar. Olar hökümdarlygy we jahan häkimiýetini soltanlara bermelidirler».

Atabeg Jahan Pälwanyò dört ogly bolupdyr. Olardan Kutlug Ynanç we Omar Ynanç hatyn diýen aýalyndan, Abu Bekir ýene bir aýalyndan, Özbek bolsa gyrnak aýalyndan bolupdyr.

«Muhammediò dogany, Häzirbegjandaky öòki wekili Gyzylarslan oòa mirasdüºerlik edýär we emirleriò emiri derejesine eýe bolýar» (Mukaddes Ruhnama,127s.).

MUHAMMET (V) (128) — Salyr türkmenleriniò Parsdaky atabegliliginiò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1260-1262). Ol atabeg Sagt II-niò ogludyr, Abu Bekriò agtygydyr. Tagta geçen wagty Muhammet 12 ýaºyndaky oglan bolansoò Pars atabegligindäki ähli iºleri Türkan hatyn (Ýezd atabeginiò gyzy) öz elinde jemläpdir. Atabeg Muhammet tagtda iki yyl ýedi aý bolansoò, saraýyò üçeginden gaçyp ölüpdir (1262ý.Sanjar aýynyò 20-si). Türkan hatyn onuò ýerine öz doganoglany Muhammet ºa b. Salyr ºany tagta çykarypdyr.

MUHAMMET (VI) (139) — Akgoýunly türkmenleriò hökümdary (1500-1501). Uzyn Hasanyò ogly Ýusup begden bolan agtygydyr. Yspyhanyò golaýynda bolan söweºde öldürilýär.

MUHAMMET (VII) (145) — Gajar türkmenleriò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1834-1848). Ol Gajar türkmenleriniò döwletiniò ikinji hökümdary Abbas Mürzäniò ogludyr, Fatyh Aly ºanyò agtygydyr.

Muhammet entek Fatyh Aly ºa dirikä, 1833-nji ýylda Owganystanyò Hyrat welaýatyny basyp almak üçin goºuna ýolbaºçy bellenilip iberilýär. Fatyh Aly ºa tagta mirasdüºer diýip ogly Abbas Mürzäni belläpdir. Emma 1833-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynda Muhammediò kakasy Abbas Mürze aradan çykýar. Kakasy aradan çykan wagty Muhammediò atasy garrap, tapdan üºen adamdy, üstesine-de agyr keseldi. ªol sebäpli Muhammet kakasyna wesýet edilen kürsüni eýelemek ugrunda göreºe baºlapdyr. Ol Hyrat ºäherini gabamagyny bes edip, Tährana gaýdýar hem-de atasyna özüni mirasdüºer ºazada diýip ykrar etdirýär.

1834-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynda Fatyh Aly ºa aradan çykypdyr. Ýogalan ºanyò üç ogly we agtygy Muhammet tagta geçmek üçin özara uruºlara baºlapdyrlar. Bu göreºde Muhammet üstün çykyp, gajar türkmenleriniò döwletiniò ºasy bolupdyr.

Muhammet ºa 1837-1838-nji ýyllarda Owganystanyò Hyrat welaýatyna garºy ýöriºi täzeden gurapdyr. Emma onuò bu ýörüºi iòlis-eýran garºylygyny güýçlendiripdir. Çünki Beýik Britaniýanyò özi Owganystana göz dikip ýördi. Beýik Britaniýa Eýrandan Hyradyò daºyny gabamagyny bes etmegi talap edipdir. Talap ýerine ýetirilmänden soòra Beýik Britaniýa 1838-nji ýylyò Sanjar aýynda Eýran bilen diplomatik gatnaºyklaryny kesilýändigini jar edipdir. Eýran bilen Beýik Britaniýanyò arasynda Hyradyò üstünde tasdan uruº baºlanan eken. Her näme-de bolsa urºuò öòüni almak, gepleºikler ýoly bilen meseläni çözmek taraplara baºardýar. Gepleºiklerde Beýik Britaniýa Hyratdan we beýleki owgan ýerlerinden Eýranyò goºunlarynyò çykarylmagyny talap edipdir. 1841-nji ýylyò ýazynda gepleºikler tamamlanyp, Eýran Hyrada dawasyndan ýüz öwürýär we ol ýerden goºunlaryny çykarýar. Hyrat neselesi ýurduò içinde-de, halkara möçberinde-de Muhammet ºanyò abraýyny pese gaçyrýar. Eýran ýerlerine ornaºmak üçin dawa edýänler köpelýär. Russiýa bilen Beýik Britanaiýanyò arasynda Eýranyò ýerlerini paýlaºmak ugrunda göreº güýçlenýär.

Muhammet ºanyò döwründe Osman türkmen döwleti bilen Eýranyò arasynda serhetýakada ýerleºen Süleýmaniýe ºäheriniò üstünde dawalar güýçlenipdir. Bu gezek hem gepleºikler alnyp barlyp, 1847-nji ýylda ºertnama baglaºylyp ºol boýunça serhet dawalary düzgünleºdirilipdir.

Muhammet ºa içeri syýasatda käbir özgerdiºler geçirýär. Daºary ýurt harytlaryndan Eýranyò bazarlaryny goramaga, ýerli önümçiligi ösdürmäge gönükdirilen çäreler geçirýär. Emma bazarlary goramak baºartmandyr. Ýewropalylar köplenç Eýran bilen baglaºýan ºertnamalarynda öz ýurtlarynyò harytlary üçin gümrük salgydyny gaty ujypsyzja bölege çenli azaltmagy baºarypdyrlar. XIX asyryò ortalarynda Eýranyò Günbataryò täsirine düºýändigi barha aýdyò görünýär. 1843-nji ýylda kabul eden permany boýunça ýerlere hususy eýeciligi girizmegi-de Muhammet ºanyò syýasatyna Ýewropanyò täsiridir.

Muhammet ºa 1848-nji ýylyò Ruhnama aýynda ýogalansoò ºa tagtyna Nasreddin geçýär.

MUHAMMET I (137) — Osman türkmenleriniò döwletiniò 5-nji soltany (tagt dawalary döwründäki hökümdarlygy 1403-1413, ýeke-täk hökümdarlygy 1413-1421). Türk çeºmelerinde Mehmet Çelebi diýlip tanalan Muhammet I Ýyldyrym Baýezidiò ogludyr, Myrat I-niò agtygydyr, Orhanyò çowlugydyr, Osmanyò ýuwlugydyr.

Muhammet I-niò soltanlyga baºlan döwründe döwletiò çäkleriniò köp bölegi teýmiriler tarapyndan alnyp, türkmen begliklerine berlipdir. Muhammet I gysga süren soltan döwründe türkmenleriò Saryhanogullary begligini doly, Aýdyòogullary begliginiò bir bölegini tabyn edipdir. Menteºeogullary begligi öz üstünden Osman döwletiniò ýokary häkimligini ykrar edipdir. Anadoly beglikleriniò arasynda Garamanogullary Muhammet I-ä boýun egmezlige çalºypdyr. Garamanogly Mämmet beg, osmanlylaryò ýegenidigine garamazdan (ol Muhammet I bilen doganoglandy), Bursany gabap, ºäheri ýakypdyr. Mämmet beg Muhammet I-niò ogly Mustapany hem öz tarapyna çekip, ony kakasyna garºy küºgüripdir. Olary tabyn etmek üçin Muhammet I Konýa ýöriº edipdir. Mämmet beg Osman türkmenleriniò döwletine garºy baº götermejekdigine Gurhandan ant içipdir. Emma sözünde durmandyr. Muhammet I Konýany eýelese-de (1415), ähtini syndyran Mämmet begi tutup bilmändir.

Muhammet I Izmire ýöriº edip (1414) Aýdyòogly Jüneýdi boýun egdiripdir. Izmiriò galasyny ýykdyryp, ýer bilen ýegsan edip, haçparazlaryò Izmirde gurup, ýarysyny bitiren galasyny hem ýykdyrypdyr.

Muhammet I wenesiýalylar bilen deòiz söweºini alyp baran ilkinji osman soltanydyr. Wenesiýalylaryò türkmenleriò söwda gämileriniò üstüne çozmagyna jogap edip, Çaly begiò baºtutanlygyndaky osman deòiz güýçleri Andros, Paros, Milos adalaryna hüjüm edip, wenesiýalylaryò birnäçe gämisini ýesir alypdyrlar. 1416-njy ýylyò Magtymgyly aýynyò 29-ynda Mermer adasy bilen Gelibolu ýarymadasynyò arasynda bolan deòiz söweºinde türkmenler ýeòlip, admiral (emir’al-bahr — deòizleriò emiri) Çaly beg wepat bolupdyr.

Muhammet I tagt dawalary döwründe öz garyndaºlaryny goldany üçin Jandarogullary begi Isfendiýardan Kastamonu, Çankyry, Tosýa ýaly ýerleri alyp, Osman döwletiniò çäklerine goºupdyr (1418). Anadolynyò demirgazygyndaky Janik welaýatyny we Samsuny öz döwletine goºupdyr (1419).

Muhammet I-niò Mustapa atly dogany oòa garºy gozgalaòa baºlapdyr. Mustapa Ankara söweºinden soò Teýmir tarapyndan ýesir edilip Samarkanda äkidilipdi. Teýmiriò ölüminden soòra Anadola dolanan Mustapa ilki Garamanogullaryna daýanyp, soòra Wizantiýa imperatorynyò ýanyna gidip, agasyna garºy göreºde ondan kömek sorap garaz òadibem bolsa tagty eýelemäge synanyºypdyr. Muhammet I inisi Mustapanyò gozgalaòyny basyp ýatyrmak üçin Selanigi (Salonik) gabasa-da, Wizantiýa imperatory Mustapany agasyna bermändir (1419).

Muhammet I 1421-nji ýylyò baharynda Edirnede aw edýän mahaly atdan ýykylypdyr. Gutulmajagyna gözi ýetip, ýerine ogly Myradyò geçmegini wesýet edip, ýazyò ahyrynda, tomsuò baºynda aradan çykypdyr. Bursada Ýaºyl türbede jaýlanypdyr. Taryhy çeºmeler Muhammet I-niò 24 söweºe gatnaºyp, kyrka golaý ýerinden ýaralanandygyny habar berýär. Dülkadyrogly Suly begiò gyzy bolan Emine Hatyn atly aýalyndan mirasdar ogly Myrat II doglupdyr. Beýleki aýallaryndan ªazada hatynyò we Gumry hatynyò atlary mälimdir. 18 oglundan Mämmet, Ahmet Çelebileriò, Myradyò, Kasym, Mahmyt, Ýusup we Orhan Çelebileriò, dokuz gyzyndan ĺe, Hatyja, Soltan, Seljuk, Enji (Inju), Hafsa hatynyò atlary mälimdir. Muhammet I Edirnäni Osman türkmenleriniò döwletiniò paýtagtyna öwren soltandyr.

MUHAMMET I KÜMܪ HÖKÜMDAR b.TILU DANYªMENT (116) — Seret: Kümüº hökümdar.

MUHAMMET II (137) — Seret: Fatyh soltan Mämmet.

MUHAMMET II b.GAZY (116) — Danyºment türkmenleriniò begliginiò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1134-1142). Ol Gazy b.Kümüº hökümdaryò ogludyr. Muhammet II b.Gazy üç sany doganyò tagt ugrundaky dawalarynyò soòuna çykmagy baºarypdyr. Ol haçparazlar, wizantiýalylar, ermeniler bilen göreºipdir. Çankyryny, Kastamonuwy Wizantiýa imperiyasyndan yzyna gaýtaryp alypdyr. Wizantiýa imperatory Ioann Komnenosyò Danyºment türkmenleriniò esasy merkezi Niksary eýelemek synanyºygyny puja çykarypdyr (1140-1141). Muhammet II b.Gazy haçparazlary Elbistandan, Maraºdan yzyna serpikdiripdir. Garaz onuò 8 ýyllyk hökümdarlygy köplenç özara uruºlar ýa-da harby ýörüºler bilen geçipdir.

Muhammet II b.Gazy 1142-nji ýylda ýogalypdyr we Kaýsary ºäherinde jaýlanypdyr. Onuò Zunnun, Ybraýym, Ýunus atly ogyllary bolupdyr.

MUHAMMET III (137) — Osman türkmenleriniò döwletiniò 13-nji soltany (hökümdarlyk döwri 1595-1603). Myrat III-niò wenesiýa asylly Safiýe hanym atly aýalyndan bolan ogludyr. Ol 1566-njy ýylyò Magtymguly aýynyò 16-synda Manisada dogulýar.

Muhammediò kakasy 1582-nji ýylda onuò sünnet toýuny uly dabara bilen 50 günläp belläpdir. Ýewropadan we Aziýadan has abraýly hökümdarlar bu toýa çagyrylypdyr. Toý döwletiò halkara abraýyny has-da belende galdyrmak üçin ulanylypdyr.

Süleýman Kanunynyò 1566-njy ýyldaky ýöriºinden 30 ýyldan soò Muhammet III ilkinji gezek ýöriºe çykan soltandyr. Bu gezek Edirne—Plowdiw—Sofiýa—Niº ýoly boýunça osman goºuny Belgrada gelipdir (1596ý. Alp Arslan aýynyò 9-y). 19 gün daºyny gabap, Wengriýanyò çäklerindäki Egri galasyny Muhammet III-niò esgerleri dan eýeläpdirler (1596ý. Garaºsyzlyk aýynyò 12-si).

Egri galasynyò golaýyndaky Haçoba meýdanynda yslam we hristian dünýäsindäki uly söweºleriò biri bolupdyr. Söweº iki günläp dowam edipdir (1596ý. Garaºsyzlyk aýynyò 26-27-si). Awstro-Wengriýa imperatorynyò dogany Maksimilýanyò, Wengriýa koroly Sigizmund Batoriniò serkerdeligindäki goºun derbi-dagyn edilipdir. Emma Muhammet III bu ýeòiºiò netijesini berkitmegi baºarmandyr. Awstriýanyò eline geçen galalaryny yzyna almaga mümkinçiligi bolsa-da, dessine özi paýtagtyna dolanypdyr. Muhammediò Ýewropada galdyran güýçleri Kamenesiò (türk çeºmelerinde Kanij) golaýyndaky söweºde (1601ý. Sanjar aýynyò 18-i) üstünlik gazanmagy baºarypdyr. Onuò Buda we Peºt ºäherlerini eýelemek synanyºygy welin ºowsuz tamamlanypdyr.

Muhammet III-niò döwründe Jelaly gozgalaòlary dowam edipdir. Muhammet III ºolaryò iò irileriniò birini — Malatyýa we Kaýsary sebitlerindäki Garaýazyjynyò gozgalaòyny basyp ýatyrypdyr.

Osman döwletiniò Ýewropadaky wakalara gümralygyndan peýdalanyp Sefewi türkmenleriniò ºasy Abbas I Töwrizi, Ýerewany, Nahçywany osmanlaryò elinden alypdyr (1603).

Muhammet III 1603-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 21-inde 38 ýaºynda aradan çykypdyr. Taryhy çeºmeler ony ejesiniò täsirinden çykyp bilmän, döwleti dolandyran soltan hökmünde sypatlandyrýar. Onuò Handan soltan, Mahpeýker atly aýallaryndan Mahmyt, Jahangir, Selim, Ahmet we Mustapa atly ogullary bolupdyr. Muhammet III-den soòra Osman döwletiniò tagtyna ogly Ahmet I geçipdir.

MUHAMMET IV (137) — Osman türkmenleriniò döwletiniò 19-njy soltany (hökümdarlyk ýyllary 1648-1687). Ol soltan Ybraýymyò ogludyr Ol 1642ý. Türkmenbaºy aýynyò 1-inde doglupdyr. Muhammet IV-niò ýaºlygyndan peýdalanan sadr’azam Köprüli Muhammet paººa ähli häkimiýeti öz eline geçiripdir. Ol ýaºajyk soltany aw etmegiò lezzetli humaryna çolaºdyryp, döwlet iºlerinden onuò elini sowadypdyr. Muhammet IV soltan bolan döwrüniò 25 ýyla golaýyny Yssambylyò daºynda, köplenç Edirnede geçiripdir. Muhammet IV-niò döwründe jelaly gozgalaòlarynyò iò ulusyna Abaza Hasan aga baºtutanlyk edipdir.

Wenesiýalylar birbada Ortaýer, Egeý deòizinden käbir ýerleri (Bozjaada, Limni) eýelemegi baºarsalar-da, osmanlar olary yzyna gaýdyp alypdyrlar (1657). Wengriýa ýöriºi Muhammet IV-niò döwründäki daºary syýasat meseleleriniò biridir. ªwesiýanyò goldawyna daýanyp, Polºany hem öz tabynlygyna alyp, uly döwleti döretmegiò arzuwynda ýaºaýan wenger koroly Rakoºi II osmanlylar tarapyndan ýeòliºe sezewar edilipdir (1661). Osman goºuny 38 günlük gabawdan soò Uýwar galasyny eýeläpdir (1663ý. Ruhnama aýynyò 13-i). 1670-nji ýylda 24 ýyldan gowrak dowam eden Krit meselesi osmanlaryò peýdasyna tamamlanypdyr. Bu möhüm ada wenesiýalylaryò elinden alnypdyr. Kanij (Kamenes-Podolsk) ýeòºinden soòra (1672ý. Alp Arslan aýy) Polºanyò Podolýa welaýaty Osman döwletine, Ukraina bolsa Osman döwletine tabyn gazak getmany Doroºenko berlipdir. Osman döwletiniò bu üstünligi Russiýany ynjalykdan gaçyrypdyr. Çehrin söweºinde (1678ý. Alp Arslan aýynyò 12-si) osman goºuny ruslary ýeòipdir. Russiýa bilen Osman döwletiniò arasynda 20 ýyllyk möhlet bilen ºertnama gol çekilipdir (1680ý. Baýdak aýynyò 13-i). Oòa görä Dnepr derýasynyò sag kenaryndaky ýerler Osman döwletine, Kiýewiò töweregindäki üç welaýat Russiýa tabyn bolmalydy. Taraplar Dnepr we Bug derýalarynyò arasyndaky ýerlerde gala gurmazlyga ylalaºypdyrlar. Krym hanlygy Russiýanyò ýerlerine çozmazlyga borçlandy.

Muhammet IV-niò döwründe Osman döwletiniò daºary syýasatyndaky uly waka ikinji Wena söweºidir. Rim Papasynyò çagyryºy bilen Awstriýa we Polºa osmanlara garºy harby bileleºigi döredipdirler. Oòa Bawariýanyò, Saksoniýanyò ºazadalary hem goºulypdyr. Osman goºuny 1683-nji ýylyò Gorkut aýynyò 12-sinde Wena ºäheriniò öòüne gelipdir. 61 günlük gabawyò dowamynda 18 gezek hüjüm edilendigine garamazdan, osman goºuny Wenany eýeläp bilmän ýeòilip, Buda tarap çekilipdir. Wena söweºi Osman döwletiniò abraýynyò peselmegine täsir edipdir. 78 gün gabawdan soò Buda ºäheri hristianlar tarapyndan eýelenipdir. (1686ý. Ruhnama aýynyò 2-si) 145 ýyl Osman döwletiniò golastynda bolan bu ºäheriò eýelenmegi hristian dünýäsinde uly guwanç döredipdir. Hristian goºuny Wenesiýa respublikasy, Dalmasiýa, Bosniýa ugurlary boýunça hereket edip, osmanlardan ençeme ýerleri yzyna alypdyr.

Osman döwletiniò bu sowsuzlyklary Muhammet IV-ä garºy meýilleri güýçlendiripdir. Ol tagtdan agdarylyp, ýerine dogany Süleýman II tagta geçirilipdir (1687). Muhammet IV aradan çykýança (1692ý. Bitaraplyk aýynyò 17-si) tussaglykda saklanypdyr. Muhammet IV-niò Gülnuº, Hatyja, Afife, Gülbeýaz (Akgül), Gülnar, Güneº atly aýallary bolupdyr. Gülnuºdan bolan Mustapa we Ahmet diýen ogullary soltan bolupdyr.

MUHAMMET ALY (144) — Zent türkmenleriniò döwletiniò dördünji hökümdary.

1779-njy ýylda zentleriò hökümdary Kerim han aradan çykandan soòra onuò ogullarynyò arasynda häkimiýet ugrunda göreº baºlanýar. Kerim hanyò oruntutarlarynyò hiç birine uzak wagtlap ýurdy dolandyrmak baºartmaýar. Eger onuò ogly Abulfath 1779-1782-nji ýyllarda ýurdy dolandyran bolsa, 1782-1785-nji ýyllarda ýegeni Aly Myrat han ºa bolýar. 1782-nji ýylda gysga wagtlyk ºa tagtyna Muhammet Aly geçýär. Ony doganoglany Japar han agdaryp, ol 1785-1789-njy ýyllarda ºa bolýar. 1789-1794-nji ýyllarda Lutf Aly ºa bolýar. Görºümiz ýaly Kerim handan soòky zent hökümdarlarynyò hiç biri-de ýurtdaky syýasy dartgynlylygy ýok edip, uzak ºa bolup bilmändir. Muhammet Aly ºanyò bir ýyla hem çekmedik ºalyk döwri garºydaºlarynyò tagt dawalaryna garºy göreº bilen geçipdir.

MUHAMMET HASAN (145) — Gajar türkmenleriniò döwletiniò düýbüni tutujy Agamuhammet hanyò kakasy, gajar türkmen taýpasynyò hany.

Muhammet Hasan han taryhy çeºmelerde ilkinji gezek 1744-nji ýylda ýatlanylýar. ªol ýyl ol Astrabat welaýatyndaky gajar taýpalary bilen Nedir ºanyò garºysyna gozgalaò turuzýar. Bu gozgalaòda turkmenler (aýratyn-da ýomutlar) Muhammet Hasan hany goldapdyrlar. Astrabatda baºlanan gozgalaò Mazendarana hem ýaýrapdyr. Gozgalaòy kynlyk bilen basyp ýatyran Nedir ºa oòa gatnaºanlaryò ählisine jeza bermek hakynda Astrabadyò häkimine buýruk berýär. Astrabadyò häkimi “gozgalaòa gatnaºanlary öldürmeli bolsa, onda welaýatyò ähli ilatyny uçdantutma gyrmaly boljak” diýip jogap beripdir. Astrabadyò häkimi gozgalaòa iºjeò gatnaºanlaryò käbirlerini diriligine oda ýakyp, köpüsini dardan asyp öldüripdir.

Muhammet Hasan han Nedir ºa öldürilenden soò öz taýpasynyò serdary hökmünde öòe çykýar. 1751-nji ýylda ol Asrabady, soòra Mazendarany öz hökümdarlygy astyna alýar. Eýranda XVIII asyryò II ýarymynda dörän maýda hanlyklaryò arasynda gajarlaryò döreden hanlygynyò hany bolýar. Muhammet Hasan hanyò baº duºmany zentleriò hany Kerim han bolupdyr. Bu ikisiniò arasynda kä ol ýeòip, kä hem beýlekisi ýeòip, uzak wagtlap uruº gidýär.

1758-nji ýylda Kerim han bilen Muhammet Hasan hanyò arasynda aýgytlaýjy söweº bolýar. ªol söweºde Muhammet Hasan han ýeòilýär we öldürilýär.

MUHAMMET HUDABENDE (144) — Sefewi türkmenleriniò döwletiniò dördünji ºasy. Ol 1578-1587-nji ýyllarda hökümdarlyk edýär. Sefewi türkmenleriniò döwletiniò ikinji ºasy Tahmasp I-niò ogly.

Muhammet Hudabende keselbent, özerkli däl adam bolupdyr. Ol köplenç aýalynyò (Hamza we Abbas atly ogullarynyò ejesiniò) diýeni boýunça ýurdy dolandyrypdyr. Muhammet ºanyò Hamza Mürze atly ogly osmanlara garºy uruº döwründe Kawkazda görkezen edermenlikleri, ýeòiºleri bilen öz duºmanlaryny öjükdiripdir. Ony ºa tagtyna geçer öýdüp gorkup, eýranlylaryò özleri dildüwºik gurap öldürýärler. Muhammet Hudabendäniò döwründe onuò döwleti Kawkazda birnäçe ýerlerini Osman türkmenleriniò döwletine bermäge mejbur bolýar. 1587-nji ýylda Muhammet Hudabende öz esgerleri tarapyndan tagtdan agdarylýar we köp wagt geçmänkä aradan çykýar.

MUHAMMET JELALEDDÖWLE (142) — Gaznaly türkmenleriniò döwletiniò hökümdary Mahmyt Gaznalynyò ogly. Mahmyt Gaznaly aradan çykmanka döwletini bäº sany oglunyò ikisiniò arasynda paýlapdyr. Gazna, Horasan, Balh we demirgazyk Hindistan Muhammede; Reý, Yspyhan, Jybal bolsa uly ogly Masuda berlipdir. Ogly Masudyò tagty eýelemäge ymtylýandygyny duýan Mahmyt ony tagt mirasdarlygyndan mahrum edip, döwletini Muhammede miras galdyrypdyr. Mahmyt Gaznaly aradan çykansoò onuò 33 ýaºly ogly Muhammet tagta eçipdir (1040ý. Magtymguly aýy). Dogany Masut onuò soltanlygyny ykrar etmändir. Soltan bolanyna dört aý geçensoò, Muhammet Masudyò garºysyna göreºe çykypdyr. Emma goºunbaºylary Masudyò tarapyna geçensoò, çäresiz galypdyr. Masut inisi Muhammediò gözüni oýup, ony Gunduz galasyna zyndana taºladypdyr. Daòdanakan söweºinden soòra döwlet hazynasyny alyp, Hindistana barýarka, serkerdeleri gozgalaò turzup, Masudy tussag edipdirler hem-de Muhammedi soltan diýip yglan edipdirler (Seret: Masut Gaznaly). Masudyò ogly Maudud kakasynyò aryny almak üçin Muhammede garºy urºa baºlapdyr. Jelalabadyò golaýynda bolan iki gün dowam eden söweºde (1041ý. Gurbansoltan aýynyò 7-8-i) Masut ýeòlipdir we jezalandyrylypdyr.

MUHAMMETMYRAT (42) — Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò dogany (1942-1948). Muhammetmyrat 1948-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 6-synda bolan elhenç Aºbabat ýer tiremesinde ºehit bolýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy «Gelmezmi?»   goºgusynda doganlaryny ýatlap ºeýle ýazýar:

Dogan doganyò zary,
Olaò ikidi bary,
Indi bakmazmy bäri —
Dogan gaýdyp gelmezmi?

Iò ulymyz — Nyýazmyrat,
Körpe — Muhammetmyrat,
Ikisi hem nämyrat —
Gitdi. Gaýdyp gelmezmi?

MUHAMMET MÜRZE (144) — Sefewi türkmenleriniò 11-nji hökümdary Abbas ºanyò dogany Hüseýiniò ogly.

MUHAMMET OGLY KARUN (234) — Resulogullary türkmenleriniò Ýemendäki döwletiniò hökümdary. Taryhçy Kakajan Baýramowyò ýazmagyna görä bu neberä girýän türkmenler ilkibada Bagdat halyfynyò gullugynda durupdyrlar. Bagdat halyfy olary ilçi («resul») hökmünde Müsüre, ªama ýollapdyr. Bagdatda bolan gozgalaò zerarly Resulogullary Müsüre gidip, ol ýeriò hökümdary Salahaddin Eýýubynyò hyzmatyna giripdirler. Salahaddin Eýýuby 1174-nji ýylda dogany Turan ºanyò ýygynynyò düzüminde Resulogullaryny Ýemene ýollapdyr. Resulogullary 1174-1228-njy ýyllar aralygynda Eýýubylaryò hyzmatynda bolupdyrlar. 1228-1455-nji ýyllarda bolsa Ýemende öz ady bilen bagly özbaºdak döwlet gurupdyrlar we ony dolandyrypdyrlar.

MUHAMMET PYGAMBER (20, 94, 253) — dünýäde oòa uýýanlaryò sany boýunça ikinji dini — yslamy esaslandyryjy, Arabystan ýarymadasynda arap döwletiniò düýbüni tutujy. Yslam dini boýunça ol Allanyò ýerdäki wekili, iò soòky pygamber we ähli Allatagala ýakyn adamlaryò hemmesinden oòa iò ýakynydyr.

Muhammet 570-nji ýylda Arabystanyò Mekge ºäherinde dünýä inýär. Onuò kakasyna Abdylla, ejesine bolsa Emine diýer ekenler. Muhammet entek dogulmanka onuò kakasy ýogalypdyr, 6 ýaºynda ol ejesinden jyda düºüpdir. Ony ilki babasy Abdylmutallyp, soòra agasy Abu Talyp terbiýeläpdir. Muhammet ilki agasynyò düýelerini bakypdyr, soòra baý täjir Hatyjanyò söwda kerweninde düýekeº, iº dolandyryjy ýaly iºlerde iºläpdir. Muhammet we Hatyja biri-birilerine ýaransoò durmuº gurupdyrlar. ªol wagt Muhammet 24, Hatyja bolsa 40 ýaºynda bolupdyr. Olardan ýaºlygynda ýogalan birnäçe ogullary we 4 sany gyzy bolupdyr. Ogullarynyò ulusynyò ady Kasym bolanlygy üçin Muhammediò adyna Abul Kasym (Kasymyò kakasy) sözi goºulypdyr. Gyzlarynyò atlary Rukaýa, Um Gülsüm, Zeýnep we Patma bolupdyr. Muhammet bir gyzyny — Patmany öz doganoglany Hezreti Ala durmuºa çykarypdyr. Ondan Hasan we Hüseýin atly agtyklary dünýä inipdir. Muhammet Hatyja aradan çykýança baºga aýal almandyr.

Muhammet hristiýançylygyò we ýahudyçylygyò esaslary bilen içgin tanyºypdyr. Ol ýeke gezmegi, köpçülikden çetleºip, Mekgäniò golaýyndaky daga aýlanmagy halar eken. Muhammet 40 ýaºyna golaýlanda özüniò Alla tarapyn saýlanandygyna göz ýetiripdir. Oòa Jebraýyl periºdäniò üsti bilen Allanyò buýruklary, görkezmeleri, sözleri ýetirilipdir. Allanyò sözleri Muhammet pygamberiò döwruòde ýatdan öwrenilipdir, soòrak ol sözler ýazga geçirilip, keramatly Gurhan dünýä inipdir.

Muhammet ilki Mekgede yslam dinini wagyz edýär. Emma Mekgäniò täsirli adamlary Muhammedi we onuò tarapdarlaryny yzarlap baºlaýarlar. Muhammediò Mekgeden daºarda, aýratyn-da öòki Ýasryb ºäherinde ýaranlary köp eken. ªonuò üçin Muhammet 622-nji ýylyò güýzünde Mekgeden Ýasryba göçýär. ªol günden musulman hijri ýyl hasaby baºlanýar (“hijret” diýmek “göçmek” diýmekdir). Muhammet Ýasryba barandan soòra ol ºäher Madinat’an- nabi, ýagny “pygamberiò ºäheri” diýlip atlandyrylyp baºlanýar. ªäheriò ady gysgaldylyp al-Madina diýlip tutulýar. Türkmenleriò arasynda ol Medine ady bilen meºhurdyr.

Medinede Muhammet pygamber birnäçe dini guramaçylyk iºlerini geçirip, 623-nji ýyldan baºlap Mekgelileriò garºysyna ýaragly göreºe baºlaýar. Bu göreº, ýagny Mekge-Medine urºy 630-njy ýylda Muhammediò dabaraly ýagdaýda Medinä gaýdyp gelmegi bilen tamamlanýar. Mekge Muhammediò tarapdarlarynyò eline geçensoò, olaryò abraýy has-da artypdyr. Arabystan ýarymadasynyò taýpalarynyò barha köpüsi Muhammediò dinini kabul edipdirler. Ýöne Muhammet pygamber Mekgede ýaºamandyr-da, öòküsi ýaly Medinede ýaºamagyny dowam etdiripdir. 631-632-nji ýyllarda Arabystan ýarymadasynyò esasy bölegi Muhammediò musulman jemagatynyò täsirine düºüpdir.

Muhammet pygamber ömrüniò soòky döwürlerinde yslamy demirgazyga ýaýratmaga aýratyn üns beripdir. Ol Siriýa garºy ýöriºe taýýarlanypdyr. Emma 632-nji ýylyò tomsunda gysga wagtlyk keselden soò duýdansyz aradan çykypdyr. Muhammet Medinede “Pygamberiò metjidinde” jaýlanylypdyr.

Muhammet pygamber ýogalandan ýurdy pygamberiò orunbasarlary — halyflar dolandyrypdyrlar. ªolaryò döwründe yslam dünýäniò köp ýerlerine ýaýradylypdyr. Ilkinji halyf pygamberiò ýakyn egindeºi Abu Bekr bolupdyr.

Muhammet pygambere Magtymguly atamyz köp ýüzlenipdir. Ony ençeme ºygyrlarynda ýatlapdyr. Olarda ol Muhammedi „«Iki dünýäniò serwerine», «Mekgeden çykan gözele» deòäpdir. Magtymguly pygamberimize bagyºlanan «Ýa resul”, “Ýa Muhammet, Mustapa”, “Saçdy Muhammet”, “Muhammet Mustapa” we ºuòa menzeº ýörite ºygyrlary döredipdir. Käbir goºgularynda Muhammediò adyny tutman ony taryplapdyr. Elbetde Magtymgulynyò Muhammede söýgüsi özbaºyna aýry mesele.

Muhammediò ömri, durmuºy, maºgala ýagdaýy barada gaty köp iºler ýazyldy. Olaryò ählisinde-de Muhammediò ºahsyýetine ajaýyp baha berilýär. Ýöne biz ºolaryò arasynda ýekejesiniò adyny tutmakçy. Ol hem Maýkl H. Hart tarapyndan ýazylan “Ýüz beýik adamlar” atly kitap. ªu kitapda ºahsyýetler eden iºleriniò möçberi esasynda degiºli tertipde ýerleºdirilipdir. Kitap musulman ýazary tarapyndan ýazylmasa-da, Muhammediò adynyò onda 1-nji ýerde goýulmagy pygambermiziò dünýä taryhynda birinji derejeli taryhy ºahs hökmünde ykrar edilmesidir.

MUHAMMET SURY (143) — Gurly turkmenleriò döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1000-1010). Owganystanda Hyradyò gündogar we günorta-gündogarynda ýerleºen daglyk Garçystan böleginiò günortasy, Jüzjan, Ferahrud, Gerirud we Murgap derýalarynyò boýundaky ýerlere Gur diýilip at berlipdir. Bu ýerleriò ýerli ilaty hasaplanýan ºensebaniler ýa-da gurlular ilkibada Gaznaly turkmenleriò döwletiniò tabynlygynda bolupdyr. Muhammet Gaznaly gurlularyò kerwen ýollaryna çozup, talaòçylyk edýänligi üçin olaryò baºtutany Muhammet Suryny ýeòipdir hem-de ýesir alypdyr (1010). Ýerine ogly Abu Alyny gurlulara baºtutan goýupdyr.

MUHAMMET ªA (128) — Salyr türkmenleriniò Parsdaky atabegliginiò hökümdary. Öz gyzy Salgomy oòa nikalap beren Türkan hatyn (Seret: Muhammet (V)) Muhammet ºany öz täsirinde saklamak isläpdir. Emma döwletde tertip-düzgini ýola goýan Muhammet ºa Türkan hatynyò aýdanlaryna gulak asmandyr.

Emma Muhammet ºa hökümdar bolansoò keypi-sapa üns berip, döwlet iºlerine ähmiyet bermändir. Giýewsinden tamasy çykmadyk Türkan hatyn 8 aýdan ony tagtdan agdaryp, ony Hulagu hanyò ýanyna iberipdir. Ýerine bolsa onuò tussaglykda oturan inisini — Seljuk ºa bin Salyr ºany oturdypdyr (1262).

MUHAMMET TAPAR (113, 134, 231) — Seret: Gyýaseddin Abu ªuja Muhammet.

MUHAMMET ÝOLABY (385) — Soltan Sanjaryò döwründe Gürgeniò häkimi.

MUHYEDDIN TOGRUL ªA I (114) — Seljuk türkmenleriniò Kermandaky döwletiniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1156-1170). Ol Mugiseddin Muhammet I-niò ogludyr. Dogany Mahmyt ºany, kakasynyò inisi Seljuk ºany jezalandyran Togrul bu hereketi bilen özüne garºy çykjak adamlaryò gözüniò oduny alypdyr.

Togrul ºa Parsdaky goòºusy — Salyr atabegligi bilen dostlukly aragatnaºyklary dowam etdiripdir. Onuò döwründen baºlap seljuk türkmenleriniò Kermandaky döwletiniò dolandyryºynda atabegleriò abraýy barha artyp baºlapdyr. Togrul ºa 1170-nji ýylyò Nowruzynda keselläp aradan çykypdyr.

MUIZZIDDIN MUHAMMET (233) — Gurly turkmenleriniò hökümdary (hökümdarlyk ýyllary 1203-1206). Ol Gur hökümdary Bahaeddin Samyò ogludyr. Agasy Gyýaseddin Muhammet özüniò hökümdarlyk döwründe (1163-1203) 1173-nji ýylda Gaznany eýeländen soòra inisi Muizziddine «soltan» derejesini berip, bu ýeri dolandyrmagy tabºyrypdyr. Muizziddin Muhammet Gazna ºäherini oguzlaryò çozuºyndan gorapdyr. ªaýy karmatlaryna garºy göreºip, halkyò asuda ýaºaýºyny üpjün edipdir. Kerwen ýollaryny talaòçylardan gorapdyr. Muizziddin Muhammet Hindistana hem birnäçe gezek ýöriº gurapdyr. Ilki bilen Multany we Ýokary Sinddäki karmat ºazadalygyny özine tabyn edipdir (1175-1176). Ýöne Gujeraty eýelemek synanyºygy ºowsyz tamamlanypdyr (1178-1179). Soòra ol ünsüni Peºawara we Lahora gönükdiripdir. Gaznaly hökümdary 1180-1186-njy ýyllar aralygynda Lahory gurlularyò çozuºyndan gorapdyr. Güýç bilen ºäheri eýeläp bilmänsoò, Muizziddin Muhammet hilä ýüz urupdyr. Hysrow Mäligiò zamunlykda saklanýan ogly Mäligi dostluk namasy bilen Lahora ýollapdyr. Oglunyò boºadylanlygyna begenip, goragy gowºadanlygyny duýan Muizziddin derhal Lahory eýeläp, Gaznaly turkmenleriniò döwletini ýykypdyr.

Gaznaly döwleti ýykylansoò Muizziddin ünsüni Hindistana gönükdiripdir. Taberhinde galasyny eýeläpdir (1190). Hindi rajasy Pritwihi ýeòip (1192), Sindden Bingal aýlagyna çenli aralygyna özüniò syýasy häkimýetini ýola goýupdyr. Gurlularyò ºöhratynyò artan ýagdaýynda Muizziddin agasy Gyýaseddin Muhammet Abbasy halyfyna özüniò hökümdarlygyny tassyklamak barada ýüz tutupdyr.

Gurlularyò indiki maksady tutuº Horasany ele geçirmekdi. Seljuk we Gaznaly turkmen döwletleriniò ýykylmagyndan soòra gurlular sebitde uly syýasy güýç bolan Köneürgenç turkmenleriniò döwletine garºy göreºe baºlapdyrlar. Alaeddin Tekeºiò ýogalmagyndan peýdalanyp, Nyºapury, Merwi, Sarahsy eýeläp, bütin Horasany öz gözegçiligi astyna alypdyr. Agasynyò ölüm habaryny alan Muizziddin Hyrada dolanyp, häkimligi astyndaky ýerleri neberäniò agzalarynyò arasynda paýlapdyr.

Muizziddiniò Könürgenç turkmenleriò hökümdary Alaeddin Muhammediò garºysyna ýöriºi garahytaýlaryò ara girmesi sebäpli ºowsyz tamamlanypdyr (1204). Muizziddin Muhammet Penjapdaky hohar taýpalarynyò gozgalaòyny basyp ýatyrýarka, Ind derýasynyò boýnunda namaz okaýan pursady bir ysmaýyly jansyzy tarapyndan öldürlipdir (1206). Onuò ölüminden soòra Gurlularyò döwleti gowºap, dargamak bilen bolupdyr. Serkerdesi Kutbeddin Aýbeg gurlularyò Hindistandaky mülklerinde Deli turkmenleriniò soltanlygyny esaslandyrypdyr.

MUJAHYDEDDIN GAÝMAZ (122) — Beg hökümdar türkmenleriniò atabegi Zeýneddin Aly Kuçugyò döwründe Irbiliò häkimi. Zeýneddin Aly Kuçugyò ölüminden soò (1168) Gaýmaz onuò kiçi ogly Zeýneddin Ýusuby atabegligiò baºyna getiripdir. Gaýmaz Zeýneddiniò ýaºlygyndan peýdalanyp, häkimligi öz eline alypdyr. Mosul atabegliginiò iºine goºulmakçy bolan Gaýmazy Izzeddin Masut I tussag etdiripdir (1183). Soòra Häzirbegjan atabegi Pälwanyò töwellasy bilen ony tussaglykdan boºadypdyr.

MUJYREDDIN ABAK (118) — Seret: Abak.

MUSA (20, 21) — pygamber. Ol barada Gurhany kerimiò birnäce aýatlarynda ýatlanylýar. Olarda Musa barada jikme-jik maglumat berilýär, oòa Allatagala tarapyn berlen gudratlylyk düºündirilýär. Alla oòa haýran galdyryjy 9 sany gudratlylyk eçilipdir. ªolardan Musanyò taýagy (hasasy) we ak eli bilen görkezen gudratlary Gurhanda ýatladylýar. Dogry, Musa barada aýdylýan rowaýatlaryò köpüsi Injilde hem bar. Ýöne Gurhanda Musa barada birnäce täze hekaýatlar hem bar. Mysal üçin, Musanyò “Allatagalanyò guly” (Hydyr) bilen syýahaty baradaky hekaýa Injilde ýokdur. Musanyò Gurhanda ýatlanylyºy barada Mukaddes Ruhnamada ºeýle setirler bar: «Gudraty güýçli Allatagalanyò pygamberimiz Muhammede iberen Gurhany keriminde Ruhy belentler diýlip Nuh, Ybraýym, Musa, Isa we Muhammet ýatlanýar» (20). Allatagala ilkinji mukaddes Kitaby — Töwrady Musa pygambere ýollapdyr.

Musa dini rowaýatlarda biziò eramyzdan 1571 ýyl öò Musürde doglan hasap edilýär. Musanyò doglan wagty Müsüriò patyºasy ähli erkek göbekli çagalary öldürmegi buýurýar. Musanyò ejesi çagasyny eýdip-beýdip 3 aýlyk bolýança gizlin saklap, soòra bir sebede salyp, Nil derýasynda akdyryp göýberýär. Gurhanda Pyrguanyò aýaly (Injil hekaýatlarynda onuò gyzy) Musany suwdan çykaryp alyp öýüne getirip, oòa seredip baºlaýar, oòa Musa diýen at goýýar. Ol aýal Musa seretmegi, ony iýmitlendirmegi onuò hak ejesine tabºyrýar. ªeýdibem Hudaýyò gudraty bilen Musajyk öz ejesine gowuºýar, köºkde ösýär, ulalýar. Ulalansoò bir dawa goºulyp, güòäkäri öldürip, eden iºiniò bilinmeginden ätiýaç edip köºkden gaçýar, bir baýyò elinde çopançylyk edip geziberýär. ªol baýyò iki gyzynyò birine öýlenip, süýt hakynyò ýerine 8-10 ýyl goýunlaryny bakyp bermäge ylalaºýar.

Rowaýatlaryò birinde Musa baýyò goýunlaryny bakyp ýörkä möjek gelip, ondan bir goýun soraýar. Musa oòa mallaryò eýesiniò baºga adamdygyny aýdýar. Baýdan sorap gelýänçä goýunlary bakmagy, seretmegi haýyº edip, mallaryò eýesine möjegiò gelendigini, goýun soraýandygyny aýdýar. Baý möjek sorap baran bolsa bermelidigini, onuò soramanam alyp biljekdigini Musa düºundirýär. Musa möjege bir süri goýunyò içinden saýlap, birini al diýýär. Möjek ak toklyny tutýar. ªonda Musa möjege ºu uly sürüniò içinde ýekeje toklusynyò bardygyny, ony hem möjegiò tutandygyny aýdýar. Soòra möjegiò gözüni daòyp, täzeden saýladýaram welin, möjek ýene-de ºol toklyny mägirdip tutýar. Möjek ak goýuny aòyrrak kowup, süriniò beýleki tarapyndan kowalap tutubam görüpdir, welin ýeòe-de öòki tokly agzyna gabat gelýär. Musa ºondan soò oòa ýeke toklusyny berip, bolan ýagdaýy boluºy ýaly baýa gürrüò berýär. Eli açyk baý (Musa ºol baýò gyzyna öýlenýär) indi ak tokly dogulsa ählisini oòa berjekdigini aýdýar. Indiki dölde guzularyò aglabasy akja dogulypdyr, Musa-da uly sürüli bolupdyr.

Baý bilen hoºlaºyp, maºgalasyny alyp gelýärkä Allatagalanyò hut özi ot-ýalynyò içine duwlanyp, Musa bilen bir dagyò üºtünde duºuºypmyº. Ýokarda aýdanlarymyzyò ählisini Magtymguly atamyz bir beýtde jemläpdir:

Käpirler beslegen oglan çagynda,
Bir oda ýolugan dost pyragynda,
Baryp, raz aýdyºan Sina dagynda,
Tury – Musa – Kelimulla haky çün.

Musanyò dine uýmaýanlara görkezen gudratlaryna dini teswirleýjiler aýratyn üns beripdirler. Musanyò hasasynyò ýylana öwrüliºi ýa-da onuò elinde ak (pis) keselini döredip we ony dessine bejerip biliºi, Müsür patyºasyna (Faraon, Pyrgaun) garºy göreºen döwründäki görkezen geò-taòlyklary hakdaky rowaýatlar halk arasynda ýörgünlidir.

Rowaýatlarda Musany Allatagalanyò pygamber saýlaýºy, onuò wagyzlary, diliniò peltekräkdigi üçin dogany Harunyò öòa beren kömekleri barada hekaýatlar saklanypdyr. Musany Allatagallanyò dosty, onuò bilen açyk aýdyºyp bilýän pygamber hökmünde sypatlandyrýarlar. Musany Beýik Taòrynyò aýratyn hormatlandygy barada gürrüò köp, Magtymguly atamyzyò ony “Hudanyò erkesi hezreti Musa” diýip atlandyrmasy dini esassyz däldir.

MUSA (137) — Osman türkmenleriniò döwletiniò ºazadasy. Ol Ýyldyrym Baýezid I-niò uly ogludyr. Ankara söweºinden soòra (1402) Osman türkmenleriniò döwletiniò taryhynda tagt dawalary döwri (1403-1413) baºlanypdyr. Musa Ankara söweºinde Teýmir Agsaga ýesir düºüpdir. Teýmir Osman döwletini gowºatmak maksady bilen ony Baýezidiò 4 oglunyò arasynda paýlapdyr. Musa inisi Isany ýeòip, Bursa hökümdar bolupdyr. Teýmiriò Anadolydan gitmeginden soòra Isa gaýtadan Bursa häkim bolupdyr. Musa ilki Garamanogullary, soòra Jandarogullary begleriniò huzuryna gaçy