|
TAGAT - mejal, kuwwat;
sabyr, karar, çydam sözleri bilen manydaº söz.
- «Eý, Baýezit, meniò hazynalarymda edilen tagatlar, ajaýyp
hyzmatlar küt-küt bolup durupdyr. Eger meniò dergähimi dilär bolsaò,
maòa mende ýok zatlary getirgil» diýdi /305/.
TAGMA - bir zady tapawutlandyrmak
üçin ýörite bellik, nyºan; mallaryò gulagyna, buduna we º.m.
gyzdyrylan demir bilen basylýan dag, ºekil.
- Abadançylyk her birine aýratynlykda dereje, ýol, at, belli bir nyºan
we tagma berilmegindedir we tassyklanylmagyndadyr .../102/.
TAGT - patyºalaryò,
soltanlaryò, ºalaryò oturýan ýörite ýeri; olaryò arz soraýan jaýy,
hökümdaryò oturýan bezegli oturgyjy.
- Türkmen köp geçirýär, emma, haçan-da adalatly tagtda oturan ºa
ýa soltan adalatsyzlyk edip baºlasa, ondan sowaºýarlar /222/.
TAHALLUS - bir adama, ºahyra,
serkerdä we beýlekilere berlen ikinji at, lakam.
Çagrynyò ady Dawut, Togrulyò ady Muhammetdir. Çagry, Togrul beýik
serkerdeleriò tahalluslarydyr /112/.
TAKWA - dini taglymatlara uýup, dünýä lezzetinden geçen, dün- ýewi
zatlara gyzyklanmaýan, diòe din diýip ýatan.
- Men ynanjaò adam däl, dini takwa hem däl, emma ýokar- ky rowaýata
juda ynanasym gelip dur.../323/.
TAMAKIN - hantama,
bir iºden haýyr, peýda bolar öýtmek duýgusy.
- Haýyr iº edip, mala-zada tamakin adam ºer iºe-de aòsat baº goºup
biler /332/.
TAMAM - hemme, ähli,
bütin, bary çalyºmalary bilen manydaº söz.
-Ýolbaºçylyk edýän, tamam esgerleri bilen awa we söweºe gidýän
uly begler öz atlaryny belli ederler /88/.
TANYG - ºaýat, güwäçi.
-Geçmiºden garap duran pygamber atamyz Oguz han tanyg bolsun, meniò
saýlan ýolum adalat ýoludyr! /405/.
TAÒRY - türkmenlerde
Alla, Hudaý, Ýaradan, Biribar sözlerine manysy taýdan meòzeºdir.
-Taòry oòa iki sany häsiýet berdi: RUHUBELENTLIK WE GAÝDUWSYZLYK
/10/.
TAÒRYPARAZLYK - Taòryny söýüjilik,
Alla hormat goýujylyk, Taòra gyºarnyksyz uýujylyk.
-Gorkut ata zamanynda diri baýlygy ýeriò üstüne, öli baýlygy ýeriò
astyna sygmaýan, güýjüne baýrynyp, ýurduna buýsanyp ýören türkmenleriò
kämil aòy oglanjygyò köýnek-balagyndan çykyºy ýaly, türkmenleriò
kämil ruhy otparazlygyò hem, taòryparazlygyò hem çygryndan çykypdyr
/108/.
TAPDAN DܪMEK -
ysgyny gaçmak, gaýraty azalmak, güýji-kuwwaty egsilmek.
- Bedene bolsa, tapdan düºmek, garramak mahsusdyr /309/.
TAPLANMAK - iº
tejribesi bolan, iºiò, ýaºaýºyò abyny-tabyny bilýän, biºiºen,
kämillige ýetiºen derejede bolmak.
- Ol durmuºyò ajysyny, süýjüsini gören, ýaºlykda taplanan
bolmalydyr /393/.
TAPSYZLYK -
ysgynsyzlyk, güýç-kuwwatsyzlyk, ýagdaýsyzlyk.
- Garrylyk, tapsyzlyk zerarly jepa berse, giò bol /335/.
TAPYNDY -
ozalkylardan tapawutlanýan açyº, täzeligi bildirýän oýlap tapma,
täzeçe garaýyº, göz ýetiriº.
- Oguz han bolsa ýekehudaýlylykdan baºlanýar, ynançdan- ruhdan baºlanýar.
Onsoò bu ýerde möhüm bir pikiri nygtamalydyryn: türkmeniò Oguz
handan baºlanýan bäº müò ýyllyk taryhy iºjeòligi, ýöriºleri,
ösüºleri ºol owalbaºky ruhy pikiriò, ruhy tapyndynyò amala aºmagydyr
/161/.
-Oguz hanyò ilkibaºky ruhy tapyndysy - milli oguz - türkmen elipbiýiniò
döremegi... /162/.
TARHAN - edenine däl
diýilmeýän, han özi, soltan özi, öz eli, öz ýakasy bolan, doly
ygtyýarly, özerkli.
- Türkmen soltanlyklarynda, ºalyklarynda ºalaryò ejesi ýa aýaly
uly hormata mynasyp bolupdyr. Olara Tarhan /taryhy çeºmelerde Terken-Türkan/
hatyn diýip ýüzlenipdirler /223/.
TARHANDÖKERLIK -
maddy baýlygyny saga-sola sowurýan, ýerini seljermän maddy barlygy dökän-saçan
paýlaýan, halys eli açyklyk.
- Men gysyk, husyt, gysganç bolmagyò hem tarapdary däl, ýöne
tarhandökerligiò hem tarapdary däl. Aralykda altyn meýdan bardyr!
/369-370/.
TEBIGAT - 1. Ynsanyò
daºyny gurºaýan dünýä, haýwanat we ösümlik dünýäsi, suw,
howa, güneº, dag, çöl we º.m. zatlar. 2. Göçme m. bir milletiò,
halkyò, adamyò asyl bolºy, gylyk-häsiýeti, ruhy dünýäsi,
ynsanlyk mertebesi.
- Türkmeni galp taryh ýazyp, hapa bulap bolmaz, sebäbi türkmeniò örän
päk tebigaty bar! /58/.
TEBLEHANA - at saklanýan
jaý, at saklamak üçin ýörite jaý.
- Käte surnugyp ýadaýan. ªeýle pursatda athanama - teblehana barýaryn
/341/.
TEGMIL - göze görnüp
duran kir, hapa, tagma, biabraýlyk.
- Seniò biabraýlygyò bolsa perzendiò adyna uly tegmildir /330/
TEKGE-HEMAÝAT -
birine baºga biri tarapyndan berilýän maddy we ruhy goldaw, edilýän
kömek, ýardam.
- Emma olar tekge-hemaýat bermekden geçen, menden hem geçendigini
ýazdylar! /30/.
TEKRARLAMAK - gaýtalamak,
ýantgamak, öwran-öwran aýtmak.
- Biziò sowet mekdebinden çykan taryhçylarymyz meýilparaz taryhçylaryò
buky pikirini aòyp bilmezden, ºol mekdebiò ýöreden pikirini esasy
pikir hökmünde tekrarladylar /210/.
TELEK - nädogry, ile
sygmaýan, ýalòyº.
- Ýöne sähel telek iº etsem «Azady ahun eºidäýse näme diýerkä?»
diýip, gaty heläk bolýan /302/.
TELWAS - arzuw, hyýal,
göwünde beslenýän niýet.
- Garaºsyz, baky Bitaraplyk ýolumyz türkmen milletimiziò mähir-muhabbetinden,
arzuw-telwasyndan, asylly maksatlaryndan dörän, Altyn asyrda, altyn
ruhda, altyn ýaºaýyºda ýaºadýan ýoldur /164/
TEMMI - bir iºi ýerine
ýetirmekde goýberilen kemçilik, hata üçin berilýän käýinç, tabºyryk,
duýduryº, görülýän çäre, jeza.
- Ikinji gezek terslik etse, ýeterlik mukdarda gorkuzmaly we temmi
bermeli /89/.
TEREKÄ SALMAK -
aradan çykan adamyò baýlygyny, mülküni maºgalalarynyò arasynda däp-dessura
laýyk paýlamak, mirasyny bölmek.
- Ataò maly terekä salnar, emma abraýy ähli doganlaryòyza bölünmän,
bitewiligine geçer /317/.
TEREÒ - çuò, çuòòur.
- Dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, çöl ýerinde çöli, deòiz
ýerinde deòzi, derýa ýerinde tereò derýalary bolan bu toprak türkmeniò
çüwen bagty... /78/.
TESWIR - bir zadyò,
hadysanyò, wakanyò söz bilen beýan edilen ºekili, suratlandyrma.
-Milletiò taryhy mazmunyndaky gaýtalanmaz mukdar utgaºmalaryò ruhy
teswirleri gerek /24/.
Teªne - bir zada, maksada ýetmek islegi,
kanagatlandyrylmaly arzuw, bir zada ýetmek meýli; suwsaýan, tebsireýän.
- Türkmeniò her bir raýaty ylymly-bilimli bolmalydyr, ol onuò ruhy dünýäsiniò,
gürsüldäp duran ýüreginiò, teºne ruhunyò, duýgur kalbynyò, ºahyrana
göwnüniò belent bolmagynyò baº çeºmeleriniò biridir /17/.
TEÝZEMIN - ýerzemin,
ýerasty zyndan, tussaghana.
- Patyºa hiç zat diýmän çykyp gidýär, ýaòky ýigidiò
dostunyò oturan teýzeminine baryp, oòa-da edil ºu gepleri aýdýar
/352/
TEZ BEDEW - sarç, ýaòy
münüº öwredilen ýa-da öwredilmedik.
- Dört-bäº ýaºynda tez bedewe münüp, çagalykdan ýarag
ulanmany öwrenip, söweº tälimini alan ýigit nädip edermen bolmasyn!
/171/.
TÄLIM - görelde,
terbiýe, edep-ekram; tär, ugur, ýol, usul, tilsim.
- Ömrüniò birinji ýarymynda-jahyllyk döwründe ol ähli güýç-kuwwatyny
dünýä bilen gatnaºyk etmäge-maºgala gurmaga, rozugärini, günemasyny
üpjün etmek üçin tälim öwrenmäge, il-güne hyzmat etmäge sarp edýär
/306/.
TÄR - usul, ýol sözleri
bilen manydaº söz.
- Edepli perzent il içinde halal ýaºamagyò, tärini atasyndan öwrenen
perzentdir /330/.
TILSIMAT - tilsimleriò, emelleriò giden ulgamy üçin iºiò
hemme syrlarynyò jemi.
- Türkmen serkerdeleri dünýäniò köp dillerini bilipdirler, dünýä
ylymlaryndan, edebiýatyndan, söweº tilsimatlaryndan habarly
bolupdyrlar /117/.
TIMAR BERMEK - aty seýislemek,
bakmak, idetmek, bezemek we º.m. iºleri etmek, aty hemmetaraplaýyn söweºe
taýýarlamak, belli bir tertibe salmak.
-Haçan-da bir ýüzbaºy ýa-da ellibaºy ölende yzynda ogly galmasa,
onuò toparyndan kim at tanamakda, ata timar bermekde ussat bolsa,
galanlary ondan gorksa ýa çekinse, eýer-esbabyny düzedip bilse, ýaý
atmagy we bejermegi baºarsa, ony ol topara aga etmeli /86/.
TIRMEK - aýdyòlaºdyrmak,
ýygyp, toplap, jemläp düºünmek.
-«Mesligi goýun götär, goýnuò hem garasy» diýen pähimiò
manysyny tirip görüò! /370/.
TOBA BERILMEK - toba
gelmek, gaýtmyºym etmek, bolan, edilen iºe kaýyl bolmak, ýazykly
bolsa ýazygyny boýun almak.
- Bu döwürde ol jäht edip, toba berilýär /306/.
TOGAP KYLMAK - bir
keramatly zadyò daºyndan aýlanmak, keramata, gudrata, mukaddeslige
hormat etmek.
- Eziz ildeºlerim, emma siz jahankeºde dälsiòiz, siz bu topraga
zyýarat ediò, geçip giden beýik-beýik pirleriò, serdarlaryò,
ata-babalaryò gadamlaryny togap kylyò /29/.
TOTEM-OÒON - ilkidurmuº döwrüniò
adamlarynyò gudratly, keramatly hasaplap, hormat eden haýwany, agajy,
ýeli we º.m.
- Oguz han Türkmeniò öldürýän Kyat atly jandary Oguz han Türkmenden
ozalky diniò totemi-oòony! /96/.
TOWSA
GÖTERMEK - zat goýman daºamak, ºobada ýok etmek, derrew tüketmek.
- ªondan soòam Köpetdagyò äpet-äpet arçalary satuwa düº- üp,
towsa göterilipdir /179/.
TÖR - türkmeniò
öýüniò iò hormatly, arzyly myhmanlar oturdylýan ýeri; hormatly,
sylagly, abraýly ýer.
-...söýgüden bina bolan türkmen ili, türkmen ýoly syrly gudrat
bolup türkmeniò kalbynyò töründe ýaºaýar /77/.
TÖRE - ýurdy, welaýaty dolandyrýan
wezipeli adamlardan biri.
- Bir ýurda iki töre sygmaz! /99/.
TOÝNUK - odun çykalanda
ýüpi-kendiri ýeòil çekmek üçin ýüpüò ujuna dakylýan haçja
agaç; durnalaryò uçuº usuly.
- Bu topragyò mawy asmanyna toýnuk gurup durnalar geler... /29/
TUTARYK - delil, ºaýat,
kepil geçiji, ýapyºalga.
- Ata-seniò il öòündäki tutarygyòdyr, güwäçiòdir /316/.
TUWAK - 1. Käbir çaga
doglanda ýüzünde bolýan perde, örtgi.
2. Göçme m. Gelºik, görmek, görk, ýaraºyk.
- Ruhnama türkmen halkynyò ýüzüniò hem kalbynyò tuwagy! /24/
TUWULGA - söweºde-uruºda
kellä geýilýän, metaldan ýasalan gümmez, gupba ºekilli baºlyk.
- Ýönekeý adam demir dona, altyn tuwulga girip, ölmez-ýitmez söweºiji
bolýar... /93/.
TÜÇJAR - täjir, söwda
edip baý bolan, alyº-beriº bilen meºgullanýan, söwda-satyg bilen gününi
dolaýan. Bu ýerde: gaty, juda, örän.
- Görogly beg baýlyk toplap, tüçjar baý bolup, halkynyò kalbyna
girip giden däldir /192/.
TÜMENBEGI
- on müò adamdan durýan ilata, goºuna öòbaº- çylyk edýän adam,
on müò kiºiniò baºy, begi.
-Eger münbegi ýa-da tümenbegi ölse, yzynda ýarar ogly gal- masa,
müòlük ýa-da tümen içinde kim batyr, tejribeli, goºun ýagdaýyny
bilýän, söweºlerde synalan kiºi bolsa, ony müò- begi ýa-da tümenbegi
etmeli /86/.
TÜRBET - hökümdarlaryò, atly
bir adamyò hatyrasyna gurlan we içinde onuò jesedi saklanýan bina,
mawzoleý.
- Akyl-parasat mumyýalardan, daº türbetlerden ebedidir /93/.
TÜRKILER - türki
halklara degiºli bolan adamlar, dili türki bolan ynsanlar.
-Ähli türkiler we täjikler bu höküme boýun bolmalydyrlar, baºlygyò
edarasyna hormat goýmalydyrlar... /394/.
TÜRKMEN ªEKILLI - türkmene
mahsus, türkmen ýaly, türkmene ýaraºýan, hakyky türkmene meòzeº.
- Milletimiz - biziò buýsanjymyz! ªu keramatly sözüò
mertebesini götermek üçin ýaºaýarys, ölsek hem türkmen ºekilli
ölmegi arzuw edýäris /150/.
TÜRKMENLEªMEK
- türkmen halkyndan bolan, ilatyò san taýdan artmagy, türkmenleriò
köpelmegi.
-Bu hökümdarlyk Anadolynyò türkmenleºmegine uly kömek edýär,
ylma-bilime uly üns berýär /231/.
TYKYRAMAK - ikirjiòlenmek,
ýaýdanmak, belli bir karara gelip bilmezlik.
- ... bize tykyramagyò, biz bilen ylalaºmazlygyò, garºymyza pitne
turuzmagyò betbagtlyga we ökünje sebäp bolýandygyna düºünýärler
/384/.
TYMSAL - ähmiýetli bir wakany
durmuºy bir mysal bilen aòlatma, çuò manysy bolan gysgajyk hekaýa,
ýaòzytma.
- Beýik-beýik pygamber tymsallary Oguz handan gaýdýar, dana-dana
rowaýatlary Oguz handan gaýdýar /98/.
|