A

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


ABYWERD [A:bywerd] (150, 221) - Türkmenistanyò günortasynda, Köpetdagyò eteginde, häzirki Kaka ºäherçesiniò günbatarynda irki eýýamlarda döräp, tä Çingiz hanyò basybalyºlaryna çenli gülläp ösen gadymy ºäher we ºol töwerekleri öz içine alan welaýat.

Takmynan Altyndepe bilen bir döwürräkde dörän bu ºäheriò Abywerd diýen ady irki geçmiºde Apawarta, Apawarktika görnüºlerinde bolup, soòra gysgaldylypdyr we biraz üýtgeºmä sezewar edilipdir. Dürli döwürlerde ºäheriò orny hem birnäçe gezek üýtgäpdir: ol Ahemeniler eýýamynda we ondan öò Ýelkendepäniò, antik döwürden irki orta asyrlara çenli Hysrawgalanyò, orta asyrlarda bolsa Peºtagyò ornunda ýerleºipdir.

Çeºmelerde Bawerd görnüºinde-de gabat gelýär.

 

ADANA (230) - Türkiýäniò günortasynda pagtaçylyk bilen meºgullanýan iliò (welaýatyò) we onuò merkezi ºäheriniò ady. Seýhan derýasynyò kenarynda ýerleºendigi üçin, ºähere Seýhan hem diýilýär.

 

AHAL (172, 276) – 1. Türkmenistanyò günortasynda ilersi Köpetdag, gaýrasy Garagum, gündogar tarapy Gäwers (Gowºut demir ýol menzili), günbatary hem Serdar (öòki Gyzylarbat) ºäheri aralygyndaky gadymy oturymly ülkäni öz içine alýan giò düzlük. Oòa Gökdepe etrabynyò çäginde ýerleºen Ahal atly köne galanyò ady geçipdir. Geçmiºde türkmenleriò bu gadymy mesgeniniò Etek, Arkaç, Kesearkaç, Damana ýaly atlary hem bolupdyr. Ahal diýen at ylmy çeºmelerde ilkinji gezek 1805-nji ýylda duº gelýär. Rus dilindäki iºlerde Ahal sözi bilen birlikde Ahalteke diýen at hem ulanylyºa girizilýär.

2.  Ahal  - häzirki döwürde Türkmenistanyò bäº welaýatynyò biriniò ady.

Ahal welaýatynyò umumy meýdany 95,4 müò inedördül kilometre barabar bolup, ol Türkmenistanyò umumy meýdanynyò ýüzden 19,91 bölegini tutýar. Ol günbatarda Balkan, demirgazykda Daºoguz, gündogarda Mary welaýatlary, günortada bolsa Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleºýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy özüniò ²Watandadyr² goºgusynda Ahalyò adyny ²dowar bakyp, ºöwür çekip² gezen ýerleri hökmünde agzaýar:

Dowar bakyp, ºöwür çekip, ygdym Ahal alasynda,
Ata-babam sesin eºtdim Gök gümmürdän halatynda.

(Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy).

 

AKGOÝUNLY [A:kgoýunly] (239, 241) – ser. Akgoýunly türkmenleriò döwleti.

 

AKGOÝUNLY DÖWLETI (239, 240) – ser. Akgoýunly türkmenleriò döwleti.

 

AKGOÝUNLYLAR (239, 240) – ser. Akgoýunly türkmenleriò döwleti.

 

AKGOÝUNLYLAR DÖWLETI (292) – ser. Akgoýunly türkmenleriò döwleti.

 

AKGOÝUNLY TÜRKMENLER (44, 139, 237, 239) – ser. Akgoýunly türkmenleriò döwleti.

 

AKGOÝUNLY TÜRKMENLERIÒ DÖWLETI (239, 240) – Türkmenistandan günbatar ýurtlara çekilen türkmen taýpalarynyò birleºigi tarapyndan Kiçi Aziýada XIV asyryò ikinji ýarymynda düýbi tutulan kuwwatly döwlet (1350-1502). Bu birleºige baýyndyr türkmenleriniò baºtutanlygynda düker, baýat, çepni ýaly uly türkmen taýpalary giripdir. Bularyò baýdagynda ak goýnuò ºekiliniò bolandygy üçin, birleºige Akgoýunly ady berilýär. 

Akgoýunly türkmenleriò döwletiniò binýadyny tutan Gara Ýülük Osman beg bolsa-da, bu döwletiò doly aýaga galmagy we gurplanmagy Gara Ýülügiò agtygy Uzyn Hasanyò (1453-1478) ady bilen baglanyºyklydyr. Ol 1457-nji ýylda Garagoýunly türkmen döwletiniò hökümdary Jahanºany ýeòip, Horasan, Bagdat, ªiraz, Yspyhan, Häzirbegjan, Ermenistan ýaly ençeme ülkeleri öz döwletine tabyn edýär. Akgoýunly türkmen döwletiniò paýtagty Töwriz ºäheri bolupdyr.

Akgoýunly türkmen döwletiniò synmagyna içki agzalalyklar sebäp bolýar.

 

ALTYNDEPE (9, 210, 211, 246, 291) - Kaka etrabynyò Mäne obasyndan 4 kilometr gündogarda ýerleºýän gadymy gala. ªu sebitdäki Ýylgynlydepe we Namazgadepe ýaly gaty irki galalar bilen birlikde Altyndepe diòe bir Türkmenistanda däl, tutuº Merkezi Aziýada hem gadymylygy babatda deòi-taýy bolmadyk arheologik ýadygärlik hasaplanýar. Galanyò häzirki tutýan umumy meýdany 46 gektara barabar bolup, belentligi hem 22 metre ýetýär. Bu galada geçen asyryò dürli ýyllarynda türkmen we rus arheologlarynyò ençeme topary iºläp, baryp Oguz han Türkmen eýýamyndan galan köp sanly gymmatly tapyndylaryò üstüni açdylar. Mukaddes Ruhnamada agzalýan “Altyndepeden tapylan, ýaºy bäº ýarym müò, alty müò ýyl bolan öküziò altyndan guýlan ºekili” (246 s.) ºeýle tapyndylaryò biridir. Bu sene Altyndepeden tapylan tapyndylaryò radiokarbon usuly bilen geçirilen barlaglary arkaly tassyklandy.

Köp ýyllap Altyndepede gazuw-agtaryº iºlerini geçiren akademik W. M. Masson bu ºäherde gadymy Hindi we Harappa medeniýetleri (siwilizasiýalary) bilen bir hörpden gopýan we dünýä medeniýetine önjeýli goºant goºan medeniýetiò bolandygyny tassyklaýar. ªeýle ösen medeniýete eýe bolan bu ülke bürünç eýýamynyò örküjinde (b. e. öòki II müòýyllygyò ortalarynda, takmynan 3,5 müò ýyl öò) kem-kemden pese gaçyp, näbelli sebäplere görä öz ýaºaýºyny bes edýär.

 

AMUL [A:mu:l] I (150, 172, 221) - Türkmenabat (öòki Çärjew) ºäheriniò günorta eteginde saklanyp galan gadymy ºäheriò galyndylary. Jeýhunyò orta akymyndaky Kelif, Zemm (Atamyrat), Nawidah (Kerkiçe) we Farap atly irki dört ºäher bilen birlikde Amul ºäheriniò döräp, ösen ºäher derejesine ýetmegi olaryò amatly gämi duralgalarynyò deòinde, ºeýle hem köne kerwen ýollarynyò ugrunda ýerleºendigi sebäplidir. Buharadan Mara gidýän Beýik Ýüpek ýolunyò we Köneürgençden Atamyrada we ondan aòryk Owganystana, Hindistana barýan gadymy kerwen ýollarynyò çatrygynda ýerleºen Amul I-IV asyrlarda gülläp ösen ºähere öwrülipdir. ªol döwürde Amul ºähristanynyò daº-töweregi (rabady) berk diwar bilen gurºalyp, onuò meýdany 150-175 gektara deò bolupdyr. 1220-nji ýylda Amul ºäheri Çingiz hanyò basybalyjy leºgerleri tarapyndan düýp-teýkary bilen ýumrulýar, ilaty gyrylýar, medeni ojaklary ýok edilýär. Bu pajygaly wakanyò ülkä ýetiren uly zyýany hakda mukaddes Ruhnamada ºeýle jümmeler bar: “Wah, lagnat siòmiº Çingiz hanyò wagºy ordasy bolmadyk bolsa, taryhyò bu apaty pajarlap oturan ýüz müòlerçe ilatly Köneürgenjiò, Maru-ºahu-jahanyò, ªährislamyò, Abywerdiò, Amulyò, Zemmiò, Dehistanyò, ºäher-kentlerini boýnuna göwher monjuk ýaly düzüp oturan Oguzboýunyò (Uzboýuò) üstünden sowa geçen bolsa, müòlerçe kitaply kitaphanalar – “Ylym öýleri” ýakylyp-ýandyrylmadyk bolsa, häzir Türkmenistan dünýäniò ykdysady, syýasy, medeni, ylmy mertebesini göterip barýan kuwwatly döwlet bolardy” (150-151 s.)

ªu harby-syýasy sarsgyndan esli wagt soò Amul ºäheri ýaòadan janlanýar. Onuò bu täze ösüºi Amul diýen gadymy adynyò Çärjew diýen at bilen çalºyrylandan (XVI asyrdan baºlap) soòky döwre degiºlidir. Häzir bu ºäheriò harabalary dörtburç depe görnüºinde bolup, onuò tutýan meýdany 9 gektara, belentligi hem 20-24 metre barabardyr.

 

AMUL [A:mul] II (387) - Eýranyò Mazendaran ustanynyò (welaýatynyò) çäginde, Hazar deòziniò kenarynda ýerleºýän gadymy ºäherleriò biri.

 

AMYDERÝA [A:myderýa:] (83, 162, 380) - Türkmenistanda hem-de bütin Merkezi Aziýada iò uly derýalaryò biri. Owganystanyò Hindiguº daglaryndan gözbaº alýan bu derýa ýokary akymynda – Wahanderýa ady bilen, Pamir derýasy bilen goºulyºandan soòra – Penj derýasy ady bilen, Wahº derýasynyò guýýan ýerinden aºakda bolsa Amyderýa diýen at bilen bellidir. Derýanyò uzynlygy dürli çeºmelerde her hili berilýär. Oksu goºandyndan alynsa, 2475 kilometr, Wahº goºandyndan alsaò, 2620 kilometr bolýar. Onuò suw akymyny döredýän, suw ýygnanýan meýdany 227 müò inedördül kilometre barabar. Atamyrat ºäheriniò ýanyndan her ýyl Amyderýadan ortaça 63 kub kilometre barabar suw akyp geçýär.

Geçmiºde bu derýanyò uzaboýuna degiºli ýeke-täk ady bolman, onuò her bölegi kenarynda ýerleºen ºäherleriò we halklaryò atlaryny göteripdir. Taryhda onuò 20-ä golaý ady bellidir: Balh derýasy, Termez derýasy, Kelif derýasy, Zemm derýasy, Ürgenç (Köneürgenç) derýasy, Oguz we º. m. Dürli dillerde ýazylan taryhy çeºmelerde-de derýanyò aýry-aýry atlaryna duº gelinýär. Meselem, Hytaý çeºmelerinde Güýºüý, Potszu, grek alymlarynyò iºlerinde Oks, Oksus (Oguz diýen adyò biraz üýtgedilen görnüºi), araplarda Jeýhun (Gihon – behiºtdäki dört derýanyò birisiniò ady), pehlewi dilinde Wehrod (Wahºrud) we º. m.

Mukaddes Ruhnamada Amyderýanyò Jeýhun we Oguz derýasy ýaly atlary hem agzalýar.

 

ANADOLY [Anado:ly] (136, 228, 230, 231, 235, 236, 238, 240, 241, 242) - IV-V asyrlardan tä Osman nesilºalygy berkarar bolýança, tutuº Kiçi Aziýanyò, ýurduò Osman türkmenleriniò soltanlygy döwründe Türkiýäniò günbataryndaky iliò (merkezi Kütahýe), 1920-nji ýyldan soòra Aziýa böleginiò ady.

 

ANADOLYDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI [Anado:lyda:ky Selju:k…](228) - Merkezi Aziýadan Anadoly topraklaryna aralaºan seljuk türkmenleri tarapyndan gurlan döwlet (1075–1308). Bütin Anadolyny türkmen ýurduna öwürmekde, oguz türkmenleriniò  Merkezi Aziýadan getiren däp-dessurlaryny bu ülkä ýaýratmakda we ösdürmekde, türkmen dilini döwlet diline öwürmekde, ýurduò maddy we medeni derejesini ýokary götermekde, umuman, tutuº Anadolynyò Kiçi Aziýadaky Türkmenistan diýip atlandyrylmagynda uly iºler bitiren hökümdarlykdyr.

 

ANHALWAR [Anhalwa:r] (140) - orta asyrlarda Hindistanyò degiºli bolan Güjerat ºtatynda gadymy gala, ir wagtlarda ºtatyò merkezi bolan ºäher.

 

ANTAKYÝA [Anta:kyýa] (230) - Türkiýäniò günorta-gündogarynda ºäher, Hataý diýen iliò merkezi. Siriýanyò ilkinji patyºasy, Selewkiler nesilºalygynyò düýbüni tutan Selewk Birinji Nikator b.e. öòki 300-nji ýylda öz paýtagty üçin ºu ýeri – Oronta derýasynyò Akdeòze (Ortaýer deòzine) guýýan agzyndan 10 kilometrlikdäki çep kenary saýlap alýar we ºäheriò binýadyny goýýar. Ol bu ºähere öz atasynyò  hatyrasyna Antiohiýa diýip at dakýar.        540-njy ýylda bu ºäheri Eýran ºasy Beýik Hosraw basyp alýar we ýumurýar. ªäher täzeden dikeldilýär. Ol ençeme gezek elden-ele geçýär. 1270-nji ýylda Müsür patyºasy Beýbars  ºäheri düýpli berbat edýär. 1516-njy ýylda Antiohiýany türkmenler eýeläp, onuò adyny Antakyýa diýip häzirki görnüºine getirýärler.

 

ARABYSTAN [Arabysta:n] (61, 241, 243) - üç tarapy suw (gündogary - Pars aýlagy, günortasy - Hindi ummany, günbatary hem Gyzyl deòiz) bilen gurºalan bu uly ýarym adanyò esasy ilaty bolan araplar oòa Jeziret el-arab (“Arap adasy”) diýýärler.

Millionlarça  ilatly bu ýarym ada ençeme arap döwletlerini öz çägine alýar.

 

ARTYKLYLAR DÖWLETI (237) - Türkiýanyò Aziýa böleginde   (Kaýfda we Mardinde) seljuk türkmenleri tarapyndan 1101-nji ýylda gurlan döwlet (1101 – 1409). Anadolynyò türkmenleºmegine uly goºant goºan bu hökümdarlygyò binýadyny tutanlar soltan Alp Arslanyò meºhur serkerdesi Artyk begiò ogullary Sukman bilen Ilgazydyr. Garagoýunly türkmen döwleti 1409-njy ýylda  Artyklylar döwletiniò paýtagty Mardini eýeläp, ony öz döwletine goºýar.

 

ARY JÜLGESI [A:ry …] (210) - Tejen jülgesiniò b. e. öòki taryhy ady. Ary (rus çeºmelerinde Ariý) diýen uly etnik toparyò haýsy halkyò ata-babasydygy we ata watany häzire çenli doly anyklanmadyk bolsa-da, onuò Merkezi Aziýa, hususan-da Türkmenistan bilen baglanyºyklydygy ºübhesizdir. Arheologlar W. I. Sarianidi Marguºda (Maryda), I. N. Hlopin Sumbarda gazuw-agtaryº iºlerini geçirip, arylaryò gadymy mesgeniniò ºu ülkelerdigini tassykladylar. Alymlar ary diýen halk ýa-da taýpa adynyò “arassa, arlyk, arçamak, artmak” ýaly türkmen sözleri bilen kökdeºdigini belleýärler.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy mukaddes Ruhnamada: “Är sözüniò asly ary sözünden gelip çykýar” (198 ) diýip düºündirýär.

 

ASTRABAT [Astraba:t] (242, 294) - Eýranyò demirgazygynda, Hazar deòziniò kenarynda gadymy welaýat we onuò merkezi ºäheri (häzirki ady --Gürgen). Astrabatda irki döwürlerden bäri türkmenleriò hem ýaºaýanlygy üçin onuò ady nusgawy edebiýatymyzyò eserlerinde köp duºýar:

Menzilim, mesgenim, ýurdum, watanym,
Astrabat,  Mazendaran,  gal  indi!
    (Seýdi).

Amatly ýerde ýerleºendigi üçin, Astrabat geçmiºde dürli hökümdarlaryò üns merkezinde bolupdyr. Meýletin boýun egmänligi sebäpli, ony Teýmir 1384-nji ýylda ýumrupdyr. Sefewi türkmenleriniò döwletiniò hökümdary Abbas I (1587-1628) bu ºäherde özüne kaºaò köºk gurdurypdyr. Gajar türkmenleriniò hökümdarlary Astrabady öz paýtagtyna öwrüpdirler.

Tutuº Eýranyò gury ýer ýoluny Hazaryò suw ýoluna sapmak üçin bu ºähere 1930-njy ýylda Tährandan demir ýol çekilip, onuò Gürgen derýasynyò ady bilen çalºyrylýar. Häzir Gürgen Gülüstan welaýatynyò merkezi ºäheridir.

 

AªGABAT [Aºgaba:t] (1, 31, 33, 35, 36, 38, 41, 42, 73, 253, 406, 408) - Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistanyò paýtagty. ªäher 1919-njy ýyla çenli Ashabat, 1919-1927-nji ýyllarda Poltorask diýlip atlandyryldy. 1927-nji ýylda ºähere Aºgabat ady gaýtarylyp berildi. 1995-nji ýylyò ilat ýazuwyna görä ,Aºgabatda ýarym milliondan gowrak ilat ýaºap, ol ýüzden gowrak milletiò we halkyýetiò wekillerinden ybaratdyr. Ilatynyò aglabasy türkmenlerdir.

Taryhçylaryò maglumatlaryna görä, Aºgabadyò taryhy gadymy döwürlere ulaºyp gidýär. Käbir döwürlerde onuò ykbaly heläkçilikli ýagdaýa uçrapdy. 1948-nji ýylyò 6-njy oktýabry ºäheriò taryhyny ýer yranmasyndan ozalky hem-de soòky döwre böldi. Ýer bilen ýegsan bolan ºäheri durºuna täzeden gurmaly bolupdy. Weýran bolan jemgyýetçilik desgalaryny 1950-nji ýyllarda gaýtadan döretmek baºardýar. Olaryò köpüsiniò Türkmenistanyò Garaºsyzlyk ýyllarynda düýpli abatlanyp, ak mermer bilen “geýindirilendigini” ýatlap geçmelidir.

Aºgabadyò tutuº keºbiniò täze görke eýe bolmagy Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy bilen baglanyºyklydyr. Mähriban Serdarymyzyò gös-göni ýolbaºçylygynda ºäheri ösdürmegiò baº ugry hem-de 2020-nji ýyla çenli paýtagty täzeden gurmagyò baº meýilnamasy iºlenip taýýarlandy. Aºgabady dünýäniò iò owadan ºäherleriniò birine öwürmek barada Beýik Serdarymyzyò binaçylaryò öòünde anyk maksatlary goýandygy üçin, eýýäm köp iº bitirilendigine onuò häzirki gözel keºbini synlap gören her bir adam doly göz ýetirer.

 

AªGURAN [Aºgura:n] (128) - Eýranyò Pars ülkesinde (Parsystanda) gadymy gala, berkitme. Parslar oòa Eºkenwan hem diýýärler. Ruhnamanyò türkçe neºirinde-de galanyò adynyò Eºkenwan diýen görnüºi ulanylypdyr.

 

ATAIL [Atai:l] (211, 218) - Wolga derýasynyò türkmençe ady. Irki eýýamlarda bu derýany Ra, orta asyrlarda Atil (Edil, Itil) ýaly atlandyrypdyrlar. Uzynlygy 3690 kilometr, hanasynyò (basseýniniò) meýdany 1380 müò inedördül kilometr bolan bu derýa ululygy boýunça Ýewropada birinji, dünýäde hem 16-njy orny eýeleýär.

 

AÝBÖWÜR [A:ýböwür] (246) - Daºoguz welaýatynyò Saparmyrat Türkmenbaºy etrabyna degiºli bolan, etrap merkezinden 55 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleºýän oba geòeºligi. Ilki dolmadyk Aý görnüºinde öwrüm berip duran gyryò eteginde (böwründe) ýerleºen kiçiräk oba soòra barha ulalyp, “Aýböwür”, “Parahat”, “Bugdaýly”, “Goºahowly”, “Türkmenistan”, “Ýeòiº”, Magtymguly ýaly ençeme daýhan birleºiklerini öz içine alýan uly oba geòeºligine öwrülýär.

 

AZERBAÝJAN [A:zerba:ýja:n] (243) - demirgazykda Russiýa Federasiýasy, demirgazyk-günbatarda Gruziýa, günorta-günbatarda Ermenistan, Türkiýe we Eýran, gündogarda Hazar deòzi arkaly ýurdumyz bilen araçäkleºýän döwlet (paýtagty Baku). Mundan baºga-da Eýranyò çäklerinde hem welaýatlar bar: gündogar Azerbaýjan (merkezi -- Töwriz), günbatar Azerbaýjan (merkezi -- Rumiýe).

Mukaddes Ruhnamada, onuò ady türkmen dessanlarynda, nusgawy edebiýatda bolºy ýaly,” Häzirbegjan” görnüºinde-de ulanylýar.

Ilatynyò esasy bölegini oguz taýpalarynyò hasyl edýänligi üçin, bu ile geçmiºde “türkmen ili” hem diýlipdir. Ilaty türkmenler, türkler, gajarlar, gyzylbaºlar bolupdyr.”Granatyò ensiklopedik sözlüginde” Azerbaýjanyò ilatynyò esasy bölegini türkmenleriò we kürtleriò düzýänligi bellenýär. Parfiýa ºalygynyò gülläp ösen döwründe Azerbaýjan ºol imperiýanyò garamagynda bolýar.

 

AZIÝA [A:ziýa] (59, 158, 209) - Ýewraziýa materiginiò bir bölegi bolup, Ýer togalagynda bütin gury ýeriò ýüzden otuz bölegine golaýyny eýeleýär. Onuò tutýan meýdany Kawkazy hem goºanyòda, 43,4 mln. inedördül kilometre barabardyr.

Adamzadyò sallançagy (ilkinji döräp, kemala gelen ýeri) hasaplanýan Aziýanyò ady “asy” (gündogar) sözünden bolup, ilki ol Egeý deòziniò gündogar kenaryny aòladypdyr. B. e. öòki 133-nji ýylda bu kenar Rim imperiýasy tarapyndan basylyp alnandan soò, grekler “Aziýa” diýen ady Kiçi Aziýanyò tutuº gündogar bölegine ýaýradypdyrlar.

 

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)