Ä

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


ÄNEW [Ä:new] (9, 178, 211) – Aºgabat ºäheriniò gündogar etegindäki ºäherçe, Ahal welaýatynyò merkezi.

Mukaddes Ruhnamada Änewiò ady türkmen halkynyò bäº müò ýyllyk taryhynda dünýä gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goºant goºup, öz topragynda döreden 70-den gowrak döwletiniò käbiriniò sanawynda (9 s.), bäº müò ýyl mundan ozal türkmen topragynda ýetiºdirilen ak bugdaýyò tohumynyò tapylan düzlügi – Watany (178 s.), ºeýle hem gadymy gala (211 s.) hökmünde agzalýar.

1904-nji ýylda Änewdäki iki sany adaty depede amerikaly arheolog R. Pampelliniò we nemes alymy Gubert ªmidtiò geçiren gazuw-agtaryº iºleri we ºol gözlegleriò 1908-nji ýylda Amerikada çap edilen netijeleri Günorta Türkmenistanda mundan alty-ýedi müò ýyl öòem gadymy ekerançylygyò has ösendigini, hatda ºol eýýamda-da bu toprakda türkmen ak bugdaýynyò ekilendigini ýüze çykardy.

Änew ºäherçesiniò ýakynynda meýdany 7 gektar bolan gadymy gala bar, alymlar ony Parfiýa döwründäki Gatar ºäheriniò galyndysy hasaplaýarlar. Galanyò görnükli ýadygärligi bolan Seýitjemaleddin metjidi, alymlaryò pikirine görä, XV asyrda gurlupdyr. Onuò galyndylary 1948-nji ýylyò ýertitremesinde weýran bolýar.

Metjidiò öò ýüzüne reòkli syrçalar bilen çekilen nagyºlar, keºdeler, ºol sanda iki sany aždarhanyò suraty bu metjidiò binagärlik sungatyny sebitde uly meºhurlyga eýe edipdi.

XIX asyr türkmen ºahyry Dosmämmediò döredijiliginde Änewiò ady, taryhy bilen baglanyºykly setirler köp gabat gelýär:

Dosmuhammet, köòlüm senden üzülmez,  
Taryhda ýazylmyº – Änew bozulmaz... 
           (Dosmämmet).

 

Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy özüniò «Ak bugdaý» goºgusynda Änewiò adyny elli asyr (bäº müò ýyl) mundan öò bereketli ak bugdaý hasylyny beren toprak hökmünde buýsançly agzaýar:

Elli asyr ulus-ile soltansyò,  
Änew topragynda biten ak bugdaý.


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)