B

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


BAGABAT [Ba:ga:ba:t] (210) – Oguz han türkmen eýyamyna degiºli, ýüzünde ok-ýaý alamatlary bolan, tapyndylar tapylan gadymy mekanlaryò biri. Ol Aºgabat ºäheriniò 12 kilometr gündogarynda ýerleºip, Änew galalarynyò eneolit eýýamyna (b.e. öòki V-III müòýyllyklara) degiºli böleginden biraz soòrak gurlan gündogarky galasynyò adydyr. Bu gala, alymlaryò pikiriçe, Parfiýa ºalygy eýýamynda Gatar, Çingiz hanyò çozuºyndan soòra Bagabat diýen at bilen belli bolupdyr. Galanyò häzirki tutýan meýdany 7 gertar çemesi bolup, ol geçmiºde berk diwar, töweregi hem suw goýberer ýaly çuò garym bilen gurºalypdyr.

Galada sudury saklanyp galan sardaba we 1948-nji ýylyò ýer titremesinde ýumrulan Änew (Seýitjamaleddin) metjidi taryhy ýadygärliklerdir.

 

BAGDAT [Bagda:t] (113, 119, 123, 140, 231, 237, 240) – Yrak döwletiniò paýtagty. 762-nji ýylda Tigr derýasynyò iki kenarynda düýbi tutulan bu ºähere ilki Medinet - es- salam (²salamatlyk, rahatlyk ºäheri²) diýlen at berlip, soòra ol “Bagdat” sözi bilen çalºyrylýar. Mukaddes Ruhnamada ýazylyºyna görä, Yrakdaky türkmenler ²Bagdat ºäheriniò binýat edilmeginde hem ähmiýetli orny eýeleýärler, ol ýerde seljuk türkmenleriniò döwletiniò döredilmegi bilen bitewileºen medeniýete eýe bolýarlar² (231). 1055-nji ýylda Bagdady seljuk türkmen hökümdary Togrul beg eýeleýär.

1258-nji ýylda ºäheri Çingiz hanyò basybalyjy leºgerleriniò serkerdesi Hulagu tozdurýar. 1401-1405-nji ýyllarda ol iki gezek agsak Teýmiriò hem eline geçýär. Bagdat 1410-1467-nji ýyllarda Garagoýunly, 1467-1508-nji ýyllarda hem Akgoýunly türkmen soltanlarynyò garamagynda bolýar. Ondan soòky döwürlerde-de ºäher elden-ele geçýär. 1508-nji ýylda ony Sefewi türkmenleriniò hökümdarlygy, 1534-nji ýylda Osman türkmenleriniò döwleti, 1623-nji ýýlda ýene-de Sefewi türkmenleriniò hökümdarlygy, 1638-nji ýylda ýene Osman türkmenleriniò döwleti eýeleýär. Birinji jahan urºunda Bagdady iòlisler basyp alýar. Uruºdan soòra ol Yragyò paýtagty, ýöne iòlisleriò mandaty astyndaky ºäher diýlip yglan edilýär.

Bagdat orta asyrlarda diòe bir Aziýada däl, eýsem dünýäde ylmyò we medeniýetiò wajyp merkezi, Gündogaryò görnükli akyldarlarynyò ýygnanan ýeri hasaplanypdyr.

Türkmen dessanlarynda, nusgawy edebiýatda Bagdat ºäheriniò ady ýygy-ýygydan gabat gelýär:

Bagdatda gyº bolmaz, Gyrgyzda-- tomus,
Bulgaryò ºäherniò ýassysy bolmaz.
      (Magtymguly).

 

BAGYR [Ba:gyr] (36) – Aºgabat ºäheriniò günbatar eteginde, Köne we Täze Nusaý galalarynyò alkymynda ýerleºýän uly oba. Ruhabat etrabyna degiºli bolan bu obanyò ,esasan, ekerançylyk, miweçilik, gök-bakja önümlerini öndürmek bilen meºgullanýan daýhan hojalygy bar.

 

BAHMANY (238) – Demirgazyk Hindistanda we onuò bilen galtaºýan häzirki Päkistanyò çäklerinde Dekkanda gurlan orta asyr döwleti. Bu döwletiò serdary Mahmyt ºa bolup, ol ºu sebitde höküm süren Kutubºa türkmenleriniò döwletiniò soltanlary bilen ýakyn aragatnaºyk saklapdyr.

 

BALH (113, 211, 223, 224) – Demirgazyk Owganystanda welaýat (onuò häzirki merkezi -- Mazaryºerif) we ºäher. Buhara hanlygynyò tagt mirasçysynyò (weziriniò) karargähi bolany üçin, bu ºähere Wezirabat hem diýlipdir. Merkezi Aziýanyò gadymy döwletleriniò biri hasaplanýan Baktriýa (Baktriana) ºalygynyò düýp mekany ºu welaýatda ýerleºip, onuò paýtagty Baktra ºäheri bolupdyr. Zaratuºtra dininiò kitaby bolan ²Awestanyò² mundan 3000 ýyl çemesi öò ýazylan bölümlerinde Baktriýanyò ady Bahti görnüºinde duº gelýär. Soòky çeºmelerde bu adyò Balh görnüºi has ýörgünli. B. e. öòki VI asyrda Baktriýa özbaºdaklygyny ýitirip, ilki gadymy Midiýanyò, soòra Ahemeni döwletiniò düzümine girizilýär, ºol eýýamyò IV asyrynda ony Isgender Zülkarneýin, IV asyryò ahyrynda Selewkli ºalar basyp alýar; III-II asyrlarda ol Grek-Baktriýa, soòra birnäçe wagtlap Kuºan ºalyklarynyò merkezine öwrülýär. Miladynyò I asyrynda Balhyò meýdany giòeldilip, daºyna 85 kilometre barabar uzynlygy bolan berk diwar aýlanýar. Bu ºäher VII-X asyrlarda araplaryò, XI-XII asyrlarda gaznaly türkmenleriò, seljuk türkmenleriniò, gurly türkmenleriò soltanlarynyò garamagynda hem bolupdyr. XV-XVI asyrlaryò sepiºiginde Balh welaýatyna Soltansöýün Baýgaranyò ogly Bady-uz-Zaman häkimlik edipdir. Ir eýýamlarda Balh sebitleri oguz türkmenleriniò köp ýygnanan mesgeni bolupdyr, häzir hem bu ºäheriò töwereginde türkmenler ýaºaýar.

BALKAN (157,172,274)—1. Günbatar Türkmenistanda iki dagyò (Uly Balkan we Kiçi Balkan) umumy ady.

Seljuk türkmenleriniò günbatara ýöriºi döwründe Kiçi Aziýanyò daglyk ülkelerine (bolgarça Stara Planina, grekçe Hemus diýen dagyò etegine) göçüp baran türkmenler ºol daglaryò özleri üçin düºnüksiz atlaryny öòki öwreniºen milli atlary (Balkan) bilen çalºyrypdyrlar (W. W. Bartold). ªeýlelikde, dünýäde Balkan diýen iki sany dag ady emele gelýär. Soòky dagyò ady Ýewropanyò günortasyndaky uly ýarym adanyò ady hökmünde-de ulanylmaga baºlaýar. Ýewropa alymlary, köplenç hem rus ýer ölçeýjileri tarapyndan Türkmenistandaky Balkanyò ady biraz üýtgedilip, ol Balhan, Balhany görnüºinde ulanyldy.

2. (157, 172, 188, 221) – türkmen halkynyò iòòän gadymy watany bolan Uly we Kiçi Balkan sebitleriniò tutuº ady. Oòa ºu ýerdäki daglaryò umumy ady geçipdir.     

3. Balkan  - häzirki döwürde Türkmenistanyò bäº welaýatynyò biriniò ady.

Türkmenistanyò günbatarynda ýerleºýän Balkan welaýatynyò meýdany 138,5 müò inedördül kilometre barabar bolup, ýurdumyzyò umumy meýdanynyò ýüzden 28,4 bölegini tutýar.

Ol günbatarda Hazar deòziniò üsti bilen Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, demirgazykda  Gazagystan, Özbegistan, günortada  Eýran bilen, gündogarda  Ahal welaýaty, demirgazyk-gündogarda Daºoguz welaýaty bilen araçäkleºýär.

 

BAMYÝAN [Ba:myýa:n] (143) – Owganystanyò merkezi böleginde welaýat we onuò merkezi ºäheri. ªäher b. e. I asyrynda döräp, VII asyra çenli butparazlaryò dini merkezi hasaplanypdyr. Onuò golaýyndaky dag gaýalarynda köwlüp bejerilen budda ybadathanasy bolup, ol 2000-den hem gowrak jaýlardan ybaratdyr.

Gaznaly türkmenleriò döwründe, ondan esli öò we soò hem Bamyýan sebitleri türkmenleriò köpçülikleýin ýaºaýan mesgeni bolupdyr.

 

BARLYK (218) – Häzirki Tywa Awtonom Respublikasy bilen Mongoliýanyò aralygyndaky daglardan gözbaº alýan kiçiräk derýa, çaý. Ol Ýeniseýe guýýan Hemçik derýasynyò sag goºandydyr. Gadymy göktürkmenleriò ýaýlasy bolan bu sebitde häzir Gyzyl, Turan, ªagonar, Akdowurak ýaly ºäherler bar.

 

BASRA (129) – Yragyò günorta-gündogarynda welaýat (muhafaza) we onuò merkezi ºäheri. Bu ºäher ªatt – el - arap derýasynyò orta akymynda ýerleºip, ösen senagata we iri kärhanalara eýedir. ªäher hökmünde Basranyò düýbi 635-nji ýylda tutulýar. Ondan öò Ýewfrat we Tigr derýalarynyò goºulyºyp, Pars aýlagyna guýýan çägindäki çalpawlykda, ºorlukda ýerleºen bu yere Assiriýa halky Nar-Marrati (²ajy, ºor suw²) diýip at berýän eken.

 

BEG HÖKÜMDAR TÜRKMENLERI [... hökümda:r ...] (122) – Zeòòi türkmenleriniò atabegligini döreden Ymamdeddin Zeòòiniò harby serkerdelerinden biri bolan Zeýneddin Aly Kuçuk Beg (Begtegin - Beg hökümdar) tarapyndan esaslandyrylan we ºonuò ady bilen baglanyºykly beglik. Begligiò merkezi ºaheriniò ady bilen baglanyºykly onuò hökümdarlaryna „Arbel türkmen atabegleri,  Arbel atabegleri” hem diýipdirler.

 

BEÝIK BRITANIÝA [... Brita:niýa] (61) – „Beýik Britaniýanyò we Demirgazyk Irlandiýanyò Birleºen Korollygy” diýen uzyn adyò bitewileºdirilen görnüºi. Il içinde bu kuwwatly döwletiò „Angliýa” diýen ady hem ýörgünlidir (aslynda Angliýa Beýik Britaniýanyò uly bir bölegini, esasy özenini düzýär). Britan adalarynda ýerleºen bu adanyò  - döwletiò tutýan meýdany --244 müò inedördül kilometr. Beýik Britaniýa senagat, harby kuwwatlylyk, baýlyk, medeniýet, ylym we beýleki babatlarda dünýäniò iò ösen ýurtlarynyò biridir.

 

BEÝIK HUN DÖWLETI [... Hu:n ...] (213, 214) – b. e. öò  IV-III asyrlarda Merkezi Aziýada oguz türkmenleri tarapyndan düýbi tutulyp, Oguz han türkmeniò döwleti edara ediº ruhunda dowam eden döwlet.

 

BEÝIK OGUZ-TÜRKMEN DÖWLETI (218) – VIII-IX asyrlarda Oguz döwletiniò ululy-kiçili hanlyklara bölünip dowam eden görnüºi. Arap hem Çyn-Maçyn taryhy çeºmelerinde bu döwletiò adyna ²beýik² manysyndaky ²ýabgu, ýabgy² sözleriniò goºulyp, onuò döwletiò uly hanlyk derejesini bildirýändigi mukaddes Ruhnamada düºündirilýär.

 

BEÝIK SELJUK TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI [... Selju:k ...] (225) – 1040-1194-nji ýyllar aralygynda hökmürowan bolan bu uly imperiýanyò düýbüni Seljuk serkerdäniò agtyklary Muhammet Togrul beg bilen Dawut Çagry beg tutýar. 1040-njy ýýlda Daòdanakan söweºindäki meºhur ýeòiº seljuklaryò Beýik Seljuk-türkmen döwletiniò binýadyny goýmagyny kepillendirýär. ²Söweºden soò Maryda bolan uly türkmen gurultaýynda döwlet yglan edilip, oòa Togrul beg hökümdar, Çagry beg serkerde hökmünde bellenýär². Soòra Beýik Seljuk-türkmen döwletiniò çägi barha giòäp, ol Ýewropa – Çyn-Maçyn aralygynda (Merkezi we Kiçi Aziýada, Kawkazda, arap ýurtlarynda, Günorta Hindistanda) hökmürowan döwlet bolýar we tutuº yslam dünýäsiniò ähli jogapkärçiligini öz üstüne alýar, ºeýle-de türkmen döwletini dünýäniò ösen ýurtlarynyò derejesine çykarýar. Seljuklar orta we giçki orta asyrlarda ady tutulan sebitlerde onlarça hanlyk-beglikleri hem-de ululy-kiçili türkmen döwletlerini guran eždatlarymyzdyr.

 

BÄHERDEN (178) – Köpetdagyò eteginde, häzirki Ahal welaýatynda ýerleºýän etrap we onuò merkezi ºäherçesi. Mukaddes Ruhnamada belleniºine görä, Bäherden sebitleri irki ata-babalarymyz bolan oguzlaryò ýazlagy bolup hyzmat edipdir.

Häzirki döwürde Bäherden ýurdumyzda dynç almaga, kesel bejermäge ýaramly ýerlere iò baý etrapdyr. Etrapda Arçman ºypahanasy, Durun bejeriº merkezi ýerleºýär. Syýahatçylar üçin täsin ýerleri bar.

Köwata gowagy (dagyò aºagyndaky köl), dünýäde belli tebigy täsinlikdir.

 

BISTAM [Bista:m] (391) – Demirgazyk Eýranda, ªahrud ºäherinden 6 kilometr uzaklykda ýerleºýän gadymy gala, ºäher, irki orta asyrlardan türkmenleriò kowçum bolup ýaºan mekany. Ady taryhy çeºmelerde Bastam, Bestam görnüºlerinde-de duº gelýän bu ºäher Çingiz hanyò leºgerleri tarapyndan ýumrulyp, soòra öòki derejesine ýetip bilmeýär. Dana türkmen sopusy, meºhur pirleriò biri, görnükli ºahyr Baýezit Bistamynyò (776-845) mazary ºu ýerdedir. ªäheriò adyna nusgawy edebiýatymyzyò eserlerinde-de  duº gelýäris:

  Bestam ºäherinde, Rum, Yspyhanda...     (Kätibi).

 

BUHARA (131, 141, 220, 225, 229, 234, 294) – Merkezi Aziýanyò gadymy ºäherleriniò biri, häzir Özbegistanyò Buhara welaýatynyò we onuò merkezi ºaheriniò ady. Buhara” sözüni türkmenler „Buhar” görnüºinde ulanypdyrlar. (²Mugt Buharda ýok², ²Buhar telpek² we º. m.ler.). Iòòän irki eýýamlardan türkmenleriò hem bu ºäherde we onuò töwereklerinde köpçülikleýin ýaºanlygy hem-de ýaºaýanlygy üçin, Buharanyò taryhy türkmenlere-de gönüden-göni dahyllydyr. Mahmyt Kaºgarlynyò ²Diwanynda² (XI asyr) agzalýan halaç we ýiwe (ywa) türkmenleriniò kowçum bolup ýaºaýan obalaryna öòki Soýuzyò çäklerinde diòe Buhara welaýatynda duº gelinýär. „B. e. baºynda bina edilendir” diýlip çaklanýan bu ºäher Samany, ªeýbany ºalyklarynyò, XIV-XX asyrlar aralygynda Buhara emirliginiò, XX asyryò 20-nji ýýllarynda Buhara Halk Sowet Respublikasynyò paýtagty bolýar. Bu ºäherde köp sanly ajaýyp we gadymy ýadygärlikler, köºkler, metjitdir medreseler, ýapyk bazarlar, serhowuzlar saklanyp galypdyr. Bu ýerdäki Gögeldaº medresesinde Magtymguly Pyragy hem okap, bilim alypdyr.

Häzirki döwürde Buhara – iò köp gelim-gidimli muzeý-ºäher.

 

BÜZMEÝIN (36, 73) – Ahal welaýatynda, Köpetdagyò eteginde, Aºgabadyò günbatar golaýynda ýerleºýän ºäher, paýtagtymyzyò hemrasy. Gurluºyk-senagat pudaklary we ýeòil senagat ösdürilen bu ºäherde kuwwatly elektrik stansiýasy bolup, Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy özüniò zähmet ýoluna ºu kärhanadan baºlaýar. Bu elektrik stansiýa mähriban Serdarymyzyò hormatyna onuò adyny göterýär.  


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)