D

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


DAGYSTAN [Da:gysta:n] (241) - Russiýa Federasiýasynyò düzüminde awtonom respublika. Hazar deòziniò günbatar kenarynda ýerleºip, Azerbaýjan, Gruziýa, Stawropol ülkesi, Çeçen, inguº we Galmygystan Awtonom respublikalary bilen serhetleºýän bu köp milletli ýurt daglyk ülkede ýerleºýänligi üçin ºeýle at alypdyr. Paýtagty—Mahaçgala ºäheri. Bu ülkede awar, dargy, lezgi, gumuk, azerbaýjan, tabasaran, çeçen, nogaý, agul, tat ýaly ençeme halk we halkyýetleriò wekilleri ýaºap, bu ýurt bilen türkmen halkynyò gatnaºygy iòòän ir döwürlerden bäri dowam edýär. XI-XIV asyrlarda Dagystan Seljuk türkmen hökümdarlygynyò garamagynda bolýar.

Bu ülkäniò adyna nusgawy ºahyrlarymyzyò goºgularynda we dessanlarymyzda köp duº gelinýär.

Ziri-paý etseòiz Yrak-Yspyhan,
Dagystan haºamy-haýly siziòdir.
    (Magtymguly).

 

DAMASK [Dama:sk] (118, 123) - Siriýanyò paýtagty, iò gadymy ºäherleriò biri. Araplar bu ºäheriò adyny Dimaºk, Dymaºk, Dymºyk görnüºlerinde ulanýarlar. Türkmen nusgawy edebiýatynda hem ºäher gadymy ady bilen ýatlanýar:

ªam, Nejepde, Mekge, Dymºyk ilinde...    (Magtymguly).

Dymºyk bilen ªamda, Gum-u Käºanda...    (Kätibi).

Yslam we hristian medeniýetleriniò wajyp merkezi, Arap we Damask akademiýalarynyò ojagy, gadymy uniwersitetleriò, metjit-medreseleriò, taryhy hem-de medeni ýadygärlikleriò köp saklanan ýeri bolan bu ºäher uzak geçmiºde-de Gündogar ýurtlarynyò taryhynda möhüm orny eýeläpdir. Hut ºonuò üçinem XII asyryò arap taryhçysy ibn Asakir Damask ºäheriniò 80 tomdan ybarat taryhyny ýazypdyr.

Biziò ata-babalarymyz iòòän irki eýamlardan bäri bu ºäher we onuò sebitleri bilen ýygy gatnaºyk edipdirler, hatda, Mukaddes Ruhnamada belleniºi ýaly, Seljuk türkmenleriniò ýöriºlerinden soòra, Böri türkmen atabegleri 1104-1154-nji ýyllar aralygynda bu ºäherde, 1127-1250-nji ýyllarda bolsa tutuº Siriýada we beýleki arap ýurtlarynda öz hökümdarlygyny ýöredipdirler.

 

DAMGAN [Da:mga:n] (391) - Demirgazyk Eýranda gadymy ºäher, häzirki döwürde ºol ºäheriò harabalary ýerleºen uly oba we etrap. Orta asyrlarda seljuk türkmenleriniò ýöriºleri bilen baglanyºykly onuò ady öwran-öwran ýatlanýar. ªäheri Çingiz hanyò leºgerleri tozdurýar. Mukaddes Ruhnamada onuò ady töweregindäki Gürgen, Tabarystan, Dehistan, Bistam ýaly ýer-ýurtlaryò atlary bilen bir hatarda tutulýar.

 

DAÒDANAKAN [Daòda:nakan] (59, 60, 113, 141, 222, 225, 226, 228) - Gadymy Merwden 70, häzirki Marydan 40 kilometr çemesi günbatarda, Aºgabat-Mary garaýolunyò çep tarapynda ýerleºýän orta asyr ºäherçesi, kerwensaraý. Arap çeºmelerinde ilkinji gezek 733-nji ýylda ýatlanýan Daòdanakan orta asyrlarda daºyna gala aýlanan we her burçunda goranyº diòi salnan kiçeòräk ºäherçe bolup, gala diwarynyò içinde hammamlar, iki sany metjit we beýleki dürli binalar, daºynda hem kerwensaraý ýerleºipdir. Taraplaryò uzynlygy 225 x 225 metr bolan gala diwarlarynyò harabalary häzir 5-6 metr belentlikde çil bolup ýatyr. Töwerekdäki meýdanda dagap ýatan daº gap-gaçlaryò jäjekleri we biºen kerpijiò bölekleri Daòdanakanyò geçmiºde uly ºäher bolandygyndan habar berýär.

Daòdanakan ºäheriniò adyny taryha altyn harplar bilen girizen waka 1040-njy ýylyò maý aýynda bolýar. ªol gün Seljuk türkmenleriniò serkerdeleri Togrul beg bilen Çagry begiò goºunlary diòe bir Aziýada däl, eýsem, dünýäde iò bir kuwwatly türkmen döwletiniò soltany Mahmyt Gaznalynyò ogly Masudyò saýlama we san taýdan agdyk goºunyny çym-pytrak edip, Seljuk Türkmen döwletiniò binýadynyò tutulmagyna ak pata alýar. Diýmek, Daòdanakan ºäheri türkmen döwletliliginiò, bir agza bakmagy baºarýanlygynyò  - agzybirliginiò nyºanydyr.

Türkmen iline ºeýle uly abraý getiren, onuò ºan-ºöhratyny arºa göteren Daòdanakan ºäheri soòky asyrlarda taryhyò sahnasyndan düºüp galýar. Ol ilki 1158-nji ýylyò oktýabr-noýabr aýlarynda Horasan goºunlary bilen türkmenleriò çaknyºygynda kem-käsleýin, 1221-nji ýyldaky Çingiz hanyò çozuºlary döwründe bolsa ymykly ýumrulýar, harabalarynyò ornunda kerwensaraý hökmünde täzeden dikeldilen bölegine-de soòra Daòdanakan däl-de, Daºrabat diýen at berlip, ol XVI-XVII asyr taryhy çeºmelerde öwran-öwran ýatlanýar.

Çeºmelerde Dendanakan, Dandanakan ýaly görnüºlerde hem duº gelýär.

 

DAªOGUZ (188, 246) – 1. Demirgazyk Türkmenistanda iri syýasy, ykdysady we medeni ojak. Bu ºäherde Garaºsyzlyk ýyllary içinde himiýa, maºyn-gurluºyk senagat pudaklary has çalt depgin bilen ösdürilip baºlandy. 1924-nji ýylda ºäher hukugyna eýe bolan bu ºähere öò Daºhowuz diýlen bolsa, oòa taryhda daºky oguzlaryò ýaºan ýeri manysynda dörän asyl ady gaýtarylyp berlip, 1999-njy ýylda Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Permany bilen Daºoguz diýen resmi at dakyldy.

2. Daºoguz  - häzirki döwürde Türkmenistanyò bäº welaýatynyò biriniò ady. Daºoguz welaýatynyò umumy maýdany 73,4 inedördül kilometr bolup, ol ýurdumyzyò ýüzden 14,9 bölegini tutýar. Bu welaýat ýurdumyzyò iò demirgazyk böleginde ýerleºip, ol gündogarda, demirgazyk-gündogarda – Özbegistan bilen, günorta-günbatarda – Balkan welaýaty, günortada – Ahal welaýaty we Günorta-gündogarda – Lebap welaýaty bilen araçäkleºýär.

 

DEHISTAN [Dehista:n] (150, 172, 226, 389, 391) - Etrek derýasynyò aºak akymlaryny öz içine alýan sebit; Balkan welaýatynyò Etrek etrabynda, Madaw obasynyò 22 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleºýän ºähristanlyk; geçmiºde  gadymy welaýat we onuò adybir merkezi.

Dehistan çeºmelerde, ºeýle hem halk arasynda Maºat-Misserian diýen at bilen hem meºhurdyr.

Bu sebitlerde gadymy ekerançylyk ýerleri 400 müò gektara ýakyn meýdany tutupdyr.

Orta asyr Dehistanynyò iò möhüm we ähmiýetli bölegi ºähristan hem-de rabat bolup, olaryò tutýan meýdany 200 gektar çemesidir. Dehistan ºäheri Köneürgenç türkmenleriniò hökmürowanlygy döwründe has gülläp ösüpdir, ºäherde rabatlar, metjit-medreseler, minaralar, medeni jaýlar, kitaphanalar, dürli senetçilik ussahanalary gurlupdyr. Emma Çingiz hanyò leºgerleri ºäheri kül-peýekun edipdirler. Ol soòam biraz janlanypdyr, ýöne XV asyrda suwaryº desgalarynyò sandan çykmagy bilen ºäherde ýaºaýyº doly kesilipdir. Ýüzlerçe gektary tutup ýatan ºäher harabalarynyò arasynda häzire çenli saklanyp galan binagärlik ýadygärlikleri – 2 sany beýik minara, metjit-medrese, kerwensaraýlar, suw howuzlary we baºga-da birnäçe ymaratlar Dehistanyò merkezi Aziýada iò gözel medeniýetli ºäherleriò biri bolandygyna güwä geçýär. ªonuò üçinem 1991-nji ýylda Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Permany bilen bu ºäheriò ornunda “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasy döredildi.

Nusgawy edebiýatymyzyò wekilleriniò ºygyrlarynda Dehistan ady köp gabat gelýär: 

Dehistan baýrynda, 
Bady-sabany görsem.
    (Magtymguly).

 

DEKKAN [Dekka:n] (238) - Hindistan ýarym adasynyò günorta bölegi, Hindistanda Kutubºalar türkmen döwletiniò düýbüniò tutulan ýeri. Mukaddes Ruhnamada ºu döwlet we ony gurujy Soltanguly türkmen bilen baglanyºykly wakalarda bu ýeriò ady tutulýar. Çeºmelerde Dekkan sözüniò Deken, Dekhen görnüºlerine-de duº gelinýär: 

Owaza düºüp, Rum-u Ýemene, 
Müsür, ªam, Hindistan, Dekene...
    (Magtymguly).

 

DELI [De:li] (233, 234, 241) - Köne Deli (ªajahanabat) we täze Deli (Nýu-Deli) ºäherlerini öz içine alýan uly ºäher, Hindistanyò paýtagty. Ata-babalarymyza has irki eýýamlardan bäri tanyº bolan bu ºäher bilen gatnaºyk 1206-njy ýýlda Deli türkmenleriniò soltanlygy gurlandan soò has ýygjamlaºýar, Zahyreddin Muhammet Babyryò we onuò serkerdesi  Baýram han türkmeniò beýik Mogollar imperiýasynyò düýbüni tutmagy bilen (1526) bolsa türkmen-hindi gatnaºyklary barha ösýär. 

Deli ady çeºmelerde Dehli görnüºinde-de ulanylýar.

 

DELI (DEHLI) TÜRKMENLERIÒ SOLTANLYGY [De:li ... solta:nlygy] (110) – ser. Delidaki türkmenleriò soltanlygy.

 

DELI SOLTANLYGY [De:li solta:nlygy] (233, 234) – ser. Delidaki türkmenleriò soltanlygy.   

 

DELIDÄKI TÜRKMENLERIÒ SOLTANLYGY [De:lidä:ki ... solta:nlygy] (233) – Türkmen serkerdesi Kutbuddin Aýbeg tarapyndan 1206-njy ýylda düýbi tutulyp, 1526-njy ýyla çenli höküm süren döwlet. Paýtagty Deli ºäheri bolan bu döwlete Deli (Dehli) türkmenleriò soltanlygy, Deli soltanlygy ýaly at berilýär. Deli ºäheriniò ösüºi, onda ajaýyp ymaratlaryò bina edilmegi ºu döwlet bilen baglydyr. Delidäki meºhur Türkmen derwezesi hem ºu döwletiò höküm süren ýyllarynda gurulýar.

 

DEMIRGAZYK OSETIÝA [... Ose:tiýa] (31, 39) – Russiýa Federasiýasynyò düzüminde Awtonom Respublika; Demirgazyk Osetiýa – Alaniýa Awtonom Respublikasy diýen adyò gysgalan görnüºi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy bu ady Beýik Watançylyk urºunda öz mähriban kakasy Türkmenistanyò Gahrymany Atamyrat Nyýazowyò we onuò ýoldaºlarynyò baºyna düºen betbagtçylyk bilen baglanyºykly ýatlaýar.

 

DEªTI-GYPJAK (232) – Gündogary – Yrtyº, günbatary – Dunaý derýalary, günortasy – Krym, demirgazygy hem Wolga-Kama Bulgarystany aralygyny öz içine alan giò ýurt. Türki halklaryò, ºol sanda türkmenleriò ýaýlagy bolan bu giò ülkä ilki Oguz (Guz) ýaýlasy, soòra Hazar sährasy, XI-XV asyrlarda bolsa Deºti-Gypjak diýlipdir (soòky at diòe arap we pars çeºmelerinde duº gelýär). ªu sebitiò Atail (Wolga) - Dunaý aralygyna ruslar Polowes ýeri diýipdirler. Polowes sözi “saryýagyz”, “mele” “bugdaýreòk”, “guba” manylaryndaky polowyý diýen rus sözünden bolup, ol gypjak diýen adyò göni terjimesidir. Günbatar Ýewropalylar gypjaklara komanlar (kubanlar) diýipdirler, bu at hem “guba” sözi bilen bagly dakylypdyr. Ýeri gelende aýtsak, Russiýa Federasiýasynyò Stawropol we Krasnodar ülkelerinden akýan Kuban derýasyna hem ºol kubanlaryò etnik ady geçipdir. ªu giò ülkede gypjaklaryò ýaºanlygy üçin, ol ºeýle at alýar (deºt – „sähra”, Deºti-Gypjak – „Gypjaklaryò sährasy, ýurdy” diýen manyny aòladýar). Bu ülkäni Çingiz hanyò nebereleri basyp alandan soò, tutuº Altyn Orda döwletine, Türkmenistanyò Balkan, Üstýurt, Müògyºlak sebitlerine Deºti-Gypjak diýlipdir. Diýmek, Deºti-Gypjak biziò ata-babalarymyzyò köpçülikleýin ýaýlan sährasy bolup, bu ülkäniò taryhy halkymyzyò geçmiºine gös-göni dahyllydyr. Hatda türkmen etnik we ýer-ýurt atlarynyò düzüminde Gypjak diýen söz hem köp duº gelýär. Meselem, Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò dogduk obasynyò ady hem Gypjakdyr.

 

DIÝARBEKIR [Diýa:rbekir] (123, 139, 239, 240) - Türkiýede bir iliò we onuò merkezi ºäheriniò ady. Seljuk türkmenleriniò günbatara ýöriºlerinden soò, Diýarbekir sebitleri Akgoýunly we Garagoýunly türkmenleriniò garamagynda bolýar. Türkmen dessanlarynda ylaýta-da “ªasenem – Garypda” Diýarbekiriò ady köp agzalýar. Daºoguz welaýatynyò gadymy Was topragyndaky bir gadymy galasynyò adynyò hem Diýarbekir bolmagy türkmenleriò ýaýrawy ýeten ýerlerinde öz obalarynyò, ºäherleriniò atlaryny ebedileºdirendiklerinden habar berýär.

 

DINAWAR [Di:na:war] (113) - Eýran, Hemedan-Meraga aralygynda gadymy ºäher. Seljuk türkmenleriniò ýöriºi döwründe Togrul beg Nyºapura hökümdar bellenenden soò, öz döwletiniò düzümine goºan ºäherleriniò biri. ªol eýýamda we ondan soòra bu ºäherde ywa türkmenleriniò köpçüligi ýaºaýar.

 

DOKUZ OGUZ HANLYGY [... ha:nlygy] (218) - Göktürkmenler döwletiniò höküm süren döwründe Beýik Oguz türkmen döwletini emele getiren ata-babalarymyz tarapyndan Barlyk derýasynyò kenarlarynda döredilen hanlyk. Bu döwletiò binýadyny tutan oguzlara Dokuz oguz diýen adyò dakylyº sebäbini taryhçy Fazlallah Reºideddin Göktürkmen eýýamynda (VI-VIII asyrlar) oguzlaryò dokuz derýanyò kenarlarynda ýaºandygy bilen düºündirse, akademik W.W. Bartold we Faruk Sumer Hytaý çeºmelerindäki ylmy maglumatlary deròemek arkaly bu ady ºol döwürde oguzlaryò dokuz taýpadan ybarat bolan topary bilen baglanyºdyrýarlar.

 

DOMANIÇ (236) - Türkiýäniò häzirki Manisa diýen daglyk ilinde bir etrap (ilçe). Osman türkmenleriniò döwletiniò düýbüni tutan Osman gazynyò kakasy, özüniò dört ýüz atlysyna baº bolup, Marydan Kiçi Aziýa gelen Ärtogrul gazy 1270-nji ýylda wizantiýalylardan Söwüdi basyp alanlygy üçin, Seljuklaryò soltany Alaeddin Keýkubat daglyk ülke bolan Domaniçi we Ermeni /Gündogar Tawr/ daglaryny oòa ýaýla hökmünde peºgeº berýär.

 

DURUN (178) - Ahal welaýatynyò Bäherden etrabynda, Köpetdagyò eteginde ýerleºýän uly oba, ºu obada ýerleºen gadymy gala. 10 gektar çemesi meýdany tutýan we iri çig kerpiçden salnan dört dewezeli bu gala erkden, ºähristandan hem-de gala diwarlaryndan ybarat. Galada IX-XVI asyrlarda ýaºalypdyr. Mukaddes Ruhnamada ýazylyºy ýaly, Oguz han türkmen döwründe Durun, Bäherden töwerekleri oguzlaryò ýazlagy, oturymly ýerleri bolupdyr. Ylmy çeºmelerde onuò ady Täk gala, ªähryslam görnüºlerinde hem tutulýar.      


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)