|
FATIMI
[Fa:timi] (232) – Ýakyn Gündogarda 909-1171-nji ýyllar aralygynda hökmürowan
bolan we Muhammet pygamberiò gyzy Fatimanyò (türkmençe - Patma)
adyny göteren döwlet. Tunisde düýbi tutulan bu hökümdarlyk X asyryò
ortasynda tutuº Demirgazyk Afrikany, Sisiliýany, 969-njy ýýlda Müsüri,
XI asyryò baºynda Siriýany öz tabynlygyna geçirýär. 1171-nji ýýlda
Fatimiler öz ornuny Eýýuby türkmenleriniò döwletine berýär.
FIRUZKUH
[Fi:ru:zku:h] (143) – Owganystanyò Hyrat bilen Gazna ºaherleriniò
aralygyndaky daglyk ülkede orta asyrlarda hökmürowan bolan Gurly türkmenleriò
paýtagty. XII-XIII asyrlarda gülläp ösen bu ºäher Gerirud we
Hilment derýalarynyò ýokary akymynda ýerleºip, onda kaºaò
binalaryò ençemesi gurlupdyr. Emma XIII asyryò ortalaryndan soòra
Gurystanyò elden-ele geçmegi, ýurduò ençeme gezek tozdurylmagy
Firuzkuhyò hem ýumrulmagyna getirýär. Netijede, öz döwrüniò
owadan ºäheri hasaplanan Firuzkuhyò orny hem soòra ýatdan çykarylýar.
Alymlaryò bir topary Hilment derýasynyò ýokary akymyndaky Taýwara
ºäheriniò ýakynyndaky köne galany, beýleki topary hem ºol sebitdäki
Garabag harabalaryny gadymy Firuzkuhyò galyndysy hasaplaýarlar.
|