H

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


HALAJY TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI (110) – Halaç türkmenleri tarapyndan Hindistanda höküm süren döwlet (1202-1323). Mälim bolºy ýaly, halaçlar IX asyrda Merkezi Aziýadan Owganystana göçüp, Kabul-Gandagar aralygynda mesgen tutýarlar. XI asyrda olar Gaznaly türkmen döwletiniò hökümdary Mahmydyò Hindistana eden ýöriºlerine gatnaºyp, uly abraý gazanýarlar. ªondan soò halaç türkmenleriniò köpüsi Demirgazyk Hindistanda  ornaºýar. XII asyryò ahyrynda olar Muhammet Guruò Hindistana çözuºlarynda hem öòdäki orunlary eýeleýärler. Halaç serkerdesi Kutbeddin Aýbegiò Deli töwereklerini boýun egdirmekdäki hyzmatlary üçin, Muhammet ºa ony basyp alan ýerlerine häkim belleýär. 1206-njy ýylda Muhammet Hind derýasynyò boýunda öldürilenden soò, Aýbek özüni özbaºdak hökümdar diýip yglan edýär we Delini paýtagt tutunýar. ªondan soò halaç türkmenleri Demirgazyk Hindistanda üç sany türkmen soltanlyklaryny gurýarlar:

1. Bengaliýadaky Halajy soltanlygy. Bu döwlet 33 ýyl (1230-njy ýyllar töweregine çenli) höküm sürýär.

2. Delidäki Halajy soltanlygy. Halaçly Jelaleddin Firuz ºa 1290-njy ýylyò 13-nji iýunynda bu döwletiò binýadyny tutýar. ªahyr Emir Hysraw Dehlewi onuò köºgünde iºläpdir. Bu döwlet 1320-nji ýylyò 6-njy sentýabrynda ýykylýar.

3. Malwadaky Halajy soltanlygy. Güjerat sebitlerini öz içine alan bu döwletiò düýbi halaçly Mahmyt ºa I tarapyndan tutulýar we tas bir asyra golaý hökmürowan türkmen döwleti bolýar. Mahmyt ºanyò döwründe Demirgazyk Hindistanyò köp ýeri ºu soltanlygyò garamagynda eken.

Mukaddes Ruhnamada Halajy türkmenleriniò döwletiniò we Deli (Dehli) türkmenleriniò solatnlygynyò atlary orta asyrlarda seljuk türkmenleri tarapyndan gurlan hökümdarlaryò sanawynda agzalýar.

 

HALAP (119, 230, 232) – ªamyò (Siriýanyò) demirgazyk-günbatarynda ýerleºýän, ululygy boýunça Damaskdan soòky ikinji ºäher. Halaby 1516-njy ýylda Osmanly türkmen döwleti özüne tabyn edýär. Birinji jahan urºundan soò ol Siriýanyò düzümine girizilýär. Taryhy çeºmeler XVI asyrda Halabyò ilatynyò uly bölegini bekdili türkmenleriniò düzenligini, ºol döwürde bu sebitde 40 sany bekdili obasynyò bolanlygyny habar berýär. Sany boýunça bekdililerden soòky ikinji orny owºarlar eýeläpdir. Seljuklaryò Günbatara hereketinden soòra Halapda, umuman, ªamda we Yrakda uzak wagtlap türkmenler hökümdarlyk edip, döwletler gurupdyrlar. Häzir Yrakda we Siriýada ºol türkmen döwletleriniò raýatlary bolan ildeºlerimiziò millionlarçasy ýaºaýar.

Mukaddes Ruhnamada Halabyò ady Yrak we ªam türkmen döwletleri, ylaýta-da Zeòòi türkmenleri bilen baglanyºykly ýatlanýar.

 

HARRAN [Harra:n] (119, 122, 232) – Häzirki Yragyò, gadymy Mesopotamiýanyò çäklerinde, Gullap derýasynyò ýakasynda ýerleºen irki ºäher. Alymlaryò pikiriçe, Harran Babyl (Wawilon) medeniýetini Assiriýa we Kappadokiýa ýaly ýurtlara ýaýradan ºäherdir, iòòän ir zamanlarda has ösen bir ýurduò paýtagtydyr. Gadymy Mesopotamiýada Ay hudaýynyò ýeke-täk meºhur ybadathanasynyò ºu ýerde saklanyp galmagy bu ºäheriò ýene bir aýratynlygydyr.

Mukaddes Ruhnamada ºäheriò XII-XIII asyrlarda Yrakda we onuò töwereklerinde döwletler, atabeglikler guran seljuk türkmenleriniò (Zeòòileriò) öz hökümdarlygyna tabyn eden ºäherleriniò sanawynda birnäçe gezek agzalýar.

 

HASAR (274) – Köpetdagyò Garrygala etrabyndaky uly bölegi. Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy Hasar dagynyò adyny Çardagly Çandybiliò  - Türkmenistanyò sütünleri bolan dört dagyò hatarynda „Diýdiler” goºgusynda ýörite ýatlaýar: 

Tirsek urup ýatan daglaò behiºt kibi jülgesi,
Derelerde seýil eder bulutlaryò kölgesi,
Köpetdagym ýöne dag däl, bu bir bagtyò çüwmesi,
Köýten, Hasar, Balkan dagy – külli türkmen dünýesi,
Daglarynda Oguz hanyò haýbaty bar diýdiler.

(Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy).

 

HAWARAN [Ha:wa:ra:n] (172) – Sarahs – Kaka aralygynda gadymy düzlük. Irki eýýamlarda Sarahsa degiºli bolan bu ýer Mäne, Çäçe, Abywert, Rohne ýaly ºäher we obalary öz içine alypdyr. Gadymy sözlüklerde Hawaran sözi “Gündogar” diýlip terjime edilýär.

Mukaddes Ruhnamada gadym zamanlarda ekin ekilip, bol hasyl alnan, häzir bolsa ümmülmez meýdany eýeläp ýatan ýerleriò hatarynda Hawaran düzlüginiò ady tutulýar we ol ýerleri täzeden özleºdirmek meselesine üns çekilýär.

 

HAZAR (44, 131, 163, 211, 214, 246, 288) – Türkmenistanyò, Eýranyò, Russiýanyò, Azerbaýjanyò we Gazagystanyò aralygynda ýerleºýän deòiz. Onuò resmi Kaspi diýen ady rus barlagçylary tarapyndan deòziò ähli ýerine degiºli edilen adalgadyr. Aslynda, türkmen halkyna, türki halklaryna, umuman, töwereginde ýerleºen ilatyò köpüsine deòiz Hazar diýen at bilen bellidir. 

Hazar sözi, aslynda, gadymy türki halkyò adydyr (rus senenamalarynda bu at „kozar” görnüºinde ulanylýar). Hazarlar Atail (Wolga) derýasynyò orta we aºak akymlarynda Hazarystan diýen güýçli döwlet gurup, rus knýazlyklarynyò aglabasyny, hatda IX asyrda Kiýew rus döwletini hem öz tabynlygynda saklapdyrlar. X asyrda Hazarystan döwleti dargap, onuò esasy ilaty bolan hazarlar köp halklaryò, ºol sanda türkmenleriò düzümine siòipdirler. Hazarystan döwletiniò güýçli wagtynda hem deòze hazar halkynyò ady dakylypdyr. Magtymgulynyò goºgularynda-da onuò ºu ady tutulýar:

Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öwser ýeli türkmeniò.
   (Magtymguly).

 

HAZARASPLY TÜRKMENLER [Hazara:sply ...] – (129) – 1148-1339-njy ýyllar aralygynda höküm süren Lurystandaky türkmen atabegleri döwletiniò ikinji ady. Bu döwletiò tabyn eden Huzystan welaýatynyò hökümdaryna Hazarasp diýilýän eken. Soltan Alp Arslan Mara we Köneürgenje eden ýöriºleri döwründe Hazarasp beg gowy hyzmat görkezip, onuò sylag-hormatyna mynasyp bolupdyr. Lurystanda Hazaraspyò garamagynda bolan ilata-da hazarasply türkmenler diýlipdir.

 

HELAT [Hela:t] (126) – Wan kölüniò demirgazyk kenarynda ýerleºen Ahlat ºäheriniò gadymy ady. B. e. öòki IX asyrda Urartu döwletine garaºly bolan bu ºäheriò ady ºol döwürde Harapºehir, soòra Erkizan bolupdyr. Rumlular ºäher Hilwat, araplar Hilat, Helat, türkmenler bolsa Ahlat diýipdirler.

Mukaddes Ruhnamada 1100-nji ýylda Sykmanul - Kutby tarapyndan bu ermeni ºäheriniò eýelenip, Ermenistanda türkmen ºalygynyò esaslandyrylandygy we onuò 1207-nji ýyla çenli höküm sürenligi beýan edilýär. Helat (Ahlat) ºäherini paýtagt tutunanlygy üçin, bu nesilºalyga Ahlatºalar hem diýlendigi çeºmelerde bellenilýär.

 

HEMEDAN [Hemeda:n] (113) - Eýranyò günbatarynda ýerleºen gadymy ºäher, b.e. öòki VII-VI asyrlarda Midiýa döwletiniò paýtagty, b.e. öòki 550-nji ýyldan b.e. baºlaryna çenli Ahemeni hökümdarlarynyò tomusky karargähi. ªäheriò ady b.e. öòki XI asyrda Ekbatana görnüºinde duº gelýär. Bu at soòra biraz üýtgedilip, Hemedan görnüºine geçýär.

Hemedan ºäheri ir eýamlardan bäri türkmenleriò ýakyndan aragatnaºyk eden we ýaºan ºäheridir. Seljuklaryò günbatara ýöriºleri döwründe bu ºäher Beýik seljuk-türkmen döwletiniò düýbüni tutuan Togrul beg soltanyò döwletiniò paýtagty hem bolupdy, 1118-1194-nji ýyllarda bu ýerde seljuklar hökümdarlyk edipdirler. XVI-XVIII asyrda Sefewi türkmenleriniò agalygy döwründe-de Hemedana türkmenleriò täsiri agdyklyk edýär. “Hemedan daº bolsa-da, kädi ýakyn” diýen türkmen nakyly hem ºol gadymy gatnaºyklardan habar berýär. Hemedan ºäheri köneürgençli meºhur alym Abu Aly ibn Sinanyò mawzoleýiniò özünde ýerleºýändigi bilen hem meºhurdyr.

Türkmen nusgawy edebiýatynyò, halk döredijiliginiò nusgalarynda hem bu ºäheriò adyna köp gabat gelinýär: 

Hemedanda bir guýy bar,
ªekerden ºerbet suwy bar…    (“Halk aýdymyndan”).

 

HERRIKGALA [Herrikgala:] (36) – Ahal welaýatynyò Ruhabat etrabynda bir oba. Mukaddes Ruhnamada bu at Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò atasy Annanyýaz Artygyò ýaºan we ºol töwereklerde aýratyn hormat goýlan Ahal obalarynyò sanawynda getirilýär.

 

HÄZIRBEGJAN [Hä:zirbegja:n] (117, 126, 127, 131, 138, 139, 237, 238, 240, 241, 242) – ser. Azerbaýjan.

Azerbaýjan ýurdunyò adyny aòladýan bu at türkmen dessanlarynda Häzirbegjan ady bilen bir hatarda Häzirbejan görnüºinde-de gabat gelýär:

Toýdan öò awçylar awlasyn awy,
Beriò Bezirgene ýene-aº suwy,
Dag-deòizden aºyp bu toýuò çawy,

Eýran, Häzirbegjan hem Turan gelsin!
    (“Görogly”).

Gel, köòlüm, gideli Häzirbejana
Gülºen daglarynyò bary bar-bary.
Köòlüm istär Häzirbejan ilini,

Mugan daglarynyò gary bar-gary.
    (“Saýatly-Hemra”).

 

HÄZIRBEGJANDAKY TÜRKMEN ATABEGLERI [Hä:zirbegja:nda:ky …] (127) – Asly gypjakly türkmen bolan atabeg ªemseddin Ildeòiz tarapyndan Häzirbegjanda  esaslandyrylan atabeglik (1097-1165).

 

HINDI UMMANY [… umma:ny] (241) – Dünýäniò dört ummanynyò biri. Ol demirgazykda - Aziýa ýer bölegi, günortada - Antarktida, gündogarda - Awstraliýa, günbatarda hem Afrika bilen serhetleºip, tutýan meýdany 74917000 inedördül kilometre deòdir (ululygy boýunça ol Ýuwaº we Atlantik ummanlaryndan soòky üçünji orunda durýar).

Mukaddes Ruhnamada Hindi ummanynyò ady Oguz türkmenleriniò guran Beýik Hun döwletiniò serhetleºýän çäkleriniò we ýer-ýurtlarynyò arasynda sanalýar.

        

HINDISTAN [Hindista:n] (9, 117, 131, 140, 143, 156, 209, 221, 224, 234, 238, 243, 385) – Günorta Aziýada ilatynyò sany boýunça (1 mlrd. çemesi) dünýäde Hytaýdan soò ikinji orny eýeleýän uly döwlet. Umumy meýdany 3,3 million inedördül kilometre barabar. Merkezi – Deli (Nýu-Deli) ºäheri. Hindileriò özleri tarapyndan Bharat diýilip ady tutulýan bu ýurt iòòän irki eýýamlardan tä häzirki günlere çenli oguz-türkmenler bilen bagry badaºan döwletdir. Orta asyrlarda türkmen hökümdarlary Mahmyt Gaznaly, Jelaleddin soltan dagy Hindi topragyna ençeme gezek ýöriº eden bolsalar, Beýik Seljuk türkmenleriniò nebereleri bu ýurtda birnäçe türkmen soltanlyklarynyò we beglikleriniò düýbüni tutýarlar. 1526-1858-nji ýyllarda Hindistanyò esli böleginde agalyk eden Beýik mogollar imperiýasynyò düýbüni tutmaga Zahyreddin Muhammet Babura ýardam eden görnükli ºahsyýet beýik türkmen serkerdesi we ºahyry hanlar hany adyny alan Baýram han Türkmendir.

Türkmenistan özüniò mukaddes Garaºsyzlygyna eýe bolandan soòra bu uly döwlet bilen ysnyºykly gatnaºyk gapylary giòden açyldy, iki döwletiò arasynda ilçiler alºyldy. Hindi hünärmenleri ýurdumyzda dürli kärhanalar we binalar gurmaga iºjeò gatnaºýarlar. Aºgabatda gurlup iºe girizilen derman öndüriji türkmen-hindi kärhanasy munuò aýdyò mysalydyr.

Hindistan Magtymgulynyò ºygyrlarynda onuò görmegi arzuw eden ýurtlarynyò hatarynda agzalýar:

Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,

Öwlüýäler ummany

Ol Rumystany görsem.
      (Magtymguly).

 

HOJAMBAZ [Hojamba:z] (246) – Lebap welaýatynda, Jeýhunyò sag kenarynda etrap we onuò merkezi ºäherçesi. Bulara ºäherçedäki Hojajeòbazata öwlüýäsiniò ady geçipdir.

Mukaddes Ruhnamada ülkämiziò bereketli topraklarynyò eýeleýän ümmülmez giòiºlikleri teswirlenende, onuò çetki nokatlarynyò biri hökmünde Hojambazyò ady tutulýar.

 

HORASAN [Horasa:n] (127, 131, 136, 140, 218, 221, 222, 224, 226, 231, 236, 238, 240-242, 390, 394) – III asyrdan XVIII asyryò ortalaryna çenli Türkmenistanyò günorta, Eýranyò demirgazyk-gündogar, Owganystanyò hem demirgazyk-günbatar taraplarynda ýerleºen topraklary özüne birleºdiren taryhy ülke. Bu at Sasanylar nesilºalygy döwründe ýüze çykyp, ²gündogar² diýen manyny aòladýar. IX asyrdan XVIII asyryò baºlaryna çenli bu ülke Tahyrly, Saffarly, Samanly, Gaznaly, Seljukly, Köneürgenç, Sefewi türkmen döwletleriniò garamagynda bolýar.

Iòòän irki eýýamlardan bäri türkmenler Horasanda ýaºaýan ilatyò esasy bölegini düzüpdir. Mahmyt Gaznalynyò goºunynyò, oba hem-de ºäher ilatynyò aglabasyny türkmenler emele getiripdir. Mukaddes Ruhnamada belleniºi ýaly, ºol döwürde ²Horasanda türkmenler ºäher-ºäher, oba-oba bolup ýaºaýar² (221 s.)

 

HOTAN (89) – Hytaýdaky Kaºgarystan diýen taryhy ülkäniò Sinszýan – Uýgur awtonom etrabynda, Ýurungaº derýasynyò ýakasynda ýerleºýän ºäher. Hytaýça Ho-Twen diýen sözden emele gelen bu ºäheriò gadymy ady Ilçi bolup, II asyrda ýazylan hytaý çeºmelerinde onuò ady Ýuýtan ýa-da Ýotkan görnüºlerinde hem ulanylypdyr.

Häzirki döwürde ýüpekçilik we halyçylyk hünärleri has ösen bu ºäheriò ady mukaddes Ruhnamada Oguz hanyò öz iline we beglerine beren öwüt-nesihaty bilen baglanyºykly ýatlanýar.

 

HULWAN [Hilwa:n] (113) – Yrakda gadymy gala we ºäher. Togrul beg Nyºapurda 1038-nji ýylda ºa tagtyna geçenden soò, ençeme ºäher we ülkeler bilen birlikde, Hulwany hem Seljuk türkmen döwletiniò garamagyna geçýär.

 

HUWEÝZE (129) – Yrakda gadymy gala we ºäherçe. Lurystandaky türkmen atabegligi hökümdarlygynda 1333-nji ýylda tagta geçen Ýusup ºa II bu galany öz atabegligine tabyn edýär.

 

HUZYSTAN [Hu:zysta:n] (129) – Pars aýlagynyò kenarynda ýerlesºýän, Eýrana degiºli taryhy ülke. Onuò Huzystan diýen ady Elam dilindäki Suziana diýen gadymy adynyò biraz üýtgän görnüºidir. Suziana diýen at bolsa, ºu ýerdäki Suza diýen ºäheriò adyndandyr. B. e. öòki III-II asyrlarda höküm süren Elam döwletiniò Huzystan ülkesini VII asyrda araplar alandan soò Huzystanyò Arabystan diýen täze ady ýörgünli bolup ugraýar. XI-XII asyrlarda Huzystan Seljuk türkmenleriniò garamagyna geçýär. XIII asyryò baºlarynda bolsa Syrderýa boýlaryndan bosup gaýdan owºar türkmenleri bu ülkäniò esasy ilatyny emele getirýärler.

Mukaddes Ruhnamada Huzystanyò ady Lurystandaky salyr-türkmen atabegleriniò ýöriºleri bilen baglanyºykly ýatlanýar.

 

HYRAT [Hyra:t] (143) – Owganystanda, Hyrat (iòòän irki eýýamda Areýa) derýasynyò 8 kilometr demirgazyk tarapynda ýerleºýän gadymy ºäher. Onuò Hyrat, Harat diýen ady ary («arassa») diýen etnik atdan we köplügi, jemi bildirýän «-at» goºulmasyndan durýar (derýanyò aºak akymyna Türkmenistanda Tejen diýilýär). Sasanylar we arap halyfaty zamanynda uly ºäher hasaplanan Hyrady 1106-njy ýylda seljuk türkmenleri öz ellerine alýarlar. XII asyrda Gur döwleti ony paýtagt tutunýar. ªol döwürde ºäher uly ösüºe eýe bolup, onda 12 müò dükan, 6 müò hammam, 350 mekdep bolupdyr. 144000 öý bolup, ilaty hem bir milliona ýetipdir. 1232-nji ýylda Hyrady mongollar eýeläp, ony ymykly tozdurýar, ilatyny gyrýar. Teýmir hem ºähere uly zyýan ýetirýär. Ýöne XV asyrda Teýmiriò nebereleri ºäheri gaýtadan dikeldip, onuò ýene gülläp ösmegini gazanýarlar. ªol asyrda ºäherde Göwherºat mawzoleýi, Musallah ansambly, kaºaò metjitler gurlupdyr, Jamy, Mirhond, Nowaýy, Hafyzy Abru, Behzat ýaly ºahyrlar, alymlar, nakgaºlar ºu ºäherde ýaºapdyrlar, iºläpdirler. XVI asyrda bu begligi Sefewi türkmen döwleti öz garamagyna geçirýär, emma 1716-njy ýylda ol ýene özbaºdak beglik derejesini alýar. 1747-nji ýylda Hyrady Owgan döwletiniò Dürranylar nesilºalygy özüne tabyn edýär. 1863-nji ýyldan baºlap Hyrat ºäheri ymykly Owganystanyò düzümine girýär.

Häzirki döwürde Hyratda Garaºsyz, hemiºelik Bitarap Türkmenistanyò konsullygy iºleýär.

 

HYTAÝ (104, 117, 209, 214) – Ilat sany boýunça (1 milliarddan agdyk) dünýäde birinji, tutýan meýdany (9,6 mln. inedördül kilometr) boýunça hem uly döwletleriò biri, gadymy oguzlar eýýamynda ata-babalarymyzyò onuò çygrynda we serhetlerinde döwletler guran hem-de iò ýakyn aragatnaºyk eden ülkesi. Paýtagty – Pekin ºäheri. Hytaý diýen at kidan halkyýetiniò ady bilen baglanyºyklydyr. Gadymy oguz-türkmenler bu ýurda Çyn-Maçyn diýipdirler.

Garaºsyzlygynyò ilkinji günlerinden baºlap Türkmenistan Hytaý halk respublikasy bilen gadymy dostluk-doganlyk gatnaºyklaryny täzeden dikeltmäge giriºdi. Häzir HHR-de Türkmenistanyò, Türkmenistanda hem Hytaýyò ilçihanalary iºleýär.

HYTAÝ DIWARY [… diwa:ry] (112) – Hytaý halk respublikasynda  gadymdan galan düýpli ýadygärlik. Uzynlygy 4 müò kilometr çemesi bolan bu diwar belli-belli ýerlerinde derwezeler, atyºhanalar, diòler, gazamatlar, guýular bilen üpjün edilip, göçme halklaryò çozuºlaryndan goranmak üçin salnypdyr. Onuò ilkinji bölekleri b.e. öòki IY-III asyrlarda gurlup, gurluºygy soòam ençeme asyrlap dowam edipdir. Bu bina Hytaýyò gadymy binagärçiliginiò ajaýyp ýadygärligi hasap edilýär.  


A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)