|
JENT
(131, 220, 225) – Syrderýanyò aºak akymynda, Gazagystanyò
Gyzylorda ºäheriniò golaýynda ýerleºen gadymy oguz ºäheri. Köneürgenç
türkmen hökümdarlarynyò garamagynda bolan bu ºäheri mongol
ordalary düýpli ýumurýar. Netijede onuò hakyky ýerleºen ýeri hem
XIV asyrdan soòra unudylýar. Akademik S. P. Tolstow Gyzylorda ºäheriniò
120 kilometr günorta-günbatarynda ýerleºen Jaòagalany (Ýaòygalany),
beýleki bir topar alymlar hem Syrderýanyò aºak akymynda,
Gyzylordadan takmynan 40-50 kilometr uzaklykdaky Hyºtgalany Jent ºäheriniò
galyndysy hasaplaýarlar. Seljuk türkmenleriniò nesilbaºysy Seljuk
beg 100 ýaºdan geçip, ºu ºäherde aradan çykýar we ºol ýerde jaýlanýar.
JEÝHUN
[Jeýhu:n] (79, 94, 211, 218, 221, 226, 381) – Amyderýanyò bir ady.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy “Türkmen ilim aman bolsun” atly goºgular
kitabynda: “Jeýnun – Hun derýasy diýmekdir. Seýhun
sözi hem Hun derýasy diýen manyny berýär. Jeý, Seý – çaý, ýagny
derýa manysyny berýän gadymy sözlerdir” (47 s.) diýip, Jeýhun we
Seýhun sözleriniò manysyny düºündirýär.
Mukaddes
Ruhnamada bu at joºgunlylygyò, möwç urmanyò nusgasy hökmünde, ºeýle-de
Jeýhunyò öz gadymy ugruny üýtgediºi, Uzboýuò gurap galyºy,
tebigatyò özgeriºi, ony öòki terzine getirmek üçin öòde goýlan
maksatlar bilen baglanyºykly ýatlanýar.
Çeper
edebiýatda Jeýhun – möwçliligiò, okgunlylygyò nyºany.
Jeýhun
bolup däliräp, söýüò gara gözlerim, söýlüò gara gözlerim!
(Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy)
JEZIR
[Jezi:r] (119) – ser. Jezire.
JEZIRE
[Jezi:re] (232) – Tigr we Ýewfrat derýalarynyò orta we aºaky
akymlarynyò aralygyndaky ýeriò arapça ady. Arapça Jezire (al-Jezire)
“ada” diýmekdir. Ylmy çeºmelerde bu giò ülkä Mesopotamiýa,
rus dilinde Dwureçýe (“Iki derýanyò arasy”) diýilýär. Ýene: ser.
Mesopotamiýa.
JÜRJAN
[Jürja:n] (113) – ser. Gürgen.
JYBAL
[Jyba:l] (113) – Eýranyò günbatarynda Yspyhan, Kaºan, Hemedan,
Zinjan, Reý ýaly ençeme uly ºäherleri öz içine alan giò ülke.
Howasy jana ýaramly, topragy bereketli, ýaºaýjylary sagdyn bolan bu
ýer meºhur serkerdeler Çagry beg bilen Togrul beg tarapyndan gurlan
Seljuk türkmen döwletine ilkinjiler hatarynda tabyn edilen ülkedir.
|