N

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


NAHÇYWAN [Nahçywa:n] (233) – Azerbaýjanda Awtonom Respublika we onuò Nahçywançaýyò ýakasynda ýerleºen paýtagty. B. e. öòki VI asyrda düýbi tutulan bu ºäher seljuk türkmenleriniò ýygy gatnaºyk eden we ýaºan mekany bolupdyr. Ildeòiz türkmenleriniò döwletiniò rowaç döwründe (1146-1225) Nahçywan ºäheri Genje bilen birlikde hökümdarlygyò iki möhüm ºäheriniò biridi.

 

NUR [Nu:r] (225) – Nurata diýen dag adynyò gysgaldylan görnüºi. Häzir bu giò ülke Özbegistanyò Samarkant we Buhara ºäherleriniò 150 kilometr çemesi demirgazyk aralygynda ýerleºip, Samarkant welaýatynyò Nurata etrabyny emele getirýär. Merkezi – Nurata ºäheri. Irki eýýamlardan häzire çenli bu etrapda we onuò töwereklerinde türkmenler (aglaba salyrlar) ýaºaýarlar. Mukaddes Ruhnamada belleniºi ýaly, Seljuk serkerdäniò ogly Arslan han ogullary – geljekki uly soltanlar Togrul begi we Çagry begi tutuº ili bilen nurataly türkmenleriò ýanyna göçürip getirýär. Bu ýerdäki häzirki türkmen ili seljuklaryò hereketi döwründe ºol serkerdeler bilen birlikde Kiçi Aziýa we Hytaýa göçmän galan ata-babalarymyzyò nebereleridir. Gadymy türkmen däp-dessurlaryny, bagºyçylygy, halk döredijiligini, halk sungatyny (onuò Beºir we Kerki gölli nusgalaryny) saklap galan bu ildeºlerimiziò arasyndan görnükli ussatlar ösüp ýetiºdiler. Olaryò biri Özbegistanyò halk ºahyry, dessançy Ergeº Jumanbilbildir.

Nusgawy edebiyatda-da Nuratanyò ady köp duº gelýär:

Her kim biledir Nurata, Akdag, Garadagy...   (Seýdi).

 

NUSAÝ (55, 56, 211, 221, 226) – Aºgabadyò günbatarynda, Köpetdagyò eteginde iki sany uly gala: Köne Nusaý (meýdany 15 ga, dörän we gülläp ösen döwürleri b. e. öòki IV-II asyrlar) we Täze Nusaý (meýdany 18 ga, b. e. öòki II asyrdan soòky döwürler). Parfiýa döwletiniò paýtagty bolan Nusaý ºäheri dürli döwürlerde ençeme hökümdarlyklaryò ünsüni çeken mekany bolupdyr. Bu ºäheri Isgender Zülkarneýn, soòra Selewkiler, Sasanylar, Tahyrylar, Samanylar, Köneürgenç türkmen soltanlary, Gaznaly türkmen ºalary, Seljuklylar, Sefewiler we beýlekiler gezekli-gezegine özüne tabyn edipdirler, ºonça gezegem elinden gidermäge mejbur bolupdyrlar.

Nusaý galalary gadymy türkmen taryhynyò özboluºly hazynasydyr. Bu ýerden tapylan zatlar: Parfiýa ýazgylary, ylaýta-da ºirmaýydan bejerilen nepis pitonlar ata-babalarymyzyò ösen medeniýetli ynsanlar bolandygyna, dünýä medeniýetine uly goºant goºan bäºinji merkeziò Türkmenistandygyna anyk ºaýatlyk edýär (beýleki dördüsi: Müsür, Hytaý, Hindistan we Mesopotamiýa). ªonuò üçin hem Nusaýda alymlar önjeýli gazuw-agtaryº iºlerini geçirip, barlaglaryò netijelerini dünýä ýaýdylar. 1987-nji ýylda Türkmenistanyò ilkinji hem ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Permany bilen “Nusaý döwlet taryhy-medeni goraghanasy” döredildi.

 

NUSAÝBIN [Nusaýi:n] (232) – Yragyò Mosul ºäheriniò sebitlerinde gala we ºäher. Ymadeddin Zeòòi Mosulda 1127-nji ýylda geljekki uly türkmen döwletiniò düýbüni tutup, töwerekdäki Jezire, Sanjar, Harran ýaly ençeme ºäherleri özüne tabyn edýär. ªol eýelenen ýerleriò arasynda Nusaýbin galasynyò hem ady tutulýar.

 

NYªAPUR [Nyºapu:r] (113, 234) – Eýran Horasanynda bir welaýatyò we onuò merkeziniò ady. Sasany ºasy ªapur I tarapyndan III asyryò ortalarynda düýbi tutulan bu ºäher taryhy we gadymy medeni merkezleriò biri hasaplanýar. Sarahsdan we Aºgabatdan onçakly uzak bolmadyk bu ºäher irki eýýamlardan bäri türkmenleriò baryº-geliº edýän, gatnaºýan we dürli döwürlerde ýaºan ºäheri bolupdyr. Daòdanakan söweºinden soòra Togrul beg öz guran türkmen döwletiniò paýtagty hökmünde Nyºapury saýlapdyr. ªeýle ýygy garnaºylandygy üçin, bu ºäheriò ady geçmiº türkmen ºahyrlarynyò döredijiliginde-de köp duºýar:

 Huruç eýläp tursa eger,
Permana geler Nyºapur.
    (Magtymguly).

Nyºapur ºäheri Omar Haýýamyò ºu ýerde doglandygy we jaýlanandygy, guburynyò üstüne gurlan kaºaò ýadugärligiò uly hem-de sapaly bagda ýerleºýändigi bilen hem meºhurdyr.

 

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)