P

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. Ýer-ýurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


PALESTINA [Palesti:na] (123) – Alynky (Günbatar) Aziýada taryhy ülke. Ortaýer we Öli deòizleriniò hem-de Iordan derýasynyò aralygyndaky wajyp nokatda ýerleºen bu ülke dünýä medeniýetine önjeýli goºant goºan toprakdyr. B. e. öòki XVI asyrda Palestinany ýewreýler eýelemäge baºlaýar. Olaryò guran döwletleri Assiriýa we Babylystan (Wawilon) ºalary tarapyndan syndyrylandansoò, Palestina dürli güýçli hökümdarlyklaryò ençemesi: Ahemeniler, Isgender Zülkarneýn, Müsür-Rim döwleti, Selewkiler, Wizantiýa, arap omewileri we beýlekiler tarapyndan basylyp alynýar. Seljuklaryò günbatara hereketinden soòra Palestina ºu sebitde gurlan Tulyny, Ihçidi, Artykly, Memluk türkmen döwletleriniò düzümine-de girizilýär. 1920-1947-nji ýyllarda ol Angliýanyò garamagyndaky ülke diýlip yglan edilýär. 1947-nji ýylyò Sanjar aýynyò 29-ynda BMG-niò Baº Assambleýasy bu ülkede Ysraýyl (ýewreý) we Palestina Arap döwletlerini döretmek, ülkedäki gadymy Iýerusalym ºäherini BMG-niò garamagyna geçirmek barada karar çykarýar.  

 

PARAW  (226)  - Balkan welaýatynyò Serdar (öòki Gyzylarabat) etrabynda oba. Serdar ºäherinden 25 kilometr günbatarda, dagyò eteginde ýerleºýän bu oba bilen dag aralykda gadymy Paraw (käbir çeºmelerde Ferawa) diýen ºäheriò galyndylary bar. Bu ýerde iki sany gümmezli gubur ºu wagta çenli saklanyp galypdyr. Olardan bir kilometr çemesi uzaklykda, dagyò belent gaýasynda XI asyra degiºli hasap edilýän ýer bar.

Obanyò üstüne abanyp duran daga Partaw (“par dagy”) diýilýär. ªu ýerdäki Paraw, Parawata, Parawbibi, Partaw diýen ýerleriò, ºeýle-de, obanyò deòesindäki gumda gazylan Par atly gadymy guýynyò we obanyò atlaryna esas bolan “par” sözi türkmenleriò par (parn) taýpasynyò adyndandyr diýlip hasap edilýär. Gadymy Parfiýa türkmen döwletiniò adynda-da parlaryò etnik ady duº gelýär.

Paraw öz döwründe adybir welaýatyò merkezi bolupdyr.

 

PARFIÝA DÖWLETI [Pa:rfiýa …] (43, 209) – Esasan, häzirki Türkmenistanyò çäginde, has güýçlenen we höküm sürýän ýurduny giòelden döwründe bolsa Mesopotamiýadan Hindistana çenli aralygy soran gadymy döwlet (b. e. öòki 250 – b. e. 224 ý.). Onuò düýbi saklaryò parnlar diýen çarwa taýpasynyò serkerdeleri Ärsak we Tiridat tarapyndan tutulýar. Olar bu ülkäni Selewkilerden basyp alýarlar. B. e. öòki II asyrda Parfiýa patyºasy Mitridat I Midiýany, Mesopatamiýany, Babylystany (Wawilony), Parsystany, Suzy, Rumustanyò köp ýerini, Margianany, Baktriýany özüne tabyn edýär.  Akademik W. W. Bartoldyò sözlerine görä, Parfiýa patyºasy Mitrtidat II “dünyä taryhynda hem Gündogar ýurtlary (Hytaý), hem Günbatar döwleti (Rim) bilen diplomatik gatnaºyk eden ýeke-täk hökümdardyr”. Parfiýanyò üstüne çozuº eden Rim serkerdesi Mark Krassyò köp müò esgerli goºunyny Harranyò çölünde (Mesopotamiýa) derbi-dagyn eden parfiýalylar ºu wakadan soò kuwwaty boýunça dünýäde birinji orna geçýärler.

Mukaddes Ruhnamada bu döwlet türkmenler tarapyndan gurlan uly we örän kuwwatly hökümdarlyk hökmünde ýatlanýar.

Çeºmelerde bu döwletiò ady Parfiýa ºalygy görnüºinde-de gabat gelýär.

 

PARFIÝA ªALYGY [Pa:rfiýa ºa:lygy] (9) – ser. Parfiýa döwleti.

 

PARS (127, 131, 133, 134, 237) – Eýranyò günortasynda bir welaýat. Merkezi ªiraz ºäheri. Orta asyrlardan bäri Pars ülkesi türkmenleriò köpçülikleýin ýaºan we ýakyn aragatnaºyk eden ýeridir. Meselem, salyrlaryò serkerdesi (Salyr beg) ir eýýamlardan bäri ili bilen Eýran Horasanda ýaºap, Togrul begiò Günbatara ýöriºi döwründe oòa goºulan serkerdedir. Salyryò neberelerinden ªuòkar beg Madud 1148-nji ýylda Pars welaýatyny eýeläp, bu ýerde türkmen döwletiniò düýbüni tutýar. 1287-nji ýyla çenli dowam eden bu döwletiò, ºeýle-de, Köneürgenç türkmenleriniò ºasy Alaýeddin Muhammediò (XIII asyr) we Garagoýunly hökümdary Jahanºanyò (XVI asyr) höküm süren ýyllarynda-da Parsda türkmenler agalyk edipdirler. ªonuò üçin geçmiº ºahyrlarymyzyò döredijliginde Pars ülkesiniò we onuò merkezi ºäheri ªirazyò, ºeýle-de, bu ºäherde dogaln hem-de eser ýazan Sagdy, Hafyz ýaly ºahyrlaryò atlary öwran-öwran ýatlanýar: 

Aýdyýar Magtymguly, sen-sen jahanyò kakili,
Dine salgan Pars ile Eýrany sen-sen, eý peri.
   (Magtymguly).

 

PENJAP [Penja:p] (140, 234) – Päkistan Hindistandan bölünip aýrylandan soòra (1947) uly (bäºden dört) bölegi Päkistana, kiçi (bäºden bir) bölegi hem Hindistana düºen gadymy ülke. Häzirki döwürde Päkistandaky Penjabyò merkezi Lahor, Hindistandaky Penjabyòky Çandigarhdyr. Penjap “bäº suw”, “bäº derýa” diýmekdir, çünki bu ülkäniò çäginde Jelam, Çinap, Rawi, Bias we Satlej derýalary bar. Penjabyò ilaty penjaby milletidir. Penjaby dilinde gepleºýän bu milletiò millionlarçasy Päkistanda ýaºap, olar yslam dininiò sünni mezhebine uýýarlar. Hindistanda ýaºaýan millionlarça penjaby milletiniò dini ynançlary bolsa hindi mezhebidir.

Gaznaly türkmen döwletiniò (962-1186) we Deli türkmen soltanlyklarynyò (1206-1414) hökmürowan döwründe Penjap ülkesi türkmenleriò ýaºan we ýakyn gatnaºyk eden topragy bolupdyr.

Türkmenistan öz Garaºsyzlygyna eýe bolandan soòra, ýyllaryò ara düºmegi bilen ýiteòkirlän gadymy gatnaºyk Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Bitaraplyk syýasaty esasynda täzeden dikeldildi.

 

PÄKISTAN [Pä:kista:n] (243) – Günorta Aziýada döwlet. Öò Hindistanyò düzüminde bolan bu döwlet 1947-nji ýylda garaºszylyk aldy. Tutýan meýdany 803,9 müò inedördül kilometr, ilaty 100 million adamdan geçýär. Päkistanyò ilaty yslamyò sünni mezhebine uýýar. Döwletiò resmi doly ady: Päkistan Yslam Respublikasy.

Gaznaly hem Deli türkmen döwletleriniò hökmürowan döwürlerinde (orta asyrlar) häzirki Päkistanyò ençeme ülkelerinde, ylaýta-da Penjapda türkmenler ýaºapdyrlar, bu ýeriò halky bilen ýygy gatnaºyk edipdirler.

Mukaddes Ruhnamada-da türkmen halkynyò gatnaºyk eden ülkeleriniò arasynda Päkistanyò ady tutulýar we öòki ýitirilen gatnaºyklaryò Garaºsyzlyk ýyllarynda ýokary derejede ýola goýlandygy nygtalýar.

 

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | Ý | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyýazow, Ata Gylyjow)