ª

Mukaddes Ruhnama sözlügi.
I. İer-ıurt atlary

A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | İ | Z


ªAHRAZUR [ªa:hrazu:r] (122) – Yrak sebitlerinde Beg hökümdar türkmenleriniò Irbilde guran döwletiniò (1144-1233) tabyn eden gadymy ºäherleriniò biri.

 

ªAM [ªa:m] (112-g, 119, 122, 134, 136, 230) – Siriıa döwletiniò bir ady. Tebigaty ıakymly we gözel bolany üçin, bu ıurda ªamy-ºerip hem diıipdirler. Irki eııamlardan bäri, ylaıta-da seljuk türkmenleriniò bu ülkelere köpçülikleıin göçüp gelmegi we ençeme türkmen döwletlerini gurmagy netijesinde orta asyrlarda ªam ülkesi türkmenleriò hem uly mesgenine öwrülıär. ªonuò üçin onuò ady geçmiº ºahyrlarymyzyò eserlerinde-de köp gaıtalanıar:

Yrak, Azerbaıjan, Müsürdir, ªamdyr…
ªam-ºerip diırler ıeriò ıagºysyn.
  (Magtymguly).

Gadymyıetden galan türkmenleriò nebereleri häzir hem Siriıanyò aıry-aıry ıerlerinde kowçum bolup ıaºaıarlar.

Mukaddes Ruhnamada ªam ülkesiniò ady bu sebitde gurlan türkmen döwletleri bilen bagly tutulıar.

 

ªAMDAKY SELJUK TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI [ªa:mda:ky Selju:k …] (230) – 1092-1117-nji ıyllar aralygynda ªamda (Siriıada) höküm süren Seljuk-türkmen döwleti. Onuò düıbi Beıik Seljuk-türkmen imperiıasynyò meºhur soltany Alp Arslanyò ogly Tutuº tarapyndan tutulyp, bu döwlete Damask ºäheri paıtagt edilıär. Tutuº beg döwletini biraz giòeldıär. Ierusalymy hem özüne tabyn edıär. Emma 1095-nji ıylda ol aradan çykandan soò, döwlet ikä bölünıär. Birinji ogly Rydwan Halapda, ikinji ogly Dukak hem ªamda öz begliklerini garaºsyz döwlet diıip yglan edıärler. İöne parçalanan hökümdarlyk uzak dowam etmän, tiz wagtda (1117-nji ıylda) onuò Halap bölegi Artykly Ilgazynyò, ªam bölegi hem Böriogullarynyò eline geçıär.

Mukaddes Ruhnamada belleniºi ıaly, ªam Seljuk döwleti türkmenleriò berk ornaºan we rowaçlanan, ºol ıerde medeniıetiò ösmegine uly goºant goºan döwleti bolupdyr.

 

ªAM DÖWLETI [ªa:m …] (230) – ser. ªamdaky Seljuk türkmenleriniò döwleti.   

 

ªAM SELJUK DÖWLETI [ªa:m Selju:k …] (230) - ser. ªamdaky Seljuk türkmenleriniò döwleti.   

 

ªAM SELJUK TÜRKMENLERI [ªa:m Selju:k …] (114) - ser. ªamdaky Seljuk türkmenleriniò döwleti.   

 

ªAM (SIRIİA) [ªa:m (Si:riıa)] – (112-g) – ser. ªam.

 

ªÄHRISLAM [ªährisla:m] (150) – Ahal welaıatynyò Bäherden etrabynda, Bäherden ºäherçesiniò 20-22 kilometr demirgazygynda ıerleºen gadymy gala, uly ºäheriò harabalary. Onuò tutıan meıdany 100 gektara barabardyr. XIII asyra çenli Täk gala diılen bu uly ºäheri mongol leºgerleri düıpli ıumurıar. ªondan soò ºähere Täkıazyr (ıa-da diòe İazyr), galanyò harabalaryna-da ªährislam diıip at beripdirler. Öz döwründe ºäher gülläp ösüpdir. Biºen kerpiçden edilen üsti örtülgi suw akabasy ªährislamyò orta asyrlara degiºli ajaıyp desgalaryndan biridir. ªol akabadan ºähere her sekuntda 250 litr suw akypdyr. ªäher ösen küızegärçilik we demir senetçiligi, ºeıle-de gadymy Köneürgenç-Ahal kerwen ıolunyò ugrunda ºagalaòly söwda merkezi bolanlygy bilen tapawutlanypdyr. İene: ser. Täk gala.

 

ªIRAZ [ªi:ra:z] (233 240) – Eıranyò Pars welaıatynyò merkezi. Alymlar bu ºäheriò b. e. öòki I müòıyllykda Tähmurysyò ogly ªiraz tarapyndan binıat edilendigini çaklaıarlar. XVIII asyryò ikinji ıarymynda ol tutuº Eıranyò paıtagty hem bolıar. Ir eııamlardan bäri, ylaıta-da Seljuk türkmenleriniò günbatara ıöriºinden soòra bu ºäher ata-babalarymyzyò ıaºan we iò ıygy aragatnaºyk eden ºäherine öwrülıär, hatda Eıranda 1147-1284-nji ıyllarda höküm süren Salyr türkmen döwleti öz paıtagty hökmünde ªirazy seçip alıar. Bu ºäher köp ıyllap Akgoıunly türkmen döwletiniò garamagynda-da bolıar.

ªiraz Sagdy, Hafyz ıaly meºhur ºahyrlaryò watanydyr, olaryò bu ºäherdäki aramgähleri köpleriò zyıaratgähine öwrülen gelim-gidimli ıerlerdir.

ªirazyò ady nusgawy edebiıatymyzda ıygy-ıygydan gabat gelıär:

Hem Müsür hem Kaısaru-ªiraz ile Yspyhany sen.  (Magtymguly).

İene ªirazu-Käºan birle, eı jan.  (“Jeònama”).

 

ªURUR [ªuru:r] (139) – Azerbaıjana garaºly Nahçywan ºäheriniò ıakynynda düzlük. Sefewi türkmen döwletiniò ºasy Ysmaıyl Hataıy 1500-nji ıylda 7 müò nökerden ybarat goºuny bilen ªirwan ºasy Farruh İasaryò 20 müò atly bilen 6 müò pyıada goºunyny derbi-dagyn edip, Akgoıunlylaryò garºysyna uly söweºe taııarlanıar. Bu söweº 1502-nji ıylda ªurur düzlüginde bolıar. Top we tüpeòleriò köpdügine seretmezden, Akgoıunly serkerdesi Elwent Mürzäniò goºunlary çym-pytrak edilıär, serkerdäniò özi zordan gaçyp gutulıar. Bu waka Sefewi türkmen döwletiniò döremegini aòladıar.

 

ªUSTER (129) – Yrakda gadymy gala, ºäher.



A | B | Ç | D | E | Ä | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | Ö | P | R | S | ª | T | U | Ü | W | Y | İ | Z


(awtorlar: Kasym Nurbadow, Soltanºa Atanyıazow, Ata Gylyjow)