|
YMAM
KASYM [Yma:m Ka:sym] (42, 73) – Ahal welaýatynyò Ruhabat
etrabynda gonamçylyk. Ýerli ýaºulular Ymam Kasymy ºu öwlüýäniò
gonambaºysy hasaplaýarlar.
Ymam
Kasym gonamçylygynda Türkmenistanyò ilkinji we ömürlik Prezidenti
Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò käbesi, Türkmenistanyò Gahrymany
Gurbansoltan ejäniò, kakasy, Türkmenistanyò Gahrymany Atamyrat Nyýazowyò,
doganlary Muhammetmyrat bilen Nyýazmyradyò guburlary bolup, bu ýerde
ajaýyp ýadygärlikler toplumy bina edildi. Bu toplum Gurbansoltan ejäniò
adyny göterýär.
YRAK
[Yra:k] (112g, 114, 119, 127, 136, 224, 231-233, 241, 390) – Günorta-Günbatar
Aziýada, gadymy Mesopotamiýa topragynda döwlet. Meýdany 435 müò
inedördül kilometr. Paýtagty – Bagdat ºäheri. Ilatynyò köplügi
araplar bolan bu döwletde millionlarça türkmen ýaºaýar. Bagdadyò
ºäher hökmünde döremeginde we kemala gelmeginde-de türkmenleriò
hyzmatynyò uly bolandygy taryhdan bellidir. Bu ýurtda türkmenler
Seljuklaryò Kiçi Aziýa göçe-göçlügi eýýamynda has köpelýär.
Akademik W. W. Bartoldyò bellemegegine görä, XI asyrda dünýäde türkmenleriò
üç esasy topary taryhyò sahnasyna çykýar: Seljuklar, Balkan-Müògyºlak
türkmenleri we Yrak türkmenleri (Eserler, 2 t., 1 bölek, 570 s.).
Mukaddes Ruhnamada bu ýurduò ady Seljuk türkmenleriniò Yrakda guran
döwletleri bilen bagly agzalýar.
YRAKDAKY
SELJUK TÜRKMENLERINIÒ DÖWLETI
[Yra:kda:ky Selju:k …] (231) – Beýik türkmen-seljuk hökümdary
soltan Sanjar tarapyndan 1118-nji ýylda Yrakda döredilen türkmen döwleti.
YSPYHAN
[Yspyha:n] (113, 129, 131, 141, 171, 237, 240, 242) – Eýranyò
merkezi böleginde Zaýenderud derýasynyò kenarynda ºäher. Merkezi bölegi
(ªähristany) Isgender Zülkarneýn tarapyndan gurlan bu ºähere ir eýýamda
Gi (Jeý) ýa-da Gaba diýlipdir. Amatly ýerde, kerwen ýollarynyò
ugrunda ýerleºendigi üçin, bu ºäherde ençeme hökümdarlar höküm
sürüpdirler. Buid nesilºalary, XVI-XVIII asyrlarda Sefewi Türkmen ºalary
we ºa Abbas I dagy Yspyhany paýtagt tutunypdyrlar. Seljuklaryò Eýrana
we onuò üsti bilen Kiçi Aziýa hem-de Kawkaza ýöriºleri döwründe
bu ºäher Seljuk beglerine tabyn bolupdyr.
Yspyhan
ºäheri gadymy halyçylyk we kitap-bezeg hem-de kinniwan suratkeºlik (miniatýura)
sungatlarynyò merkezi bolupdyr. Orta asyrlarda Yspyhanda we Töwrizde
kinniwan suratkeºligiò türkmen mekdebi emele gelip, ol dünýä
sungatynyò ösmegine uly goºant goºupdyr. Muny Magtymgulynyò
aºakdaky setirleri hem tassyklaýar:
Ziri-paý
Yrak-Yspyhan,
Dagystan haºamy-haýly siziòdir.
YSSAMBYL
(194,
227) – Türkiýäniò uly ºäheri (ol Türkiýäni Aziýa we Ýewropa
böleklerine bölýän Bosfor bogazynyò iki kenarynda ýerleºýär). Türk
dilinde Istanbul görnüºinde ulanylýar. Öòki ady Konstantinopol (grekçe
“Konstantin” ºäheri). Bu ºäher b. e. öòki 660-njy ýylda Rim
imperatory Konstantin tarapyndan gurulýar we b. e. 395-nji ýylyna çenli
Rim imperiýasynyò, 395-1453-nji ýyllarda (ara kesilme bilen) Wizantiýanyò,
ara kesilmede (1204-1251-nji ýyllarda) Haçlylaryò Latyn imperiýasynyò,
1453-1918-nji ýyllarda Osman türkmen imperiýasynyò, 1918-1923-nji ýyllarda
hem Türkiýe döwletiniò paýtagty bolýar.
YZNYK
(230) – Türkiýäniò Bursa welaýatynda, Gazy kölüniò ýakasynda,
gadymy ºäher. Döräýen uçurlarynda Nikala diýip at berlen bu ºäher
b. e. öò Isgender Zülkarneýniò Rim imperiýasyna, soòra Wizantiýa
garaºly bolupdyr. Malazgurt söweºinden soò 1075-nji ýylda bu
sebitleri, ºol sanda Yznygy hem türkmen serkerdesi Gylyç Arslanyò baºtutanlygynda
seljuklar eýeleýärler. Haçlylaryò ýöriºleri döwründe Yznygy
latynlar yzyna alýarlar, ol 1204-1261-nji ýyllarda Wizantiýanyò baº
ºäheri hem bolýar. Soòra bu ºäheri Osmanly türkmen döwleti
ymykly öz garamagyna geçirýär.
|