|
ZEM
(150, 221) – Atamyrat (öòki Kerki) ºäheriniò ornunda bolan orta
asyr ºäheri. Onuò ady ilkinji gezek VIII asyrda, arap serkerdesi Kuteýbanyò
ºu ýerdäki güzerden gaýykly derýanyò sag kenaryna geçiºi bilen
baglanyºykly agzalýar. Orta asyrlarda Zem ºäheri ululygy babatda
Lebabyò Amuldan soòky ikinji ºäheri hasaplanypdyr. Häzirki Kerkiçäniò
ornundaky Ahsisak ºäheri hem Zeme garaºly eken. Bu ºäheriò gadymy
ýadygärliklerinden tapylan teòòeler we beýleki köne tapyndylar b.
e. öòki müòýyllykda-da Zemmiò ºäher bolanlygyna güwä geçýär.
Mukaddes Ruhnamada Zem ºäheri Türkmenistanyò iò gadymy ºäherleriniò
hatarynda ýatlanýar.
ZENT
(144)
– Häzirki Eýranyò günorta-günbatar ülkelerinde 1760-1794-nji ýyllarda
höküm süren beglik. Kerim han tarapyndan düýbi tutulan bu begligi
ilki Kerim hanyò özi, soòra onuò ogullary Abulfath, Aly Myrat,
Muhammet Aly, Japar, Zeki we aýaly Sadyk dagy dolandyrýar. Zent
begliginiò hökmürowanlygy özüniò otuz dördünji ýylynda Gajar türkmen
döwletiniò baºtutany Agamuhammet han tarapyndan 1794-nji ýylda
syndyrylýar.
ZEÒÒILER
(232) – ser.
Mosuldaky Atabeg türkmenleriniò hökümdarlygy.
ZEÒÒILER
HÖKÜMDARLYGY
[… hökümda:rlygy] (232) – ser.
Mosuldaky Atabeg türkmenleriniò
hökümdarlygy.
ZEÒÒI
TÜRKMENLERI
(119-121) – Demirgazyk Yrak, demirgazyk-gündogar Anadolu we Siriýa
topraklaryna eýelik edip, 1127-1250 (1259)-nji ýyllar aralygynda hökmürowan
bolan türkmen döwleti. Mälik ºanyò türkmen guly Hajyp Akºuòkaryò
ogly atabeg Ymadeddin Zeòòi bu döwleti guraýjy hasaplanýar.
Beýik
Saparmyrat Türkmenbaºy Mukaddes Ruhnamada Zeòòi türkmenleri barada
giòiºleýin maglumat berýär.
|